09:36 Derýada -2/ dowamy | |
VI
Hekaýalar
— Kakamyň meýdini jaýlamaga oba adamlary kömek etdiler. Men öwlüýäden dolanyp geldim. Girmäge gapy, iýmäge bir döwüm çörek ýokdy. Üstümdäki ýyrtyk köýnek-balagymdan, aýagymdaky geçi hamyndan edilen ýelkenimden başga hiç zadym ýokdy. Men sürüden azaşan köşek ýaly bozlap, tamymyzyň daşyndan aýlanyp başladym. Ýüregim agzymdan çykyp barýardy. Aýagy bişen towşan ýaly bir ýerde durup bilmeýärdim. Bularyň üstünde-de, ýanan tamymyzyň garalyp oturan diwarlaryny görenimde injigim sandyrap, ýüregim dilinýärdi. Biziň ýurdumyzda ýel ösdi. Mätnyýaz munuň şeýle bolmagyny isledi. Şeýle hem boldy. Kim ondan jogap sorap biler? Bardy-geldi jogap soralaýanda-da ol “men bilemok” diýer, üstüne gelen adamlara semiz goýun soýup, çekdirme bişirip berer, olaryň jübülerini puldan dolduryp, ataryp goýberer. Şu zatlaryň şeýledigini bilýänim üçin meniň bagrym paralanyp, gözümiň ýaşy dynman akýardy. “Näme etmeli? Nirä gitmeli?” diýen sorag maňa ynjalyk bermeýärdi. Men näme etjegimi bilmeýärdim. Emma näme-de bolsa tiz wagtyň içinde bir zat etmelidi. Mätnyýazyň göwnünde ýene-de nähili pikirleriň bardygyny kim bilsin. Men näme edýänimi, nirä barýanymy saýgarman, ýüzümiň ugruna ylgap gitdim. Bir wagtlar huşuma gelsem, derýanyň kenarynda otyryn. Men: “Gel, şu dünýäniň dawa-jenjelinden dynaýyn, enem bilen atamyň yzyndan gideýin” diýip öz-özüme maslahat berdim. Şuňa razy boldum. Köýnegimiň ýarysyny ýyrtyp alyp, ýüp işdim. Aýagyma daş baglap, özümi gaýnap duran tolkunyň içine oklamak üçin ýaňy ýerimden galanym hem şoldy weli, biri şapba çiginimden tutdy. Seredip görsem ýanymda Sapa gotur diýen obadaşymyz dur. Ol peşeneli ýaşuludy. — Oglum, by ejizlikdir! Seň ýaly ýigit ýeten ogullar gan alyp gan berýändirler. Şuny ýatdan çykarma. Ölmek aňsatdyr. Emma ar-namysyň aşagyndan çykmak kyndyr. Bu päliňden eliňi çek. Ýör, öýe gideli. Galanynam baransoň gürleşeris… — Şeýdip Sapa gotur meni gitse gelmeziň ýolundan alyp galdy. Mätnyýaz başga işler bilen meşgul bolup, meni ýadyndan çykardy. Men hem Sapa goturyňkyda ýaşaberdim… — Maralyň soňy nähili boldy? — diýip, Mämmetdurdy sorady. Rozy bir azrak dymyp oturandan soň, bu soraga şeýle jogap berdi. — Men, Mätnyýaz gaty ganojakdy, bimaza adamdy diýipdim dälmi? Hawa, şeýle diýipdim. Ol bu işden-de başyny alyp çykdy. Mätnyýaz her näçe jan etse-de, Marala är tapmady. Emma ol başga ýol tapdy. Bir gün ol Maralyň goňşy oba gidenini görýär-de, iki obanyň aralygyndaky öwlüýäligiň içinde baryp ýatýar. Üstüne kepen ýaly ak matadan don geýýär. Şeýdip, Maral aňyrky obadan çykyp ugraýança ýatýar. Maral gün batyp barýarka, öwlüýälige gelip girýär. Ol duşundan geçen badyna, Mätnyýaz silkinip ýerinden turýar-da, aýylganç gygyrýar. Soňra, daňa galan doňuz ýaly höküdikläp, onuň yzyndan kowalap başlaýar. Muny gören Maralyň huşy başyndan uçýar, aýaklary diýenini etmeýär, gorkusyndan reňki ak tam bolup, ýoluň üstünde ýykylýar. Mätnyýaz agajyň aňyrsyna dolanyp, üstündäki ak donuny çykarýar-da, çalaja demini alyp, huşundan gidip ýatan Maralyň ýanyna gelýär. Şol gije Maral çaga taşlaýar. Bu waka şunuň bilen tamam boldy. Rozy dowam etdi: — Sapa goturyň özi-de, aýaly-da gaty oňat adamdy. Olaryň iki tanap ýeri bardy. Meniňki bilen üç ýarym tanap boldy. Men olarda ýaşap başladym. Bir-iki ýyldan oňşugymyz oňatlaşyp ugrady. Ol ýokdan bar edip, meniň atamyň ýedisini, kyrkyny, ýylyny berdi. Men bu sada adamlary ýüregimiň ähli güýji bilen söýdüm. Olar hem meni öz ýeke perzentleri bolan Gülennamdan kem görmediler. Rozy “Gülennam” sözi agzyndan çykan badyna biygtyýar tisginip gitdi. Gaýraky kenara tarap çalasyn nazar saldy-da, ýene-de müň dürli reňk bilen oýnap ýatan suwuň ýüzüne seretdi. Uzak wagt dymyp, gözüni suwuň çogup duran ýerinden aýyrman, saňgaty bolup oturdy. Yzly-yzyna bir iki gezek uludan demini aldy. Bir salymdan özüni dürsedi. — Sapa gotur ogulsyzlykdan zeýrenýärdi. Bu gaty täsin adamdy: aýdymy, sazy, kitap sözlerini halaýardy. Aýagy ýeter ýaly ýerde bagşy aýdýandygyny ýa-da Magtymgulynyň kitaby okalýandygyny eşitse, hökman giderdi. Meniň göwnüme bolmasa, onuň göwresi ýerde, göwni ýedi gat asmanyň üstünde ýaşaýan ýalydy. Ol aýalyna-da, gyzyna-da, maňa-da, bezzat oglan-uşaklara-da gaty-gaýrym söz aýtmaýardy. Hiç kimiň göwnüne degmeýärdi. Emma ol Mätnyýazy ýigrenýärdi. Şeýle-de bolsa ol hakda gürrüň çyksa: — Beýle adam öz pälinden tapýar — diýerdi. Bir gün aýaly: – Annamyradyň ogly birentek ternämizi ogurlap gitdi — diýdi. Sapa gotur ýylgyryp: – Ondan galany-da näçe iýseň ýeter — diýip jogap berdi. Emma ol bu işi ýadyndan çykarmady. Şol ýyl gawun bişenden soň Sapa gotur Annamyradyň ogluny öýe çagyrdy. Ilki bilen oňa gawun kesip berdi, ýagşyja doýurdy. Soň gitjek wagty ony gawun atyzyna eltdi. Dört sany ullakan gowy gawuny donuna çolap arkasyna berdi-de: — Bişmedik gawunyň ýüz sanysyny iýeniňden, bişen gawunyň birini iýmek has gowudyr — diýdi. Ýaňky oglan düşündi, gyzardy. Ýere giräýjek boldy. Gaýdyp biziň gawunymyz ogurlanmady… Bir gün men danyň ala garaňkysynda ot ormaga gitdim. Bir arka ýorunja getirip, öýüň gapdalynda goýdum. Demimi dürseýänçäm, ota arkamy diräp, turman oturdym. Sapa gotur bilen aýaly öýde çaý içýärdiler. Sapa gotur aýalyna şeýle diýdi: — Hudaý bize ýetişen ogul berdi. Rozy ýaly edepli, akylly ogly gündiziň güni eliňe çyra alyp gözleseň-de tapmarsyň. Goý, indi ol biziň hakyky oglumyz bolsun. Hudaý berse şu ýyl harman alandan soň toý edeli. Gülennamy oňa bereli. Tamyň gapdalyndan bir otag salaly. Heleý, biziň işimiz oňuna bolup barýar… Men bu sözi eşidip begenjimden tas uçupdym… Bu wagtlar men ýigrimimde, Gülennam hem on ýedisindedi… VII Biz yzymyza öwrülip görsek şäher-de, demirýoluň köprüsi-de bireýýäm gözýetimiň aňyrsyna gizlenen eken. Muňa garamazdan, ýolumyzy dowam etdik. Derýanyň giň göwrümi daralan ýaly boldy. Iki kenar biri-birine golaýlaşdy. Kenarlaryň kä ýeri dagyň gaýasy ýaly bolup, derýanyň üstüne abanýardy, kä ýeri gaty pessejikdi. Däli derýa bir zarpda ol ýeri ýykyp, demirgazyga tarap joşgun bilen akyp gidäýjek ýaly bolup görünýärdi. Iki tarapda hem gamyşlar başlap, şaglaşyp, başlaryny yrap otyrdylar. Günüň aşakladygy saýy salkyn şemalyň lezzeti artýardy. Biz bu gürrüňiň barha gyzyklanýandygy duýduk. Şonuň üçin-de, Rozynyň daşyna ykjam egrilişdik, oňa golaý oturdyk. Ol ýene-de öňki tüýsüni üýtgedip başlady. Gözleri alardy, gaşy çytyldy, agyr hesretden agzy-da bir hili gyşaran ýaly boldy. Ýa-da bize şeýle bolup göründi. Ol sözüni dowam etdi: — Men bu maşgalanyň meniň bilen Gülennama bolan meýlini ýaňy bilip galdym. Şuňa garamazdan, biziň Gülennam ikimiziň aragatnaşygymyz has öň başlanypdy. Munuň ilki başlanyşyny aýdyp bereýin: Sapa gotur bir gezek iki günlük myhmançylyga gitdi. Onuň aýaly-da ertirden agşama çenli goňşy aýalyň ümesinde boldy. Öýde diňe Gülennam ikimiz galdyk. Men kendirden tanap işýärdim.Tabakdaky suwum gutardy. Ojagyň başynda gyzdyrma bişirip ýören Gülennama: — Gülennam, meniň tabagyma suw goýup getir! — diýip ýüzlendim. — Suw guýaýyn weli, sesiň näme titreýär? – diýip, gyz maňa mekirlik bilen sowal berdi. Onuň adyny tutanymda sesimiň titräp gidendigini özüm hem duýupdym. Başga diýere zat tapmadym-da: — Seniň adyňy tutan adamyň sesiniň titremezligi boljak iş däl, ylaýta-da meniň ýagdaýymdaky adamyň — diýip jogap berdim. Ol aýratyn bir näz bilen suw getirdi-de, özüniň jereniňki ýaly owadan, köp manyly nazaryny maňa dikdi: — Ine, suw! Ýene näme gerek? — diýidi. Men onuň elindäki suwly tabagy alyp gapdalda goýdum, iki goşaryndan gaýym tutdum-da: — Gülennam , men seni görmedik günüm däli-mejnun bolýaryn… Şuny bilýärmiň?- diýip soradym. Gyz elinden tutanyma garşylyk görkezmedi. Ýylgyrdy: — Meni görmedik wagtyň nähili bolýandygyňy men näbileýin. Ol wagt men hem seni görmeýärin ahyry… — Gülennam, oýun etme, meniň ýagdaýyma düşün… — Oýun edýän sen. Suwum gutardy diýdiň, suw getirip berdim. Taňryýalkasyn diýmegiň ýerine elimden tutduň. Bu oýun bolman dagy näme? Biziň mähriban dostlugymyz şu günden başlandy. Gülennam näme üçin gyz bolup dörändigini bilmeýärin, ol özüniň bütin bolşy-gylygy bilen oglana meňzeýärdi. Emma onuň görki-görmegini beýan etmäge dil gerekdi. Onuň boýy ortadan ýokarrakdy. Ýüzi akdy, gözleri ullakandy, garady, tez maralyňky ýaly oýnaklap durýardy. Saçy! Wah, onuň saçy ýaly saça men ömrümde duş gelemok. Beýle saç adam balasynda bardyr diýseler ynanmazdym. Onuň owadan kellesi sähelçe öňe tarap egilse, dört örüm ýogyn saçynyň ujy ýere degýärdi. Maňlaýy giňdi. Ol toý günleri, gurbanlyk ýa-da haýyt baýramlarynda täze köýnek, täze köwüş geýip çykardy. Men gyzyň şu görnüşine guwanyp, ol günleriň ählisini serhoş bolup geçirerdim. Ol günlerde näme edip, näme goýýandygymy bilmezdim. Ol hem şeýledi, emma köp azar çekip, bildirmezlige çalyşýardy. Men muny niçiksi bilýärdim diýseňiz-le, men muny onuň her bir basan ädiminden, dem alşyndan, göz astyndan bakyşyndan, ah çekişinden bilýärdim. Men öz tamymyzyň ýanyna gidip işlän wagtlarymda ol meniň yzymdan nahar elterdi. Yzymdan gelýän naharlar bir adam iýerden artyk bolýardy, tagamly duýulýardy. Çörek mydama artyp galardy. Men gyzyň öz iýmeli zatlaryny meniň paýymyň üstüne goşup gelýändigini duýýardym. Emma muny beýtme diýip bilmezdim. Oňa gaty-gaýrym bir zat diýmäge diliň barjak däldi. Men iýip başlardym. Ol bolsa ýanymda oturyp, süýji dili bilen meniň göwnümi götererdi. Meni şeýle bir ýagşy görýärdi weli, meniň elime tiken ursa gözünden boýur-boýur ýaş dökerdi. Ol gaty batyr, mert, şunuň bilen birlikde-de, gaty degişgen gyzdy. Özüni goramagy başarýardy. Ol maşgalanyň ýeke perzendidi. Lälik ösüpdi. Her gün bir hili mylaýym bezzatlyk ederdi. Sygra münerdi, ejesini käýindirerdi. Erkek oglanlar ýaly sapan atyp, jöwen gorardy. Gijelerine hiç zatdan gorkmazdy. Käwagtlar öý üçin ýa-da telär etmek üçin gamyş gerek bolanda, derýa kenaryna giderdi-de, eşege basyryp ýükläp gamyş getirerdi. Şeýle wagtlaryň birinde jeňňeliň içinde Gülennama biri dil ýetipdir. Ýanyna gelip bälçiräp başlapdyr. Gyz bir aýdypdyr, gitmändir, iki aýdypdyr, gitmändir, gaýtam onuň elinden tutjak bolupdyr. Gülennam gazaplanypdyr, birden ýaňkynyň gulagynyň ýumşajyk ýerini oragy bilen kesipdir, ol ýigidiň özüni-de derýa oklaryn diýip gorkuzypdyr. Ýigit, “kime beren bi alla” diýip gaçypdyr. Gyzdan şeýle basga galyp horluk çekenini aýtmakdan utanypdyr-da, gulagymy syçan kertdi diýipdir. Bu habary iliň içinde Gülennamyň özi ýaýratdy. Ol ýigidiň bolşuna, oba adamlary iki ýyllap güldüler. Gülennam edil erkek adam ýalydy. Hiç kime hakyny gidermezdi. Men dogrusyny aýtsam, şeýle owadan, mähriban, her zatdan baş alyp çykyp bilýän gyza bütin ömrümde duş gelmedim. Ol özboluşly, hiç kime meňzemeýän, batyr gyzdy. Şunuň bilen birlikde-de, örän mylaýym gözeldi. Ol meniň ýadymda edil şeýle bolup galdy. Suraty ýüregime edil şeýle bolup ýazyldy. Biziň biri-birimize bolan söýgimiz älem ýaly giňdi, tükeniksizdi, düýplüdi. Jeýhun ýaly joşgunlydy… Rozy çep eli bilen ruly tutup, sag elini çep goltugyna sokdy. Ondan bir düwünjek çykardy. Ol düwünçegi emaý bilen çözdi-de, onuň içinden towşanyň ýukajyk hamyndan tikilen çaýhalta çykardy. Çaýhaltanyň ýarysyna çenli ak, gyzyl, sary, gara ýüpekden nagyş çekilipdir. Bu nagyş örän inçe, örän gözel, örän nepisdi. Çaýhalta beýik ussadyň elinden çykan sungat ýadygärligine meňzeýärdi. Rozynyň ýüzüniň hamy titräp gitdi. Eli sandyrady. Gaşlary çytyldy. Maňlaýynyň ýygyrtlary köpeldi. — Şu halta indi kyrk bir ýaşynda gitdi. Muny Gülennam bejerdi. Maňa sowgat edip berdi — diýende, altmyşdan geçen ýaşulynyň gözünden boýur-boýur ýaş döküldi… VIII Rozy haltanyň-da, düwünçegiň-de eplemini bozman, öňküsi ýaly edip onuň daşyny emaý bilen sarady. Ony çep goltugyna, edil ýüreginiň üstünde, köýneginiň iç ýüzünden ýörite tikilen jübüsine saldy. Soňra elini çykardy-da, goýä şu aralykda ýaňky halta gaçyp galan bolaýmasyn diýen ýaly, eli bilen onuň üstünden sypalap gördi. Şundan soň jany aram tapan ýaly boldy. Emma ol ýene-de suwa seretdi. Köp wagtlap başyny galdyrman oturdy. Biziň ýagdaýymyz-da öwerlik däldi. Rozy bu görkezen zady hem-de göz ýaşy bilen biziň halymyzy perişan etdi. Rozynynyň gürrüňiniň ahyry aýylganç bir waka barada boljakdygy indi ikuçly däldi. Biziň ýüreklerimiz muny öňünden duýdy. Biz indi bir hili howsala düşüp başladyk. Diňe şol çaýhalta, onuň kyrk ýyllap güýçli bir ýüregiň ýylysyny alyp durmagy biziň akylymyzy haýran edipdi. Rozy her demsaýy özüniň syrly boluşlary bilen biziň göz öňümizde beýgelýärdi. Onuň häzirki ýagdaýy agyrdy. Ol başyny göterip bilmeýärdi. Onuň ýagyrnysynyň hökgüsi edil biziň göz öňümizde ulalýardy, kellesi barha aşak egilýärdi. Ony ajaýyp bir gyza bolan söýgi iki büküpdi… Indi bu hakykatdy. Biz gürrüňiň yzyny şunça eşidesimiz gelse-de, ony gyssamaga milt edip bilmeýärdik. Bu wagt bir zat diýseň, bir sowal berseň, Rozy edil biziň gözümizden gaýyp bolaýjak ýalydy. Indi onuň gürrüňini şu ýerde kesmejegini biz bilýärdik. Ol bu hekaýatyň yzyny hökman dowam etjekdi. Şunuň özi biziň ýüreklerimize teselli berýärdi. Emma oňa häzir geplemek kyndy, özüni ele almalydy. Demini dürsemelidi. Rozynyň başyny galdyrman suwa seredişi, suwuň kä ýerde towlam-towlam bolup çogup durşuny görende, ondan gözüni aýryp bilmeýşi biziň üçin düşnüksizdi. Ýöne weli, gürrüňiň dowamynda bu syryň-da açyljagyny biz bilýärdik. Rozy birden gürrüňini dowam etmek bilen bizi geň galdyrdy. Onuň sesi öňküsi ýaly güňleç çykdy: — Siz meniň häzirki bolşuma geň galmaň. Men Güllennamyň yşkyna düşen wagtlarymda, ýigrimi ýaşly ýigit wagtlarymda bütinleý başga hili adamdym. Dört eşegi hatara durzup, olaryň üstünden böküp bilýärdim. Otuz ýaşly men diýen pälwanlaryň dyzyny ýere degirýärdim. Amyderýanyň giň ýerlerinden ýüzüp geçmegi başarýardym. Derýa boýundaky jeňňeliklerde bir gezek bir mekejin bilen başa-baş söweşe girip, onuň läşini serdim. Bu zatlar indi ertekidäki ýaly bolup galdy. Siz, belki bu sözlere ynanýan hem dälsiňiz, ýöne, men weli, ýalan sözlemegi başarmaýaryn. Şuny pugta bilip goýuň. Indi öňki gürrüňi dowam edeliň… Şeýle diýmek bilen Rozy göreşe çykjak pälwan ýaly ellerini çermedi, ykjamlady, gürrüňe başlady: — Gülennam ikimiziň biri-birimizi söýşümizi men hiç zat bilen deňäp biljek däl. Bu üýtgeşik söýgüdi. Soňabaka biz biri-birimizi ýarym gün görmän gezsek, edil akyldan azaşaýjak ýaly bolýardyk. Güýz düşdi. Biziň toýumyzyň tutuljak pursaty golaýlaşýardy. Men öz tamymyzyň töweregindäki jöweniň başyny gaňryp ýördüm. Sapa gotur bazara gidipdi. Bu wagtlara çenli Gülennam ikimiziň gatnaşygymyz öse-öse iň belent derejä ýetipdi. Ol meniň yzymdan nahar getirdi. Onuň ýüzüne gözüm düşen badyna Gülennamyň keýpiniň ýokdugyny gördüm. Ýüregim gürsüldäp başlady. Gyz nahary goýdy-da, başyny aşak saldy. Men biriniň göräýmeginden çekinip, ony jöweniň içine çekdim. Soňra bagryma basyp: — Ezizim, mähribanym, janym Gülennam, bu nähili boluş? Bu nähili ýagdaý? — diýdim. Ol bir elini meniň boýnuma saldy. Beýleki eli bilen şu çep elimiň goşaryndan sypalady. Ynha şu ýerde — diýip, Rozy çep eliniň ýeňini ýokary çekdi. — Hawa, ine şu ýerden. Gülennamyň sypalan ýerine syn etseňiz, bu ýeriň hamy elimiň başga ýeriniňkiden agrakdyr. Men ol wagt, elimi çermäp işleýärdim… Biziň üçümiz-de Gülennamyň sypalan ýerine bütin pikirimizi berip syn etdik. Rozynyň eliniň ol ýeriniň hamy başga ýeriniňkiden gara bolmasa, ak däldi. Rozy weli, eliniň ol ýeriniň hamynyň başga ýeriniňkiden akdygyna ynanýardy. Şonuň üçin biz hem “şeýle garry” diýip tassykladyk. Men, gara öý ýaly çagşan bu garry bedende şeýle beýik ýüregiň ýerleşýändigine geň galyp, dodagymy dişledim. Soňra nemli gözlerini maňa dikdi-de: — Rozy jan, ezizim, ýüregim gysýar, oturyp-turup kararym ýetmeýär. Hernä Hudaý ikimizi biri-birimize köp görmesin-dä… — diýdi. Men çalaja ýylgyrdym-da: — Ezizim, sen çagalyk edýärsiň? Ýürek gysmak bilen hiç kime hiç zat bolýan däldir. Sen beýle diýme. Ine, hasyly ýygnap gutararys. Kakaň toýumyzy eder. Soňra el-ele berip ýaşap başlarys — diýip, onuň alyn saçyndan ogşadym. Ol eziz saçyň her bir taryndan müşk ysy gelýärdi. — Hernä agzyňdan Hudaý eşitsin — diýip, Gülennam pamyk ýalyjak eli bilen meniň barmaklarymy oýnady. — Ýöne , meniň ýüregim gysyberse bir erbet iş ýüze çykýar. Belki, bu gezek hiç zat bolmaz. Howul bela, sowul bela!.. — Hiç zat bolmaz, hiç zat bolmaz, ezizim! Mert bol! — diýip, men oňa göwünlik berdim. Gülennam gaýtdy. Men hars urup işledim. Jöwen başyny näçe çalt gaňyrsam, hasyl hem şonça tiz ýygnalyp gutaryljakdy. Hasyl näçe tiz ýygnalsa hem biziň toýumyz şonça tizleşjekdi. Men muny bilýärdim. Şonuň üçin-de janymy aýaman işleýärdim. Sapa goturyň öz ýerindäki, meniň ýerimdäki hasyllary ýygnap gutardyk. Jöwen, mäş, künji ýaly ekinlerden birneme hasyl aldyk. Kak serdik. Igde ýygnadyk. Sygrymyza, eşegimize, bir jübüt öküzimize gyş üçin ot-iým taýýarladyk. Hemmämiz oturyp maslahat etdik. Hasap-hesip işini etdik. Artykmaç dänämizi satyp, toýa taýýarlyk görmeli diýen karara geldik. Sapa gotur öňki mylaýymlygy, şadyýanlygy bilen şeýle diýdi: — Oglum Rozy, seni maňa Hudaý berdi. Men gyzymy gowy görýärin. Seni-de ondan kem göremok. Maňa beýle diýmek gelişmese-de, gelişýän däldir, emma men gowy görýän adamymyň ýanynda utanman geplemegi halaýaryn. Men, ikiňizi şu ýerde, öz tamymyzyň ýanynda öýli-işikli etjek… Gülennam kakasynyň bu sözünde utandy, daş çykdy. Sapa gotur mylaýym ýylgyrdy-da: — Utanan bolýar weli, öz-ä seni ýaman görenok — diýdi. Men hem gyzardym. Soňra ýaşuly oýun etmesini bes etdi-de, aýalyna ýüzlendi: — Sen gyza, ýigide taýýarlanmaly zatlary taýýar et. Men gallalary satyşdyraýyn. Bu işi sag-aman sowaly… Men şol agşam ýatylmazynyň öň ýanynda Gülennamy gördüm. Biziň ikimiz-de begenjimizden gözümize ýaş aýladyk. Şeýdip, biziň toýumyz ýakynlaşýardy. Emma şunuň bilen birlikde… gara günler hem golaýlaşýar eken… IX Şol güýz Sapa goturyň ýakyn görüşýän obadaşlaryndan Serdar juwazçy diýen adam ilkinji bolup, ogluny öýerdi. Onuň çakylykçysyny ugradan badyna, Sapar gotur aýalyny ýanyna çagyrdy. — Serdaryň toýuna hemmämiz barmasak gaty görer. Emma men Gülennamy äkitmegi halamok. Ol indi göze görnüpdir. Özi-de tüweleme gaty görmegeý. — Wiý, kakasy, diýýäniň näme? Biziň maşgalamyz bilen kimiň näme işi bar? Onsoňam Gülennam indi adagly edildi ahyry. Rozy-da biziň bile gider. Goýaweri, toýa hemmämiz gideliň. Öz toýuň hem daş däl. Barmasak olar hem gelmez… Yzymdan baranda, Gülennamyň ýüregini gysyşyny gürrüň berşi, Sapa goturyň ony toýa äkitmek islemeýşi, meni bir hili geň galdyrdy. Belki, olar birzat eşidendirler. Ýok, beýle bolmagy mümkin däl. Olaryň menden gizlin syrlary ýokdy. Şonuň üçin men muňa ähmiýet bermedim. Biz gapyny gulplap, dördümiz hem bile gitdik. Barsak toý gyzyşan eken. Ortada uly ot ýakylypdyr. Onuň daşynda adamlar gaýda-gaýmalyşykdy. Bagşy aýdýardy. Gelin-gyzlar dogup gelýän gün ýaly gyzaryşyp öýüň içinde-daşynda gezim edýärdiler, erkek adamlaryň toparyna goşulmaýardylar. Heniz-de ýakynda-daşdan gelýän adamlaryň yzy üzülmeýärdi. Ine, mydama bir bezzatlyk ýa-da ilde ýok zady etmäge öwrenen Mätnyýaz hem geldi. Onuň çapylýan atlary, ýorga ýabylary kändi. Emma ol näme üçindir bu gün eşekli geldi. Adatda eşege gaňňa salynýar. Ol bolsa eşegine atyň eýerini salypdyr, uýanlap, agyzdyrygyny-da geýdiripdir. Eşegi at görnüşinde bezäpdir. Bilşiňiz ýaly ol meniň köne gandarymdy. Men ondan gany göwnejaý edip almagyň pikirini bir minut-da ýadymdan çykarmaýardym. Bu duýgy mende ylaýta-da soňky wagtlarda, Gülennam ikimiziň toýumyz golaýlaşdygyça güýjeýärdi. Sebäbi men ösdüm, kemala geldim. Indi bolsa öýlenmeli. Emma bu şatlygymy meniň enem-de, atam-da gowy durmuşy üçin meniň ejem horlukdan, inçe keselden öldi. Atamy bolsa Mätnyýazyň özi öldürdi. Bu aýylganç hakykatdy. Meniň oňa bolan gazabym durdugyça güýjeýärdi. Meni ynjalykdan gaçyrýardy. Ondan hemme adam gorkýardy. Onuň nähili adamdygyny men size aýdypdym. Ol eşeginiň agyzdyrygyny çeýnedip gelende, hemme aýak üstüne galdy. Ýerli-ýerden: — Baý aganyň atyny tutuň! — Mätnyýazyň atyny tutuň! — diýen sesler eşidildi. Onuň eşegi-de at hasaplanýardy. Iki ýaşuly beýlekilere ýol bermän, hersi eşegiň bir jylawyndan ýapyşdylar. Haramzadany eşekden göterip diýen ýaly düşürdiler. Iň gowy ýere eltip oturtdylar. Öňki iki gat keçäniň üstüne-de bir täzeje haly getirip düşediler. Ol öňüne çaý alyp, töwerek-daşyna göz gezdirip çykdy. Soňra iki dulugyndan derini akdyryp, jan edip aýdym aýdyp oturan bagşa: — Aýtjak bolsaň oňlurak aýdaýt, bolmasa ortada garantgy ýaly bolup oturma! — diýdi. Onuň bu ýerliksiz sözi hiç kime ýaramady. Sebäbi bu nädogrudy. Bagşy gowy aýdýardy. Emma şeýle-de bolsa adamlar Mätnyýaza ýaranmak üçin çalaja ýylgyryşdylar. Bagşynyň özi-de: — Bolýar, baý aga, geregiň aýdym bolsun! — diýip, belent owazly yşky aýdymlara başlady. Men märekäniň bir çetinde otyrdym. Mätnyýaz meni görmeýärdi. Men ony görýärdim, içgin synlaýardym. “Eger men şu wagt şu adamyň kellesini kesäýsem ýa-da garnyny silkäýsem, töwerekde oturanlar maňa içlerinden alkyş okardylar. Sebäbi bu adamlar ondan aňsatlyk bilen dynyp bilseler, özlerini mergiden gutulandan kem saýjak däldiler…” diýen pikiri etmek bilen, men ony gözden geçirýärdim. Eger-de Gülennam bolmasa, öňümizde uly toý garaşmaýan bolsa, belki men “öler ada galar at” diýip, öz hyýalyma gelen işi şu wagt berjaý etsem hem ederdim. Meni diňe Gülennam saklaýardy… Biz şäherden gaty uzaklaşaýdyk öýdýärin, yzymyza dolanaýsak näderkä? Biz diňe Rozy şeýle diýenden soň, özümize geldik, Günüň batyp barýandygyny, howanyň has-da salkynlaşandygyny duýduk. Yza gaýdylaýsa-da kem däldi. Biz şäherden arany gaty açypdyk. — Gaýtsak kem bolmaz weli, siz şähere barýançaňyz bu gürrüňiň soňuny gutaryp bilermikäňiz? Eger gutarmaryn öýtseňiz entegem gideliň — diýip, men jogap berdim. Rozy: — Gutararyn, sebäbi biz akymyň tersine gitmeli. Uzak ýöremeli bolarys. Gutarmasam-da şäherden aňry geçer ötäýderis. Derýa gijesine-de gözeldir — diýdi. Biz yzymyza dolandyk. Rozy sözüni dowam etdi: — Hawa, Gülennamyň söýgüsi meni bu hyýaly iş ýüzüne geçirmekden saklaýardy. Garyplykda-da bolsa meniň bagtly ýaşasym gelýärdi. Ylaýta-da Sapa goturyň, onuň aýalynyň menden edýän tamalaryny ödäsim gelýärdi. Muny ödejek bolsaň, bu ýerde gözsüz batyrlyk etmek gerek däldi. Bagşy aýdymyny gutardy. Dogrusy, onuň özi gutarmady, Mätnyýaz gutartdy. Ol bagşynyň aýdyp oturan aýdymynyň arasy bilen: — Bu gün göreş boljak dälmaýt?! — diýip gygyryp sorady-da, synyny silkip ýerinden turdy. Adamlar hem turdular. Mätnyýaz, aýdyp başlan aýdymyny aýaklamaga gyssanýan bagşa: — Tur, göreşe baraly, ýeke özüň ýurtda galan it ýaly uwlap oturma! — diýdi. Göreş tutuljak meýdana barmak üçin aýallaryň üýşmeleňiniň gapdalyndan geçip gitmelidi. Mähelle ol tarapa agdy. Mätnyýazyň dört töweregi obanyň ýaşulularyndan doludy. Aýallaryň üýşmeleňiniň deňine barandan Mätnyýazyň gözi Gülennama düşdi. Gülennam häzir bulutdan çykan aý ýaly töweregindäkilerden saýlanyp görünýärdi. Onuň üstündäki geýimler täzedi, özüne gelişýärdi. Häzir oňa syn etmäne göz gerekdi! Gülennam biriniň özüne ýiti nazar bilen seredýändigini duýdy-da, derrew gyzlaryň arasyna girip gizlendi. Emma indi giçdi! Mätnyýaz birden ýuwaşja “hih!” diýip, içini çekip, aýak saklady. Ýiti nazaryny gyza dikdi. Men gazaba münüp, ýumrugymy düwüp, öňe süýşen badyma meni sakladylar. Onýança Mätnyýazyň: — Ol kimiň gyzy? — diýen sesi gulagyma degdi. Oňa jogap berdiler. Bir ýaşuly erbet bir zadyň ýüze çykmagyndan gorkan ýaly: — Ol adagly. Bäş-alty günden ony adaglysyna berýärler — diýdi. Gözi gyzaran Mätnyýaza bu sözüň nähili täsir edendigini men aýdyp biljek däl. Sebäbi meniň şol wagtky ýagdaýym agyrdy. Ýöne weli, bir zady ýagşy bilýärin: Mätnyýaz tä göreş meýdanyna barýança yzyny gözläp gitdi. Ol ýerde-de göreşe seretmedi-de, gözi aýallar tarapdady. Ol indi geplemesini-de goýdy. Soralan soraga-da jogap bermedi. Gülennam onuň akyl-huşuny alypdy. Sapa gotur-da, onuň aýaly-da muny duýdular. Aýalynyň ýagdaýynyň nähilidigini bilemok. Emma Sapa goturyň görnüşine ýüregim dilinýärdi. Ol edil şu wagt, meniň gözümiň öňünde iki büküldi. Meniň bedenime täzeden güýç tolkunlary gelip goşuldy. Men etmeli işimi eýýäm anyklapdym. Biziň depämizdäki gara gün öňküden-de garaldy… Gara bulutlar aşakladylar. X Biz toýdan dolanyp gelen badymyza Sapa gotur aýaly bilen maslahatlaşmaga oturdy. Ol Gülennama-da, maňa-da eşidiler ýaly edip, bilgeşleýin gaty gepledi: — Men ertir ir bilen mollanyň yzyndan gideýin. Derrew nika gyýsyn. Bolmasa, ol ganojak hiç zatdan gaýtmaz, bir belanyň üstünden barýar. Emma molla ertire garaşdyrmady. Gün batmazynyň öňüsyrasy onuň özi geldi. Mätnyýaz göwündäki gara maksadyny amala aşyrmagy uzaga çekýän adamlaryndan däldi. Men agyr ýagdaýda arkamy öýe diräp otyrdym. Gürrüň öýüň içinde geçdi. Şonuň üçin-de, men içerde edilýän gürrüňiň bir sözüni gulagymyň duşundan geçirmän diňledim. Sapa gotur mollanyň sözüni diňländen soň, gazap bilen titräp sözledi: — Meniň gyzym adagly. Ertir ir bilen yzyňyzdan gidip çagyryp gelmekçidim, nika gyýdyrmakçydym. Siz bolsaňyz beýle sowuk habar bilen geldiňiz. Molla aga, siz baryň-da oňa düşündiriň: goý, ol biziň namysymyzy depelemesin. Bize azar bermesin. Molla gaharly gepledi: — Men iki öýüň arasynda habar gatnadyp ýören gybatçy heleý däl. Mätnyýazyň aýdanyny ýerde goýma. Bagtyň açylar. Tersine gitseň-de, soňra puşman edersiň. Gyzyň Mätnyýazyňky ýaly döwletli öýe düşse, saňa başga näme gerek? Indi şeýle atly-abraýly adam gezip ýören bir ýetimçe-de bolmadymy? Hudaý diý, ýakaňa tüýkür. Seniň gyzyň eli ýag bilen bal tutar. Saňa ýene näme gerek? — Mätnyýazyň bäş aýalynyň üstüne berer ýaly mende gyz ýok! Size-de beýdip oturmak aýyp bolar — diýip, Sapa gotur gönüläp aýtdy. — Gowusy siz ertir geliň-de Gülennam bilen Rozynyň nikasyny gyýyň. — Maňa akyl öwretme! — diýip, molla gyzaryldy. — Meniň öz akylym kellämi ýaryp barýar… Men şundan soň näme gürrüň edilendigini eşitmedim. Edil şu wagt tamyň ilersinden çykan Gülennam meni çagyrdy. Biz samanhana girdik. — Öýde näme gürrüň edilýär? Men eşiden zatlaryň hemmesini aýdyp berdim. — Men şu gün toýa gitmedik bolsam gowy boljak ekeni… — Gülennam, beýle diýme. Boljak işdir, sen gitseň-gitmeseň-de boljak iş bolardy. Ýöne weli, öz bagtsyzlygyma gynanýaryn. “Ýetimiň agzy aşa ýetse, burny ganar” diýenler çyn eken. Men biziň işimiz şu ýagdaýa gelip ýeter diýip hiç wagt pikir etmändim. — Seniň gürleýşiň nähili? Heniz hiç zat bolanok. Hiç zat bolmaz hem! Kakam ol ýogyn selläni aldap hem goýberer. Men gönimden geldim: — Gülennam, ezizim, bu ýerde göwün aldap durasy iş ýok. Onuň üçin gel, pikir edeli: näme etmeli? Bu ýagdaýdan çykmak üçin nähili çäre görmeli? Ine, indi bize diňe şu soraglary çözmek işi galdy. Men kelläm dik bolsa, seni onuň eline bermerin. — Men hem dirikäm-hä onuň eline düşmerin! — Onda näme etmeli? — Gaçaly! — Nirä? — Nirä bolanda näme? Şu dowzahdan gutulsak bolany-da. — Bu gürrüň dogry gürrüň – diýip, men Gülennamy bagryma gysdym. Ýöne, nirä gaçarys? Men bir salym pikir etdim-de, bu soragyma özüm jogap berdim. — Hawa-da, nirä bolanda näme?! Uzak obalara gideris, bolmasa guma, çopanlaryň arasyna gaçarys. Nirä barsak-da taňry myhmanyndan ýüz öwresleri ýok… Ätiýäç üçin gerek-ýarak zatlary ýygnaşdyryp, taýýar bolup oturmagyny Gülennama tabşyrdym-da, samanhanadan çykdym. Çykan badyma sellesini taýzardyp, uly ýoldan tozan turzup barýan mollany gördüm. Sapa gotur meni ýanyna çagyrdy. — Oglum, depämizden agyr bela indi. Sen biziň gürrüňimizi diňlediňmi? — Hawa, Mollanyň öz akylynyň köpdügini aýdanyny eşitdim. Soňra näme gürrüň bolanyny bilmedim. Meniň işim çykdy. — Ol gahar edip, “başyňa gelenini özüň çekersiň-dä…” diýip gitdi. Eger meniň diýenimi etseňiz, il ýatyp, it uklandan soň siz gaçyň. Şundan başga çykalga ýok. Men utanybragada: — Biz hem Gülennam bilen şeýdeli diýip dilleşdik. Emma biz nirä gitsekkäk? Bardy-geldi biz gidäýenimizde-de, Mätnyýaz sizi gaty horlar. Sapa gotur bir salym ýere bakyp oturdy-da, şeýle diýdi: — Siz onuň pikir etmejek ýerine gaçyň. Guma-çopanlaryň ýanyna gidiň. Iki gün ýöreseňiz Keýikgyran guýusyna bararsyňyz Ol ýerde meniň iň oňat gorýän bir çopanym bar. Onuň adyna Hudaýberen diýýärler. Eger kelläm dik bolsa men Halaçdaky garyndaşyma habar ederin. Keýikgyrandan meniň çagalarymy ýygnap al diýerin. Ol sizi Halaja alyp gaýdar. Nikaňyzy gyýdyrar. Bellisi bolýança, şol ýerde ýaşabermeli bolarsyňyz… Enesi bilen meni gaýgy etmäň. Gazap etse, türmä basdyrar. Biz hem dek ýatmarys. Horlugy-harlygy çeke-çeke gelýäris. Oňa indi öwrenişmeli däl. Ýaşulynyň bu sözleri meni geň galdyrdy. Men mundan soňra ýol şaýyny tutup başladym. Sapa goturyň aýaly bolsa ýüzüni ýyrtyp, saçyny ýolup, bagryny paralaýardy. Sapa goturyň özi-de dek oturmady. Öýdäki gallany, gymmat bahaly zatlary ýere gömüp, bilinmez ýaly üstüne ders atdy. Garaz, biziň hemmämize iş tapyldy. Gün batyp, garaňky düşdi. Şu garaňky hem biziň bagrymyza gara çekdi… Rozy dymdy. Uludan demini aldy. Ýene-de suwa seretdi. Bu gezek ol köp wagtlap başyny götermän oturdy. Biz agras dymýardyk… dowamy bar.. | |
|
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |