21:23 Dorsonanyñ gaýdyp gelmegi / erteki | |
DORSONANYŇ GAÝDYP GELMEGI
Ertekiler
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadymy eýýamda bir baýyň hyzmatynda wepaly bir atbakary bolupdyr. Ol baýa ak ýürekden hyzmat edipdir. Hojaýyn ýylky sanyny günsaýyn artdyrsa-da, atbakar olary bakmagyň hötdesinden gelipdir. Şeýle bolansoň baý hem ony sylapdyr, öz eli bilen garyp bir maşgalanyň gyzyna öýerip, onuň öýli-işikli bolmagyna kömek edipdir. Günlerde bir gün atbakaryň sürüsindäki taýçanaklardan biri gündiziň günortany nirädir bir ýana gürüm-jürüm bolupdyr. Atbakar uly alada galypdyr. Çünki ol ozallar beýle kyn ýagdaýa düşüp görmän eken. Ýogsam, ol atbakaryň körpeje ogly bilen dostlaşyp ýören taýçanak eken. Taýçanak hemişe diýen ýaly oglanjygyň ýanynda oýnap, ony ýekesiretmez eken. Şeýle bolansoň ol taýçanak hemişe sürüden çykyp, oglanjyk bilen gezer eken. Atbakar özüni baýyň öňünde ýazykly duýupdyr. Şonuň üçinem ol baýa ýitirim bolan taýçanagy gözläp tapjagyna söz beripdir. Ideg-sorag edip, köp ýerlere aýlanypdyr. Ahyry oňa taýçanagyň nirä ýitirim bolanyny anyklamak başardypdyr. Taýçanagyň dag içinde ýaşaýan ýabany ýylkylara goşulyşyp gidenini gözi bilen görenlerden eşidipdir. Şonuň üçinem oňa «Gaçakçy» lakamyny dakypdyr. Geň göräýmeli, aradan birnäçe gün geçenden soň taýçanak ýene yzyna dolanyp gelipdir. Atbakar muňa az begenmändir. Bu şatlykly habary derhal baýa ýetiripdir. Arman, olaryň şatlygy uzaga çekmändir. Taýçanak bu ýere oglanjygy küýsäp gelen bolara çemeli. Ol uzakly günläp oglanjyk bilen oýnapdyr. Taýçanak şol günüň ertesi ýene-de sürini terk edip gidipdir. Şodur-da-şodur, ol gaýdyp yzyna köwlenmändir. Taýçanagyň baryp goşulan ýeri ýabany ýylkylaryň sürüsi eken. Süriniň baştutany örän güýçli, köpi gören atlardanmyşyn. Oba adamlary oňa Syplaň adyny goýupdyrlar. Beýle diýilmeginiň hem öz sebäbi bar eken. Adamlar süriniň baştutanyny ençe gezek ele saljak bolup, hile baryny gurapdyrlar. Haýp, olaryň guran hileleri başa barmandyr. Hatda ol bir gezek ele-de düşüpdir. Ýöne şonda-da bir ýol tapyp, bu ýerden gaçmagy başarypdyr. Aý aýlanyp, aradan ýyllar geçipdir. Süriniň baştutany garrap, halys tapdan düşüpdir. Bir gün ol sürini ýygnap, maslahat edipdir: — Indi men halys tapdan düşdüm. Şonuň üçinem maňa derek sürä baştutanlyk edip biljek mynasyp bir at saýlamagyňyz gerek. Maslahata gatnaşan atlardan ses-seda çykmandyr, hiç kes beýle ýagdaýa garaşman eken, şonuň üçinem bu kyn hem jogapkärli işe höwes eden bolmandyr. — Näme uzak dymdyňyz, indi şunça atyň içinden baştutanlyga ýarajak ýekeje bir at ýokmy? Belki, araňyzda isleg bildirjek tapylar. Atlar dymyşypdyrlar. Baştutan: — Görýän welin sizden maňa teklip boljak däl öýdýän. Men şeýle bolaram öýtdüm. Sebäbi süriniň garamatyny boýnuňa alaýmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Bu hakynda kän oýlandym. Aramyzda bu möhüm işiň hötdesinden gelip biljek bir atyň barlygyna göz ýetirdim-de, kesgitli karara geldim — diýip, Gaçakça seredipdir. Hemmäniň gözi onda eglenipdir. — Bu meselede seniň pikiriňi nähili?! — Men barada şeýle karara gelen bolsaňyz, onda men siziň ynamyňyzy ödejek bolaryn. Ýöne... — Ýönäň näme? — Ýönäm, meniň sizden bir haýyşym bar. — Aýt, eşideli. O nähili haýyş? — Aýtsam, mundan beýläk meniň Gaçakçy adymy aýryp, maňa mynasyp, gelşikli bir at berseňiz. — Goý, şu günden başlap seniň adyň Dorsona bolsun! Razymy? — Dorsona! Dorsona! — diýip, atdyr taýçanaklar gygyryşyp, ony täze dakylan at bilen gutlapdyrlar. Ol: — Sag boluň! Men razy. Elimden gelenini ederin. Sürini abat saklamak üçin janymy pida etmelem bolsa taýýar! — diýipdir. — Senden tama-da şeýledir — diýip, başga bir gartaşan at hem onuň berekellasyny ýetiripdir. Dorsona şol pursatdan başlap sürini abat hem asuda saklamagyň aladasyny edipdir. Onuň möjekler bilen gapma-garşy söweşlere baş goşan gezeklerem bolupdyr. Dorsona ýyrtyjylardan aman galmagyň gamyny edipdir. Ol bir günem sürini geňeşe ýygnapdyr. Ol: — Ýyrtyjy haýwanlardan ýaňa biziň endamymyza et bitjek däl — diýipdir. — Näme diýjek bolýaň, Dorsona?! Gönüläp aýdyp bolmaýarmy? — diýip, atlaryň arasyndan biri dillenipdir. — Gönülesem, biziň adamlardan haraý islemegimiz gerek. — Onyňa-ha hä diýmeris — diýip, ýene-de şol at kesgitli aýdypdyr. — Biz öz başymyzy özümiz çaramaly. — Bizi kyn günümizde goldajaklar, arka durjaklar diňe adamlar bolar. Her niçigem bolsa, adamlar atlary gowy görýärler, bakýarlar, bejerýärler, altyn-kümüş şaý-sepler bilen bezeýärler. Olar üçin at çapyşyklaryny guraýarlar. Çapmakda ýeňiş gazananlary gymmatbahaly serpaýlar bilen sylaglaýarlar. Men olary gözüm bilen gördüm. Semiz bir at oňa garşy çykypdyr. — Eldekileşdirilen atlaryň ýaşaýşyna-ha höwes etmäň! Araňyzda höwesekler bar bolsa, olary saklaýan ýok, goý, gitsinler. Ýöne biz bu sähraýy mekany taşlap gitmekçi däl. Gaýraky obada bir daýhan atlaryna azal tirkäp, uzakly günläp ýer sürýär. Birentegi aty bilen uzak ýerlerden gyşlyk odun daşaýar, Ana, şol işler dälmi, atlary wagtyndan öň garradýan? — Bu beýle-de däl— diýip, Dorsona ony jogapsyz goýmandyr. — Birinjiden-ä, adamlar ýeri atlar bilen däl-de, öküzler bilen sürýärler. Ikinjidenem, atbakarlar gijesini gündiz edip atlara seredýärler. Olary gyşyna-da aýazdan gorap, ýyly ýataklarda saklaýarlar, arpadyr ýorunja bedesi bilen bakýarlar. Bize ýyrtyjy haýwanlardan ýaňa ine-gana otlamak, ýaýnap gezmek ýok. Näme-de bolsa adamlar bizi ýyrtyjy haýwanlardan gorap bilerler — diýipdir. — Biziň üçin esasy zat nesillerimizi goramaly — diýip, atlaryň biri ýüregindäkisini aýdypdyr. — Olary goramak biziň borjumyz. Golaýda-da iki taýçanagymyzy göterdiler. Ýöne, ur-tut süri bolup adamlaryňka baş egip baraýmagam bolmaz. Munuň başga ýoluny tapmaly. — Onyň dogry. — Şonuň üçinem men siziň bilen geňeşeýin diýdim. Eger hemmäňiz goldasaňyz, galan işi maňa tabşyryň, özüm hötdesinden gelerin. Şondan soň geplän bolmandyr. Dorsona bu dymyşlygyň hemmeleriň özi bilen bir pikire gelendikleriniň, razylygyň alamaty diýip düşünipdir. Dorsona köpden bäri ýüreginde beslän habar bilen dogduk obasyna aralaşypdyr. Emma ony oba adamlary duzak gurup, ele salypdyrlar. Onuň aýaklaryny duşap, ýatakda baglap goýupdyrlar. Atbakaryň körpe ogly ulalyp, gaýratly, edermen, murty taban ýigit bolup ýetişipdir. Ol bir ýabany atyň ele salnandygyny eşidip, ony synlamaga barypdyr. Garry atbakaryň ogly atly ýataga gelip girende, aýaklaryny tarp-tarp edip, boýnundaky tanapyny üzere gelýän dyzmaç, owadan ata gözi düşenden, onuň özi bilen birmahalky dostlaşan taýçanakdygyny tanapdyr. Dorsona-da öňünde duran bu berdaşly ýigidiň birmahalky çagalyk dostudygyny tanapdyr. — Gyr atym, dor atym, sen geldiňmi, men saňa ýyllar boýy garaşandyryn — diýip, derhal iýmläpdir. — Sen biziňkileri bagyşla. Indiki ýaşlar seni tanan däldir. Sen gideniňden bäri bu ýerde-de kän üýtgeşmeler boldy. Hojaýynymyz dünýesini täzeledi. Ogulsyz-gyzsyz ötdi pahyr. Ölmänkä meni özüne ogullyk edindi. Indi men bu giden emlägiň eýesi. Dorsona onuň gürrüňini soňuna çenli diňläpdir. Soňam oňa nämedir bir zatlary salgy berýän terzde iki-üç gezek kişňäpdir. Ine, şol kişňemelerden kän wagt geçip-geçmänem obanyň daşynda ýabany atlaryň sürüsi peýda bolupdyr. Ýigit olary görüp, bir bada hiç zada düşünmändir. Soň ähli zat aýan bolupdyr. Gojalyşan atlar bilen ene ýabylar taýçanaklaryny yzyna tirkäp, sürä baş bolup gelipdirler. Dorsona hojaýyn dostuna başyny egipdir. Ol hem Dorsonanyň bu hereketine aňryýany bilen düşünipdir. Ol golaýda salnan onlarça atlara niýetlenilip giň hem kaşaň saldyran at ýatagynyň agzyny açyp «Hoş geldiňiz!» diýen äheňde olara ýol görkezipdir. Soňam täze gelen atlary arpadyr bugdaý bilen, terje otlardyr ýorunja bilen lezzetläpdir. Şunlukda, özleriniň oba adamlarynyň hyzmatynda duran diňe bir Dorsona däl, onuň garamagyndaky ýabany atlar hem özleriniň soňky ykballaryndan müňde bir razy boldular. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |