21:43 Hasan müjewüre şu göz bilenem seredip gördüñizmi? | |
HASAN MÜJEWÜRE ŞU GÖZ BILENEM SEREDIP GÖRDÜÑIZMI?
Edebi makalalar
Informasiýa alyş-beriş mümkinçilikleriniñ artmagy bilen birlikde özüni Mäti ýa-da Mesih yglan edenleriñ sanardan kän bolandygyny bilip galdyk. Hawa, dünýäde bolup geçen ähli ylahy röwüşli prinsiplere aradaşlygyñyz bir düwmeçe-de ýok. Eger niýetiñiz gözlemek-tapmak, okamak bolsa, onda barmaklarymyz bilen gözleg düwmesine birje gezek basýarys welin, bular barada näme bileýin diýsek, mesele däl! Taryhdan şu güne çenli ýüzlerçe, belki-de, müñlerçe şahs özüni Mäti ýa-da Mesih yglan edip, soñunda panydan göçüp gidipdir. Ýöne görşüñiz ýaly, şol geçip giden "mätilerdir" "mesihlerden" soñam ýaşap ýörüs. Ne-hä gopan kyýamaty gördük, ne-de başlap barýan uly uruşy. Bu elbetde, meseläniñ bir tarapy. Beýleki bir tarapy bolsa şol adamlaryñ täsir ediş güýçleri, aýdýanlarynyñ garşylygy, düşündirjek bolýan zatlary we bularyñ çözgüdine gowuşmagy. * * * Hasan müjewüriñ adyny eşidensiñiz. 1954-nji ýylda Düzjede dünýä indi. Ymam Hatyp liseýini gutaryp, uniwersitetde ylahyýet fakultetinde okan. Talyplyk ýyllarynda muezzinlik we ymamlyk edenden soñ, Din işleri ministrliginde-de işlän. Şeýle-de, 1991-1995-nji ýyllarda Refah partiýasynyñ deputaty bolubam jemgyýetçilik işlerinde işledi, soñam türmä basyldy. Ine, onuñ mesihlik pikiri-de hut şol ýyllarda döräpdir. Meniñ bu aýdýanlarym baryp-ha ýigrimi ýyl mundan öñ bolup geçipdir. Hasan müjewür şonça wagtyñ içinde pikirlerini we ynanç akydalaryny wagyz edip gezipdir. Ilkibaşda känbir pisint edilmeýän, belki-de özüniñ ýuwaş gezýänligindenmi, nämemi, soñky ýyllarda Hasan müjewüriñ kän-kän ýerde göze ilip başlandygyny aýtmak gerek. Eýse, muña näme sebäp boldy? Näme boldu-da birdenkä birden bu adatdan daşary wagyzlary bilen orta çykan adam bilen gürrüñdeşlikler geçirildi, dokumental filmler döredildi, onuñ aýdýan sözleri ýygy-ýygydan täzelikleriñ we habarlaryñ temasyna öwrülip başlady? “Keramat” munuñ niresindedi? Maña galsa-ha, bu soraglaryñ jogabyny Hasan müjewüriñ öz wagyzlaryndan almak kyn däl. Şol wagyzlaryñ üstünde durup geçmekçi, emma ilki şu seljermämi geçirmäge idin beriñ. Hasan müjewür geplände esasan durmuş hakykatlaryny, bolup geçýän wawwaly meseleleri göz öñünde tutýar dini hökümler bilen baglanyşykly çykyşlarynda bolsa “adalat-deñlik” terezisini orta goýýar. Hökümleri şu tarapy bilen teswirleýär, şu günüñ meseleleri bilen baglanyşdyrýae we "ylahy hökümler" onuñ nukdaýnazarynda täzeçe röwüşe girýär. Hem ygtykat meselesindäki wagyzlary, hem syýasy çykyşlary Hasan müjewür bolan çemeleşmeleri täzeden şekillendirýär. Gürrüñime dowam etmekçi, emma onuñ öñe süren pikirlerinden käbirlerine täzeden göz gezdireliñ. ■ MESİHLİKMİ… Meselem, ol bir çykyşynda şeýle diýýärdi: “Güna diýlende, nämüçin şobada ýadyñyza zyna, LGBT düşýär-de, halklaryñ ganyny sorýan kapitalist wampirler, jeñbaz ganhorlar düşmeýär. Günä diýlende, ilki bilen halklary ezýän kapitalistler we kapitalizmi biziñ boýnumyza dakan kanuny garakçylar ýadyñyza düşsün.” Hasan müjewür kapitalizmden söz açanda janyndan syzdyryp bu sistemany ýazgarýar we Injilden mysallar getirýär: “Hem pula, hem Hudaýa gulluk edip bilmersiñiz.” Munuñ “baýyñ jennete girmesinden düýäniñ iññe gözünden geçmesiniñ has añsat” bolşy ýaly. Meşhur akyldarlaryñ biri şeýle diýýär: “Din - ezilen mahlugyñ iç çekişi, kalpsyz dünýäniñ kalbydyr.” Şol kalbyñ ýañzytmasyny ýokarda belläp geçen jümlelerimde görüp bileris: günä gözleýän bolsañyz - güni güýçlülere, ketdelere, kapitalistlere, garakçylara göz aýlañ! Ýagdaý şeýle bolansoñ, bütin dünýä jemgyýetçiliginiñ agramly bölegi bilen şol bir ýere seredip, şol bir netijäni dillenensoñ, hem-ä garaýyşlar umumylaşýar, hemem kalplar. Mesihlikmi? Bu diñe muny orta atýanyñ özüne dahylly mesele. Onuñ ýöredýän pikirleri bolsa, belli bir derejede herkese ilteşýär, çagyryş wagyzlaryny edýär we onuñ çagyryşy ara alynyp maslahatlaşylýar. Ine, özüni mesih saýýanlar bilen aýrylyşýan ýa-da birikýän ýerimizem şu ýer. Hut şonuñ üçinem Karl Marksdyr Fridrih Engels hem hristianlygyñ ilkinji ýyllary bilen işçiler hereketini ykbaldaş hasaplapdyr. Engels bu barada "ikisi-de zulum gördi, ikisi-de göreşdi" diýýär. Isleseñiz, müjewüriñ wagyzlary bilen sözümize dowam edeliñ. Ýokarda aýdan sözlerimizdenem añşyransyñyz, müjewür gomoseksualistlere-de hoşniýetli göz bilen garaýar. Aýratynam "ylahy missiýasyny" ýatladanda, gomoseksualistleriñ näletlenmesiniñ bes edilendigini aýdýar, hut zyna jezasynda bolşy ýaly rejm (daşlama) ws taýaklama jezasy-da ýatyrylmaga degişli. Ýatyrylan zatlaryñ arasynda diñe jezalar ýok. Kämillik ýaşyna ýetmänkä we öz razylygy bolmazdan nikalaşmagyñ, mirasy deñ paýlaşmazlygyñ, aýal-gyzlara berilmeýän şaýat-güwä durmak höküminiñ we şeýle-de zenany urmagy makullaýan "hökümiñem" ýatyrylandygyny aýdýar. Aýratynam, olja we basyp almak düşünjesi bilen gul-gyrnak, çory düşünjeleriniñem edil haremdir hijap hökümleri ýaly mundan beýläk güýjüniñ ýokdugyny öñe sürýär. Şeýle-de, köp aýallylygam doly gadagan edilmäge edilmäge degişli, ybadatlar mejbury bolmaly däl. Orazany bolsa diñe et-ýag önümlerini tygşytlamak maksady bilen tutsa bolar. Spirtli içgilere näme? "Onu-da içse bolar" diýýär. * * * Häzirlikçe, ýene-de garşymyza çykan bu täze Hasan müjewüriñ özi baradaky gürrüñimize dowam edeliñ. Bir gezek esasanam "dindar" gatlaklar bu täze keşne dürli myjabatlary atyp, oña bolan ýigrençlerini görkezdiler. "Hasan müjewür nädip bu hala geldi, ol nädip aklyndan azaşdy, nädip däliredi?" diýen ýaly ýazgylar ýazyldy, habarlar berildi. Meselem, Şewki Ýylmaz birnäçe ýyl öñ "gardaşymyzy türmä dykdylar, oña türmede sanjym etdiler, görmedik horlugy galmady" diýipdi. Häzirem onuñ salgysyna aýdylýan sözler şondan enaýy däl. Onuñ gelip düşen bu ýagdaýyna türmede geçiren ýyllaryny sebäpkär görkezýärler. Ol bu aýyplamalara garşy: "Men türmedekäm Erbakan premýer-ministrdi, Şewket Kazanam Adalat ministridi. Eger maña bir zat bolan bolsa, şol ikisi günäkärdir" diýip jogap berýär. Soñra sözüne şulary goşýar: "Şol döwür Taýýip Erdoganam türmededi. Maña sütem eden döwlet oña näme üçin elini degirmedi, ýa ony şeýle gowy görýämidiler?" ■ MUNY BIZ DÄL, TARYH AÝDÝAR Öñki ýaşan raýonynyñ Hasan müjewürçä garşy bu otrisatel garaýşynyñ añyrsynda, elbetde, "ygtykady' sebäpler bolup biler, emma müjewür indi şol raýonyñ syýasy düşünjesiniñem çäginden çykyp, antikapitalistik wagyzlary bilen öñki ýaşan raýonyndan ymykly arasyny üzdi. Bärde mesele diñe dinde däldi, onsoñam kapitalyñ agalyk sürûän ýerinde dinem serişde hökmünde ulanylmaýarmy näme! Kapitaldan uzak, üstesine-de tankydy diliniñ barlygy, ony kabul etdirerli däldi. Bu dil ýa-ha "dinden çykan", ýa-da "aklyndan azaşan" yglan ediläýmelidi, ýa-da görmezlige salynmalydy. Muny biz däl, taryh aýdýar. Beýleki bir tarapdan mesih-mäti ýaly pikirlere ýedi menzil uzak durýan gatlaklar täze Hasan müjewüre sowuk çemeleşmediler, gaýtam bu täze dili umuman gyzgyn garşy aldylar. Tomaşaçy sany on müñlerden agdy, yzly-yzyna habarlar we söhbetdeşlik taýýarlandy. Olar üçin bärde dogry zat - hakykaryñ dile getirilmegidi we Hasan müjewür köpleriñ agzamaga gorkýan hakykatlaryny dillenýärdi. Belki-de, käbirleriniñgeýýän harby lybasy we wezipe borjy dini taglymatdan ep-esli uzakdy, emma olaryñ barsynyñ ünsüni müjewürde jemlän zat - durmuşyñ ajy hakykatlarydy. Müjewür “Bugün iñ uly günä - adamlary iñ pes zähmet haky bilen işletmekdir” diýýärdi we bu söz bolsa durmuşyñ iñ janagyrylyly hakykatlarynyñ biridi. Diýmek, hakykatlaryñ garagyna göni "garap" bilmek gerekdi. Ine, hut sebäpler üçin Hasan müjewüri gördüler, duýdular, alys-alys ýurtlardan onuñ sesine däl-de, sözüne, aýdýanlaryna goşuldylae, goldadylar. Diýmek, şuny anyk aýdyp bileris: diniñ adyndan çykyş edýänler şol bir wagtyñ özünde ýaşaýan jemgyýetiniñ dertlerine, meselelerine, ynançlaryna, ygtykat taýdan kabul edýän zatlaryna we garşylyklaryna wekilçilik edip bilerler. Gürrüñi giden kişiler (mesihler, mätiler) taryhyñ dürli döwürlerinde azlyk bolup galanam bolsalar, mesele az-owlak bu azlygyñ sesini duýup bilmekde we dine bolan garaýşymyzy üýtmekdemikä diýýärin. Hasan müjewür şol bir wagtyñ özünde bu hakykaty ýadymyza saldy, şonuñ üçin oña şu nukdaýnazardan alanda berekella diýmek gerek. Aýdyn TONGA. Odatv.com 17.05.2020 Terjime eden: Guwanç Mämiliýew. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |