20:40 Dispetçer / satiriki hekaýa | |
DISPETÇER
Satiriki hekaýalar
Garažyñ gapdalyndaky poly ýarsyp giden hütdüjek jaýda üsti telefonly stoly gujaklap oturan agajet dispetçer işigiñ agzynda çilimlerini tüsseledişip duran şofýorlary bir-birden çagyryp, ýol listlerini paýlamaga başlady. Ilki ady tutulan suw maşynynyñ şofýory ýañy otlanan çilimini rezin ädigi bilen mynjyradyp, gapydan girensoñ, dispetçer öñden taýýarlap goýan ýol listini onuñ eline tutdurdy: Bu günem seni miraba berkidendiris, nirä gitmeli diýse, eñiber. Şofýor kellesine ýelmeşip ýatan bagana papagyny mañlaýyna süýşürip goýberdi-de, ýeñsesini gaşady: - Beý, walla, şu gün mekdep bilen çagalar bagyna suw elteýinem-ä diýipdim men. Bir hepde bäri suwsuz oturandyr olar. - Suwuñ hudaýt mirapdyr, han ogul. Şonuñ aýdany bilenjik boluber. Suw maşynynyñ şofýory çykyp gidensoñ, içerden dispetçeriñ üsgülewik gatyşykly garjaşyk sesi eşidildi: - "Tehpomoş!" Gapydan egiljiräp giren ýagjymak güpbüli ýaş ýigit dispetçeriñ uzadan kagyzyny göwünli-göwünsiz aldy-da, çykyp gidiberjek boldy. - Dur-a, how, entek. Nirä gitmelidigiñi bir bilýäñmi sen? Şofýor yzyna gañryldy: - Bilip-bilmez ýaly näme bar-aý bi ýerde. Mehannik bilen şähere gidip, zapças gözlemeli däldir-dä. - Ý-ok, bu gün şähere mehanigi däl-de, inženeri äkitmeli sen. Öýüñize git-de, eşikleriñem çalşyryp geläý. Äkiden adamyña derek ýygnaga-beýlekä girmeli bolsañ, öñküsi ýaly masgara bolaýma. Dispetçer "Benzowoz" diýip gygyranda, ýangyç çekýän şofýorlaryñ üçüsi bilelikde girmelidi. Ýöne olaryñ diñe ýekejesi girdi. Ýañy Goşun gullugyndan gelen, ak ýüzli ýigidiñ ýeke özüniñ som-saýak bolup duranyny gören dispetçer öñündäki kagyzlaryny dörjeleşdirip, beýleki iki şofýoryñ nirä ugradylandygynu anyklamaga girişdi: - Ä-hä, birin-ä Hanhowuzdaky uçastogyñ naçalnigine berkidipdiris. Hany, beýlekinem bir göreli. Ýýak, ony agronom Hanhowza alyp gidip-dä. Al, aý, bular bir gitseler, yzyna köwlenmelidir öýdenoklar-ow. Ýa bularam o günküler ýaly balyk-salyk diýip enteşip ýörmükä. Ýüzugra dört-bäş sanysynu maşynyñyza atyp gaýdyberiñ diýipdim welin, "Ur diýseñ, öldür edäýýärler". Içini gepledip oturan dispetçer tisginen ýaly etdi-de, jyññyrdap başlan telefona ýapyşdy: - Hawwa, men ýaşuly, diñleýän, aýdyberiñ. Yslyrak görmeseñiz, benzowozlañ bir-ä bar. Ýagly bolanda näme, araky eltenjämiziñ üstüne guýup gaýdaýmaly bolar-da. Ýagşy, hoş! Dispetçer trubkany goýdy-da, heniz hem dim-dik bolup duran şofýora ýüzlendi: - Sen inim, häzir kassir bilen pula gitmeli. Yzyndanam ony brigadalara aýlarsyñ. - Be, çelegimde birazajyk ýagam bar welin, julkuldadyp ýörsem birhili bolmazmy? - Ýagyñy başlygyñ öýüniñ ýanyndaky gapyrjaga boşadaý. Ol-bi duşaýanda-da arkaýyn borsuñ! Hanhowza derman daşamaly iki maşynyñ her haýsyny bir orunbasaryñ huzuryna ugradansoñ, birneme arkaýynlaşan dispetçer: "Hä, ind-ä birýan ýüzli bolaýdy öýdýän" diýip, uludan bir dem aldy-da, ýene-de öñündäki kagyzlary gözden geçirip ugrady: - Ä-hä, perme-hä öñ iberlipdir. Etnomologyñkam bar. Aý, ekenomistem-ä agşam: "Raýona gidip geler ýaly bir maşynjyk iberewergin" diýip, jañ edipdi welin, iberäýer ýaly boş maşynam ýok-da. "Ýokdan hudaý alypmy?". Entegem obada ölüm-ýitimiñ ýoklugy bir gowy zat. Ýogsam dagy iki eliñem galdyryp durubermeli, how. Çagyrylar ýerde çagyrylmansoñ, kolhozyñ ýañy-ýakynda alan täzeje awtobusynyñ şofýory ýylgyrjaklap gapydan girdi: - Daýy, meni çagyrmadyñ-la. Ýadyñdan çykaraýan-a dälsiñ? Dispetçer eýmenç bir zatdan gorkan ýaly, süýem barmagyny dodagyna ýetirdi. - Çü-şş! "Tamda gulak bar" diýipdirler. Ikimiz häzir daýzañam alyp toýa gitmel-ä. Atasy öýi toý edýär olañ. - Malades daýy, täzeje maşyn bilen gelnalja-da gideli. - Ýogsam näme, täze at alsañ, "Toýda tozsun" diýýändirler. Tozýança bir bas, galannam soñ görübermeli bor, ýegen! Ýene-de telefon jyrlady. Kagyzlaryny toplaşdyryp duran dispetçer trubkany galdyrdy-da: "Hä, brigadir, senmi? Wah, ýokd-a, şü günlükçe pyýada gatnadaýmasañyz, ýekeje maşynam galmady" diýip, ony ýerinde goýdy: - Dogry-da walla, bulañ wezipelisine-de maşyn gerek, garamaýagyna-da. Men nä maşyn ýasaýanmy? Daýy-ýegen gülşüp, çykyp gidenlerinden soñ hem saralyp giden köne telefon derdine derman gözleýän ýaly uzynly gün jyrlady durdy. Ýöne barybir indi onuñ arzy-halyny diñleýän adam ýokdy. Atajan ANNABERDIÝEW. #edebiyatwesungat_87 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |