03:23

Dilimizi ýoýmañ!

Nukdaýnazar
Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 492 | Добавил: Moderator | Теги: Geldimyrat Seýidow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Täze sözleriñ ýörite katalogy bar-a, Geldimyrat aga! Belli-belli alymlarymyz düzen eken. Atlaryny aýtsak gybat bolar. Ýaman hoşuña gidýän täze sözler bar, meselem kapron joraba zypdyrun diýmelimiş. Biz zypdyrun diýip gaty ýalançy adama aýdardyk. Bu zypdyrun, türkleriñ zıplamak ýagny bökmek sözünden alynandyr diýsek ýöne kapron jorabyñ oña nähili dahyly barka?!

0
2 Injener  
1
Biziňkiler türk dilinden täze sözleri almaga çemelleşýärler öýdýän? A tak alaňda awtor bilen ylalaşýan....)))

0
3 Pegass  
1546
Terminleri hem gaty gözgyny terjime edýäler. "Auditoriýa" sözüni "dershana" diýip terjime edipdirler, "leksiýa" sözüni "takal" diýip terjime edipdirler. Bir döwür bir türkmen ýazyjysy Lew Tolstoýy terjime edende kellesi gyzyp, awtoryň at-familiýasyna çenli degipdir: Ýolbars Ýogyn)))

0
5 Gurgencli  
324
Takal bilen leksiýaň manysam bir däl.
Leksiýadan elli bizar bolan biri terjime eden bolaýmasa:)

0
4 Pegass  
1546
Umuman, sakaldan alyp murta ýelmeýäler.

0
6 gomulgen1  
1517
Kebşirleýji diýip, dursun-da duran söz duran yerinde.

0
7 Haweran  
411
Gulluk edip ýörkäm bir näsazlyga gözüm ilipdi. Raport sözüni bir harby bölüm "habarnama" diýip alýar, ýene biri "dykgatnama", ýene biri "mälimnama, sprawka sözüni biri "kepilnama", ýene biri "güwänama", adminstratiw sözüni biri "edara ediş", biri "dolandyryş", (ştab sözünem dolandyryş diýip ýören bardy), kodeks sözüni biri "jemkanun", ýene biri "bitewi kanun" we ş.m... aý garaz, bu tükezzybanlaryñ yzy gutaranokdy.
Her edara özüniñ dilini döretdi. Ýogsam bolmasa, resmi dokumentlerde ulanylýan sözler, hukuk adalgalary birülñüli bolmaly, islän edara islän sözüni ulanmaly däl.
Medeniýet ugry diýseñ, olam şolardan gowy ýeri ýokdy. Balerina sözüni "ziñkilbike" diýmeli diýip ýörenlerem bardy. Hernä indi biraz bu nysaklar kiparlaşdy. Adminstratiw, prosessual, kodeks, madda... birnäçe konkret sözlere bolsa-da täzeden gaýdyp gelindi. Emma şonda-da ýene-de käbir düzetmeli zatlar bar. Meselem, kazy, kazyýet sözi. Biziñ döwletimiz prezident respublikasy formasynda dolandyrylýan dünýewi, demokratik döwlet we döwletiñ kanun çykaryjy edaralarynyñ biri-de sud. Kazy, kazyýet, orta asyrlaryñ yslam döwletlerinde bolan.
Hususy sektorlarda-da rus diliniñ üsti bilen aralaşan negözel internasional sözlerden gaçjak bolup türk diline ýüzlenip ýörenler az däl. Meselem, ady özi bilen bile gelen gül ýaly gamburg sözi barka, ýerine döner sözüni ulanşyga girizjek bolmak nämäñ alamaty? Atlandyrmak islämok, intelligensiýanyñ arasynda türk sözlerini zoraýakdan türkmen diline sokjak bolýan we "bulary şeýtmek üçin hakyna tutdularmyka?" diýdirýän naýynsaplar bar. Olar bilgeşleýin awtor sözüniñ ýerine "ýazar", stil sözüniñ ýerine "uslyp"... ýaly sözleri ulanýarlar. Ýogsam bolmasa, türkmen dilinde öñdenem bar uslyp sözi başga manyda ulanylýar ahyryn. Şeýtmek bilen olar dilimizi bulaşdyrýarlar. Dilimize edip boljak iñ uly ýamanlygy edýärler.
Youtobe-de "türk dili türkmen diliniñ işlenen görnüşidir, türk sözlerini gepleşikde arkaýyn ulanybermeli" diýip, yzyndanam "hoş gördük", "hoş geldiñiz" ýaly sözleri ömründe eşidip görmedik ýaly "hoş bulduk" ýa-da "adamkärçilige sygyşmaýan" diýmegiñ ýerine "ynsanlyk dyşy" diýip, dilini çeýnäp, suwjaryp oturan sowatsyz, sakaw, nadanlaram bar.
Dilimize hem içinden, hem daşyndan uly zarba urulýar. Biziñ borjumyz - mümkin boldugyndan, elimizden geldigiçe türkmen dilini şeýle hüjümlerden goramak bolmaly!

0
8 kungfuu  
1292
Degişme äheňinde bolsa-da, wlažnyý salfetka diýmän "jübikündük" diýýänlerem bar. ))

"Türkmen aga islendik ýagdaýda özüni alyp çykybilýändir" diýilýäni çyn ekeni.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]