13:31 Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... | |
Derdi-halym hezretiňde, Rebbena, ýa, Rebbena, Söýläýin, lutpyň bilen kyl hajatymny sen rowa. Gerçe ýokdur laýygy-zikriňi aýdara dilim, Neýläýin, dek durmaýyn her lahza aýdar men sena. Akybet ne bolgusydyr, halatym bilmeý besi, Her zaman «Alla!» diýip, dert ile tartar men seda. Ger sagydy, ger şaky men, senden özge ýok ýerim, Men umydym katg kylman, ger wepa kyl, ger jepa. Döwleti-nusrat seniň eliňdedir hem magfyret, Çünki häkim sen, hudaý-a, her kime kylsaň ata. Hasta men jürmi-günähim birle bihed, eý, Gapur, Wasyly-rehmet kylyp, derdime sen bergil şypa. Halatym duşwarlyk mülkünde iş boldy harap, Tutmasaň pazlyň bile elimni sen, eý, patyşa! Çeşmelerdir gözlerim, derýaýy-mähnet möwç urup, Akyzar şurabasyn biçäreler her bir ýana. Ýa, ilah-a, lutp ile bir dem maňa kylgyl nazar, Sen şehi-agla kerem sen, men gedaýy-binowa. Bilmenem kim kaýdadyr sudy-zyýanym, ýa, ilah! Kaýda kim bolsa, kefaýet kyl meni ol ýan taýa. Gaýyby, tutmyş durar çeşmi-umydym pazlyňa, Bolmasa pazlyň, haçan kylaý yssyg-zikri-sena. | |
|
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Täzeçe tuýuglar / Goşgular - 30.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |