15:21 Abdylla ibn Omaryñ kyssasyny bilýäñizmi? | |
ABDYLLA IBN OMARYÑ KYSSASYNY BILÝÄÑIZMI?
Taryhy makalalar
Ikinji halyf Omaryñ (r.) özünden soñ ogly Abdyllany halyf bellemegi teklip edenlerinde, kes-kelläm garşylyk bildirendigi we şeýle diýendigi aýdylýar: “Omaryñ maşgalasyndan bu iş üçin biriniñ gurban bolandygy bes. Muhammet ymmatynyñ işlerini Jenaby-Allahyñ maşgalamyzdan birinden hasap soramagy ýeterlik. Men bu iş üçin nebsimi we özümi agyr kynçylyklara saldym, maşgala agzalarymy we tanyş-bilişlerimi birgiden zatlardan binesip goýdum. Hernä şonda-da bu işden günäsiz we ejirsiz halas bolubilsem, başga armanym ýok!” Şol günlerden biziñ günlerimize çenli ýüzlerçe ýyl geçdi. Wezipeli orunlar, çinler, derejeler, gymmatbahaly öýler we awtoulaglar, ýokary statusly hormatly atlar... göz gamaşdyrýar. Ýagdaý şeýle bolansoñ, Hezreti Omar (r.a) aýtmyşlaýyn, "gurbanlar" köpeldi, soñra olar yzly-yzyna häkimiýet kürsülerine talaş etmäge başladylar. Munuñ bilenem çäklenmän kakalaryny, ogullaryny, agalaryny, daýylaryny, doganlaryny, ýegenlerini şol kürsülere oturtdylar. Gürrüñi gidýän bu “gurbanlary” häzirlikçe bir gapdala goýup, şu ýazgynyñ ýazylmagyna sebäp bolan kişi bilen sözümize dowam edeliñ: Abdylla ibn Omar. Taryhy çeşmeler 610-njy ýylda dünýä inen Abdyllanyñ kakasynyñ ýokarda-da aýdyşymyz ýaly Omar ibn Hattabdygyny, ýagny, ikinji halyf Omardygyny habar berýär. Abdylla kakasyna eýerip, çagaka musulman bolupdyr we Hendek söweşinden başlap musulmanlar bilen birlikde gylyç sallap, birnäçe harby ýörişe gatnaşypdyr. Abdyllanyñ juda baý adam bolandygy aýdylýar. Onuñ guly Nafi bu barada şeýle diýipdir: "Bir günde 30.000 dirhem hudaýýoly paýlaýardy, soñra bir aýlap ýeke lukma etem iýmezdi." Şol sanda onuñ diýseñ dindar we takwa adam bolandygy, dini meseleler bilenem meşgullanandygy taryhy çeşmelerde aýdylýar. Mysal üçin, ol iñ köp fetwa beren ýedi adamyñ biridir. Şeýle-de iñ köp hadys rowaýat eden ikinji adam Abdylladyr. Onuñ rowaýat eden hadyslarynyñ sany 2 müñ 630-a ýetýär. Bilnişi ýaly, pygamberimiz (s.a.w) bakyýete göç edenden soñ yslam taryhynda ilkinji agzalalyklar we dawa-jenjeller döräp başlaýar, üçünji halyf Osmanyñ (r.a) musulmanlaryñ elinden şehit edilmegi netijesinde bu bölünişikler ýetjek derejesine ýetip dynýar. Ine, şol döwürde Abdylla hiç tarapa-da goşulyşman, "bitarap" bolup galmagy makul bilýär. Ol halyf Alynyñam (r.a), Mugawyýanyñam tarapyny tutmandyr. Bolmanda belli bir wagta çenli. Soñunda Abdylla Mugawyýa-da, hatda Ýezide-de tabynlygyny bildirýär. Şol sanda käbir çeşmeleriñ habar bermegine görä, halyf Alynyñ Şama häkim bolmak baradaky teklibindenem ýüz dönderýär. Yzyndan Jemel we Syffyn söweşlerine-de gatnaşmaýar. Şol ýowuz ýyllar ortaça alanda günde ýüzlerçe musulmanyñ musulmanlar tarapyndan öldürilen ýyllary. Gynansak-da, soñam ýagdaý onçakly üýtgäp durmandyr. Onlarça ýyllap häkimiýet dawasyna giren musulmanlar biri-birlerini öldürmäge dowam edipdir. Mälim bolşy ýaly, halyf Aly-da “musulmanlaryñ” elinden şehit bolýar, emma ony öldürmegi makul bilen harijiler hem-ä Alyny, hemem Mugawyýany küpüre düşmekde aýyplapdyrlar. Döwür diýseñ çetin, sanjyly we ganly geçipdir. Ine, şol wagtam Abdylla Mugawyýanyñ halyflygyny kabul edýär, bu ýagdaý ýigrimi ýyllap dowam edýär. Mugawyýa ölmänkä ogly Ýezidi haluf bellemek isleýär, käbir çeşmeler munuñ üçin onuñ ýedi ýyllap jan edendigini aýdýar. Şol ýyllarda Abdylla üsti dawaly halyflyk teklibine gyzgyn seretmeýär, hatda ýüz öwürýär. Emma Mugawyýanyñ ölümi we Ýezidiñ halyf bolmagy, "ymmatyñam" muny umuman kabul etmegi (!) bilen Abdylla Ýezide tabynlygyny bildirýär we bu tabynlygyndan hiç wagt dänmeýär. • ABDULLA IBN OMAR BARADA ÝENE BIR TÄSIN HADYSA Ýezidiñ döwründe Harre gandöküşligi bolup geçýär, Medine gabawa alynýar, şäher üç günläp talanýar, ýüzlerçe adam gylyçdan geçirilýär. Abdylla şonda-da tabynlygyny bozmaýar. Gaýtam öz maşgala agzalaryna şuny ündeýär: “Tabynlygyñyzy bozaýmañ, döwlet ýolbaşçysyna garşy çyksañyz hyýanat edersiñiz, hariji bolarsyñyz. Olaryñ bolsa kyýamat güni ýagdaýy wehim boljakdyr.” Abdylla ibn Omar baradaky ýene bir täsin hadysa bolsa, Hezreti Alynyñ ogly Hüseýin babatda eýelän pozisiýasy bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, Hüseýin Ýezide tabyn bolmandyr we özüni çagyran kufelileriñ çakylygy bilen ýola çykypdyr. Edil şol wagtlaram Abdyllanyñ Hüseýine ýalbar-ýakar edendigi, ýola çykmazlygy üçin töwella edendigi aýdylýar. Abdyllanyñ pikiriçe, pygamberimiz (s.a.w) dünýä we ahyret saýlawynda ahyreti saýlap aldy, Hüseýiniñ paýyna düşenem - babasynyñ ýolundan ýöremek, dünýä işlerinden el çekmek bolmalydy. Galyberse-de, Abdyllanyñ Kerbela meselesinde Hüseýini tankyt edendigi we şeýle diýendigi rowaýat edilýär: “Hüseýin huruç arkaly bizden kän ýokarda bolmagy başardy, emma ömrüniñ haky üçin kakasynyñ we doganynyñ düşen ýagdaýyndan, pitneden we adamlaryñ ol iki mübärek ynsany terk etmesinden ders alan bolsady, ýaşan ömründe herekere geçmän, adamlaryñ goşulyşan ýaraşygyna onuñ goşulmagy gerekdi. Çünki, köpçüligiñ gelen umumy pikiri has haýyrlydyr.” Şol sanda, Abdylla Kerbela pajygasyndan soñ dörän dartgynly ýagdaýlardan we musulmanlaryñ umumy ahwalyndan ynjalyksyzlanypdyr. Bir gezek yrakly biri Ibn Omardan yhram eşigindäki adamyñ siñegi öldürmeginiñ günädigini ýa-da däldigini soranda, ol: “Şu yraklylara seretseñizläñ! Hezreti Pygamberiñ (s.a.w) gyzynyñ ogluny öldürdikleri halda siñek öldürmäniñ günäsini soraýarlar. Eýse Resulalla: "Ol ikisi (Hasan we Hüseýin) meniñ bu dünýädäki iki reýhanymdyr” diýmänmidi" diýip, jogap beripdir. Abdylla şeýle diýenem bolsa, Mugawyýa bilen başlan emewiler hanedanlygyna bolan tabynlygyndan ölýänçä el çekmändir. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda Abdylla ibn Zubeýre barada aýdan sözleri-de diýseñ oýlandyryjydyr. Abdylla ibn Zubeýr (r.a) Hüseýin bilen birlikde Ýezide-de tabyn bolman, on ýyla golaý wagt emewi halyflygyna garşy söweşen we öz halyflygyny yglan eden belli şahsdyr. Abdylla ibn Zubeýr ahyrsoñy Abdylmälik ibn Merwanyñ döwründe öldürilýär, başy kesilýär we jesedi aýaklaryndan asylyp goýulýar. Atdaşy bu gözgyny halda asylyp goýlansoñ, Ibn Omar onuñ ýanyna gelipdir, zaryn-zaryn aglapdyr. Emma oniñ ýalançy pana gereginden artyk üns berendigini, "pitnä sebäpkär bolandygyny" aýdýar, yzyndanam "ýöne Abdylla ymmatyñ şerlisi-de däldir" diýipdir. Ibn Omar segsen ýaşap aradan çykýar. Käbir rowaýatlar onuñ ölüminde "musulman" serkerde Hajjaç ibn Ýusubyñ eliniñ bardygyny, onuñ janyna kast edilendigini aýdýar. Eýsem, Abdyllanyñ ökünen we ölüm ýassygynda ýatyrka puşeýmanlyk bildiren zady boldumyka? Hawa, meselem, ol Hajjaja garşy söweşmändigi üçin ahmyr edýändigini aýdypdyr, birem sözüniñ üstüne Aly ibn Ebu Talyby goşýar: Ala garşy hetden aşanlaryn garşysyna söweşmändigi üçin puşman edýändigini aýdypdyr. Aýdyn TONGA. Odatv.com, 04.09.2020 Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |