00:08 Hezreti Hüseýini we maşgalasyny Kerbelada kim şehit etdi? | |
HEZRETI HÜSEÝINI WE MAŞGALASYNY KERBELADA KIM ŞEHIT ETDI?
Taryhy makalalar
Pygamberimiziñ (s.a.w) aýdyşyna görä, Hezreti Hasan (r.a) we Hüseýin (r.a “jennet juwanlarynyñ seresidir.”[1] "Hasan we Hüseyin - meniñ dünýädäki iki reýhanymdyr"[2] diýipdir, Hz Muhammet (s.a.w). Pygamberimiziñ (s.a.w) agtyklaryna bildiren çäksiz söýgüsini şu aşakdaky sözlerem aýdyñ görkezýär: “Hasan bilen Hüseyini söýen - meni söýdügidir, olara bugz eden - maña bugz etdigidir.”[3] Bugz etmek (ýigrenmek) - birine garşy erbet niýetde gezmek, ony ýamanlykda ýatlamak, oña duşmançylyk etmek manysyny berýär. Meseläniñ täsin ýeri, pygamberimiziñ jana-jan agtyklary-da, käbir "musulmanlaryñ" zulmundan halas bolup bilmändir. Käbir rowaýatlar Hasany zäherlenip öldürilendigini habar berýär, Hüseýiniñ bolsa maşgalasy bilen birlikde Kerbelada şehit edilendigi hemmämize mälim hakykat. Elbetde, bu gandöküşligiñ içgin öwrenilmgi hökmany birnäçe tarapy bar. Özem biziñ yüzümüzi öwren islendik tarapymyz, aslynda, taryhdan şu günki güne çenli birnäçe dersleri berýär. Şonuñ üçin Kerbela pajygasy hakynda okanymyzda, hem düşünmek, hem düşünenimizde köptaraplaýyn çekişme gurnap, analiz etmek gerek. Geliñ, o da şu soragy orta atalyñ: Hüseýini we onuñ maşgalasyny Kerbelada kim şehit etdi? * * * Hezreti Hüseýiniñ daşyny gaban goşuna başynda Omar ibn Saad (sahaba Sagdy Wakgasyñ ogly -t.b.) ýolbaşçylyk edýärdi. Omar ibn Saady bu wezipä bellänem Basranyñ häkimi Ubeýdullah ibn Zyýad, şol wagtyñ halyfy-da Ýezit ibn Mugawyýa. Isleseñiz, gürrüñimizi Omar ibn Saad bilen başlalyñ. Ony kakasyndan ötri tanalýan şahs hasap etse bolar. Şol sanda onuñ kakasy Saad ibn Wakkas (Sagdy Wakgas) jennet bilen buşlanan on sahabanyñ biridi. Halyf Omar (r.a) hem Sagdy Wakgasy özünden soñ halyf bolmaga mynasyp kişileriñ biri hökmünde görkezipdi. Pygamberimiz (s.a.w) bilenem daşgynrak garyndaşlygy bolupdyr, şonuñ üçinem Sagdy Wakgas pygamberimize (s.a.w) daýy diýýän eken. Taryhy çeşmeleriñ habar bermegine görä, 17-18 ýaşlarynda musulman bolan Saad pygamberiñ ýanynda birnäçe söweşlere gatnaşypdyr we hatsa Uhud söweşinde atan oklary nyşana degende pygamberiñ oña “Enem-atam saña gurban bolsun, eý Saad, at!”[4] diýendigi rowaýat edilýär. Sagdy Wakgas baradaky çeşmelerde hasam täsin maglumat bar. Bu boýunça gyzyklanýanlar seredip biler. Ine, Hüseýini we onuñ maşgala agzalaryny şehit eden goşunyñ serkerdesi pygamberimiziñ (s.a.w) iñ ýakyn egindeşlerinden bolan Sagdy Wakgasyñ (r.a) ogludyr. [5] ■ YBRATLYK TARYH Jennet bilen buşlanandygy aýdylýan sahabanyñ ogly “jennet juwanlaryndan” birini Kerbelada maşgalasy bilen bile öldüripdi. Ýeri, ony bu wezipä ellän adamyñ maşgalasy barada nämeleri aýdyp bileris? Meselem, Ubeýdullanyñ, has takygy, Hüseýiniñ öldürilmegini buýran häkimiñ kakasynyñ Hüseýiniñ kakasy bilen ýakyndan gatnaşandygyny aýtsak. Duruñ, duruñ... düşünişmezlik bolmasyn. Başdan başlalyñ, muny. Ubeýdullah ibn Zyýad Ýezit döwrüniñ häkimlerinden. Ol Kerbela pajygasyndan öñem Basranyñ häkimligine bellenipdi. Olam öz gezeginde Hüseýiniñ we onuñ maşgalasynyñ daşyny gabamagy Omar ibn Saada tabşyrdy. Ine, Ubeýdullanyñ kakasy Zyýad ibn Ebih bilen Hüseýiniñ kakasy Aly biri-birlerini ýakyndan tanaýarlardy. Has takygy, Zyýad ibn Ebih Alynyñ döwründe ýolbaşçy wezipelerde işledi we belli bir döwür häkim wezipesinde-de oturdy. Şeýle-de, Zyýad ibn Ebih Mugawyýanyñ hüjümlerine garşy aýgytly garşylyk beripdi we Hezreti Ala (r.a) wepalydygyny görkezipdi. Aly aradan çykansoñ ogly Hasana wepaly bolup galan Zyýady Mugawyýa zor bilen öz tarapyna çekjek boldy. Hatda munuñ üçin Zyýadyñ aýalyny we çagalaryny tussag astyna alan Mugawyýa Zyýady öldürtmäge-de synanşypdyr. Emma Hasan halyflygy Mugawyýa tabşyransoñ, ýagdaý üýtgeýär. Şeýlelikde, Zyýad Mugawyýanyñ tarapyna geçýär we hatda Mugawyýa onuñ bilen dogan okaşyp, maşgalasynyñ bir agzasy hökmünde kabul edipdir. Gyzyny-da onuñ ogluna durmuşa çykarýar. Soñra Basranyñ we Kufäniñ häkimi wezipesine bellenen Zyýad gysga wagtyñ dowamynda iñ zalym emewileriñ birine öwrülýär we sütemkärligi bilen taryha ýañ salýar. Emma onuñ yzynda galdyran Aly "ýoldaşlygy" müdimilikdir. Kerbelada bu barada hernäçe duýdurylsa-da, hernäçe garşy çykylsa-da, Hüseýiniñ ölüm permanyny beden Ubeýdullah Alynyñ häkimi Zyýadyñ ogludyr. Ynha, garşymyzda şular ýaly ybratlyk taryh bar... ■ “DİNİÑ TAKDYRY” ŞU Geleliñ Ýezitli gürrüñe, ýagny, şol döwrüñ halyfyna. Ýezit - Mugawyýanyñ ogly, Ebu Sufýanyñam agtygy. Ebu Sufýan we onuñ maşgalasy Mekge ele geçirilýänçä musulmanlygy kabul etmändir, gaýtam Bedir söweşinden soñky bolup geçen ähli söweşlerde pygamberimize (s.a.w) garşy gylyç göterip çykyş etdiler. Görseñizläñ, geñ galaýmaly: Mekge ele geçirilensoñam Ebu Sufýanyñ we onuñ kowum-hyşynyñ güýji birjigem peselmändir, tersine, olara umumy oljadan ep-esli paý berlipdir. Meselem, Mugawyýa Hezreti Omaryñ (r.a) döwründe-de, tä halyf bolýança häkimlik kürsüsinde oturypdyr, halyf Alydan (r.a) başga hiç kim ony kürsüsinden üýtgetjek bolmandyr. Şol döwürde täsin üýtgeşme bolup geçýär: Mekge ele geçirilmezden iki ýyla golaý wagt öñ pygamberimiz (s.a.w) Ebu Sufýanyñ gyzy Ümmi Habybany (r.a) nikalap alýar. Bärde biziñ gözümize dürtülip duran bir täsin hakykat şudur: Pygamberimiziñ (s.a.w) agtygynyñ ganyna galan kişi şol bir wagtyñ özünde pygamber aýallarynyñ biriniñ ýegenidir. Ýagny, Ümmi Habyba Ýezidiñ bibisidir! Ikisi pygamberiñ (s.a.w) ýakyndan tanaýanlaryndan (sahabalaryndan we ýakyn garyndaşlaryndan), biri-de Hezreti Alynyñ (r.a) bellän häkimlerinden bolan maşgalalaryñ çagalary Hüseýini we onuñ maşgalasyny Kerbelada gözüni gyrpman öldüripdiler. Öldürilen neresseleriñ kelleleri kesilip, ilki häkimiñ, soñra Ýezidiñ huzuryna getirilipdir. Bu şeýle bir ajy takdyr welin, pygamberiñ (s.a.w) ýanynda egin-egne berip yslamy ýaýmak ugrunda göreşip, Onuñ öwgüsine mynasyp bolanlaryñ nebereleri birnäçe ýyldan soñ pygamber nesline garşy çykyp, Onuñ (s.a.w) agtyklaryny şehit edipdiler. Bu şeýle bir ajy takdyr welin, ady tutulanda jennet bilen bile ýatlananlar bu dünýäde jähennemi datmaly bolupdy, hut şol "musulmanlaram" bu ajy takdyryñ sebäpkäri hökmünde taryhdaky ýerlerini alypdyrlar. Belli şahyrlarymyzdan Hasan Hüseýin Korkmazgil “Gandan hyna ýakylarmy” goşgusynda Ýezide: "Gandan hyna ýakylarmy, Gandan hyna, he-heý, Ýezit!" - diýýär, yzyndanam: "Sen ertäñi ne sanypdyñ, Ertesini ýakan Ýezit Bu dünýäde gönenermi?" A öñki din işleri ministrlerinden Ömer Nasuhi Bilmen bolsa Ýezide nälet okamagyñ dogry däldigini aýdýar. Nasihi Bilmeniñ pikiriçe, hakly ýa haksyz, tapawudy ýok - hiç bir hökümdar öz garşysyna döräp biläýjek güýji ýa-da toparlanşygy halamajagy belli. Galyberse-de, Hüseýiniñ öldürilme emrini berenem Ýezit däl. Bilmeniñ pikiri şular ýaly.[6] Näme diýip näme aýtjak... bulam bir “takdyrmyka”, eýse? Bir ýanda Ýezidiñ adyny ýigrenç bilen tutup, oña agzyndan gelen sözi diýýän sosialist şahyr, bir ýanda-da onuñ näletlenmezligini isleýän din işleri ministri. Megerem, “diniñ takdyry” şu - oña haýsy gözden seretseñ, şolam ýalam many çykaryp bolýan bolmaly. [1] Tirmizî, Menâkıb, 31 [2] Ahmed b. Hanbel, Müsned, II, 288 [3] Ahmed b. Hanbel, Müsned, II, 288, 440, 531; İbn Mâce, Mukaddime, 11. [4] Buhârî, “Feżâʾilü aṣḥâbi’n-nebî”, 15; Müslim, “Feżâʾilü’ṣ-ṣaḥâbe”, 41-42 [5] Aydın Tonga, Kapital İslamın Temeli Muaviye, Doğu Kitabevi. [6] Adnan Demircan, EHL-İ SÜNNET ÂLİMLERİNİN KERBELA OLAYINA YAKLAŞIMLARI, Çeşitli Yönleriyle Kerbela Sempozyumu 1.cilt. Aýdyn TONGA. Odatv.com, 03.09.2019 Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |