08:17 Bagt hakynda erteki | |
BAGT HAKYNDA ERTEKI
Goşgular
Arzuwyňa sary – bagtyňa sary, gidersiň okgunly, Jeýhun mysaly. Aýagasta düşer gaýgy-ünjüleň, aladalaň bary, gussalaň bary. Sen gidip barýansyň misli dag sili. Gadamyň batlydyr, öňedir ümzük. Kesewili keserendir öňüňde BAHYL diýlen, ile tanymal kümsük. Onuň iň ullakan beýik maksady: Arzuwna ýetdigi – bilse agsadyp. Bahyl – bagt bagyna hiç bir dahylsyz Garawuldyr. Bagt ýetdirmez bahylsyz. ...ýelmär ol injigňe bar güýji bile, görmedik bolarsyň, görmän geçersiň. Bagta duşsaň – unudarsyň ynjy:ňy, Ýosam näme, bagt ýetdirmez zepersiz. Jadyly ertekiň perisi kimin, Bagt garaşyp ýatandyr öz mülkünde. Maýyl zatlaň jemlenendir ol periň, Garamyk gözünde, Aý alkymynda. Garaşyp ýatandyr özüne deňiç Geçilmeli ýoluň kynlygna bakman Gözi ýoluňdadyr, seniň iru-giç Olary ýeňjegňi bilýän deý hökman. Hawa, sen ýeňensiň, Giňändir dünýäň. Oturansyň bagta batyrnyp bilmän. Gözi – uçgun. Leb – bal. Alkymy gardyr. Emma, ýeňmek – «Özüňi ýigrendirmek» diýmekdir. Seniň ýeňşiň ýokmadyklar – Seni ýigrenenler tapdy:r. Bagt seniňki, ýöne saklamagyň hem ýetmekden agyrrak bardyr şatyry. GÖRIP diýlen – oňa keseden aşyk garyndaşy bardyr «Garabatyryň». Guratdyr enjamy onuň, Kümsügüň ýaragyndan üýtgeşikdir ýagragy. Bilýändir söweşiň sansyz tilsimin. polatdan sopbaşly, elinde galkan, beýleki elinde ýalaw deý gylyç. Hüjüm eder, öwrüm eder, gaçar ol. Äsgermeseň ýa-da ahmal pursadyň Ejiz tarapyňa tapar açar ol, Döwzenzelä dönüp, seniň bagtyňy alyp gaçar ol. Şonuň üçin, seni aňtar ýörer ol, Sen haçan, nirede, nämede asgyn?! Sen bagtlymyň – bardyr seniň duşmanyň, Bagta ýetmek agyr, saklamak has kyn. Aşyrmat GARLY. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||