DÖRT ÖKÜZ
Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda dört öküz bar eken. Olar bir özleri bolup gök otlukly meýdanda semräp, mes bolup ýörer ekenler. Hemişe ysyrganşyp ýören açgöz ýyrtyjylar hem olaryñ yzyndan aýrylmaz ekeni. Günleriñ birinde öküzler özara maslahata ýygnanypdyrlar:
ㅡ Dostlar, maña gulak asyñ - diýip, hemmeden garry öküz söze başlapdyr.
ㅡ Goñşy obada bir daýhanyñ üç sany öküzi bar. Daýhan olary ter ýorunjadyr arpa bugdaý bilen bakýar. Onsoñ öküzler bolsa onuñ gije gündüz hyzmatyny edýärler. Göwnüme bolmasa, eldekileşdirilen öküzleriñ durmuşy biziñkiden müñ paý gowy ýaly. Biziñem daýhanyñ hyzmatynda bolmagymyz gerek.
ㅡ Ýok dost, sen ýalñyşýañ - diýip, ikinji öküz onuñ pikirine garşy çykypdyr.
ㅡ Daýhan öküzleriñ boýnuna tanap salyp, olar bilen uzakly ýyl ýer sürýärler, meniñ-ä bir gysym ýorunja üçin agyr işiñ astynda maýrylasym gelenok.
Ol gaty bir beýle-de däl. Daýhan hemme wagt ýerini sürüp ýörenok, diñe güýzde sürýär. Ýylyb başga mahalynda bolsa öküzleriñ edýän işleri ýok. Sowuk düşdügem daýhan öküzlerini ýyly jaýda saklaýar. Olary ýorunja bedesi bilen bakýar. Biz bolsak bu ýerde gyşyna iýmit gözläp heläk bolýarys. Meñki bir maslahat bermek, galanynam özüñiz görüñ!
Ýerinden lañña galan üçünji öküz:
ㅡ Dostlar, maña-ha şu erkana, hezil, eşretli durmuşy taşlap, işlemäge git diýmäñ! - diýip, olara çürt kesik jogap beripdir.
Şonda gartaşan öküz:
ㅡ Ýeri, körpe dost: ''Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar'' diýipdirler. Senem bu barada öz pikiriñi aýt - diýip, kiçi öküze sala salypdyr.
Kiçi öküz ýerinden turupdyr-da:
ㅡ Dostlar, biziñ hemmämiziñ ula gulak asmagymyz gerek. Ulular ýalñyşmaýarlar. Olar bir iş etjek bolanlarynda ýedi ölçäp, bir kesýärler. Meniñ özüm-ä şu ýyrtyjy, açgöz gaplañ-ýolbarslardan ýaña gaçyp goranyp, halys ýadadym. Şolardan uzagrakda bolsak kem bolmajak ýaly. Men olardan öler ýaly gorkýaryn ㅡ diýipdir.
ㅡ Sen olardan birjigem gorkmaㅡdiýip, oña üçünji öküz garşy çykypdyr.
ㅡ Biz dört ahyry, dört bolsañ, seniñ garşyña çykjak güýç bolmaz. Ýadyñdamy arada garry ýolbarsy edäýşimizi, ol biziñ şahalarymyzyñ salan ýaralaryndan ýaña heniz-henizler aýñalmaýan bolsa gerek. Şonuñ üçinem geliñ, öñkümiz ýaly agzybirje bolup ýaşabereliñ.
ㅡSen ýalñyşýañ dostㅡdiýip, gartaşan öküz onuñ bada-bat jogabyny beripdir.
ㅡÝolbarslar köplük, mydama-da bizi garawullap ýörler, olar biri-birimizden sähel arany açdygymyz güpbasdy etjekler. Özlerem soñky wagtlar bulara degýän awçy beýlekilerem ýok, şonuñ üçinem olar süri-süri bolup gezýärler. Ine men şolardan howatyrlanýaryn.
Soñra ol bu meseläni gola goýupdyr. Şonda ol diñe kiçi öküziñ öz tarapyndadygyna göz ýetiripdir.
Ine şol günüñ ertesem öküzler ikä bölünipdirler. Garry öküz bilen kiçi öküz daýhanyñka baryp, onuñ hyzmatynda ýören köne dostlaryny hem uzagyrakdan synlap, olaryñ bolşuna ýürekleri awap gaýdar ekenler.
Aradan aý-aýlanyp, ýyl geçipdir. Günleriñ birinde-de olaryñ üstüne duýdansyzlykda, ýolbars sürüsi çozupdyr. Birbada-ha iki öküz olar bilen söweşe-de girjek bolupdyr. Emma ýolbarslar olary sypdyrarly däl eken. Öküzler alaçsyz gaçmaga başlapdyrlar. Ýolbarslar yzlaryndan kowupdyrlar. Özleriniñ aman sypmajagyna gözleri ýeten öküzler, zeleliñ ýaryndan gaýtmakda bir peýda diýäge-de, ýüzlerini köne dostlaryna bakan öwrüpdirler. Özlerem aýylganç molap ses edipdirler. Ýetdim-ýetdim, öldüm-öldüm diýlende, olar özlerini zordan oba atypdyrlar. Nämäniñ-nämedigine göz ýetiren daýhan bolsa öýünden tüpeñini alyp çykypdyr, birki gaýta asmana ok atypdyr.
Tüpeñ sesini eşiden ýyrtyjylar bolsa yzlaryna bakan ýelk ýasapdyrlar.
Gorkularyndan ýaña aýaklarynyñ üstünde zordan titreşip duran bu iki öküz janawerler-ä ýerlerinden hem butnamandyrlar, olar öz eden işlerine puşman edipdirler. Daýhan olaryñ ikisini hem getirip, agyldaky öküzleriñ arasyna goşupdyr, öñlerine-de terje ýorunja döküpdir. Kyn günlerinde özlerine hossar tapynan bu iki ýabany öküz hem mundan beýläk daýhanyñ hyzmatynda galmaklygy makul bilipdirler.
Goçy Annasähedow.
Ertekiler