10:01 Döwlet gursañ, türkmeni çagyr | |
DÖWLET GURSAÑ, TÜRKMENI ÇAGYR
Taryhy makalalar
• Oguz han Türkmenden gaýdýan döwletlilik ýolumyz hakynda söhbet Türkmenlerde nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniñ jöwher paýhasyndan dörän, asyrlar boýy mynasyp nesiller tarapyndan ösdürilen we kämilleşdirilen, döwründe dünýą nusga bolan kämil döwlet dolandyryş ulgamy bolupdyr. Bu ulgam taryhymyzyñ gadymy döwürlerinde ýüze çykyp, asyrlaryñ talapkär tejribesinden geçip, biziñ günlerimize gelip ýetipdir. Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "Ruhnamasynda" gadymy hem müdimi halkymyzyñ Oguz han Türkmen tarapyndan esaslandyrylan şol döwletlilik ýoly, nusgalyk döwlet gurluşy we şunuñ esasynda türkmen jemgyýetinde kemala gelen durmuş sazlaşygy barada şeýle gymmatly maglumatlar getirilýär: "Oguzyñ buýrugyna görä, ähli halky üçe böldüler. Akyldarlara, bilimlilere, hasapçylara mal we dowar jem etmek, harç etmek, girdeji we çykdajynu hasaplamak, kethudalyk, wezirlik we ýazyjylyk berdi. Batyrlara serkerdeligi berdi. Çakgan kişilere kement berip, ak bakmaga gönderdi. Bilimsiz, sada kişileriñ eline taýak berip, düýe, sygyr we goýun bakmaga gönderdi". Maglumatlardan görnüşi ýaly, nesilbaşymyz Oguz han Türkmen adamlary döwletdäki we jemgyýetdäki eýeleýän orunlaryna ukyp-başarnyklaryna görä, biri-birinden tapawutlanýan durmuş toparlaryna bölüpdir. Eger gowy üns berilse, getirilýän maglumatlardan türkmen jemgyýetinde şindi gadymy zamanlarda üç sany durmuş toparynyñ: (1) emeldarlaryñ [akyldarlar we hasapçylar], (2) harbylaryñ [batyrlar we çakgan kişiler] we (3) döwlete salgyt töleýän hem-de zähmet borçlaryny ýerine ýetirýän ilatyñ [bilimsiz we sada kişiler] bolandygy görünýär. ■ Eýsem-de bolsa, türkmenlerde pygamberleriñ hatarynda görülýän Oguz han atamyz, bir görseñ täsin nusga, unudyp bolmajak dessur, bir görseñ keramat bolup görünýän bu düzgüni näme üçin, nähili maksatlaryñ hatyrasyna girizdikä? Bu mesele içgin öwrenilende, onuñ aslynda DÖWLETLILIK, milli BITEWILIK hem-de türkmen jemgyýeti üçin hemişe zerur bolan sagdyn DURMUŞ SAZLAŞYGY baradaky atalyk alada görünýär. Döwletlilik taryhy müñýyllyklar bilen ölçelýän türkmenleriñ döwleti edara etmek dessurynda, durmuş sazlaşygy meselesi hemişe hökümdarlaryñ üns merkezinde bolupdyr. Oguz han tarapyndan esaslandyrylan bu gurluş asyrlar boýy dowam edip, diñe bir türkmen döwletleri üçin däl, eýsem dünýäniñ köp ýurtlary üçin hem nusga bolup hyzmat edipdir. Çünki, jemgygeti dolandyrmagyñ şeýle usuly islendik döwletiñ içinde saklamasy örän kyn bolan durmuş sazlaşygyny emele getiripdir. Durmuş sazlaşygy bolsa, döwletiñ daşky howpsuzlugy bilen bir hatarda, onuñ içki howpsuzlygyny hem-de rowaç ýaşaýşyny üpjün edýän baş şertleriñ biridir. Jemgyýetiñ içki bitewiligini emele getirýän üç sany durmuş topary bilen bir hatarda, döwletiñ ilatyny sany boýunça deñ derejede iki golda ýerleşdirnek (çep we sag gollar ýa-da ganatlar) tejribesiniñ hem uly ähmiýeti bolupdyr. Bu düzgün boýunça döwletiñ ýerini, ýurdumyzyñ häzirki döwürde welaýatlara bölünişi ýaly, tutýan meýdanyna we ilat sanyna görä, deñ ikä bölýärdiler. Türkmen jemgyýetiniñ aýrylmaz bölegi bolup durýan durmuş toparlarynyñ gatlaklarynyñ sany hem gollaryñ ~ ganatlaryñ ikisiniñ içinde hem birmeñzeş bolupdyr. Bu örän oñaýly dolandyryş usuly hasap edilýär. Göç edilende, ýörişlere gidilende ýa-da söweşlerr halka hem-de goşuna öwretmek gerek däldir: begler, töreler, aksakallar we serkerdeler buýruk berilmezden derrew öz durmaly, ýerleşmeli ýerlerini, gollaryny, ganatlaryny kynçylyksyz tapyp bilýärdiler. Çünki, bu düzgünler müñýyllyklardn gelýän üýtgewsiz dessurlardy. Oguzlaryñ gadymy dessur esasynda "iç oguzlary" we "daş oguzlary" bolup oturmak däbi hem hut şu dolandyryş ulgamyndan gelip çykýandyr. "Ruhnamada" oguzlaryñ 24 taýpasy, olaryñ Oguz han tarapyndan öz ata-baba ýurdunda ýerleşdirilişi, türkmen döwletiniñ dolandyrylyşy we edara edilişi barada gürrüñ edilende, olaryñ ýerleşişlerine görä, iki goldan durandyklaryny hem belleýär. Aýdylanlary kitabyñ "Bozuk -kowumlary sag goldur", Üç ok - kowumlary sol goldur" ýa-da "Şondan soñ alty ogla Bozok we Üçok lakamy kesgitlenildi we olaryñ sag hem-de çep ganatlary aýratyn atlandyryldy" diýen setirleri hem doly tassyk edýär. Oguzlaryñ gadymy däplerine görä, tagtyñ mirasdary hemişe sag goluñ häkimi wezipesini eýeläpdir, çep goluñ häkimi bolsa baş serkerdäniñ ornuny tutýardy. Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "Ruhnamasynda" getirilýän gynmatly maglumatlardan we we ýokarda şekillendirilen çyzgydan görnüşi ýaly, türkmenler ýurt tutunyp oturyşlaryna görä, iki goly ýa-da iki ganaty, her gol bolsa içinde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly üç sany durmuş toparyny emele getiripdir. Jemgyýetiñ üç sany durmuş toparyndan ybarat bolmagy, döwletiñ bolsa şeýle usul bilen iki ganatda ýerleşdirilmegi, onuñ dolandyryşyny ee edara edilişini ýeñilleşdiripdir, howsalaly döwürlerde döwletiñ howpsuzlygyny üpjün edipdir hem-de ýurduñ ähli raýatlaryny bir maksada gönükdirip, olary bir hökümdaryñ daşyna jemläpdir. Meşhur hytaýly taryhçy Syma Sýanyñ ýazmagyna görä, Oguz türkmenleriniñ Beýik Hun döwleti hem ýerleşişine we onuñ goşunlarynyñ düzülişine görä, iki goldan ybarat bolupdyr. Taryhçynyñ aýdanlaryny onuñ Hun döwletindäki wezipeler hakynda berýän maglumatlary hem tassyk edýär: 1). Gündogar we Günbatar Toky begi, 2). Gündogar we Günbatar begi, 3). Gündogar we Günbatar beýik serkerdesi, 4). Gündogar we Günbatar duýuýy, 5). Gündogar we Günbatar Danhu, 6). Gündogar we Günbatar Gutlugy. Wezipeleriñ we derejeleriñ öñünde "Gündogar we Günbatar" sözleriniñ getirilmeginiñ sebäbi, bu döwlet iki ganatdan sag (Günbatar) we çep (gündogar) ganatlardan durupdyr. Geçmişde milletimiziñ Oguz han tarapyndan esaslandyrylan bu özboluşly dessuryny ulanmaga synanyşan halklar az bolmandyr. Basybalyjy Çingiz han hem bu ulgamyñ gürrüñsiz artykmaçlygy görüpdir. Ol öz döreden wagşy döwletini şu düzgün boýunça edara etmäge çalşypdyr, nesillerine-de şony wesýet edipdir. Emma maksat-myradyñ, niýet-päliñ düzüw bolmasa, nähili kämil gurluşy kabul edeñde-de, onuñ peýdasy ýok! Üstesine-de, ýoýlan, ýasama zatlar uzak dowam etmeýär. Şonuñ üçin hem ýykgynjy nesil tarapyndan Zeminiñ dürli künjeklerinde döredilen "mongol döwletleri" diýilýänleri, döreýişleri ýaly hem dünýä taryhynda ýakymsyz yz galdyryp, tiz ýitip gitdiler. Geçmişde türkmenleriñ döwleti edara etmek, adamlary jemgyýetdäki eýeleýän orunlary boýunça ýerleşdirmek däpleri, dünýäniñ köp ýurtlaryndakydan düýpli tapawut edýärdi. Elbetde, Gündogaryñ gadymy döwletleri bolan Hytaýda, Ýaponiýada, Koreýada, Wizantiýada, Sasany döwletinde we başgalarda hem jemgyýeti gatlaklara bölýärdiler. Emma bu ýurtlardaky jemgyýetçilik bölünişigi, esasan, adamy adamyñ ezmegine we sütem etmegine daýanýardy. Ýaman ýeri, jemgyýetçilik durmuşynyñ iñ kyn wezipeleri hem ilatyñ köp bölegini öz içine alýan öndürijileriñ (daýhanlar, senetçiler, hünärmentler) boýnuna ýüklenen öndürijileri hatda goşun gullugyna-da alýardylar. Dogrusy, goşun hem, esasan, şolaryñ hasabyna düzülýärdi. Ady agzalan döwletlerde, asyrlaryñ dowamynda bolup geçen köp sanly halk gozgalañlarynyñ sebäplerini hem adatça, hut şeýle adalatsyz durmuş gurluşyndan gözleýärler. Halkymyzyñ taryhy tejribeleriniñ hatarynda, onuñ döwründe dünýä nusga bolan KÖP MILLETLI DÖWLETI DOLANDYRMAK tejribesiniñ hem uly ähmiýeti bolupdyr. Oguz hanyñ guran türkmen döwleti, soñra asyrlaryñ geçmegi bilen Oguz türkmenleriniñ Beýik Hun, Gök türk[men]leriñ, Gaznaly, Beýik türkmen Seljuk, Yrakdaky we Rumdaky Seljuk, Osmanly, Sefewi döwletleri, Delidäki türkmen soltanlygy ýaly başga-da ençeme köp milletli döwletlere öwrülipdir. Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "Ruhnamasynda", Oguz türkmenleriniñ Beýik Hun döwletini esaslandyran meşhur hökümdar Mete hanyñ gysga wagtyñ içinde "26 döwleti häkimiýetiniñ astynda ýygnady, olary 84 welaýata böldi" diýip ýazmagy aýdylanlary añry ýany bilen tassyk edýär. Aslyýetinde türkmen döwletleri diýlende, Zeminiñ çar künjeklerinde döredilen köpmilletli döwletler göz öñüne gelýär. Şu döwletleriñ içki gurluşy içgin öwrenilende-de, Oguz hanyñ jemgyýeti dolandyryş tejribesini aýdyñ görmek bolýar. Ýöne türkmen jemgyýetiniñ içindäki şol üç durmuş toparyny syýasy-ykdysady taýdan pugta, özara baglanyşdyrýan gural hem iññän zerur bolupdyr. Şol gural bolsa, Oguz hanyñ işläp düzen hem-de Oguz döwletini dolandyrmak üçin saýlap alan nusgalyk dolandyryş ulgamydyr. Dürli müñýyllyklarda we asyrlarda ýaşap geçen türkmen döwletlerinde şol dolandyryş ulgamyny dürli hili atlandyrypdyrlar. Ýöne nähili atlandyranda-da, neneñsi usul bilen durmuşa ornaşdyrylanda-da, olaryñ ählisi mazmun taýdan birdir ~ meñzeşdir. Oguz han atamyzyñ esaslandyran dolandyryş ulgamy Beýik Seljuk döwletinde, Rumdaky Seljuk döwletinde "ikta", Osman türkmenleriniñ imperiýasynda "sypaýy", "sypahyçylyk", Delidäki türkmen soltanlygynda bolsa "jagir" diýip atlandyrylypdyr. Oguz han Türkmeniñ döwleti dolandyrmak dessurynyñ iñ kämil derejelere ýetirilen we ösdürilen türkmen döwletleriniñ biri-de Osman türkmenleriniñ döwleti bolupdyr. Bu döwletde ähli gatnaşyklaryñ bähbitleriniñ sazlaşygyny döretmek we her toparyñ durmuşdaky ornuny anyk kesgitlemek üçin osmanly jemgyýetinde üç sany durmuş toparyny döredipdirler. Bu durmuş gurluşu taryh ylmynda "sypaýy ulgamy" ýa-da "sypahyçylyk" ady bilen bellidir. Sypahyçylyk ulgamy türkmen halk döredijiliginde belli bir derejede yz galdyrypdyr. "Gül-Senuber" dessanynda şeýle setirler göze ilýär: "Imdi sypahyçylyk öwrengil diýdi". Bu barada Abdysetfar Kazynyñ "Jeñnama" eserinde-de aýdylýar: "Eger maña ýene bihet* sypahy". Sypaýy ulgamy boýunça ilatyñ içinde 1) "galam adamlary", 2) "gylyç adamlary", we 3) "raýatlar" diýlip atlandyrylýan durmuş toparlary döredilipdir. Mysaldan görnüşi ýaly, bu toparlaryñ her biriniñ jemgyýetdäki orny gadymy däpler esasynda Osmanly soltanlary tarapyndan kesgitlenilipdir. Kanun boýunça gylyç adamlary ýörişlere gatnaşmalydy, ýurdy goramalydy, galam adamlary soltanyñ hökümetini dolandyrmalydy, ýurdy edara etmelidi. Raýatlar bolsa önüm öndürip, döwlete salgyt tölemelidi. Başky iki gatlakdan tapawutlylykda, raýatlar dolandyryş işlerine, goşun gullugyna alynmaýardy, ýörişlere gatnaşdyrylmaýardy. Ýagny, olar diñe önüm öndürmek we haryt bolçulygyny döretmek bilen meşgullanýardylar. Türkmenleriñ döreden bu ulgamy döwletiñ umumy işleriniñ bähbitleri üçin soltanyñ her bir raýatynyñ bähbitlerini sazlaşykly bir ýere jemläpdir we birikdiripdir. Türkmenler özleriniñ ýurt edinen ýerlerinde däp bolup gelýän milli dolandyryş usullaryny berkarar etmek bilen, aýratyn hem Wizantiýanyñ we Balkanlaryñ isaýy (hristian) ilatynyñ durmuşunyñ düýpgöter gowulanmagyna ýardam etdiler. Türkmenler bu ýerlerde dowam edip gelen baş-başdaklygy we ynsany ynsanyñ kemsitmegi ýaly ýowuz düzgünleri ýok etmek bilen çäklenmän, ençem halklary Ýewropada kemala gelen we asyrlar boýy dowam eden zulumdan-sütemden hem azat etdiler. Osman imperiýasynyñ düzümine giren hristian halklarynyñ ýaşaýyş, durmuş şertlerini, Günbatar we Gündogar Ýewropanyñ "krepostnoý" daýhanlarynyñky (gul ýaly ezilýän) bilen deñeşdireniñde, olaryñ emläk we hukuk derejeleriniñ arasynda uly tapawudyñ bardygyny görmek bolýar. Zähmetkeş adamynyñ durmuşynyñ Orta asyrlarda kyn bolandygyna garamazdan, osmanly raýatlarynyñ ýagdaýy, ýewropaly daýhanlaryñkydan düýpgöter tapawutlanyp, olar iş ýüzünde-de, hukuk taýdan-da hiç haçan özleriniñ erkinligini ýitirmändiler. Ýeri işläp bejerýän daýhanyñ ýeri kanun boýunça gylyç adamlaryna ýa-da galam adamlaryna (olary "sypaýy" diýip atlandyrýardylar) berilýärdi. Şunda daýhan salgydy döwlete däl-de, kanun boýunça ýañky agzalan adamlara töleýärdi. Adalatly ýeri, bu iş iki tarapyñ hem razylygy boýunça amala aşyrylýardy. Eger-de daýhan öz ýerini taşlap, başga bir işiñ başyny tutsa, onda ol sypaýylara "çift bozan" (ylalaşygy bozan manyda) ýetiren zyýany tölemelidi. Ýagny, daýhanyñ sypaýa ýetiren zyýany tölenilmelidi. Eger-de, sypaýy hem daýhan babatynda öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, düzgüni bozsa, şeýle emeldarlara we serkerdelere haýal edilmän çäre görlüpdir. Şeýlelikde, sypaýy bilen raýatyñ arasyndaky gatnaşyklar deñhukukly ýagdaýda bolupdyr. Sebäbi kanun olaryñ ikisi üçin hem deñdi. Eger-de sypaýy özüne berlen wezipeden hyýanatçylykly peýdalansa ýa-da eden-etdilige ýol berse, raýat hem öz borçlarya sowuk-sala garasa, olary ýerine ýetirmekden boýun gaçyrsa, onda olaryñ ikisine-de soltanlar tarapyndan temmi berlipdir. Bu durmuş gurluşynyñ ylymda "sypaýy ulgamy" ("sipahi" - "harby") diýilip atlandyrylandygyny biz eýýäm belläpdik. Şu ulgam Orta asyrlarda dünýäde ulanylan dolandyryş tejribesiniñ ynsanperwer usuly hasap edilýär. Sebäbi köp ýurtlaryñ alymlarynyñ ýazmagyna görä, bu gurluş "synplaryñ we gatlaklaryñ bähbitleriniñ özara sazlaşygyny" ("synpy garmoniýa") emele getirýärdi. Sypaýy ulgamy Osman döwletiniñ merkezleşmeginde we onuñ döwründe dünýäniñ iñ kuwwatly döwletine öwrülmeginde uly hyzmat görkezdi. Käbir alymlaryñ ýazmagyna görä, bu ulgam Osman imperiýasyny "bitewi bir uly soltan mülküne öwrüpdir". Türk taryhçysy Halyl Ynaljyk bolsa, "Osmanlylaryñ ekerançylyk ulgamy döwletiñ harby islegini daýhanlar babatynda durmuş adalatlylygyny üpjün etmek bilen bagtly baglanyşdyrypdyr" diýip tassyklaýar. Goşa dyrnagyñ içindäki jümleleriñ manysy, sypaýy ulgamunyñ imperiýany bitewi bir agzybir maşgala öwrendigini añladýar. Osmanly döwletinde asyrlar boýy dowam eden dolandyş ulgamy we jemgyýetçilik gurluşy türk taryhçylary tarapyndan hem içgin öwrenilipdir. Belli taryhçylar O.L.Barkan, Ý.H.Uzynçarşyly, H.Ynaljyk, T.Gökbilgin, M.Akdag bu meselelere aýratyn üns beripdirler. Sebäbi bu meseleleriñ ylmy taraplary bilen bir hatarda, olary öwrenmekligiñ syýasy sebäpleri hem bardy. XIX-XX asyrlaryñ sepgitlerinde we XX asyryñ başlarynda, Osman imperiýasynyñ düzüminden çykyp, özbaşdak bolan slawýan ýurtlarynda bu türkmen döwletiniñ taryhyna kembaha garamak ýaly ýaramaz meýiller ýüze çykyp başlady. Bu ýurtlaryñ käbir alymlary taryhçylaryñ halkara maslahatlarynda Osmanly döwletiniñ taryhy bilen baglanyşykly esassyz pikirleri orta atmaga synanyşýardylar, her hili ýollar bilen Osmanly döwletiniñ dünýä taryhyndaky ornuny peseltmäge çalyşýardylar. Şonuñ üçin hem XX asyryñ 60-70-nji ýyllarynda türkiýeli hem-de günbatarly taryhçylar halkara ylmy maslahatlarynda türkmen taryhynyñ bähbitlerini gorap çykyş etmek bilen şeýle meýilleriñ esassyzdygyny subut etdiler. 1964-nji ýylda taryhçylaryñ XII Halkara kongresinde T.Gökbilgin öz garşydaşlarynyñ Osmanly döwletiniñ taryhy bilen baglanyşykly tekrarlamalarynyñ nädogrudygyny görkezdi. Ol "Osmanlaryñ ekerançylyk ulgamy öz döwrüniñ ölçeglerine laýyklykda, durmuş adalatlylygyny gazanmaga gönükdirilipdi we hiç haçan hem şu ulgamda dolandyryjylar bilen dolandyrylýanlaryñ arasynda oñşuksyzlygyñ ýüze çykmagyna bahana döretmändi" diýip belläpdir. Beýleki türkmen imperiýalary ýaly, Osman döwleti hem ägirt uly ýerleri öz içine alýan köp milletli döwletdi. Ýöne asly arassa, adyl türkmen soltanlary içeri syýasatda milletçilige, dinparazlyga ýol bermeýärdiler. Adamlaryñ diline, dinine, milletine garamazdan, hemmeler döwletiñ öñünde deñdiler. Şonuñ üçin hem osmanly köşgünde, welaýatlary dolandyrýan "sanjak begleriniñ" edarasynda türkmenlerden başga-da dürli halklaryñ wekillerine-de köp duşmak bolýardy. Olar türkmen dilini öz ene dilleri ýaly bilip, Osmanly döwletine wepalylyk bilen gulluk edýärdiler. Şeýle adalatly dolandyryşyñ netijesinde üç yklymda ~ Aziýada, Afrikada we Ýewropada ýerleşen bu ägirt uly türkmen döwletiniñ taryhynda milletara we dinara, aýratyn hem gatlaklar arasyndaky çaknyşyklar hiç haçan bolmandyr. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |