23:48 Göroglynyñ sallançagy eýerdir | |
GÖROGLYNYŇ SALLANÇAGY EÝERDIR
Goşgular
Edebi, medeni hakykat bular, tapdym ony kitabynyň gatyndan. Arlyga dolanman, eýere münen Göroglyny kim düşürsin atyndan. Hawa, dünýäň dörtden biri guryýer, galan üç bölegi — umman, köl, derýa. Biribar islese, Gökden howaýy, suwdan suw gudratyn çykaryp berýä. Ile hossar gerekligne düşünen Jygalybeg arzuw tutýar uzakdan: Soltan ogly Adybegiň ornuna berlen ogly goramaly duzakdan. Oňa sapak, taýsyz tälim bolmaly, dünýäň ähli zady hatda gussasam. Ol bedewi bakyp alym bolmaly, şo ýoly geçipdi çünki, ussasam. Ol Hüňkary gözi bilen görmeli bolmaly ejirleň gözli şaýady. Şolar ar almaga gaýrat bermeli, hakyda salmaly geljek şa ýady. Synamaly — suw atynyň neslini, Synlamaly — ökde seýsiň kesbini, Üçgümmez dagynda mesgen tutmaly, Soň üýtgemez ýaly soltan mes güni. Suw atynyň nesli bolan gysraga, suw atyndan dörän bedew gelmeli. Erk gadryn duýdurjak ykbal gysmaly, hyjuwa beslenjek beden gelmeli. Hökümli Hüňkaryň islän wagt berjek ýowuz permanyndan sowulan çaga: öz halkyna röwşenlikden bagt berjek, syrly ahwallarda dogulan çaga: kör gojanyň kämilligi ýol berýär, şo ýoldadyr erenleriň mesgeni. Taýyn yzlap, erenlere gol berýär heýjana getirýär okap-eşdeni. Öz halkyna arka durup beýgelen, Görogly beg erenlerden goragly. Muşdagynyň duýgusyna eýlenen setirlere seretmäň siz soragly. Şadyýan, şahandaz, hiç zatdan ürkmez, bedew atly, demir donly Görogly Gyrata atlansa — penaly türkmen, türkmen bolsa — Görogly-da goragly. Hak islese Kap dagyndan Howaly, suwdan suw gyr atyn çykaryp berýä. «Göroglyny» okap, müňbir sowalyň, müň-de bir jogabyn çykaryp görýän. Bu durmuşda ölçeg ýetik, synag kän, ejizligiň müň oýny bar, müň täri. Pirimlerne düşünmeklik kynam däl, Baly begiň, şum kempiriň, Hüňkaryň. Duşmanlary atdan düşürjek, kileň, tapdym ony kitabyndan, hatyndan. Sallançaga münmän, eýere münen Göroglyny kim düşürsin atyndan. Aşyrmät GARLYÝEW. | |
|
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Gözeller şasy / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ "Şeýlemidi ahyrynda etjegiň..." / Goşgular - 03.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||