13:28 Eýranda zenan bolmak | |
EÝRANDA ZENAN BOLMAK
Publisistika
Näçe köp "musulman topar" bar bolsa, şonça yslam bardygyny aýtmak bilen öte geçýändiris öýdemzok. Elbetde, şol yslamlaryñ arasynda ullakan tapawutlyklar ýok, ýöne munuñ, bu ýagdaýa seredip biriniñ aýdanyny beýlekisi tassyklaýar diýibem netije çykaryp bolmaýar. Munuñ özi bize şuny görkezýär: yslamyñ adyndan gürleýänleriñ çägi-çygry ýoga meñzeýär. Şoñ üçin gapy bir gezek açylansoñ, içerä nämäniñ doljakdygy, içerde bolup geçenleriñ nämä duş geljekdigi-de biler ýaly däl. Ine, başýapynja hem şol meseleleriñ biri. Mesele diñe başýapynjanyñ bardygy ýa ýokdugy bilenem baglanyşykly däl. Başýapynjany diniñ düzgüni ýaly kabul edýänler muny şol bir wagtyñ özünde hökmany talap hökmünde düşündirip, hatda muny kanuny mejburylyk hökmünde girizip bilerler. Häzir Eýrandaky ýagdaý hem hut şu hakykaty açyp görkezýär. Soñky gezek Nesrin Sotuda atly aktiwistkanyñ başýapynja boýunça berilen beýanatlar bilen bir hatarda käbir aýyplamalar bilen 33 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini eşitdik. Sotuda barada habar beriş serişdelerinden öwrenen ýene bir habarymyzda, aktiwistka şol bir wagtyñ özünde 148 gezek gamçy jezasynyñ-da berlendigini okadyk. Sebäp näme? Sud edilende başýapynjasyz çykanmyş! Dini zorluk-zulum bilenem bolsa, amala aşyrjak bolýanlary göreniñizde bu ýagdaýa gowy düşünip bilersiñiz. Eger şeýle däl bolsa, şu we şunuñ ýaly jezalara, şu jezalaryñ añyrsyndaky ygtyýarlylara nädip düşüneris? Şu ýerde birinji sözümize şeýleräk garşylyk gelmegi mümkin: diniñ gara güýje, diýdimzorluga näme dahyly bar? Elbetde, şu babatda sözi zalymlaryñ özüne goýmaly, çünki zorluk-zuluma şolar arka durýar. Yslam dininde zenanyñ orny jedelli mesele. Onuñ jedelli däl ýeri yslam fykhyndaky ýagdaýydyr. Oña görä gyz çagajyklar 9 ýaşynda durmuşa çykarlyp bilner, käbir mezheplerde zenan daşaryk çykanda eli we ýüzi ýapyk bolmaly, aýalyñ ýeke özüniñ gidip biljek aralygyna çenli kilometrler bilen çäklendirilipdir. Mirasdan almaly paýy-da az, aýrylyşmaga-da haky ýok we şaýat-da bolup bilmeýär. Diýjek bolýanym, zenanyñ ykbalyny ýazýan galam hiç haçanam aýal-gyzlaryñ ýüzüne gülüp bakmandyr.¹ • EÝRANDA ZENANYÑ ÝAGDAÝY Ýazgy şeýle bolansoñ, aslynda "takdyry" ele salan ýurtlarda aýala başgaça seredilmeýärem. Ine, Eýranam şolar ýaly ýurduñ kartinasyny berýär. Muny biz däl, hut Eýranda ýaşaýan we günden-güne muña nägilelik bildirýän aýal-gyzlar aýdýar. Eýranly Ýewa Awa hem şol närazylyga gatnaşanlaryñ we aýal-gyzlaryñ hak-hukuklary üçin köçä çykanlaryñ biri. Ýewa Eýranda ýaşaýan aýallaryñ ýagdaýyny şeýle gürrüñ berýär: "Eýranda atanyñ rugsady bolmazdan aýal-gyzlar äre çykyp bilenok. Äriniñ rugsady bolmazdan Eýrandan çykyp bilenok. Gyz çagalar dokuz ýaşynda başýapynja bilen gezmäge borçly. Aýrylyşan aýallaryñ çagalaryna enelik hukugy ýok. Diñe durmuşa çykmazdan öñ ylalaşyk baglaşylan bolsa, aýal çagalaryny alyp bilýär. Ylalaşygyñ ýok bolsa çagalar ejesine berilmeýär. "Yslam" häkimiýetiniñ adamlaryñ üstünde täsiri köp bolupdyr. Şonuñ üçinem gyz durmuşa çykanda "men aýrylyşmaga rugsat soraýan" diýip, ylalaşyk baglaşyp bilenok. Ymam nikasy kanuny nikanyñ ýerini tutýar. Meselem, erkek kanuny taýdan dört aýal alyp bilýär, äriniñ başha aýal alýandygy üçin aýrylyşmak isleýändigini aýtsa, "Näçenji aýalyny alýar? Heniz dört aýal almadyk bolsa, nämesi bilen ylalaşañok?" diýen jogaby alýar. Şonuñ üçin aýallar aýrylyşandan soñky jemgyýetçilik basyşlary we hukuk taýdan berilýän päsgelçilikler sebäpli aýrylyşjak bolubam duranoklar. Belkäm şol sebäplidir, Eýranda öz janyna kast edip ölýän aýallar kän. Kanunda ýogam bolsa, aýrylyşan aýal jemgyýetçilik basyşyndan ýaña hökman atasynyñ öýüne dolanmaly, köplenç aýala öý hem berenoklar. Futbol stadionlary-da aýal-gyzlara gadagan. Ýa-da erkekleriñ sport bilen meşgullanýan ýerlerine gitmek... Ýokary okuw jaýlarynyñam käbir fakultetleri olara bolanok. Çünki erkeklere garanda fakultetlerde has az ýer açýarlar ýa-da asla açanoklaram. Zenan 18 ýaşyny dolduranda ýene bir gezek kakasyndan rugsat alanoñ pasport alyp we daşary ýurda çykyp bilýär, emma 18 ýaşdan öñ her gezekde kakadan ýazmaça rugsatnama almaly. Kakasy ýok bolsa, atasyndan we agasyndan almaly, muña hiç bir ýagdaýda ejesiniñ goşulmaga haky ýok. Çagalaryñ liseýi okap gutarandygy hakyndaky şahadatnama çenli kakasyna berilýär, ejesiniñ bulary almaga haky ýok. Şeýle-de Eýranda başlangyç mekdepde we liseýde gyzlar bilen oglanlara aýry bilim berilýär. Emma ýokary okuw jaýlarynda garyp okadýarlar. Emma şeýle ýokary okuw jaýlarynda-da oglan bilen bile ýöremek gadagan, muny ýerine ýetirmedik ýagdaýyñdq tertip-düzgün jogapkärligine çekilýärsiñ. Awtobuslarda-da aýal-gyzlar bir ýanda, erkekler bir ýanda oturmaly, ýagny, awtobus ikä bölünen ýagdaýda. Kanunda durmuş gurmagyñ ýaşy 13, emma şondanam has ir maşgalasynyñ rugsady bilen toý tutmak bolýar. Käbir gatlaklarda muña garşy nägileliklerem bolup durýar...”² • MESELEM, ERKEKLERIÑ DÖRT AÝALY DÄL-DE, AÝALLARYÑ DÖRT ÄRI BOLSA? Okyjylar ýokarky setirleri okandan soñ "aýal-gyzyñ bar günäsi zenan bolup dünýä inmekmikä?" diýip, pikir etmän bilmeseler gerek. Aýal bular ýaly durmuşa baglanyp goýulmak ücin näme etdikä zenan bolmakdan başga? Beýle durmuş haýsy günäniñ haýsy webalyñ garşylygy bolup biler! Bulary zulum saýmaýan bolsañyz, onda şeýle çäklendirmeleri, şeýle diskriminasiýany erkeklere-de edeliñ. Meselem, erkekleriñ dört aýaly däl-de, aýallaryñ dört äri bolsa? Bolmaz gerek, hudaý saklasyn! Fykha arkalanyp eýe çykylan zenan düşünjesi we kada-kanunlar bilen yslam dünýäsiniñ aýal-gyzlar babatda yza galandygy we aýal-gyzlary zyndanlara atandygy inkär edip bolmajak hakykat. Elbetde, muny şeýle hasaplamaýan "musulman" aýal-gyzlaram bar bolup biler. Emma meseläni ylmy, psihologiki we hukuk taýdan seljerenimizde, gabatlaşjak netijäñiz şudur. Meseläniñ birem ynanç tarapynyñ bardygyny hemmämizem bilýäris. Ine, şol ýerde-de hemmeler "bagtly" aýallar ýaly däl-de, tersine musulman aýal-gyzlaryñ hereketi gün geçdigiçe ösýär we bolup geçýän şeýle diskriminasiýalardan bimaza bolýarlar. Aslyýetinde bu ýagdaýdan biynjalyk bolanlar diñe musulman aýal-gyzlaram däl. Meselem, şu aşakdaky setirler XII asyryñ meşhur musulman akyldarlaryndan Ibn Roşta degişli. Serediñ, Ibn Roşt musulman aýalyñ ýazgydy bilen nähili gyzykly setirleri galdyryp gidipdir. Bilelikde okalyñ: "Şu günki içtimaýy (jemgyýetçilik) ahwalymyz aýal-gyzlardaky baýlygy, gizlin syrlaryny añlamaga goýmaýar. Hamala aýal diñe çaga dogurmak we emdirmek üçin ýaradylanmyş! Aýal-gyzlarymyzyñ boýnuna ýüklenýän şular ýaly hyzmatkärlik olardaky uly-uly işleri bitirmäge bolan çäksiz güýç-kuwwatlaryny, paýhas derejelerini ýok edýär. Şonuñ üçinem aramyzda fazylatly, at-abraýy aýallar ýok. Ömürleri nebatat (ösümlik) ömri ýaly geçýär, ine, ýurdumyzy weýran edýän ser-sepillik şundan gelip çykýar. Çünki aýallar erkekleriñ iki essesidir. sanlary bilen zerur zatlary üpjün edip bilenoklar, iki sülüs (üçden ikisi) haýwany-tufeýli ýaly bir sülüsyñ (üçden biri) jisminiñ üstünde ýaşaýarlar.”³ [1] Aýdyn Tonga, "Çuññur yslam" ("Derin İslam"), "Doğu Kitabevi" neşirýaty. [2] https://www.evrensel.net/haber/348548/iranli-ava-anlatiyor-iranda-kadinlarin-ofkesi-orgutlu-guce-donusuyor [3] Professor Mehmet S.HATIBOGLY "Yslamyñ zenana garaýşy" ("İslâm'ın Kadına Bakışı") Aýdyn TONGA. Odatv.com, 15.03.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |