09:39 Derýada - 3/ dowamy | |
XI
Hekaýalar
Rozy özüni dürsäp başyny ýerden göterende, gün batyp garaňky düşüpdi. Gaýygyň iki gözüniň ýagtysy biziň bäş-alty ädim öňümizden gaçyp barýardy. Biz özümizi onuň yzyndan kowup barýan ýaly duýýardyk. Rozy dowam etdi: — Gün batyp, garaňky düşenden soň Mätnyýazyň tarapyndan iki atly geldi. Olaryň biri Sapar gotury çeträk çagyrdy-da: — Baý aga saňa ýarym gijä çenli puryja berýär. Horaz gygyranda, sen baryp öz razylygyňy berýändigiňi ýa-da bermeýändigiňi aýtmaly. Ýaşuly‚ maňa gulak salsaň-a işi ulaltma‚ soňy ýaman bolar. Gowusy häzir öz razylygyňy beräý. Biz baryp, ony begendireli — diýdi. Sapa gotur ajy ýylgyrdy׃ — Baý agaň maňa ýarym gijä çenli puryja berýän bolsa‚ sen näme beýle gyssanýarsyň? Ýa seniň-de bu işden belli bir derejede almytyň barmy? Ýarym gije baryp, özüm jogabyny bererin. Sen özüňi horlama! — diýdi. Atlynyň gahary geldi׃ — Garry‚ diliňi uzaldyberme! Gyzyňy gaçyraýsaň başyň ölümli‚ malyň talaňlydyr. Şuny ýatdan çykarma! — diýdi-de‚ atynyň böwrüne depdi. Onuň bilen bile gelen atly-da yzyna düşdi. Uzakly gününi agyr hesretler bilen geçiren Sapa gotur atlylar ugrandan lampa özüni ýere goýberdi-de‚ uludan demini alyp‚ maňlaýyna ýumruklady׃ — Häý‚ zamana‚ zamana! Heý biziň hem dadymyzyň eşidiljek pursaty gelermikä? — diýdi. Soňra ol maňa ýüzlenip‚ göwünlik berdi׃ — Rozy‚ mert bol! Özümiň ýekeje çagamy saňa tabşyrýaryn‚ seni-de Hudaýa. Aç bolan ýeriňde aç‚ hor bolan ýeriňde hor bolar. Gülennam mertdir. Çagalarym bagtyňyz açylsyn. Sizi arkaýyn ugradyp‚ Mätnyýazyň ýanyna bararyn. Ony aldaryn. Ol ertire çenli hiç zat bilmez. Siz bolsaňyz ertire çenli köp ýol geçersiňiz — diýdi. Gerek ýaragymyzy horjuna saldym. Horjuny gaňňanyň üstüne berkitdim. Gülennamy eşege mündürip‚ onuň ata-enesinden ak pata alyp, ýola düşdüm. Biz kowga garaşmaýardyk. Sebäbi Mätnyýaz heniz “bolýar” ýa-da “ýok” diýen jogaby almandy. Biz uly ýol bilen gündogara ugradyk. Eýýämden ýuwaşja gürleşip‚ Gülennam ikimiz begenişýärdik. Ýöne‚ biziň begenjimiz doly manyly begenç däldi. Biz ýylgyryşsak-da içimiz dertden doludy. Garrylaryň ýagdaýy bizi howsala salýardy. Emma iş başga hili bolup çykdy. Biz özimiziň günümize aglamaly ekenimiz. Biziň ýolumyz uzak däl eken. Biz sada ekenimiz. Mätnyýaz beýle mekirlik eder diýip kellämize gelmeýärdi. Ol obadan çykyp gidýän ähli ýollarda eýýäm adam goýan eken. Obanyň gündogar çetindäki köprä ýetenimiz hem şoldy weli‚ köprüniň üstünde iki ýaragly adam peýda boldy. Ýaraglylaryň biri׃ — Dur! Kim borsuňyz? — diýdi. Men ony sesinden tanadym. Ol hälki‚ gün batansoň bize baryp‚ Sapa gotur bilen gaharlanyşyp gaýdan atlydy. Meniň inim tikenekläp gitdi. Ähli ganym kelläme urdy. — Ötegçi borus — diýip jogap berdim. Men öz sesimi anyk eşitdim‚ emma munuň öz sesimdigini tanamadym. Olar eýýäm bizi tanadylar. Ýaraglylaryň biri eşegi saklady-da׃ — Siz-ä tüýs bize gerek ötegçi ekeniňiz — diýip güldi. Men ylgap onuň alkymyna bardym-da׃ — Eşegi goýber! — diýdim. Ol ýene güldi׃ — Bu ýetimiň sesi çasly çykýar-la… Onýança men özümi onuň üstüne okladym. Gülennam böküp düşdi-de, maňa kömege geldi. Elindäki ýaragyny gaňryp aldym. Edil şu wagtyň özünde tüpeň sesi çykdy. Men özümden gitdim. Şundan soňra näme bolup, näme goýanyny bilmedim… Birnäçe sagatdan soňmy ýa-da birnäçe günden soňmy, anyk bilemok, men huşuma geldim. Gözümi açjak bolýan, açylmaýar. Soňra elim bilen ýüzümi sypalap çykdym. Görsem gözüm açyk. Men garaňky zyndana oklanan ekenim. Nirede, nädip ýatandygymdan habarym ýokdy. Men diň salyp başladym. Daşardan ses-üýn çykmaýardy. Diňe meniň gapymyň golaýyndaky sygyr gäwüşeýärdi. Sermeläp gapyny tapdym. Näme etmeli? Bu zyndandan çykmaly, ölseň-de göreşip ölmeli. Bosaganyň aşagyny köwüp başladym. Näçe işlänimi, näçe gazanymy bilemok. Sebäbi men bu wagt hiç zat bilemokdym. Diňe bu zyndandan çykmak umydy bilen ýaşaýardym. Ine, ýumruk sygar ýaly deşik açyldy. Ýene gazyp başladym. Birnäçe wagtdan soň ol deşik ýene ulaldy. Daň atyp gelýärdi. Ýene gazyp başladym. Göwrämiň ýarysy çykanda, hatara giden ak öýleriň birinden erkek adamyň aýylganç sesi çykdy. Bu näme boldugyka? Onýança gapy jarka açyldy. Öýüň içinden Gülennam saçyny tasadyp çykdy-da, hiç bir tarapa seretmän: — Hoş, ezizim Rozy! Sag-aman gal! Indi menden saňa aýal bolmaz. Hoş, meniň mähribanym! — diýip, aýylganç gygyrdy. Men hem: — Gülennam, adyňa döneýin, men munda — diýip gygyrdym. Ol birbada aýak saklajak ýaly etdi-de, ýene aýak aldygyna derýa kenaryna tarap ugrady. Men hem kä ýykylyp, kä sürşüp, kä emedekläp onuň yzyndan ylgadym. Ol eýýäm kenara bardy, köýnegini ýyrtdy, göz açyp-ýumasy salymda aýagyna daş baglady. Ol iň soňky gezek: — Hoş, ezizim Rozy! — diýdi. Men hem tüýs dälirän ýaly: — Gülennam! Saklan! Saklan! Men barýançam saklan! — diýip gygyrdym. Ol meniň sesimi eşitdi. Maňa garap gujagyny açdy: — Gelme, gelme! Men ýüzi garanyň ýanyna gelme! Mätnyýaz meniň namysyma degdi, özi-de eýýäm jan berendir! Hoş, Rozy! — diýdi. Belent raýyşdan özüni däli derýanyň gujagyna oklady… Rozy dymdy. Biziň-de inimiz üşedýän ýaly bedenimiz sandyrady. Köp wagtlap hiç kimden ses çykmady. Rozy gözüni süpürdi. Birnäçe wagt geçenden soň Rozy şeýle diýdi: — Hawa, ýigitler, ondan bäri kyrk ýyl geçdi. Men şol ýyllaryň hemmesini derýada işläp geçirdim. Men şu kyrk ýylyň hemmesini Gülennam haçan suwuň ýüzüne çykarka, haýsy ýerden çykarka — diýip garaşyp geçirdim. Şemal bolmasa, suwuň ýüzi bir tekiz dursa men gamlandym. Gülennam çykyp bilmez, suwuň aşagynda hopugar — diýip gorkdum. Emma ýel tursa, derýada gaý bolsa, Gülennam ägirt uly tolkunlaryň arasyndan ýalpyldap çykar diýen umyt mende gün-günden güýjedi. Men diňe şu umyt bilen ýaşadym. Häzir hem ýaşaýaryn… Men öýlendim. Bäş çagam bar. Aýalymyň adyna Sona diýilýär. Emma men oňa öz ýanymdan Gülennam diýip at berdim. Ýöne men oňa-da, çagalaryma-da bu wakany aýdyp beremok, çaý haltamy görkezemok… Biz ýene-de uzak wagt dymyşyp oturdyk. Birden ýel güýjedi. Derýada tolkun turup başlady. Tolkunlar biri-birine degip, güňleç ses etdi. Rozy başyny göterip, töwerege seretdi. Garaňkyda hiç zat görmedi. Öňe, gäminiň çyrasynyň düşýän ýerine gözledi. Gom-gom bolup gelýän tolkunlara seredip, şeýle diýdi: — Belki häzir çykar… Ýaşulynyň özi aýtmasa-da, men bir zady anykladym: onuň akylyna çalaja şikes ýeten eken… Beki SEÝTÄKOW | |
|
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |