22:46 Aýdyn Tonga: "Sosializmi esas edip alan dini hereketler görmezlige salynýar" | |
AÝDYN TONGA: "SOSIALIZMI ESAS EDIP ALAN DINI HEREKETLER GÖRMEZLIGE SALYNÝAR"
Söhbetdeşlik
"Taryhyñ ýagtysynda din" kitabynyñ awtory Tonga "Din bize pikir edişimizden has köp zatlary aýdýar" diýýär. Ylmy barlagçy-ýazyjy Aýdyn Tonga täze ýazan "Taryhyñ ýagtysynda din" (“Tarih Işığında Din”) kitaby hakynda berlen sowallara jogap berdi. "Kapital yslamyñ özeni Mugawyýa", "Şerigatyñ kesen barmagy", "Çuññur yslam", "Emewiler", "Osmanlynyñ parallel döwleti kadyzadalylar" ýaly kitaplaryñ awtory Aýdyn Tonga altynjy kitaby "Taryhyñ ýagtysynda din" kitaby bilen bu gezek mormonlar, Iegowanyñ şaýatlary, rastafarianlar, hristian başbaptistler, behaýylar, otparazlar, mazdakylar, kadyýanylar, jaýnistler ýaly dürli dini akymlaryñ üstünde durup geçýär. "Ýeri gelende şu günki gün, ýeri gelende geçmişde diniñ adyndan adamlary diriligine ýakanlary, diniñ adyndan şahsy bähbitleri üçin uruş turzanlary, şeýle-de dini gymmatlyklara perdelenip mal-mülk, baýlyk toplanlary we hasam beteri dini hususy firmasy ýaly gören kişileriñ ýa-da toparlaryñ kimlerdigini-de gowy bilýäris" diýen Aýdyn Tonga bilen onuñ soñky kitaby "Taryhyñ ýagtysynda din" kitaby hakda pikir alyşdyk. - Isleseñiz kitabyñ ady bilen başlalyñ. Nämüçin "Taryhyñ ýagtysynda din? - Dinleriñ üstünde durup geçende ýa-da okanda hamana yslam, hristiançylyk, iudaizm ýaly dinleriñ gürrüñini edýäris. Iñ azyndan göz öñüne getirme dünýämizde şeýle netije ýüze çykýar. Ýogsam bolmasa dinler jemgyýetleriñ taryhynda iññän möhüm we baý orny eýeleýär. Dünýäniñ dürli döwürlerinde we dürli geografiýalarda orta çykan, häzir uýýanlary bolmasa-da öz döwründe müñlerçe adamy töweregine üýşüren ýüzlerçe din-ynançlardan söz açýarys. Menem şu hususda bir tarapdan taryhy dowamlylygy aýdyñlaşdyrmak, beýleki bir tarapdanam yzda galan şol taryh sahypalarynda ýerini alan "mukaddes tejribeleri" we olardaky sosialistik gurluşy äşgäre çykarmak üçin şeýle adyñ gerekdigini pikir etdim. - Eýsem, siziñ pikiriñizçe din diýýänimizem siziñ çemeleşmäñiz bilen nämüçin beýle gysyşlygyñ arasynda galyp, şol taryhy baýlygy we diniñ dünýädäki ýaýrawyny göremzok? - Elbetde, beýle ýagdaýyñ orta çykmagyna sebäp bolan örän köp faktoryñ gürrüñini edip bileris. Turuwbaşdan dinler dünýäsi-de güýç gatnaşyklaryndan, ykdysady-syýasy ýaýrawyndan we guramaçylykly gurluşlaryñ ululygyndan özbaşdak emele gelenok. Bu manyda gelinen sepgit bilen bir hatarda güýçli kapital gurluşyna hem-de eýerijileriniñ sanyndaky köplük we ş.m. faktorlar sebäpli käbir dinler tebigy ýagdaýda öñe çykyp bilýär. Beýleki bir tarapdan ýaşaýan ýurdumyzdaky agalyk edýän din şu tarapy bilen öz kanunylygyny yglan edip, beýleki dinleri aç-açan bir gyra zyñyp bilýär. Şuña meñzeş formada ýurdumyzdaky bilim, medeniýet ýaly birmeñzeş dinamikalarqm dinleriñ sosialistik dünýäsini gözden sypdyryp bilýär. Aýdyşym ýaly bu ýagdaýa sebäp bolýan örän köp sanly faktor bar. Emma hakykat şu ki, beýle ýagdaý aslyýetinde adamyñ din bilen guran gatnaşygynyñ düşünilmegine päsgel berýär. Ýagny dini sosializme kölege düşürýänler dini belli geografiýalara ýada şahslara baglap goýýar. Bu ýagdaý bolsa diniñ taryhylygyny, sosiologik we psihologik dinamikalaryny örseliyor. - Kitaba dolanyp geler bolsak, siz bu sosializmi görkezmek üçin ylmy işiñizde haýsy dinlere ýa-da dini toparlara ýer berdiñiz? - Ilki bilen şuny aýtmak isleýärin, şeýle kitaby ýazanymda san boýunça gaty köp dine ýer bermek isledim. Emma ahyrsoñunda özümçe saýlap-seçip almalylarym boldy. Şonuñ üçin menem bu kitapda mormonlar, "Iegowanyñ şaýatlary", rastafarianlar, hristian anabaptisler, aýratynam behaýylar, otparazlar, mazdaklar, kadyýanylar, jaýnistler ýaly dini akymlaryñ üstünde durup geçmäge synanyşdym. - Siziñ ýokarda sanap geçen dini hereketleriñiz, hasam beteri kitabyñyz bize nämeleri çawuş çakýar, kitapda näme gürrüñ berilýär? - Şeýle düşündirjek bolaýyn, meniñ pikirimçe islendik adamyñ we has uly topbak hökmünde jemgyýetleriñ şahsy kyssasy, başdan geçirmeleri, şu güne düşünmegiñ hatyrasyna yzda goýup gelen geçmişi bar. Ine, şol kyssalary görmezden, olaryñ üstünde oýlanyp, kelle döwmezden ne adama, ne-de jemgyýetlere doly manysynda düşünmek mümkin däl. Kitap şu tarapy bilen diniñ we adamyñ arasyndaky gatnaşygyñ kyssasyna aralaşmak ugrunda bir ädim ädýär. Soñra mundan ýola çykyp, tebigaty mukaddesleşdirýän we şu sebäpli-de onh gorag astyna alýan dini ynançlary, sütemkärligiñ hemme görnüşine garşy durýanlaryn soñra deñlik we adalat ýaly şygarlary başyna täç edýänleri, meselem hususy eýeçilige garşy çykýan dini hereketleri göze ildirýär. Dek şu ýerdenem diniñ añyrsyndaky adamyñ dünýäsini täzeden jedele goýýar. Elbetde, şol bir wagtyñ özünde diniñ üstüne ýüklenen birtaraply düşündirişleri-de. Şeýle-de dine kesgitli görnüşde ýazgaryjy äheñde garaýan gatlak dini dowamly diýen ýaly negatiw sözler bilen tankyt edende, meselem dini baýlaryñ wekilçiligini edýän ugry hasaplanda, hususy eýeçilige garşy çykýan we sosializmi esas edinen dini hereketleri görmezlige salýar. Ýogsam bolmasa dinler taryhy bize bu boýunça-da diýseñ täsin maglumatlary berýär. - Beýleki bir ýandan dinler taryhynda we häzirem diniñ adyndan edilýän erbetlikleri-de bilýäris. - Hawa, bolman näme. Häzirem, geçmişde-de diniñ adyndan adamlary diriligine oda ýakanlary, "din ugrundaky söweşler" ady bilen şahsy bähbitleri üçin uruş turzanlary, şeýle-de dini gymmatlyklaryñ añyrsynda mal-mülk, olja toplanlary we hasam beteri dini hususy firma ýaly görýän şahslaryñ ýa-da toparlaryñ bardygyny-da bilýäris. Elbetde, şu aýdýan hakykatlarymam şundan öñ agzap geçenlerimiñ bir parçasy. Bütin bu bitewiligiñ içinde ähli taraplary bilen din hakykatyny, ýagny adamyñ hakykat we many gözlegini, mukaddeslik bilen guran tejribelerini görmek gerek. Beýleki bir tarapdan şuny-da bellemän geçmek bolmaz: durmuşda eksplutarirlenmedik, hyýanatçylykly peýdalanylmadyk näçe ugur bar? Mysal üçin syýasat, mysal üçin edara-kärhanalar, şereketler?.. Sany hökman däl, emma ýaşaýşa dahylly islendik ugury belli-belli adamlaryñ elinde dürli formalarda bähbide, pula, sütemkärlige ýa-da dürli ýaramazlyklara perde tutup bilýärler. Elbetde, din bilen bir hatarda islendik fakt tankyda açyk bolmaly, ýöne faktlaryñ arasynda diskriminasiýa bolmaly däl. - Kitabyñyz barada iñ soñky gezek nämeleri aýdyp biljek? - Ilki bilen-ä maña şeýle mümkinçiligi bereniñiz üçin size minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Meniñ pikirimçe, adamdan durmuşa, ol ýerdenem dine uzaýan, dini dowamly ýagdaýda täzeden döredip-formulirläp duran añ we kalp reallygynyñ düşünilmegi möhüm hadysa bolup durýar. Elbetde, añlamak - olary oñlamagy añlatmaýar. Emma durmuşyñ her bir ugrunda bolşy ýaly şu ýerde-de diniñ añyrsyndaky adamy, onuñ dert-aladalaryny, umytlaryny, ýalñyzlygyny, şatlykly pursatlaryny görmek, şundan ugur alybam onuñ bilen real gatnaşyk açmak gerek. Çünki din bize çak edişimizden has köp zat aýdýar. Has köp signal saklaýar öz içinde. Hemme zady bir gapdala goýalyñ, garşylyklaýyn pikirimizi aýtmaga hakymyzyñ bardygy üçin olaryñ içki dünýälerine, hekaýatlaryna has ýakyndan seretmegimiz gerek diýip düşünýärin. Atakan SÖNMEZ. 21.06.2021 ý. © The Independentturkish | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |