18:22 Dinler taryhy epidemiýalary nähili düşündirýär? | |
DINLER TARYHY EPIDEMIÝALARY NÄHILI DÜŞÜNDIRÝÄR?
Edebi makalalar
Dinler taryhynyñ aýdyşyça, epidemiýa (köpçülikleýin ýokanç kesel), apy-tupan, harasat ýa-da şuña meñzeş tebigy hadysalar Hudaýyñ jezasy hökmünde orta çykypdyr. Halaýyk agyr-agyr günäleri edip, Hudaýyñ duýduryşlaryna gulak germän, şeýlekin apy-tupanlaryñ öz başyndan inderilmegine, müñlerçe adamyñ ölmegine sebäp bolupdyr. Eýsem şular ýaly ýagdaýda özüñi nähili alyp barmaly we epidemiýalara ýa-da tebigy heläkçiliklere garşy näme etmelidi? Ilkinji nobatda doga-dileg etmelidi, Hudaýyñ rahmetine sygynyp, Ony hoşnut etmek üçin käbir gurban ediljek zatlary Ýaradana sunmalydy. Döwrüniñ agalyk edýän dini taglymy sowallary şeýleräk jogaplaýardy. Koronawirusyñ ýyldyrym çaltlygynda ähli ýurtlara ýaýrap, millionlarça adama ýokuşan şu döwründe din dünýäsi bu täze epidemiýany nähili garşyladyka? Düýnüñ çözgütleri şu günki gün üçinem güýjüni saklaýarmydy? Hudaý bu belany başymyza musallat etmek bilen kimlere nämäni duýdurýarka? Jogaplarymyza Eýrandan gelip gowşan bir habar bilen başlalyñmy? ■ WIRUS - MÄTINIÑ ÇYKYŞ ALAMATY Habarda Eýranyñ şaýy ymamlaryndan Aly Ryza Penahiýan koronawirus ýokanjyny Mätiniñ orta çykyş alamatlaryndan biri hasaplaýar. Onuñ pikiriçe ýokanç bilen birlikde adamzat ýok bolma howpy bilen ýüzbe-ýüz bolmaly, şol wagtam muña çäre hökmünde halasgär Mäti ýer ýüzüne inmeli. Ymam Penahiýan hatda munuñ wagtyny hem aýdýardy: - Oraza aýyndan öñ geler. - Soñra şeýle diýdi: - Mätiniñ geläýmegi gaty ahmal, emma munuñ üçin wirus hemme ýere ýaýramaly, elbetde, biz hem gezegimizde hemmämiz jem bolup munuñ üçin doga etmeli. Eýrandan gelip gowşan başga bir habar bolsa, Murteza Kohensal bilen baglanyşyklydy. Kohensal koronawirusy yslamy usullar bilen bejerip bilýändigini aýdýarmyş. Ol munuñ üçin näsaglaryñ dodagyna nämedir bir madda çalýarmyş. Saglygy goraýyş ulgamynda lukmanlaryñ alyp barýan ähli işleriniñ biderekdigini aýdýan ulama öz "bejergisini" edende hiç hili gorag serişdesini ulananokmyş. Hernä bu şarlatan tebip Dini ulamalaryñ ýörite kazyýetiniñ karary bilen Gilan welaýatynda tussag astyna alyndy. Görşüñiz ýaly, Eýranam indi "ulamalyga bukulyp edýän pyssy-pyjurlyklaryñyz besdir" diýdi öýdýän. Şeýle-de, eýran hökümetiniñ köpçülikleýin ýokanja mätilik alamaty hökmünde garamaýandygyny we medisina çärelerini talabalaýyk ýerine ýetirýändigini belläp geçmek gerek. Häzir Eýranda-da mekdepleriñ, zyýaratgählerjñ, dükanlaryñ aglabasynyñ gapysyna gulp uruldy, dini toparlanşyklar gadagan edildi. Onda Eýran Penahiýanyñ tersine, wirusyñ garşysyna göreşmek bilen Mätiniñ gelmeginiñ öñüni aljak bolýar-da! Diýmek, şaýy ymam Eýrany-da öz agzyna añkardyp bilmedik bolarly. Eýran bilen baglanşykly oñyn üýtgeşme bolsa Şirazda bolup geçdi. Eýranyñ "Şah Jerag" metjidinde we mawzoleýinde agyz-burun örtügi (maska) önümçiligine başlan metjit tikinçilik kärhanasynyñ deregine ulanylyp başlandy. Özüñiz pikir edip görüñ: ýagşylyk etmek, işlemek, adamyñ we jemgyýetiñ saglygyna hyzmat etmek - iñ gowy ybadat dälmi näme? Diýmek, muña iñ amatly ýerleriñ biri-de ybadathanalar diýlip düşünilen bolarly. ■ “HAKYM HARAM BOLSUN, WIRUS ÝOLUKSYN ŞOLARA!” Ybadathana diýlende, özüñiziñem bilşiñiz ýaly, ýurdumyzdaky metjitleriñ wirus zerarly ýapylmagyna belli bir wagta çenli garşylyk görkezenler boldy. Bolar-bolmaz garşylyklar bildirildi, aýdylmaly däl paýyş sözler aýdyldy. Hatda metjitleriñ ýapylmagyny talap eden adamlary “dine duşmançylyk etmekde” aýyplanlaram boldy. Netijede, bu kararyñ neneñsi dogry karardygy we hatda muny kabul etmekde gijä galynandygy ýüze çykdy. Özem hut ysmaýylaga jemagatynyñ tanalýan şahslaryndan Jüpbeli Ahmet hoja bu babatda gijä galynandygyny boýun aldy. Onuñ pikiriçe wirisyñ agramly bölegi umra zyýaratyndan gelenlerden ýaýrapdy. Bu ýagdaýda jumga namazyny birnäçe hepde öñünden goýbolsun etmelidi, emma şeýdilmändigi üçin öñüni alyş çärelerinde agsamalar ýüze çykdy. Has soñra Jüpbeli "ýeke özi jumga namazyny okaýanlary" ýañsylady. Jüpbeliniñ ady tutulansoñ, şonuñ bilenem dowam edeliñ. Ol žurnalist Saýgy Öztürke "koronawirusa garşy täze çeşmelerden toplan dogalary" bilen goranýandygyny aýdýardy. Ýöne onuñ bir nägileligi bardy: Jüpbeliniñ adyndan doga-tumar ýasalyp satylýarmyş. Boljak zat däl. Jüpbeli hoja "bu dogalary satýanlara hakym haram bolsun, wirus bulaşsyn şolara" diýip gargynýardy. Ysmaýylaga jemagatynyñ başga bir mollasumagy bolsa aýdyp bolmajak sözler bilen jemgyýetiñ üstüne süründi: “Zyna merkezleri ýapyldy. Jelepçiligi wagyz edýän mediýa täze wejeraçylykly pozalary tapmakda kynçylyk çekýär. Sutonýorlar işsiz galdy. Plýažlar boş. Ýolbaşçylar spirtli içgileri içmegiñ zyýanlygyjy aýdýarlar. Mazlumlara gan gusduran ganhorlar hinlerine çekildi. Korona Kurany öwrenesi gelmeýän dünýäni terbiýelemäge çykan işgärmi?” Bu sözleriñ eýesi birnäçe ýyllap Din işleri ministrliginde işlän Ihsan Şenojak. Wirusdanam öz dini teswirine, hapa syýasatyna paý çykarmaga, bähbit gözlemäge synanyşýan mollasumak wirusy din üçin işleýän işgäre meñzedýärdi. Hut şol günlerde Mekge-Medine ýaly mukaddes şäherlerde-de öýden çykmak gadagan edilipdi, Käbe ýapylypdy, jumga namazlary okalmaz hala gelipdi. Şu ýagdaýda onda wirus belasyny dine we yslama garşy orta çykan zat hökmünde düşündirsek dogry bolarmy? Hawa, şeýlekin zyýanly düşünjäniñ bizi şular ýaly düýpsüz girdaba itermegi-de daşda däl. Korona günlerinde Päkistanda birtopar adam jumga namazlaryny okamaga rugsat bermändikleri üçin polisiýa işgärleriniñ üstüne topulypdyrlar, Stambulda koronawirusa garşy doga ýazyp berýän biri saklanypdyr, Kûtahýada wirusa garşy mal kesipdirler, internetde koronawirusa garşy ýörite doga okama saýty-da açylypdyr. Şeýle-de Din işleri ministrligi wirusa garşy metjitlerde doga okadypdyr we "döwlet derejesinde geçirilýän haýyr-sahawatlara işjeñ gatnaşmagyñam" zekat hasabynda görüljekdigi barada fetwa çykarypdyr. Elbetde, ýokanç günlerinde başga-da göze ilýän dini wagyz-nesihat işleri gyzgalañly dowam edýär. Nemes akyldary "Adamyñ nämä ynanýandygy esasy zat däl, esasy zat - ynanýan zadynyñ ony ne hallara salanlygydyr" diýýär. Şonuñ üçinem ýüzlerçe ýyllap akabasy umuman birmeñzeş dinlere dürli-dürli düşündirişler berilipdir, toslanam düşündirişe görä-de adam üýtgäp özgeripdir. Görüp-bilip, agzap geçenlerimiz bolsa adamlaryñ daşky keşpleri bilen baglanşykly. Herkes nähili ynanýan bolsa, daşky keşbine-de şony çykarýar. Edil XII asyrda Wenada ýaýran çuma ýokanjy wagtynda beýleki ýoldaşlaryndan tapawutlanyp buthanalaryndan çykman oturan we ahyrynda ölüme döş gerip näsaglara ýardam edem poplar ýaly. Aýdyn TONGA. Odatv.com, 10.04.2020 Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |