16:04

Daglyk Garabag döwleti ýaşamagyny bes eder

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 387 | Добавил: yaran_yagmur_9 | Теги: Ketrin Armstrong | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Gurgencli  
324
Döwlet guramalary ýapylar ýaly döwlet bardymy ol ýerde? 91-den bäri hiç haýsy ýurt garaşsyzlygyny ykrar etmedi, 91-den öň ssriň baknasy, soňra Ermenistanyň bir welaýaty, indi bolsa Azerbaýjana geçdi. Daglyk garabag respublikasynyň döwlet guramalaryny haçan gurdularka?

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Howa, ony döwlet diýip hatda Ermenistan hem ykrar etmän geçdi. Diňe Garabag ýurtbölüjileriniň özlerinden başga Garabag barada şu sözüň (döwlet) ulanylan ýeri ýok. Diňe şu makalada duş geldim, onda hem ýurtbölüjileriň beýannamasyň dili boýunça aýdylýar. Ýaňsy diýip kabul etmegem bolar, emma awtoryň beýle manerada sözleýänini ynam bilen tassyklap bilmeris.

Umuman, berlen informasiýa çynlakaý, emma "döwlet" diýlişini geleňsiz hasap edýärin. "Garabag resmileri" diýişi dagy garabaglylaryň döreden hyýaly dünýäsinde ýaşap ýörendigini aňladýar. Umuman, bu kän geňem däl, awtor Ermenistanda gezip, ermeni raýatlary we garabag ermenileri bilen gürleşip, işleşip ýör. Onsoň şolaryň leksiksyny ulanmaga öwrenişen bilara çemeli. Olaryň-a şeýle ýagdaýda-da "hor-hory" galmandyr, žurnalistem aýdanlaryny ýazmaga endik edipdir.

Nedir şanyň mürzesi tarapyndan ýazylan bir ýyl taryh ýazgysynda Nedir şaga söweşsiz boýun egen Hindistan soltany barada "şalaryň şasy, şöhraty äleme dolan, asmanyň ýalkany, bagtyýar soltan" diýip, gözgyny ýesir barada pöwhe-pöwhe sözler ýazyşy ýaly bir zatdyr-da. Ýaňsylab-a ýaňsylanok, ýöne çynlygyna özem ynanýan däldir. Bize bolsa nähili atlandyrsa-da berýän maglumatlary möhüm. Bizden baryp gürrüňleşjek, maglumat aljak, surata düşürjeg-ä ýok. Onsoňam şu günler diňe ermenistanlylar däl, iň bärkisi garabaglylar hem hatda rus žurnalistleri bilenem gürleşmäň, ýüzüni sowýarlar diýýär. Bu düşnükli. Diňe günbatar žurnalistlerine şeýdip içlerini açýarmyşlar. Bulam düşnükli. Olar hökman birinden haraý isleýärler. "Bir ýerde bize kömek etjek, biziň üçin söweşjek, bizi gowy görýän haýyrsöýer jemagat bardyr" diýip pikir edýärler. Kimdir birleri ýadyňyza düşdüňmi? Azerbaýjanlar bolsa diňe özlerine daýanýarlar. Ne Gündogara, ne Günbatara, ne Demirgazyga, ne Günorta. Kime şöýenseň şoňa elgarama bolýandygyňa olar taryhdan ders alyp göz ýetirdiler.

Ýöne Daglyk Garabagyň otuz ýyllap ermenileriň doly ygtyýarynda bolandygy çyn. De-fakto Azerbaijandan özbaşdakdy, de-ýure bütin dünýä tarapyndan Azerbaýjanyň topragy hasaplanýardy. Bu "iki jahan owarramlygy" hakykatda garabag ermenilerine-de bähbitli däldi, gönenýän diňe "garabag urugy" boldy. Halkam şolardan bez bolup, gozgalaň turuzdy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]