16:42 "Hudaý biziñ ýanymyzda bolsa, olaryñ ýanyndaky kimkä?!." | |
"HUDAÝ BIZIÑ ÝANYMYZDA BOLSA, OLARYÑ ÝANYNDAKY KIMKÄ?!."
Edebi makalalar
1998-nji ýylda ýaýlyma goýberilen we ikinji jahan urşundan söz açýan "Rýadowoý Raýany halas etmek" ("Спасти рядового Райана") atly çeper kinofilmde şeýle epizod bar: - Gorkma, Hudaý biziñ bilendir. - Hudaý biziñ ýanymyzda bolsa, olaryñ ýanyndaky kimkä? Uruş döwründe ölüm bilen garşa ýüzbe-ýüz bolup duran esgerleriñ janynyñ sag, başynyñ dik bolmagyny diläp, olaryñ hossarlarynyñ, ýakyn adamlarynyñ doga edýändiklerini bilýäris. Dogalaryñ ugry, tarapy jedelliräk, emma uruşda-da Hudaý belli bir derejede durmuşyñ içine çekilýär, “mukaddes” saýylýän barça öwüt-ündewler täzeden ýada düşýär we din ylla bir gülle deýin, atyş nokady deýin söweş meýdanynda aýlandyrylýar, ine, şu, jedelsiz hakykat. Ýeri, şunça doga-dilegiñ, şunça ýalbaryp-ýakarmalaryñ arasyndaky Hudaý kimiñ dilegini kabul etmeli? Şol bir diniñ agzalary birmeñzeş dogalar bilen Hudaýa ýalbarýan bolsa, Hudaý bir “dindaryñ” şikaýatynyñ hatyrasyna beýleki dindardan ýüz öwürmelimi? Meselem, “siz dindaram bolsañyz, onçakly däl” diýmelimi? Din işleri ministri Aly Erbaş Siriýanyñ çäginde geçirilýän “Bahar galkany” operasiýasynyñ şowly geçmegi üçin metjitlerde "Fetih" süresiniñ okaljagyny aýdanda, ýokardaky soraglar ýadyma düşdi. Bilşiñiz ýaly, Siriýanyñ ilatynyñ agramly bölegi musulman. Edil şoñ üçribem siriýaly esgerler, olaryñ maşgalasy, hossarlary hem uruş wagty şu ýa-da şuña meñzeş dogalar bilen Hudaýa ýalbarandyrlar, "köñül" ýoly arkaly dileglerini dile getirendirler. Diñe olaram däl, ýemenliler we arabystanlylar, müsürliler-de biri-birlerine garşy Hudaýa doga-dileg edendirler. Gürrüñiñ gerimini hasam giñeltmek mümkin. Netijede, garşymyza şu netije çykýar: Musulmanlar musulmanlardan üstünden çykmak, diri galmak we ýeñiş gazanmak üçin Hudaýa nyýaz edýärler. Ýagdaý şeýle bolsa, bärde ýene musulmanlar ölenokmy näme, musulmanlaryñ durmuşy kül bolanokmy? Şeýle ýagdaýda musulmanlaryñ doganlyk prinsipine, ymmatyñ agzybirligine şikes ýetenokmyka we elbetde, huzur yslamda bolsa, bu kimiñ dini bolýarka diýip soralsa dogry bolmazmy? Yslam külliýatynda möminleriñ dogandygy barada birnäçe rowaýatlar bar. Şeýle-de pygamberimiz (s.a.w) muny açyk aýdypdyr: "Möminler biri-birlerini söýmede we merhemet görkezmede bir bitewi göwre ýalydyr". Pygamber (s.a.w): "Musulman musulmanyñ doganydyr. Dogan dogana zulum etmez, ony zalymlaryñ eline bermez. Kim din doganynyñ bir mätäçligini giderse, Alla-da onuñ mätäçligini giderer" diýipdir. Hatda pygamberiñ (s.a.w) şeýle diýendigi rowaýat edilýär: "- Ha zalym bolsun, ha mazlum. Doganyñyza kömek ediñ. Sahabalar sorapdyr: - Ýa Resululla, mazlum doganymyza kömek etmelidigine düşündik, ýöne zalym dogana nähili kömek edilmeli, şoña düşünmedik? Pygamber (s.a.w) şeýle jogap beripdir: - Ony zulimdan alyp galarsyñ, bu oña etjek iñ gowy kömegiñdir." (Buhary "Ikrah" 7) Bu barada şeýle aýat bar: “Eger möminlerden iki topar özara dawalaşsa, derrew olary ýaraşdyryñ, ikisinden biri beýlekisiniñ hakyny iýen bolsa, Allanyñ emrine dolanyp gelýänçä haksyzlyk edýänlere garşy söweşiñ, eger dogry ýola dolansa aralaryndaky oñşuksyzlygy adalatly çözüñ we her kesiñ hakyny beriñ. Alla hak ýoldan ýöreýänleri söýýändir." ("Hujurat" süresi, 10) Aýatyñ düşündirişi jedelsiz hakykat bolan "musulmanlaryñ dogandygyna" ünsi çekýär. Emma ol "doganlyga" ne syýasatda, ne-de din arenasynda seredýän ýok. Üstesine diñe häzir däl, taryhyñ dürli döwürlerinde-de umuman alanda, musulmanlaryñ biri-birlerine dogan gözi bilen sereden ýerine duş gelmändigimizi-de ýeri gelende aýdyp geçeliñ. Çünki hemişe diýen ýaly häkimiýet, ýeñiş gazanma we olja doganlygy mömin doganlygynyñ öñüne geçipdir. Häkimiýeti elinde saklaýanlar we olaryñ daşynda perwana bolan ulamalar bu meselede ýeke demde dini unudypdyrlar. Olaryñ fetwasy-da, hutbasy-da maddy bähbitleriñ hatyrasyna bolupdyr. Özleri muny hernäçe boýun almasalaram, ýene olaryñ özi tarapyndan ýazylan ganly sahypalar bu hakykaty açyk-aýdyñ görkezip dur. Ine, şol aýdyñ hakykatam bize şuny aýdýar: “Dünýäniñ gürrüñini edip oturmaga hajat ýok, musulmanlaryñ özi biri-birine gün berenok, biri-biriniñ hak-hukugyna hormat-sylaglary ýok. Ýene-de hiç bir müýnsüz hut şol musulmanlar orta çykyp adamlary dine, yslama çagyrýar. Yslamyñ adyndan höküm berip, adamlary din bilen gorkuzýar.” Beýleki bir tarapdan krizis, uruş we şuña meñzeş wagtlarda ulamalar tarapyndan ulanylýan aýatlar we edilýän wagyzlar, okalýan hutbalar esasan syýasatyñ dini sesine öwrülýär, şu ýol bilen "dindarlar" yrza we boýun bolmaga mejbur edilýär. Başgaça aýdylanda, din syýasatyñ emrine berilýär, "mukaddes duýgular" göz öñüne tutulan syýasy maksatlara ýetmek üçin giñ gerimde ýoýulýar, taslanan syýasy kararlaryñ diniñ hatyrasyna kabul edilýändigini, munuñ tersine gitseñ günä bolýandygy baradaky pikiri adamlaryñ añyna guýýarlar. Şeýle-de, din syýasylaşdyrylýar we ironiki şekilde gündelik durmuşyñ, dünýewi bähbitleriñ sakçysyna öwrülýär. Siriýa urşy we Dini işler ministrliginiñ eden çykyşyna dolanyp geler bolsak, uruş bilen baglanşykly iñ ýürek syzladyjy sözi Idlipde doganyndan jyda düşen esgeriñ agasy Ahmet Alparslan aýdan bolsa gerek. Zary-girýan halda ajy gözýaşlaryñ içinde elenip duran Alparslanyñ merdemsi göwresi umman ýaly añyrsy-bärsi ýok gaýgy-hasratyñ ortasynda ynsanperwerligiñ göge göterlen heýkeli ýalydy. Aýratynam şuny arkaýyn aýdyp bileris: ortalygyñ gan kölüne dönüp, ahy-pyganlaryñ arşa galan ýerinde bir "şehidiñ" hossarynyñ sesi diñe kalbymyza däl, akyl-huşumuza-da, wyždanymyza-da seslenýärdi. Ol ses - ýeñişden, fetihden, dinden däl-de, adamlaryñ umumy dertlerinden nyşandy, ol ses biziñ özümize ynsandyr öýdýän ýerimizden neşter urýardy. Dünýewi, demokratik döwletiñ özbaşdak ulgamy bolandygy üçin Dini işleri ministrligi iñ bolmanda şol ahy-pyganlara, gaýgy-hasratlara gulak germäge borçludyr. Çünki dine-de, jahana-da diñe şu ses dem aldyryp biler. Sebäbi ol ses barça janlylygyñ, ýaşaýşyñ sesi, ol ýeñişiñ ýa urşuñ sesi däl. Aýdyn TONGA. Odatv.com, 03.03.2020 Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |