22:22 Gijäñiz rahat bolsun | |
GIJÄŇIZ RAHAT BOLSUN
Goşgular
Kalbyňyzda umyt bolsun hemişe, Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn! Ýagşa ýoruň her bir görülen düýşem, Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn! Hassasyň-dertlisiň, ýadaw-argynsyň, Herne, ýagşy pikre jemle bar ünsüň Arzuw-umytlara ýapyş irginsiz, Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn! Gündiz günüň aladasy sökendir, Ýa gussa, ýa irizendir sökellik, Ynjal. Dynç al, tümlük dünýä çökende, Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn! Dostuň senden dönen wagty çydagyn, Dogan saňa düşünmese, çydagyn, Oraşan düýşlere siňip çydamyň, Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn! Ýazyga ýakynsyň, sebäp adamsyň, Şatlyk ýetdirýärmi saňa nä gamsyz, «Yhlas» bilen irkil, irden aýt hamdy, Ukyňyzdan hoş habarlar oýarsyn! 09.07.2023 | |
|
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ «Be» harpy / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Sadalyk / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Nähili sen? Sen nähili birehim? / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Baýlygym meniň / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Ýaşlyk / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Peýda ýokdur, eý, köňül, yşky-peri ruýdan saňa... / Goşgular - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |