09:30 Derýada / hekaýa | |
DERÝADA
Hekaýalar
I Dem almaga howa ýetmeýärdi. Biz myhmanhanadaky otagymyzyň gapysyny, aýnalaryny giňden açdyk. Azajyk-da bolsa howanyň hereket etmegini, şemalyň öwüsmegini göwün arzuw edýärdi. Hammamdan çykan ýaly bolup, jaýyň ortasynda gara dere batyp duran Annaberdi: — Tamyň diwaryny aýyrsaňyz-da geljek zat ýok, onuň üçin azara galman, gowusy derýa boýna gideliň. Belki, ol ýeriň ýagdaýy gowurakdyr. Men eýýäm polotensamy çalşyrmasam bolanok. Ýogsam, muny ýaňyja elime alypdym — diýdi. Bu maslahat maňa-da, biziň üçünji ýoldaşymyz Mämmetdurda-da ýaraman durmady. — Gogolyň pomeşigi ýaly gün batýança, suwa girip otursaňyz-da men bar. Gideliň. Derýa däl, men-ä deňze-de gitmäge taýýar. Barybir bu gün bize garaşyp duran iş ýok — diýmek bilen, Mämmetdurdy geýnip başlady. Biziň köwüşlerimiz-de, geýimlerimiz-de gyzgyn pejiň içinden çykarylan ýaly gyzypdy. Geýnenimizden soň, ýagdaý öňküden-de agyrlaşdy. Ýürek hopugyp, gözümiz garaňkyrady. Demimiz içimize sygmaýardy. Biziň şu wagtlar birje arzuwymyz bardy: her birimiz kelle ýaly buz ýuwdup, onuň bolsa içimizde yzygiderli eräp durmagyny isleýärdik. Köçäniň ýagdaýy jaýyň içindäkiden-de erbetdi: asfalt alan hamyr ýaly ýumşapdy, mylkyldap ýatyrdy. Köçedäki maşynlar rezinleriniň nagşyny yzlarynda galdyryp, agras ýöreýärdiler. Agaçlar köp miwe getiren erik bagy ýaly başlaryny aşak egip oturýardylar, olaryň tozanly ýapraklary kyrkgünlük ýaly saralyp görünýärdi. Adamlar duluklaryny ýyldyradyp, kölegäniň goýudan-goýusyny agtarýardylar. Şäheriň depesindäki äpet gün has aşaklap, bürünç jam ýaly gyzaryp durdy. Asfalt gutardy. Köçäniň gelşigi gaçdy. Öňümizde perde bolup duran tozan diwary gozganmaýardy. Adamlar onuň aňyrsyndan girip, bärsinden çykýardylar. Biz hem onuň bärsinden girip, saçymyzy “gyrawladyp” aňyrsyna çykdyk. Uniwersiteti ýaňy gutaran, ýaş, orta boýly Annaberdi-de, inçe burunly, inçe ýüzli, agaç et Muhammetdurdy-da şahyrdy. Emma olaryň häzirki görnüşlerinde hiç hili joşgun ýokdy. Mämmetdurdynyň deri çykyp gutarypdy. Ol indi bir zat sorasaň, jogap bermegiň ýerine ýüzüňe serederdi-de, agzyny açaýardy. Mejaly gaçypdy. Hemmämiziň aýagymyz agralypdy, daş baglanan ýalydy. Annaberdi Puşkiniň “Gyş” diýen goşgusynyň birinji oýnamyny okady. Munuň özi ýükümizi bir azajyk ýeňleden ýaly etdi. Azajyk-da bolsa göwnümizi aldady. Emma uzaga çekmedi. Töwerekdäki hakykat goşgudan güýçlüräkdi. Biz garly sowuk şemally ýanwar hakynda arzuw edýärdik. Biz gary göz öňüne getirmäge synanýardyk, emma bolmaýardy. Ol ýadymyza düşen badyna hyýalymyzda eräp gidýärdi. Derýa boýuna gelmek bilen dünýä täzeden inen ýaly bolduk. Suwa düşülýän saý ýere baryp, derrew özümizi suwa urduk. Hezil etdik. Soňra içki geýimlerimizi çalaja sykyşdyryp geýindik. Alabeder bir şekile girip, pristanyň naçalniginiň kabinetinde peýda bolduk. Naçalnik biziň öňümizde çaý goýdy. Derýa durmuşyndan gürrüň bermäge başlady. Geýimlerimiz öl-suwdy, onuň üstesine-de çaý içip derledik… Umuman, ýagdaýymyz gaty düşnüksizdi. Her kim köne dertli ýaly bugaryp oturýardy. Bize üç adamlyk motorlyja gaýyk, ony sürüp bilýän adam gerekdi. Naçalnik goňşy otagdaky sekretaryny çagyrdy. Ol ýok eken. Şonuň üçin onuň özi golaýdaky bir tama gidip gelmeli boldy. Onuň aýaklary kelteden ýogyndy. Naçalnigiň gujurly görnüşi bardy. II Ýagdaý bütinleý üýtgeşdi: derýada ýuwaşja, salkyn şemal öwüsýärdi, motorly gaýyk çalt gidýärdi, bu çaltlykdan ýaňkyja şemal güýjeýärdi. Keýpimiz kökeldi. Adam begenende diline bat berýär, göterimli sözler tapýar. Emma biziňki tersine bolup çykdy: biz bu ýagdaýa şeýle bir begendik weli, sözlemäge söz tapman, biri-birimiziň ýüzümize seredip ýöne: “weýt-weýt” diýip otyrys. Jeýhunyň eredilen altyna meňzeş mele suwy bütin gözýetimi tutup, çalaja tolkunyp ýatyr. Ilerimizden gamyşlyk kenar görünýär. Gündogar bilen günbatardan hiç zat görnenok. Derýanyň bu iki tarapy gözýetimde asman bilen birigýär. Suwuň ýüzi poluň üsti ýaly tekiz, ýuwaşja şemal ony emaý bilen sypalaýar, şunuň netijesinde bolsa kiçijik örküçler emele gelýär. Biziň gaýygymyz örküçjikleri ýaryp geçmek bilen olaryň müňüniň, millionynyň başyny bozýar, güýçli tolkunlar emele getirýär. Suw guşlary uzyn ganatlaryny oýnadyp aşak inýärler, gyzyl injikleri bilen kiçijik tolkunlar emele getirip, ýene-de uçup gidýärler. Çuň ýerlerde suw gaýnap duran ýaly bolup görünýär. Diňe şu zatlar bolmasa, derýa günüň şu wagtynda gaty parahat görünýär. Garagumuň tekiz, çägelik ýerlerini ýadyňa salýar. Ahally Mämmetdurdy her goşgusynda diýen ýaly Amyderýanyň waspyny etse-de, “janly” derýany birinji gezek görýärdi. Onuň owadan gara gözleri giňden açylyp, töwerege galawutly seredýärdi, bu gadymy suw dünýäsiniň ähli syrynyň bütin gözelliginiň, onuň ajysynyň-süýjüsiniň bir bada aňyrsyna ýetmek isleýän ýalydy. Derýanyň beýik, haýbatly görnüşi onuň sussuny basdy. Häzir onuň dilinden gözi kän “gepleýärdi”. Onuň bar ünsi, ähli bolşy derýa berlipdi. Jeýhunyň gamyşly, jeňňelli kenarlarynda önüp-ösen Annaberdi özüniň “dogduk depesine” gelipdi. Ol ör turup, döşüni şemala tutup, gündogara, Kerki taraplaryna äňedýärdi, özüniň “dogduk depesini” agtarýardy. — Eger gözýetim sähel aňyrrak süýşse, şu ýerde men size ýaşkam suwa düşen ýerlerimi görkezerdim — diýip, şahyr hyýallanýardy. — Aý, ýog-a? — diýip, Mämmetdurdy gözlerini giňden açyp, haýran galyjylyk bilen oňa seredýär. — Oglan ahyry, heý, muňa-da düşüp bolarmy? Ýalaňaçlanyp bu derýa özüňi oklamak – öz janyňa kast etmek bilen deň ahyry!.. Bu wagt geň bir zat ýüze çykdy: biziň gämide bardygymyza, ýokdugymyza çigit ýalyjak ähmiýet bermän gelýän gämiçi, Mämmetdurdy soňky sözüni aýdyp gutaryp-gutarmanka, birden yzyna öwrüldi, Mämmetdurdynyň ýüzüne ullakan ala gözlerini öňküden-de giňeldip, gahar gatyşykly bir görnüşde seretdi. Onuň bu garaýşyny menden başga hiç kim görmedi. Bu garaýyşdan meniň inim tikenekläp gitdi… — Ýeri, sen beri suw hakynda geplemesene — diýip, mundan habarsyz Annaberdi Mämmetdurda gülüp seretdi: — Seniň öňünde bir kerseni suwdan dolduryp goýup: “gozganman otur, bolmasa gark bolarsyň” diýsem, gorkyňa on günläp oturyşyňy-da bozmarsyň… Sen suw bilýärmiň, näme?! — Päheý, sen-ä oňaraýdyňaýt. Ynha, Garagum kanalynyň ikinji nobaty gutarsyn bakaly, men seniň bu sözüňe onsoň jogap bererin… — Ol başga mesele! Şeýle-de bolsa gürrüň alyşmaýardy. Her kim bu ajaýyp görnüşden köpräk täsir almak üçin öz pikiri, hyýaly bilen başyna gaýdy. Munuň üstesine-de, gämiçi meni uly aladanyň aşagynda goýdy. Men bar ünsümi oňa bermeli boldum. Meniň başga zat bilen işim bolmady. Gämiçiniň ady Rozydy. Uzyn boýly, hor, elleriniň, boýnunyň damarlary çykyşyp duran bu adamyň ýaşy altmyş bilen altmyş bäşiň arasyndady. Eliniň, ýüzüniň hamy kömürçiniňki ýaly gap-garady. Ullakan, ala gözleri ýitidi, olaryň agy gar ýaly akdy, garasy garamyk ýalydy. Sakgalda, murtda, saçda agaran ýekeje-de gyl ýokdy. Emma ýagyrnysy hökgüdi. Inçe ýüzündäki giň maňlaýy agyrlyk edýän ýaly, Rozy mydama başyny aşak salyp oturýardy. Süňklek uzyn elleri, göwnüme bolmasa, uzadan ýerine ýetäýjek ýalydy. Bu adam meniň gözüme başga dünýäniň adamy ýaly bolup görnüp başlady. Bu gaty geň adamdy. Gaýyga mündi-de, sürüberdi. “Hemmäňiz mündüňizmi?” diýbem soramady. Ugraly bäri biziň bilen bir gezek hem gürleşmedi. Bu boluş meniň keýpimi gaçyryp başlady. III Beýdip gitmek mümkin däldi. Bizden utanýar, gorkýar diýsek, biz onuň naçalnigi-de däl, ondan uly-da däl. Ol derýada zähmet çekýär, biz bolsak edebiýat meýdanynyň zähmetkeşleri. Diýmek, iki tarap hem des-deňdi. Rozy muny bilýärdi. Naçalnigiň biziň kimdigimizi oňa düşündirip goýbereni ikuçly däldi. Üçimizden birimiz onuň göwnüni galdyrandyrys diýsek—muňa-da esas ýokdy: görşüňiz ýaly Rozynyň göwnüni galdyrmaga ýa-da göwnüni açmaga biziň elimiz degenokdy, biziň bar ünsümiz derýadady. Biz Rozy bilen diňe salamlaşdyk. Aramyzda başga hiç hili gürrüň bolmady. Hawa, beýdip gitmek mümkin däldi. Şatlyk umumy bolsa, şatlyk bolýar. Bir ýerde oturan dört adamyň üçüsiniň gülüp, birisiniň gaşyny çytyp oturmagy akyla sygjak zat däldi. Durmuşda beýle zat bolmaýar. Men çemini tapyp, Rozyny gürrüňe goşmagyň, onuň biziň şatlygymyza goşulmagynyň ugruna çykdym. Ol bize arkasyny öwrüp oturýardy. Onuň häzirki iş ýagdaýy şeýledi. Göwnüme bolmasa, Rozy barha hökgerip, kellesi aşak sallanýan ýalydy. Men içimden: “ol şu wagt köwüşleriniň burnuna seredýändir” diýip çak etdim. Ol bir bolşuny üýtgetmän, aşak bakyp otyr. Onuň boýny, bili agyrmaýarmyka? Ýa-da köp ýylyň endigi bilen ol bütinleý öwrenişäýdimikä? Meniň sortduryp oturyşyma içi gysan şahyrlar bir-birine golaýlaşyp oturdylar-da, öz kärlerine başladylar. Olar mesnewi düzmäge, aýdyşyga girişdiler. Ilki biri bir setir aýdýar, ikinjisi onuň yzyna ýetirýär. Käwagt kapyýa dawasy çykýar. Annaberdi sesli kapyýa bilen jogap berip, gezegini sowmakçy bolsa, Mämmetdurdy derrew dawalaşyp başlaýar: — Heý, “gardan” bilen “bärde” hem kapyýalaşarmy? Hökman “gardan” — “bärden” bolmaly… Soňra maňa ýüzlenýärler. Meniň bolsa bar ünsüm Rozyda, şonuň üçin-de, näme diýenimi-de bilmän, olara: — Hudaýa şükür, prozanyň kapyýa bilen işi ýok. Kapyýa prozanyň iň ýigrenýän zady — diýip jogap berýärin. Olaryň ikisi-de: — Ýoldaşyň prozaçy bolmasyn — diýip, arydan goranýan ýaly ellerini silteýärler-de, ýene-de dawalaryna başlaýarlar. Men bolsam Rozynyň hökgerip duran ýagyrnysyndan guş çykyp, ümdüzüne uçaýjak ýaly, ondan gözümi aýyrman seredip otyryn. Ine, ol hereket etdi! Onuň gury süňklek göwresi çalaja gymyldady, kellesini sag tarapyna öwürdi. Emma geň zat: ol beýleki adamlar ýaly arassa, salkyn howany içine çekip, owadan gözlerini giňden açyp, gözýetime seretmedi-de, gaýtam, nazaryny ýene-de suwa dogrulady. Kenara-da gözlemedi, hiç ýere-de! Ol gaýygyň edil alkymyndaky çogup duran ýerden gözüni aýyrman, göýä ol tolkunyň aşagyndan biriniň çykmagyna garaşýan ýaly bütin ünsüni şo ýere berdi. Gaýyk ol ýeriň duşundan bireýýäm geçip gidenem bolsa, Rozy eli bilen ruly towlap, nazaryny ýaňky ýerden aýyrmaýardy. Onuň boýny agyryp gitdi, emma ol muňa ähmiýet bermedi. Men indi onuň ýüzüne, gözüne siňe syn etdim. Ol bu ýere seredip otyrka, öňki tüýsüni bütinleý ýitirdi. Ýüzüniň gany gaçdy, mumyýa meňzedi, gözleri öňküden-de ýiteldi, içiňden geçip barýardy, boýnunyň ýanyndaky damarlary has ýognaldy, olar agaja düşýän gurçuk ýaly müňküldeşip başladylar. Ol dogrudan-da, ýaňky çogup duran suwuň içinden biriniň silkinip çykmagyna garaşýan eken. Başga zada beýle garaşmak mümkin däldi. Men onuň ýüzüniň, gözüniň şu wagtky bolşuny pikirimde aýlap, bu adam ýa şu derýa bilen baglanyşykly aýylganç bir wakany başyndan geçirendir, ýa-da üýtgeşik bir zadyň şaýady bolandyr diýen netijä geldim. Ol ýene-de aňyrsyna bakyp, öz işini dowam etdi. Şahyrlar kapyýanyň enter-pelegini öwürýärdiler. Annaberdi: — Jeýhun joşa gelse kenaryn ýykýar — diýdi. Mämmetdurdy bolsa ikinji setirini tapdy: — Günäsiz adamy demine çekýär… Gämi аýylgаnç titräp gitdi. Rоzy dеrrеw mоtоry öçürdi. Onuň bütin göwresi birden sandyrady. Bärisine bakdy. Gözleriniň agy çym-gyzyl bolupdy. Bir bada gepläp bilmedi. Az salymdan, göýä agyr ýüküni egninden düşüren ýaly haşlady-da: — Beýle gürrüň etme! — diýip, Mämmetdurda seretdi. Onuň nazary içinden geçip barýardy. IV Rozynyň-da, biziň-de öňki hetdimize gelmegimiz üçin birnäçe wagt gerek boldy. “Kapitanyň” ýaňky bolşuny görenimizden soň, biziň bütinleý keýpimiz gaçdy. Dogrusy, ondan gorkup başladyk. Men her minutda: “Ýaşuly, bizi kenara çykar!” diýmäge taýýardym. Diňe töweregiň ajaýyp görnüşi meni bu teklibi girizmekden saklaýardy. Eger Rozy şeýle bolmadyk bolsady, onda ne gözel bolardy! Men her demde ýagdaýyň gowulaşmagyny umyt edýärdim. Biz günbatara barýarys. Gaýygyň inçe burny bulanyk suwy kesip, giň göwresine ýol açýar. Iki tarapymyzda emele gelen gomlar bize haýbat atýarlar. Mämmetdurdyny gaýygyň gyrasyna berk ýapyşmaga mejbur edýärler. Öňden, gaty uzakdan, derýanyň ortasynda tüsse görünýär. By ýagdaý ýene-de bize Garagumy ýatladýar. Öňdäki parahodyň tüssesi gum içindäki çopan goşlaryny göz öňüne getirýär. Gaýraky kenar kä görünýär, kä gözden ýitýär. Ilerimizdäki gamyşlyk gutardy, kenar gözden ýitdi. Jeýhun bizi enäniň sallançak üwreýşi ýaly üwreýär, gaýygy mylaýym çaýkap, janymyza lezzet berýär. Günbatara ýoluny gönüläp ugran günüň şöhlesi bulançak suwa düşüp, onuň ýüzünde millardlarça reňki, kiçijik düwmejikleri emele getirýär. Agyr derdiň dermany mylaýym şemal ýakymlylyk bilen ýüzüni sypalaýar. Rozy heniz-de gürrüňe goşulman, ýeňsesini tüňňerdip, motoryny tütedip barýar. Indi onuň bolşy okalmadyk kitap ýaly biziň ähli ünsümizi özüne çekýär. Bu adamyň dem alşy-da, gaýyk sürşi-de, onuň egnindäki geýimleri-de biziň üçin syrly duýulýar. — Ýigitler, maňa golaýrak oturyň! — diýen sözi eşidenimde, ilki bada men gulagyma ynanmadym. Dogrusy, men bu ses derýadan çykdymyka diýip tisgindim. Meniň ýoldaşlarym-da geň galşyp, biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. Onýança Rozy ýene gepledi: — Ýigitler, siz meniň bolşumdan gorkmaň, maňa geň galmaň. Herki zadyň bir sebäbi bardyr. Şemal bolmasa, çöp başy-da gymyldaýan däldir. Siz bärräjik süýşüň. Ýogsam motoryň sesi meniň gürrüňimi eşitdirmez. Bu ses meniň öz pikirimi beýan etmegime zyýan bermeýär. Men muňa öwrenişipdirin. Meniň üçin uzak obalardaky gije ümsümligi-de bir, motoryň sesi-de birdir. Bärräk süýşüň. Men size gürrüň bereýin. Görýän weli, siz kitap ýazýan adamlar bolmaga çemeliňiz. Şonuň üçin meniň berjek gürrüňimiň-de size gerek ýeri bolarmyka diýýärin… Men häzirki size aýdyp berjek gürrüňimi kyrk ýyldan-da gowrak içimde saklap gelýärin. Hiç kime aýdyp bermedim. Indi men altmyşy eginden aşyrdym. Köpüm geçip, azym galdy… Biz özümize goýlan bu hormata gaty begendik. Rozy biziň gözümiziň öňünde birden üýtgedi: täze görnüşe girdi. Göýä, uzyn barmakly ellerini döşümize sokup, biziň ýüreklerimizi sogrup alan ýaly bolup, bizi özüne çekdi. Biz höwes bilen, tolgunmak bilen onuň daşyna öwrülip oturdyk. Goja gaýrarak süýşüp, bilini dikeltdi, aýaklaryny uzatdy. Onuň iri süňkleri şatyrdap gitdi. Edil şu wagtyň özünde biz ýene-de derýanyň çogup duran ýeriniň üstünden geldik. Rozy ýene-de bizi ýatdan çykardy. Ähli ünsüni derýanyň gaýnap duran ýerine berip, özünden ygtyýarsyz ol ýeriň daşyndan gaýygy bir gezek aýlady. Gaýygyň tolkuny çogup duran suw üýşmegini dagytdy, özüne goşup, aňyrlara äkitdi. Şundan soňra Rozy ukudan açylan ýaly bolup, ruluny günbatara dogurlady. Hiç zat bolmadyk ýaly öňki hetdine girdi. — Golaý oturdyňyzmy? Gaty gowy! Naçalnik maňa siziň kimdigiňizi aýtdy. Men ilki bada düşünmedim. — Gazet habarçylarymy? — diýip soradym. Ol maňa oňatja edip aýdyp berenden soň, men öz göwnüme maslahat saldym. Gel, şulara kyrk ýyldan bäri ýüregimde gizläp gelýän syrymy açaýyn diýdim. Bir göwnüm “aç” diýdi. Bir göwnüm: “beýtme, seniň ol syryň mukaddesdir, ol seniň diňe özüňkidir, öz hususy syryňdyr, ol syr bilen başganyň işi bolmaly däldir” diýdi. Ine, men şeýdip, şu wagta çenli belli bir netijä gelip bilmedim. Siziň bilen gürleşmän, aşak bakyp oturyşymyň-da düýp manysy şundady, ýigitler… Ahyrsoňy: “Gel, aýdaýyn. Bu syr meniň ýüregimde galmasyn. Goý, muny adamlar eşitsin. Bu bolsa şu ýerde gürrüňi ediljek mysapyr bendä meniň diken heýkelim bolsun…” diýdim. Rozy telpegini çykaryp, gara kellesini şemallatdy. Sag eli bilen başyny sypalady. Suwuň ýüzünde tolkunlaryň ýasaýan mele örküçjiklerinden gözüni aýyrman, göýä bir zatlary ýatlaýan ýaly, käbir wakalary hyýalynda aýlap çykýan ýaly içini gepletdi, dodaklaryny müňküldetdi. Howasyz myhmanhana, asfalty hamyr ýaly mylkyldap ýatan şäher köçeleri, agaçlaryň üstünde jam ýaly sallanyp duran gün, derýa ilki görenemizde emele gelen galkym kapyýalar… eýýam biziň ýadymyzdan çykypdy. Biz häzir diňe Rozyny görýärdik, ýeriň astyndan çykýan ýaly güňleç, ýogyn sesini eşidýärdik. Onuň şu ses bilen bize aýdyp berjek gürrüňi hakynda pikir edýärdik. Ol bolsa gyssanmaýardy. Onuň ýagdaýy bize düşnüklidi: kyrk ýyllap ýürekde gizlenip ýatan gürrüňi derrew beýan edibermek, elbetde, aňsat däldi. Köp zatlary ýatlamalydy, köp zatlaryň düşnükli bolmagy üçin özüne laýyk söz tapmalydy. Rozy bu işleri gutardy. Ol ruly derýanyň ortasyna gönüläp, beýan etmäge girişdi. V — Meniň kakamyň-da, özümiň-de bütin ömrüm şu ýüzüp barýan derýamyz bilen baglydyr. Kakam şu derýanyň demirgazyk kenarynda eneden bolupdyr, ösüpdir, kemala gelipdir. Şol ýerde hem öldi. Men hem şol ýerden eneden boldum. Men özümi bilip ugranymda biziň tanap ýarym ýerimiz bardy. Kakam, bir ýylda iki gezek bu ýerimizi sürerdi, tohum sepip bererdi. Galan işleriň hemmesini ejem ikimiz ederdik. Şol wagtlaryň ýagdaýyndan ýedi ýaşly ogly bilen keselbent bir aýalyň nähili hasyl ýetişdirip biljegini özüňiz göz öňünde getiriberiň. Kakam meniň şu häzirki bolşuma meňzeýärdi. Maňa pugta seretseňiz, ony gören ýaly bolarsyňyz. Ol başga wagtynyň hemmesini derýadan balyk tutup geçirerdi. Günorta çenli balyk tutardy. Gün agandan soň tutan balyklaryny eşege ýükläp, Diwanabaga äkiderdi. Ol ýerde kakamyň kiçijik dükanjygy bardy. Onuň içinde ullakan ojak, ojagyň üstünde-de ullakan gazan bardy. Kakam şol ýere baryp, tutan balygyny gowrardy, agşamara diwanabaglylara satardy. Kä gün onuň söwdasy oňardy. Kä gün bolsa iki elini burnuna sokup gelerdi. Biz goýnuň, sygryň etini ýylda bir gezek — Gurban baýramynda dadyp görerdik. Emma weli, hepdede bir gezek gowrulan balyk iýerdik. Bizden beterler-de bardy. Ejem hem uzyn boýly, inçe, hordy. Ol inçekeselledi. Ejem men on dört ýaşyma ýetenimde baharyň ahyrlarynda öldi. Şundan soň biziň ýagdaýymyz güýz aýlarynda derýa suwunyň peselişi ýaly ýuwaş-ýuwaş peselip ugrady. Biziň tamymyz obanyň aşak çetindedi. Häzirki hasap bilen aýdanymyzda biziň iki kilometr gündogarymyzda Mätnyýaz diýen biriniň howlusy bardy. Ol adam gaty uly baýdy. Gyzylgumdaky goýunlarynyň, düýeleriniň, gylýallarynyň sanyny özi-de bilmeýärdi. “Dile geldi, bile geldi” diýlişi ýaly, men onuň nähili adamdygyny hem aýdaýyn. Has düşnükli bolar. Dogrusyny aýtsaň, bu adam däldi, tüýs aňyrsyna ýeten haramzadady, ganojakdy. Aýal zorlamagy, gyzyň namysyna degmegi, bir bendäniň öýüni başyna ýykmagy, ejizi ata basdyryp geçmegi… hiç zatça görmezdi. Ol eger seni gözüniň astyna aldymy, gutardy. Sen ýa dogan iliňi terk edip göçüp gitmeli, ýa-da onuň aýdanyndan çykmaly däl. Men ony ilki gezek otuz bäş ýaşyndaka gördüm. Onuň gözleri ýanyp durýardy, ähli hereketi edil çaganyňky ýaly çalasyndy. Ol keltejik, horja adamdy. Daşyndan ýaş ýetginjege meňzeýärdi. Ejem ölenden soň, Mätnyýazyň jyny kakama düşdi. Bir gün kakam ikimiz agşamlygymyzy edinip ýaňy ýatypdyk, Mätnyýazyň hyzmatkärlerinden birisi ylgap gelip, kakamy alyp gitdi. Men şeýle bir gorkdum weli, inim sandyrap, dişim-dişime degmeýärdi. Kakam gijäniň bir wagty reňkini ak tam edip geldi. Men derrew “Mätnyýaz näme üçin çagyrypdyr?” diýip soradym. Kakam bolşuny bolşy ýaly aýdyp berdi. Şeýle bolan eken: biziň obamyzda ýigrim bäş ýaşly, diýseň, owadan bir dul gelin ýaşaýardy. Oňa Maral diýýärdiler. Men ol gelni gowy tanaýardym. Bir gün onuň tamynyň gapdalyndan geçip gelýärdim. Maral eýwanynda duran eken. Ol meni ýanyna çagyryp aldy. Soňra eýwandan tama alyp girdi. Men onuň baý durmuşyny görüp agzymy açdym. Ikinji tarapdan, onuň owadanlygy, näz edip sözleýşi meni geň galdyrdy. Dul aýal, sende ýok-mende ýok gujagyny açyp meniň üstüme topuldy, meni gabyrdadyp basdy-da, ogşap, gujaklap başlady. Utanjymdan ýaňa ýer ýarylmady, men ýere girmedim. Ahyrsoňy onuň barmagyndan dişledim, ol elini agzyna ýetirdi, şol bada men onuň elinden sypdym-da aýak aldygyna gaçdym… Ine, Mätnyýaz şol aýal bilen gezipdir, Maral ondan hamyla galypdyr. Ikisiniň-de ýagdaýy gaty agyrlaşypdyr. Sebäbi Maralyň aňyrsy-da ýönekeý bir garyp bolman, şol wagtyň men diýen adamlaryndandy. Mätnyýaz ömründe bir gezek öz eden işinden gorkupdyr. Bir çykalga tapmasa, iş ula gitjek bolupdyr. Ine, aýaly ölen goňşy bar ahyry! Şundan gowy hem çykalga bolarmy? Ol bir garyp, näme diýseň, “bolýar” diýer durar. Onuň başga sözi bolarmy? Mätnyýaz şu maksat bilen kakamy çagyrypdyr. — On goýun bereýin, bäş batman bugdaý bereýin, soňra-da garaşyk edip duraýyn, uly toý guraýyn, ýone weli, sen Maraly al, meni biabraýçylykdan gutar, bolmasa, iş ula gitjek… Bu işden ganyň ysy gelýär — diýipdir. Meniň kakam garyp bolsa-da, ýer urup ýerde galan bolsa-da, gaty namysjaň adamdy. Ol Mätnyýaza garap: — Baý aga, sen özüňe gerek adamyňy tapmansyň, ýalňyşypsyň, bu ýumşuňy bitirjek adamy öz neberäňden agtar — diýipdir. Şeýle diýmek bilen onuň öýüniň gapysyny şarkyldadyp ýapyp, çykyp gaýdypdyr. Kakam meniň başymdan sypalap: — Oglum, bagtyňdakyny gör. Ol haramzada meni öz ugruma goýmaz. Ir-u-giç başyma bir bela getirer — diýdi. Mätnyýaz uzak garaşdyrmady. Bu wakadan soň biziň salymyz suw üstünde boldy, iýenimiz ýüzümize çykmady. Biz aýylganç bir zadyň ýüze çykjagyny bilýärdik. Oňa garaşýardyk. Şol gürrüňden iki gün geçen soň, kakamyň Diwanabagdaky dükanjygyny ot aldy. Ýene bir gün geçdi, eşegimiz ogurlandy. Üç günden soň jaýymyz otlandy. Şol hepdäniň ahyrynda irden öýden çykyp giden kakam dolanyp gelmedi. Ony iki günden soň derýa kenaryndan tapdym. Onuň sekiz ýerinden pyçak urlupdyr. Maslygynyň ýatan ýerini bir ötegçi gelip habar berdi… Rozy uludan demini aldy. Agyr maňlaýyny zordan göterip, bize bir hatar göz gezdirdi-de, şeýle diýdi: — Äý, ýigitler, ýigitler, biziň häzirki durmuşymyz şol döwürlerde garrylaryň aýdyp berýän ertekilerindäki durmuşdyr. Siz bir zada putga üns beriň: adam gaty beýgeldi, onuň manysy, ähmiýeti, güýji artdy. Hany şu wagtlar birine Mätnyýazyň meniň atama beren ezýetiniň müňden birini berip gör, gözüň näme görerkä?! Häzir hemme zat sada adama hyzmat edýär. Hemme baýlyk, hemme güýç, hemme kanun sada adamyň ygtyýarynda. Bu durmuşyň gadyryny bilmek gerek… Bulary men size ýöne esasy gürrüňe giriş hökmünde aýdyp berdim. Esasy gürrüň öňde… (dowamy bar)... | |
|
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |