10:04 Doldy ellim | |
DOLDY ELLIM
Goşgular
Dostlar, bu gün doldy ellim, öwüt biýre hakym bardyr, Ýok serimde ýata pikir, onda zabun akym bardyr. Şol otlugym çabrap duran, pislere şol howplugym, Maňa medet berýän baky Lenin diýen "hakym" bardyr. Şol çyrpynşym bäsdeş aňtap, hiç garşylyk piňime däl, Şowsuzlygyň sährasynda hyjuw diýen kakym bardyr. Galamym bar ýan bermezek, dertler ýykyp bilmez ony, Goragymda polatdan bek Saglyk diýen sakym bardyr. Aňda gurlan zawodymyň bar önümi söz uçary, Şol uçarlaň birisiniň, arşa çykar çakym bardyr. DIDARYŇY GÖÇÜRIPDIR DÜZ SENIŇ Ak deňizde al ýelkendçi naw ýaly, Duzdan sümek susup ýörsüň owadan. Didiwana gabat gelen aw ýaly, Ýiti gözden busup ýörsüň owadan. Dünýä aýan ak hanalaň dürlügi, Intizardyr saňa paýzy görgüli. Gözüm saňa zar gözleriň biridir, Melhemsiň sen meň derdime ýarara. Ýatsam-tursam keşbiň kalbym zarydyr. Gelmeseňem entek yşky karara. Nirde bolsaň gözüm gözüň biledi, Al ýaňakdan göwnüm posa diledi. Ýaryşdaşlaň sany takmyn ýüz seniň, Göýä elwan baýdagy sen ol düzüň. Didaryňy göçüripdir düz seniň. Hamala sen ekiztaýy ol düzüň. Lowurdap dur sende bagtyň reňki, gyz, Hiç bolmanda goşgymda bol meňki, gyz! ÖÝDEN Taýly çykar adam we mal, Diňe ykbal çatan öýden. Aňsat nesil tapmaz kemal, Zenan ärlik satan öýden. kän gägirtmez özgäň haky, Halal durmuş - bagtyň saky. Öner eken nesliň paky, Işin şere gatan öýden. Huşy serden "kowla-kowla", Süri bor il düşse dowla. Dertler geçer sowla-sowla. Gül çemene batan öýden. Öýüň bolsa, bolar zadam, Bolar aka, bolar badam... Öýden başlanýandyr Adam, Başlanýandyr Watan öýden. ÝÖR, ÇALJA ÝAR "Ýatanda" Gün, Daýanyp tün, Ýyldyz bilen bezendi. Täzeje Aý, Ýasanyp ýaý, Tümlük sary gezendi. Tämiz howa - Jana doga, Ýer-u-asman enaýy. Agşam çagda, Seýil bagda Dogdy yşkyň Gün-Aýy. Ýör, çalja ýar, Bolaly bar Ýaşlygym bar ýerinde. Şübheden dön, Yşk ýüki kän Men - şygryýet nerinde! Paýzy ORAZOW. "Ederbiýat we sungat" gazeti, 07.01.1983 ý. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Aýna / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Senden özge, eý, senem, bu jümle duşmandyr maňa... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Sendedir sende / Goşgular - 17.07.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Seniň yşkyňda eý, nämähriban, bihanyman boldum... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |