10:22 Hezreti Muhammediñ adamsyndan taýak iýen aýala hossar çykyşy | |
HEZRETI MUHAMMEDIÑ (s.a.w) ADAMSYNDAN TAÝAK IÝEN AÝALA HOSSAR ÇYKYŞY
Taryhy makalalar
Din syýasatda we durmuşyñ başga ugurlarynda eksplutasiýa serişdesi hökmünde ulanylýanam bolsa, gynansak-da, mundan gerekli dersler çykarylmaýar, göýä adamyñ dine uýýanlygy ýeke-täk ýeterlik "gowulyk" ölçegi ýaly kabul edilýär. Ýagdaý ähli "dindar mähellelerde" birmeñzeşräk gaýtalanýar, "tarapdaryñ" ruhy ýeñişini iru-giç yglan edýär. Gelinen sepgitde bolsa, mazruf bir ýana düşýär, zarp bir ýana. ■ KÄBIR MESELELERDE BIRI-BIRLERINI ÝAZGARYP, TANKYT EDIP BILÝÄRLERDI Ýaşaýan ýurtlarymyzda we dünýäniñ beýleki ýurtlarynda zulumy, zorlugy we haksyzlygy örtmek üçin diniñ nähili ulanylýandygyny, ynanjyñ söwda bähbitlerine, baýlyga we pula nähili çalşylýandygyny görmän-bilmän duramzok. Bu ýagdaý, iñ bolmanda bolup geçýän zatlary belli bir taryhy aralykdan, tankydy nukdaýnazardan okaýanlar üçin şeýle. Emma taryhy we şu güni agzaljak tankydy nukdaýnazar bilen öwrenmeseñiz, ähli akymlar gözüñize ideal taglymat bolup görüner, size tanyş görnen ähli dini wagyzçylary başyñyza täç edersiñiz. Mysal üçin, irki döwür yslam taryhyndaky “sahaba” eldegirmesizligi şu düşünjä bire-bir gabat gelýär. Keramata özüçe baha berip, sahaba analizini etmeýän añyýet, aslynda, dini gegemoniýany, dini perdelenýän häkimiýetleri gorag astyna almakdyr. Eger şeýle bolmasa, taryhda diniñ adyndan öldürilen müñlerçe adamy, ýumrulan ojaklary, munuñ deregine halk ýoksullyk içre ýaşaýarka, kaşañ köşki-eýwanlarda bol-telkilik içre döwran sürüp ýaşan “sahaba” hökümdarlary görüp, olaryñ tankydy synyny bererdik. Şeýle bolmandygyny bilibem durus. Has takygy, pygamber (s.a.w) döwründe ýaşan we ony tanaýan kişileriñ çäginde gürrüñi gozgalan sahabalaram munuñ şeýle däldigini bilipdirler, olar käbir meselelerde biri-birilerini ýazgaryp, açyk tankyt edip bilipdirler. Elbetde, munuñ bilen baglanşykly birgiden mysallary bermek mümkin. Netijede ýüzlerçe adamdan gürrüñ edýäris. Men size bu gezek eýelän wezipeleri we üçünji halyf Osmana (r.a) ýakynlygy bilen tanalan Welid ibn Ukbeden gürrüñ bermäge synanşaýyn. ■ HEZRETI MUHAMMET ADAMSYNDAN TAÝAK IÝEN AÝALA NÄHILI ARKA DURUPDY Isleseñiz, onuñ Osmana bolan ýakynlygyndan başlalyñ. Welid ibn Ukbe bilen Hezreti Osman (r.a) öweý dogan. Dürli rowaýatlar baram bolsa, Welidiñ Osmana garanda has gijiräk - Mekge ele geçirilensoñ musulman bolandygy aýdylýar. Muña garamazdan Welid eýdip-beýdip şol döwrüñ ýolbaşçy düzüminiñ arasyna girmegi başarýar. Mysal üçin, pygamberimiz (s.a.w) we ikinji halyf Omar (r.a) ony zekat ýygnaýjy edip belleýär, dogany Osman bolsa Kufänin häkimi edip goýýar. Welidiñ araaynyñ gowy bolmadyk kişisi bolsa Aly ibn Abu Talypdyr, ýagny dördünji halyf Aly (r.a). Isleseñiz, Welid hakynda aýdylýan bir rowaýat bilen gürrüñimize dowam edeliñ. Rowaýat şeýle: "el-Welidiñ aýaly Hezreti Pygamberiñ (s.a.w) ýanyna gelýär ee "Ärim meni urýar, azar berýär" diýip şikaýat edipdir. Hezreti Pygamberem (s.a.w) oña: "Sen gaýt we oña Resulalla meni goragyna aldy diý" diýýär. Aýal gaýdýar we belli bir wagt geçensoñ ýene gelýär: "Eý Allanyñ Resuly! Ol meni urmasyny bes edenok" diýýär. Hezreti Pygamber (r.a) eşiginden bir parça kesip aýala berýär we oña: "Muny äriñe görkez we Resulalla meni goragyna aldy, ine, bulam şonuñ eşiginden bir parça diý" diýýär. Aýal ýene gidýär, belli bir wagt geçensoñ ýene gelip: “Eý Allanyñ Resuly! Ol meni urmasyny hasam artdyrdy” diýýär. Muny eşiden Resulalla (s.a.w) ellerini asmana galdyryp iki ýa-da üç gezek “Eý Allahym! El-Welîdi saña tabşyrýaryn” diýip doga edýär. Başga bir rowaýatda bolsa, aýala: “Eý Allahym! El-Welîdi saña tabşyrýaryn” diýip doga etmegi we sabyrly bolmagy ündändigi aýdylýar."[1] Üstünden pygambere (s.a.w) şikaýat edilen şahsyñ, has dogrusy "sahabanyñ" bolşy yzygiderli berlen duýduryşlara gulak asmazlygy oýlandyrýar gerek? ■ AÝAT ŞU HADYSADAN SOÑ INIPDIR Halyf Aly (r.a) bilen Welidiñ arasyndaky mesele barada aýdar bolsak, bu iki şahsyñ arasynda düşünişmezlik bolup geçýär. Welid Ala: "Dym. Sen heniz ýaş, meniñ ýaşym uly. Walla, men senden dilewar, dişim señkiden ötgür, men senden has ýürekli, beden taýdanam men senden kän güýçli" diýýär. Alynyñ muña jogaby şeýle bolýar: “Dym, sen pasyksyñ!” Netijede “Mömin bilen pasyk bir bolarmy? Olar deñ bolup bilmezler” ("Sejde" süresi, 18) aýatynyñ inendigi aýdylýar.[2] Pygamberiñ (s.a.w) agasynyñ ogly, fykh we tefsir ylmynyñ ilkinjilerinden bolan Ibn Apbasyñ (r.a) aýtmagyna görä, aýatdaky mömin-ä Aly, pasygam el-Welid ibn Ukbedir. [3] Pasyk, ýagny, ýoldan çykan, Allanyñ emirlerine garşy çykan adama aýdylýan söz. Gurhanda pasyk sözüniñ geçýän ýene bir aýaty bar: "Hujurat" süresiniñ 6-njy aýatynyñ tefsirini Din işleri ministrligi şeýle düşündirýär: Pygamber (s.a.w) Beni Mustalyk kabylasynyñ zekadyny toplamak üçin Welid ibn Ukbäni belläpdir. Emma Welid ýoldaka oña Beni Mustalyk kabylasynyñ ýaraglanandygy we uruşmak üçin ýola çykandygy barada habar gelip gowuşýar. Welid habary eşdişi ýaly pygambere (s.a.w) ýetirýär. Emma sorag-ideg edip görýärler welin, habaryñ ýalandygy, kabylanyñ musulmançylykdan dänmändigi ýüze çykýar. Aýat bu hadysa sebäpli inipdir: Düşündirişi bolsa şeýle: "Eý iman edenler! Bilmän birine zelel berip, soñam eden işiñize ökünmez ýaly ýoldan çykan biri size bir zat aýdanda, ilki şonuñ çyndygyny-ýalandygyny seljeriñ." Aýata salgylansak, Welid özüne gelip gowşan habary barlaman-etmän, tas urşuñ turmagyna sebäp bolupdy. Şundan hem görşümiz ýaly, sahabalaram ýalñyşyp we oñlanmaýan wakalaryñ ýüze çykmagyna sebäp bolup biljek ekeni. Diñe ýokarda mysal getirilen aýatyñ barlygy-da şu aýdyñ hakykata güwä geçip dur. Şonuñ üçin garşymyzda duran taryh - wakalara, taglymlara we şahslara "mukaddeslik" gözi bilen seretmek üçin däl-de, öwrenmek we analiz etmek üçin gerekli. Ýöne munuñ üçin ilki ideologik kesellerden saplanmak gerek. Welid ibn Ukbäniñ salgysyna aýdylýan “aýyplamalardan” birem içgi meselesi bilen baglanyşykly. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly ony Kufäniñ häkimi wezipesine bellänem onuñ dogany Osmandyr. Emma ony bu wezipeden boşadanam, ýene Osman. Çünki onuñ üstünden edilýän arz-şikaýatlaryñ sany-sajagy bolmandyr. Şol şikaýatlardan birem Welidiñ içgi içmegi eken. Şol döwre degişli rowaýatlaryñ birinde şeýle diýilýär: "El-Welid Kufäniñ häkimi bolup oturan döwründe yzygiderli içgi içipdir, serhoş halda ertir namazyna durupdyr we parzy-da dört rekagat kyldyrypdyr, soñra jemagata tarap ýüzüni öwrüp: "Ýene artdyraýynmy?" diýipdir. Ibn Mesut şonda: "Başyndan bäri biz seniñ ýanyñda, şulam besdir" diýipdir. El-Welidiñ "Ýene artdyraýynmy?" sözi bolsa, dilden-dile geçip, aýtga öwrülip gidipdir.”[4] Hatda içgi içendigi üçin Welide hadda jezasy (kyrk gamçy) berilendigi aýdylýar. Dogany Osmanyñ şanyna odalar düzen, Ala garşy Mugawyýany goldap goşgular ýazan Welid gaty köp sahabanyñ tankydyna uçrapdyr, hut "Hujurat" süresinde-de onuñ bu bolşuna açyk duýduryş bar. Welid ibn Ukbe barada köp okalýan, emma onuñ durmuşyndan juda az sapak alynýan taryhy şahslaryñ biridir. Onuñ mysalynda biz hereketleri we pikirleri bilen pygamberimiziñ (s.a.w) ýanynda gezen adamlaryñam ýalñyşyp biljegini, hususanam gorag galkany bilen gurşalyp alynmandygyny görýäris. Dini ykdysady we syýasy bähbitleri üçin ulanýan, eýelik edýän häkimiýet ugurlarynda bandalaşma derejesine ýetjek şekilde eden-etdiliklere, günä batgasyna batanlar we mukaddesligi öz hapa pygyllaryna perde hökmünde ulanýan adamlar, elbetde, taryhy hakykatlary okamaýarlar ýa-da okatmaýarlar. A mundan soñy? Soñuna galan şol uly toplumyñ şu günki güne dogry baha berip bilmezligi, dinçileriñ her erbetligine garşy boýun egilmegi we hatda olara oñyn garalmagy - ýüzüne ak mata tutulan geçmişiñ netijeleri bilen baglanyşykly dälmi näme? Eýsem şu günüñ hakykatlarynyñ geçmiş bilen gönüden-göni baglanyşyklygyny görmek üçin ýene näçe nesil garaşmaly bolarkak? Aýdyn TONGA. Odatv.com, 11.03.2020 [1]Adem DÖLEK, "El-Welid ibn Ukbäniñ ömri we sahaba adalaty nukdaýnazaryndan öwrenilmegi". [2] et-Taberi, "Jâmiu’l-Beýan an Te’wîli Âýi’l-Kur’ân", XI, 129; Ibnu Asâkîr, LXIII, 235; Kurtubî, Muhammet ibn Ahmet, "el-Jamiu li Ahkami’l-Kur’ân", Beýrut, 1993, IV, 71; Zehebi, "Siýer", III, 415; Hazin, Alâuddin Aly ibn Muhammet, "Lübabu’t-Te’wil fi Meani’t-Tenzil", Beýrut, ts.,III, 447. 53 Seret: İbnu Asâkîr, LXIII, 235; Kurtubî, IV, 71. Taýýarlan: Adem Dölek a.g.e. [3] İbnu Asâkîr, LXIII, 235; Kurtubî, IV, 71. [4] Ebû Dâvûd, Hudûd, 35; İbnu Mâje Hudûd, 16; İbnu Hajer, "Tehzib", VI, 92; el-Isabe, VI, 323. Suýuty, 155. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |