22:11 Dokuzy düzüwlik | |
DOKUZY DÜZÜWLIK
Goşgular
Bolsa ýagty, ýyly, yzgar, Iýmit hem tenekar howa. Biýarañ murty talawlap, Asman sary bolar rowan. Göbegi pugta düwülse, Kalby bolmasa binowa. Ynsaby täretli bolsa, Äre kär etmez bet doga. Gözden görünýän gül göwne Tagzym eder çal saç zemin. Başy belent, mert gelinler Mukaddesdir Gurhan kimin. "Aýnaman bilse dok güni", Kethudasy adyl bolsa, Göwnüm, kör bol, irde-giçde Şol illerden nadyl bolsañ. * * * Dünýä geldim bir sähetli günde men, Dowamlary bolmak üçin pederiñ. Çarkandakly ýollaryndan bu ömrüñ, Billerim guşalgy, ýokdur hederim. Şu günüñ Karuny, goý, diýsin maña: "Öz nepini bilmez, aklyn gidiren". Menden welin munda bir düýp gül galar, Bir düýp itgyzganam sogrup giderin. Muhammedöwez ARRYKOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |