17:15 Dile geldi, bile geldi | |
DILE GELDI, BILE GELDI
Ýatlamalar
(Şahsy gündelikden käbir ýazgylar) “Halk üçin azyk-owkadyň nä derejede zerur närse bolup durýanlygy ýaly bilim hem şol derejede zerurdyr” - Ilkinji türkmen magaryfçysy we žurnalisti, şahyr Muhammetguly Atabaýewiň geçen asyryň başlarynda aýdan bu sözleri hiç wagtam öz gymmatyny ýitirmeýär. *** Men öz ömrümde, durmuşyň köp ajysyny-süýjüsini başyndan geçirmegi, adamy edil “poladyň otda gyzdyrylyp, suwda syndyrylyp” soňundan bolsa ýenjilip-ýenjilip taplanyşy ýaly taplaýandygynyň hakykatdygyna göz ýetirdim. Muny özümiň başdan geçiren kän-kän awy ýaly ajy hem-de kän bolmadyk süýji geçen durmuş ýolumda gördüm. Adamyň durmuşynda ýeter-ýetermezlik gün-güzeran hem rol oýnasa oýnaýandyr, baýlyk hem gerekse gerekdir welin, bagtly durmuş üçin ilkinji nobatda özüňe rakyp, ýürekdeş hem ynamdar ýakynlaryň gerekdigi welin çirksiz hakykatdyr. Durmuş maňa paýhasly hem rakyp ýakynlary az eçildi. Ýol görkezip durmuşa ugrukdyrmaga ýardam berip biljek öňbaşça köp halatlarda mätäç boldum diýsem öte geçdigim bolmaz. Şol sebäpden ýaş başymdan öz başymy özüm çaramaly, kynçylyklar bilen galapyn ýalňyz göreşmeli boldum. Kynçylyklary bolsa, başymdan az geçirmedim. Ömründe bolelinlikde ýaşap görmedik kakamyň mährinden doýup bilmedim. Oglankam-a ol köplenç dagda-düzde, eklenç ugrundady, soňam men şähere göçüp geldim, az görşerdim. Ýöne şähere göçüp gelemsoň kakama kömegim degip, perzentlik borjumy azda-kände ýerine ýetiripenligime, kakamyň hoşallygyny azda-kände görüp bilenligime welin, soňlar begendim ýördüm. Kakam 1991 ýylyň 18 noýabrynda 65 ýaşynda aradan çykdy. *** Iňlis dramaturgi Wilýam Şekspr dogry aýdan: - Iň garyp kişi sabyr-kanagatsyz kişidir. *** Alym M.Amansähedowyň goşgy ýazýanlaryň käbirleri barada aýdan şu aşakdaky setirlerini okap, şygyrýete gaty seresaply çemeleşmelidigi barada oýlandym: “Sazlaşygam, bogun sanam ýerbe-ýer. Göräýmäge, şygyrdan talap edilýän hemme zat bar. Ýöne welin goşgy däl. Sebäbi duýgy, hyjuw, joşgun ýok. Munuň şeýledigini käbir goşguçylara düşündirmek şeýle bir kyn. Munuň sebäbi olaryň duýgy, hyjuw, zehin diýlen närseden mahrumlygydyr”. Hakykatdan-da, käbir goşgyçylaryň goşgularynyň mysalynda muny görüp ýörüs. *** Bir dananyň şu meňzetmeleri “howwa-aý” diýdirýär: “Ýönekeýlik – ýöntemlik, Sadalyk – samsyklyk, Mertebelilik – gedemlik, Hormatlamak – ýaranjaňlyk, Gönümellik – gödeklik - - bularyň hersi başga-başga düşünjelerdir. Durmuşda, ýaşaýyşda, hereketde biri-birine çörňeşip gidýän bu düşünjeleriň aratapawudy, aslynda, Ýer bilen Gök ýaly”. *** Sowet döwründe dine ynanmaýan adama “ateist” diýilýärdi. Sözlüklerde “ateist” sözi “Hudaýa ynanmaýan”, “Hudaýsyz adam” diýlip düşündirilýär. Şol “ateist” diýilýänleriň birinden ir döwürlerde men onuň dine garaýşyny, pikirini soradym. Şonda ol maňa: - Bir bimöçber Uly Güýjüň (ýagny Allatagalanyň (G.S) barlygy hak. Şol güýç bolmasa älem, yns-jyns, durmuş bolmazdy. Bularyň öz-özünden döräp bilmejekligine düşünmek üçin ullakan akyl gerek däl. Ýekeje bir mysaly alaly. Dünýäde ýaşap öten, ýaşap ýören näçe ynsan bar? Gutarnyksyz. Emma şolaryň ählisiniň-de bary-ýogy birje garyş ýüzleri ýa diýeli barmak yzlary meňzeş däl. Ählisiniň-de öz keşbi, öz aýratynlygy bar. Şol bimöçber güýç, gudrat bolmasa bular öz-özünden döräp biljek ýa-da el bilen ýasap boljak zatmy, näme?! Bu güýji, gudraty inkär edýän adam akmakdyr, ýöne ýalan dünýä näme, çyn dünýä näme? Näme boljak, näme bolmajak?! Bu zatlary Ýaradan öz ýaradan närseleri bilen syr alyşyp, syr berişip, öz etjeklerini mälim edip ýörýändir öýtmeýärin -diýdi. Şol adama “ateist” diýip bolarmyka?! Biziň aň-düşünjämizden has aňyrda, düşünmesi kyn mesele bolup durýan ýaly! Belki, şol adam öz açyk ýürekliligi bilen başgalardan öň ýalkanar. Muny Beýik Biribardan başga bilýän bolup bilmez. *** Bir kişiniň bilýäni syr, iki kişiniň bilýäni ýarym syr, üç kişiniň bilýäni bu eýýäm syr däldir. *** Allatagala How enäni Adam atanyň çep gapyrgasyndan kesip alyp ýaradypdyr diýen rowaýatyň (Töwratdan alnan) döremegi bilen birnäçe soraglar hem jogapsyz galdyrylan ýaly görünýär. Birinjiden,“bol” diýse islän zady bolup durýan, gudraty egsilmez güýçli Allatagalanyň ýanynda birini ýaratmak üçin başga birini ýaralamaklygyň geregi bir barmyka?! Ikinjiden, muny Beýik Biribaryň är-aýaly bir jan - bir ten bolup, agzybir ýaşaýşa ugrukdyrmak niýeti bilen edendigi tekrarlanylýan bolsa, onda nämüçin är-aýalyň oňşuksyz ýaşaýanlary, aýrylyşýanlary hat-da, duşman bolup ýörenleri-de az däl?! Beýik Biribaryň edim-gylymynda çiglik bolarmy, etjegi bolman bilermi näme?! *** 1800-1900 ýyllar aralygynda ýaşap geçen iňlis naturalisti (tebygatçy) Çarlz Darwin adamyň maýmyndan gelip çykandygyny, ýagny zähmetiň maýmuny adama öwürendigini “açyş” edipdir. Bu “açyş” birbada jahana ýaýran-da bolsa, soň-soň by taglymatyň hakykata düýbünden gabat gelmeýändigine düşünipdirler. Alymyň özi-de soň ýalňyşandygyny boýun alypdyr. Ýöne häzire, bu güne çenli bu “açyşa” ynanyp ýörenlerem bar. Bir zat welin geň galdyrýar: Eger adam maýmyndan dörän bolsa, onda maýmyn nireden we nähili döredikä?! Nämüçin bu sorag öz wagtynda köpbilmiş Ç.Darwine berilmedikä?!. *** Aşakda iki gezek ýazylan (gazetden alnan) jümläni ünsli okan adam, sözlemde ýekeje tersoturyň edip bilýän oýnuna göz ýetirse gerek: 1). Akylly bol ataň ýaly, akmak bolma! 2). Akylly bol, ataň ýaly akmak bolma! *** Kitapdan alnan şu setirleri bir wagt depderime gyzyl galam bilen göçürip goýupdym: “Söýenişen ýykylmaz” diýseler-de, kime söýenilmelidigiňi bilip söýen. Ýogsam söýenç bolan bolup, ýykýanlar hem bardyr”. *** Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.Nyýazow 2004-nji ýylda ýylda Garrynohura we oňa ýakyn obalara sapar etdi we şol saparyň dowamynda dag ýerleri, daglylar barada çykyş etdi. Prezidentiň eden bu çykyşy şol wagt radio-telewideniýe arkaly gaýta-gaýta görkezildi hem eşitdirildi. Ol şol çykyşynda öň nohurlylaryň kemsidilmelere duçar bolandyklaryny belläp geçmek bilen, “Nohur” sözi obanyň adydygyny, käbir adamlaryň düşünip ýa düşünmezden bu sözi adamlaryň adresine aýdýan halatlaryna duş gelinýändigini belläp, şundan soň “nohur” diýilmeli däldigini tabşyrdy. Prezidentiň açyk aýdan bu sözüne, gynansak-da, az adam düşündi diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Hat-da nohurlylaryň öz içinde-de bu söze düşünenlerinden düşünmän galanlary köp. Häli-häzirem şeýle. “Nohur” diýmeli däl bolsa, onda näme diýmeli?! Düşündirjek bolalyň. Obanyň ady “Nohur” ýa-da “Garrynohur”. Obanyň ýaşaýjylary kim? Elbet-de, ýaşaýanlaryň aglaba köp bölegi “nohurlylar”. Belli bir adama ýüzlenilende “nohurly” diýmäniň deregine “nohur” diýlip ýüzlenilýän halatlary bolýar. Bu adamy kemsitmeklik diýip düşünse bolar. Mysal üçin, Arçman obasynda ýaşaýan bir adama “Arçman” diýip ýüzlenip bolarmy? Bolmaz. Ol “Arçman” däl-de, “arçmanly”. Gumda ýaşaýan birine “Gum” diýip bolarmy? Bolmaýar, bu ony kemsitmeklik bolar. Sebäbi ol “Gum” däl-de “gumly”, Garagumyň çäginde ýaşaýan ynsan. Gökdepede doglan birine “Gökdepe” diýip däl-de, “gökdepeli” diýip bolar. Şolar ýaly Garrynohuryň çäginde we oňa ýanaşyk obalaryň birnäçesinde ýaşaýanlar hem “nohur” däl-de “nohurly”, ýagny türkmeniň “nohurly” tire-taýpasy, mysal üçin “gökleň”, “alili”, “mürçeli” ýa-da “ärsary” tire-taýpalary ýaly. *** Hiç haçan aýdylan sözüň, edilen hereketiň aňyrsyna göz ýetirmän netije çykarmaly däl. Gözüň görüp duran zadyna-da ýalňyş düşünäýmegiň mümkindir. *** Yslam dini bilen aýdym-sazyň mäşi bişişmeýär. Aýdym-saz bar ýerinde şagalaň-şatlyk, tans etmek hem bolaýýar. Bular bolsa, günämi, dälmi açyk bir zatlar aýtmak kyn welin, diniň ýörelgesine-hä gabat gelmeýär. Muňa garamazdan, türkmenlerde aýdym-sazyň hem öz Ylahy piri bar. Ykbalyny aýdym-saza baglaýanlaryň, Daşoguz welaýatynda kümmeti bolan Aşyk Aýdyň piriň zyýarata baryp (Asyl ady Suhabeddin Abu Hafs Ömer bin Abdulla bolup, XI-XII asyrlarda ýaşap geçen filosof-alym we din wekiliniň gubury diýýärler) ondan pata alýanlaryda bar. Ýönekeý adamlardan-da bu piriň guburyna zyýarata gidýänler az-küş däl. Kimiňki hak, kimiňki hähak, aýdym-sazyň dine dahyly barmy, ýokmy, Hudaý bilmese bennesi biler ýaly däl. “Gaçanam Hudaý diýer, kowanam” diýenleri-dä! Ýene-de bir zat. Ilhalar bagşy Magtymguly Garly ömrüni bagşyçylyk bilen geçirenligine garamazdan, namazhon, dindar adam bolan. Toýda-märekede bagşyçylyk eden wagtlarynda-da namazy sypdyrmandyr, rozasyny goýbermändir. Özem akyldar Magtymguly Pyragyny, Zelilini hormatlap, (Goşgularyny aýat-doga deňän bolsa gerek) olaryň goşgularyna aýdym aýtmandyr. Il alkyşyna mynasyp bolan, bu dindar adamy bagşyçylyk edenligi üçin günäkärläp bolarmy?! Garaz, Ýaradanyň Özi bilmese bendesiniň bilerinden has çylşyrymly mesele bu. Ýöne bir zad-a belli ýagny, Allatagalanyň Adyl Sudunda ilki bilen ýüregiň, ynsabyň päkligine serediljekdigine şek-şübhe bolup bilmez. Muny kakam pahyr köp gaýtalardy. *** 2000-nji ýylyň başlary bolsun gerek. Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň işgärleriniň okuw sapagyna leksiýa geçmek üçin çagyrylan, şol wagtky Türkmenistan Ylymlar akedemiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandydaty, terjimeçi Dawut Orazsähedow, okuw geçirilýän giň zalda leksiýa gatnaşýanlaryň biriniň edebiýatda terjimeçilik žanry barada beren soragyna düşündiriş berende şulary aýtdy: - Terjimeçilik edebiýatda kyn we iňňän jogapkärçilikli žanr bolup durýar. Kynlygy – sen öz eseriňi – oý-pikiriňi däl-de, özge dildäki başga biriniň eserini – oý-pikirini başga dilde görkezip bilmeli. Munuň üçin öz ussatlygyň eserini terjime edýän awtoryň ussatlygyndan pes bolmaly däl. Jogapkärçiligi bolsa – sen diňe öz bähbidiňe garaman, ilkinji nobatda eserini terjime edýän awtoryň abraýyny ýa bähbidini göz öňünde tutmaly. Sebäbi öz harsal tagaşyksyz terjimäň bilen ol ýa başga awtoryň abraýyna zeper ýetiräýmegiňem mümkin. Dogrusyny aýtsam, Magtymgulynyňmy, Zeliliniň ýa bolmasa başga nusgawy şahyrlaryň birnäçesiniň başga dillere terjime edilen eserleriniň köpüsinde şol nusgawy şahyrlarymyzyň ýüzüni görüp bolanok. Şonuň ýaly hem türkmen diline terjime edilen birnäçe eserlerinde mysal üçin rus şahyrlary A.Puşkini, M.Lermontowy görüp bolmaýar. Elbet-de hemmesini göz öňüne tutdygymyz däl. Rus basnýaçy şahyry I.Krylowyň “Pil bilen Moska” basnýasyny (türkmençä geçiren belli terjimeçi ýazyjy Durdy Haldurdy) ýa-da awar şahyry R.Gamzatowyň meşhur “Durnalar” şygryny (türkmençä geçiren belli ýazyjy B.Hudaýnazazarow) okanymda şol eserleriň awtorlarynyň-da, terjimeçileriniň-de nähili ussatlar bolandyklaryna göz ýetirdim. Meniň pikirimçe bu terjimeçiler öz deňlerini tapanlar. Özüni görkezjek bollup özünden has meşhur ýazyjy-şahyrlaryň eserleriniň terjimesine ýapyşýanlaryňky bolsa köp halatlarda şowlulyga eltmeýär. Alym ýigidiň terjime barada aýdan şu göwnejaý pikirleri meniň ýadymda hemişelik galypdyr. *** Belläp goýaýmaly aýtgylar: - Öz pikirini üýtgedip bilmeýän adam başga hiç zady üýtgedip bilmez. - Öz ýalňyşlygyňy ýa günäkärligiňi boýun alyp bilmekligem mertligiň bir görnüşidir. - Bagyşlamagy başarýan adam asyllydyr, emma ötünç soramagy başarýan ondan-da asyllydyr. *** Takmynan geçen asyryň segseninji ýyllarynda filolog alym G.Geldiýewiň ýazan “Orazymy kim ýazypdyr” atly makalasyny okadym. (G.Geldiýew, “Gurbandurdy Zelili” Ylym neşirýaty, 1982 ýyl). Makala mende uly täsir galdyrdy we şol makalany şu wagtlar hem käwagtlar gaýtadan okaýaryn hem okadygymça-da bir zada geň galyp, akyl ýetirip bilmeýärin. Adyndan belli bolşy ýaly, makalada ilhalar bagşy O.Ylýasowyň we başga köp bagşylaryň aýdym edip aýdan meşhur “Orazym” diýen goşgyny Kemine şahyryň däl-de, Zelili şahyryň ýazandygy açyk we anyk deliller arkaly giňişleýin düşüdirilipdir welin, alym jedele asla ýer goýmandyr. Şol makalany okan adamyň şondan soňam “Orazymy” Zeliliniň ýazandygyna ynanmazçylyk etse, onda ol adamyň başga bir bähbide gulluk etmek bilen, adalaty inkär edýändigini açyk aýtsa bolar. Şeýle-de bolsa, şu günlere çenli, şol goşgy Zeliliniň adyna geçirilmedi, aýdym Zeliliniň ady bilen aýdylmady. Aýdaly, meşhur Zelili-hä bir goşgusynyň kemelmegi bilen kiçelip baranok diýeli. Ýöne diri bolan bolsa meşhur Kemine göz-görtele edilýän bu adalatsyzlygy görüp çydam edip bilermidikä?! Kesekiniň goşgusuna hiç mätäçligi bolmadyk şahyr özüni ogurlyk don geýen ýaly duýmazmydy, näme?! Ýeri gelende aýdyp geçsek, Seýdi atly nusgawy şahyrlaryň iki sany bolandygy, Zeliliniň dosty lebaply şahyr Seýdi bolman, Etrek-Gürgen sebitlerinde ýaşap geçen başga bir Seýdi atly şahyr bolandygy we olaryň goşgulary garym-gatym bolup, diňe lebaply Seýdiniň ady bilen okalýanlygy, şolar ýaly hem, Mollanepesiň ady bilen ýöreýän “Pyragy” diýen goşgy hem Magtymguly Pyragynyň özüniň ýazan goşgusydygy barada hem bir döwürler jedelli makalalar ýazyldy we anyk deliller bilen subut edildi. Edebiýat bilen iş salyşýan ýaşuly nesil mundan habarlydyrlar. Ýöne bular uzyn gürrüňli aýratyn meseleler. Degişli edebiýat we medeniýet işgärleri nämüçin şu meselelere geçen asyrda öz wagtynda gulak gabartmadylarka?! Bular barada gürrüňem-ä az edilmedi. *** Ýaşlykda uzak-uzak durmuşyň öňdeligi üçin abraýdan gaçmakdan gorkmaly. Gojalykda uzak-uzak durmuşdan çemçeläp ýygnan abraýyňy çanaklap dökmekden gorkmaly. Abraýdan gaçmaklykdan hemişe gorkup ýaşaýan adam erbet adam bolup bilmez. *** Şulary-da berk belle: - Diýeniňi etmeýäne öwüt berme, keçeňek bilen kejeleşme, işýakmaza iş öwretme, dözýäne dözmezlik etme hem soralmaýan zadyňy berme! *** Öz öýi-işigi, hojalygy bilen bagry badaşan, öz maşgalasynyň aladasy bilen ýaşaýan aýal hemme kişä miýesser edip-de durmaýar. Şu häsiýetdäki aýaly bolan we özüniň düşünjesi, häsiýeti hem onuň bilen deň gelen erkek kişi bagtlydyr. Maşgalada abraý, agzybirlik, saglyk, arassaçylyk, çaga terbiýesi, tygşytlylyk, düzgün-tertip, hat-da şadyýanlyk hem, garaz köp zat gönüden-göni aýal maşgala bagly bolup durýar. “Ärini är edýänem, ärini gara ýer edýänem aýaldyr” diýen aýtgy bar. Maşgalada aýal maşgalanyň elinden gelmejek zat bolmaz. Ärini görene ýamanlap, üstünden gülýän aýaldan Hudaý saklasyn! Ärini il ýanynda (ýüzüne däl) öwüp, onuň göwnünden turup, degşip-gülşüp bilýän aýal öz maşgalasynyň içinde agzybirligi-de saklap bilýär. Şeýle oňat häsiýetler bilen birlikde özüne ýeterlik bilimi bolsa-ha oňa ýetesi zat ýok. Ýöne beýle diýsek, ýeterlik okuwy, bilimi bolmadyk aýalyň-da düşünjesiniň köplere “aňry dur” diýdirip biýäni-de bolaýýar. “Aşyny aýan aşa ýeter, donuny aýan toýa” diýlişi ýaly, aýal tygşytly bolan ýagdaýynda maşgala býujeti dogry alnyp barylýar. Käbir gelinler bar. Öýe getirilen her bir zada eşrepi ýaly seredip, ony ýerbe-ýer edip, tygşytly ulanýarlar. Ýöne Magtymguly atamyzyň “gazananyň ýere döker, ýürek bagryňy dag eder...”diýen setirlerinde aýdylyşy ýaly, käbirleriniň bolsa, gapysyndan baranyňdan, her jaýda işläp duran telewizora, gaýnap, suwy siňip barýan çäýnege, ähli otaglarda gündiziň güni ýanyp duran çyralara we ýene-de şuňa meňzeş ençeme zatlara gözüň düşýär we hojalykda tygşytlylygyň ýoklugyny aňsa bolýar. Onsoňam, tygşytly aýal maşgala eline düşen puly gerek bolsa, bolmasa sowap ýörmeýär-de, ätiýaç üçin aňyrda bir zatjagaz ýygnap goýmaga çalyşýar. Tertiplilik hem möhüm zatlaryň biridir. Öýde bar bolan zady gerek bolan wagtda gözläp ýörmegiň özi tertipsizligiň alamatydyr. Her bir zadyň öz ýeri bolup, ulanylanda alnyp, soň alnan ýerinde-de goýlanda kösençlik bolup durmaýar. Aýal maşgalanyň arassaçylyga üns berşini bolsa, köp halatlarda öýüň işiginiň, tualet-wannanyň, gapynyň tutawajynyň ýa bolmasa, elektrik enjamlarynyň (razýetka, wklýuçatel we ş.m.) arassalygy ýa-da hapalygy esasynda aňlamak bolýar. *** Indi sesden çalt gidýän tizlik adamy kanagatlandyrmaýar. Oňa indi ýagtylygyň tizligi gerek. Manyly ömür sürýän adama elmydama wagt ýetmeýär, bihuda ömür sürýän adam bolsa, wagtyny geçirip bilmeýär. Kyrkdan soň bolsa ömür şeýle bir çalt geçip başlaýar, haýran galaýmaly. Bu dünýäde tas ähli zat diylen ýaly satlyga mündi, diňe wagty satyn alyp bolmaýar emma şonda-da Allanyň wagtdan bina edip beren ömrüni bisarpa peýdalanýarys. Wagtyň gadryny bilmek – ömrüň gadryny bilmekdir. Gijesi ýok, gündizi ýok, jykgyldaýan wagty hasaplap bolýar, jykgyldap ömrümiziň bir çetinden gädip gidip otyr. Lukmanlaryň ýürek urgusyny barlayşy ýaly, sagat ömrümizi hasaplap otyr emma ömrümizden kemelýändir öýdemzok. Geldimyrat SEÝIDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||