DÖWLET GURSAÑ, TÜRKMENI ÇAGYR
Taryhda geñ galaýmaly hadysalar bolýar. Osmanly türkmenler Gündogar Ýewropany eýelemänkäler, bu ýerlerde gulçulyk döwründen miras galan "krepostnoýçylyk" düzgüni dowam edýärdi. Bu düzgün boýunça döwletleriñ ilaty az sanly begzadalaryñ elindedi. Halk köpçüliginde ne emläk, ne-de hukuk bardy. Olara edil mal kimin eýeçilik edip, öldir ýaly işledýärdiler, eýeleri islän wagtlary olaryñ hatda janyny hem alyp bilýärdiler. Slawýan we slawýan däl isaýy begzadalarynyñ "birinji nika gijesine bolan hukuklary" aýratyn ýigrenji dessur bolup, ol ynsanlaryñ mertebesini we namysynu depeleýärdi. Osmanly türkmenler tarapyndan Gündogar Ýewropa eýelenenden soñ bu ýaramaz düzgünler, ýek görülýän dessurlar ýatyryldy. Bu ýerleriñ öñki ähli hukuksyz ilaty ("krepostnoýlar") "raýat" diýlip yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, raýat diýlip döwletiñ doly hukukly adamlaryna aýdylýar. Raýatlyk düzgüni boýunça ýerli begzadalaryñ krepostnoýlara bolan ähli hukuklary ýatyryldy. Deñeşdirip görüñ, slawýanlara "hossar" çykan Russiýanyñ özünde hem krepostnoýçylyk hukugy 1861-nji ýylda ýatyrylypdy! Slawýanlar bilen dinibir, ganybir garyndaş bolsalar-da, türkmenler ynsany kemsidýän, onuñ adamçylyk mertebesini depeleýän bu düzgüni Gündogar Ýewropada baryp XIV asyrda ýatyrypdylar ahyryn! Gündogar Ýewropanyñ millionlarça ilaty öz milletlerinden bolan "bir jan - bir ten" ezijilerinden azat boldy. Olar indi başga dinlidiklerine garamazdan, türkmen soltanlarynyñ musulman raýatlary bilen deñhukuklydylar. Asyrlaryñ gulçulygyndan çykyp, jemgyýetiñ doly hukukly agzasyna öwrülen täze raýatlar, ýylyñ dowamynda diñe bir gezek soltana salgyt töleýärdiler. Şunuñ bilen hem olaryñ döwletiñ we jemgyýetiñ öñündäki ähli borçlary tamamlanýardy. Öñler uruşdan gözi açylmaýan adamlary, täze eýe bolan döwletlerinde, indi goşunçylyga-da almaýardylar, ýörişlere-de äkitmeýärdiler. Şonuñ üçin hem diñe bir Türkiýäniñ taryhçylary däl, eýsem Günbatar Ýewropanyñ hem köp sanly alymlary Kiçi Aziýada we Balkan ýarym adasynda oturan isaýy halklaryñ Osman imperiýasynyñ düzümine girizilmegini, şol halklaryñ gulçulyk krepostnoýçylyk zulmundan azat edilmegi hökmünde häsiýetlendirilýärler.
Oguz han, Gorkut ata we Görogly eýýamlarynda türkmenler dünýäde halkara gatnaşyklaryny kesgitleýän halklaryñ esasylarynyñ biridi. Bu döwürlerde aýry-aýry künjeklerde häkimiýet ugrunda çykyşlar bolaýmasa, halk çykyşlary düýbünden diýen ýaly bolmaýardy. Sebäbi döwletiñ edara edilişi, jemgyýetiñ guralyşy türkmenleriñ Oguz han tarapyndan kesgitlenilen gadymy däpleri esasynda alnyp barylýardy. Gynançly ýeri, XVIII-XIX asyrlardan başlap, türkmenleriñ ata-baba hökümdarlyk eden Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyñ içki işlerine Ýewropa döwletleriniñ gatyşyp başlamagy bilen, halkara gatnaşyklaryny kesgitleýän syýasy merkezler üýtgäp başlady. Sebitiñ kä o ýerinde, kä bu ýerinde milletara, dinara we döwletara dawalary, keseki halklary bakna etmek ýaly ýaramaz syýasat öñe sürlüp başlady. Çünki, ýewropalylar türkmenler tarapyndan döredilen we asyrlar boýy ulanylan bu taryhy tejribäniñ ähmiýetine we ornuna düşünmeýärdiler. Olar asyrlar boýy dünýäniñ ägirt uly giñişliklerinde höküm sürüp gelen türkmen döwletleriniñ içinde ýaşap oturan halklary merkezi häkimiýete garşy küşgürýärdiler, olarda milletçilik ýaly ýaramaz gylyklary öjükdirýärdiler. Netijede Osman imperiýasynyñ ýykylmagy bilen emele gelen milli döwletleriñ aglabasy soñra içki oñşuksyzlyklara we döwletata jenjellerine ulaşyp gitdiler. Bu ýagdaý tä XX asyryñ ahyrlaryna çenli dowam etdi. Ýugoslawiýadaky we Yrakdaky howsalaly wakalaryñ dowamynda, ýewropaly we amerikaly syýasatşynaslar türkmenleriñ bu sebiti asyrlar biýy dawa-jenjelsiz, agzybirlikde nähili dolandyryp bilendiklerine haýran galýardylar. Bu ýerde geñ galar ýaly zat ýok. Onuñ bar syry türkmenleriñ tertip-düzgünli we adalatly hökümdarlygynda. Sebäbi türkmen döwletleriniñ düzümine giren beýleki halklar hem şu adalatly nusga boýunça dolandyrylýardy. Netijede döwletleriñ köp milletlidigine garamazdan, hemmeler soltanyñ öñünde, onuñ milletine, dinine we diline garamazdan deñdiler. Türkmen soltanlarynyñ köşklerinde türkmen begzadalary bilen bir hatarda, dürli milletleriñ wekillerini hem görmek bolýardy. Olar türkmenler bilen birlikde, köşgüñ islendik uly wezipelerini eýeläp bilýärdiler.
Oguz han Türkmeniñ dolandyryş ulgamynyñ kämillik derejesine ýetirilen ýerleriniñ biri hem türkmenleriñ Delidäki döwleti (1206-1526 ý.ý.) boldy. Aýbeg Soltan (1206-1210 ý.ý.) tarapyndan esaslandyrylan bu türkmen döwletinde ýurdy dolandyrmak üçin gadymy ýörelgeleriñ esasynda "jagir ulgamy" işlenip düzüldi we Hindistanda döwleti dolandyrmagyñ esasy hökmünde kabul edildi. Jagir ulgamy boýunça Hindistanyñ welaýatlaryna "Jagirdarlar" iberilýärdi. Jagirdarlar tanymal serkerdeler ýa-da döwlet emeldarlary bolupdyrlar. Her bir jagirdar öz welaýatynda kesgitli mukdarda nöker saklamalydy, döwleti goramalydy hem-de döwlet hazynasyna raýatlardan salgyt ýygnamalydy.
Bu ulgam boýunça türkmen soltanlary hindi jemgyýetini Oguz hanyñ gadymyýetde edilşi ýaly, üç topara bölýärdiler: 1) jagirdarlar (harbylar), 2) zemindarlar (ýerli begzadalar), 3) raýatlar (önüm öndürip, salgyt töleýänler)
Jagirdarlar Türkmenistanyñ hem-de onuñ bilen sebitdeş ýerlerden soltanyñ özi bilen Hindistana gelen türkmen begzadalarydy, serkerdeleridi we ýönekeý nökerlerdi. Bu adalganyñ ýüze çykmagy hem türkmenleriñ Hindistana gelmekleri we ýurt tutunmaklary bilen baglanyşyklydyr. Şol döwrüñ türkmen dilinde "jagir", "jagir edinmek" - ýerleşmek, jaý tutmak, ornaşmak, ýurt tutunmak ýaly manylary añladypdyr. Türkmeniñ meşhur weziri, serkerdesi we şahyry Muhammet Baýram handa şeýle setirler bar:
"Musulmanu-hinduga * bardyr mydam,
Işiginde jagir üçin bagyñ".
Zemindarlar şindi türkmenler Hindistana gelmänkäler, bu ýurdy edara eden ýerli begzadalar we gurply adamlar bolupdyrlar. Raýatlar hakynda gürrüñ edilende bolsa, olary Hindistanyñ salgyt töleýän ilaty bilan daýhanlar we senetçiler, hünärmentler, söwdagärler emele getirýärdiler.
Jagir ulgamy boýunça, Delidäki türkmen soltanlygynda ýaşaýan ilatyñ jemgyýetdäki orny kesgitlenýärdi. Jagirdarlar döwleti dolandyrmaga we goramaga gatnaşýardylar. Has düşnükli edilip aýdylanda, olar serkerdeleriñ, nökerleriñ we emeldarlaryñ wezipesini eýeleýärdiler. Soltan çagyran mahaly jagirdarlar özleriniñ häkimlik edýän ýerlerinden soltan tarapyndan kesgitlenilen mukdardaky nökerleri bilen paýtagta gelýärdiler.
Jagirdarlar adatça, 500-1000 sany nöker getirmäge borçly edilýärdi. Şunça mukdardaky goşuny jagirdaryñ ekläp-saklap bilmegi üçin, soltan olara "jagir ýerlerini" berýärdi. Giçkiräk döwürde jagirdarlyk ýerli halk bolan hindi begzadalaryna hem berlipdir. Olar hem edil türkmen begzadalary ýaly, soltan üçin kesgitli mukdardaky nökerleri saklamaga we getirmäge borçly edilýärdi. Kähalatlarda uzakdaky jagirdarlar öz çykdajylaryny azaltmak we girdejilerimi artdyrmak maksady bilen soltan tarapyndan kesgitlenilen mukdardan az nöker saklaýarlardylar. Emma türkmen soltanlary jagirdarlaryñ öz gulluk wezipelerini neneñsi ýerine ýetirýändiklerini barlamak üçin häli-şindi ýerlere barlagçylary iberýärdiler. By meselede aýratyn hem türkmen soltany Alaeddin Halaj[y] (1296-1320 ý.ý.) berk syýasat ýöredipdir. Alaeddin Halaç hindi jagirdarlarynyñ hökümeti aldamazlyklary üçin olaryñ nökerleriniñ atlaryny tagmaladýar eken. Öñler atlar tagmalanmaýarka, barlagçy gelendr, 500 nökeriñ ornuna 250 nöker saklaýan jagirdar, öz goñşy jagirdaryndan 250 atlyny çagyryp getirip hem-de olary öz nökerleri bilen goşup soltanyñ barlagçylaryna görkezýär eken. Soñra ol öz 250 nökerini, "kömege" gelen 250 nökeriñ üstüne goşup, goñşy jagirdary "halas etmäge" ugradypdyr. Şeýdip, öñler ýerli açgöz jagirdarlar soltany aldaýar ekenler. Indi, atlar tagmalanandan soñra, jagirdarlarda beýle mümkinçilik bolmandyr. Sebäbi her jagirdaryñ nökerleriniñ atlatyna hökümdaryñ buýrugy bilen aýratyn tagma basylypdyr.
Türkmen soltanlary jagirdarlardan köşk we wezipeli adamlary hem jemleýärdiler. Olar döwleti edara etmek we dolandyrmak işlerinde soltana ýakyndan ýardam edýärdiler. Zemindarlar, ýokarda bellenip geçişi ýaly, ýerli hindi begzadalaryndan we gurply adamlardan düzülip, olar özlerine zemindarlyga (eýeçilige) berlen ýerlerden soltanyñ haýryna salgyt ýygnaýardylar. Zemindarlar ýygnalan salgydyñ soltan tarapyndan kesgitlenilen möçberini özlerinde alyp galyp, galanyny döwletiñ hazynasyna tabşyrýardylar. Zemindarlaryñ jagirdarlardan tapawudy, olar harby we köşk gullugyna alynmandyr, olaryñ esasy wezipesi soltana raýatlardan salgyt ýygnap bermekden ybaratdy.
Raýatlar türkmenleriñ hökümdarlyk eden Hindistan ýurdunyñ iñ köp sanly ilatydy. Olar edil Osmanly döwletindäk ýaly, goşun gullugyna alynmandyr, ýörişlere we uruşlara gatnaşdyrylmandyr. Olaryñ baş wezipesi döwletde we jemgyýetde önüm öndürmek we haryt bolçulygyny döretmekden ybaratdy. Raýatlar, onuñ daýhandygyna, senetçiligine, hünärmentdigine we söwdagärdigine garamazdan, şerigatda görkezilen we soltan tarapyndan kesgitlenilen mukdarda we ölçeglerde döwlete salgyt töleýärdiler. Mysallardan görnüşi ýaly, jagir ulgamynda-da Oguz han Türkmeniñ jemgyýeti adalatly dolandyrmak däbiniñ yzlary mese-mälim görnüp dur. Bu ulgam Hindistanda asyrlar boýy dowam edipdir we özüñi dolandyryşyñ iñ kämil hem-de netijeli usulydygyny görkezipdir. Bu ulham Delidäki türkmen soltanlygynyñ 300 ýyldan-da gowrak wagt dowam eden taryhynda çalşyp bolmaýan, oñyn usul hökmünde ýaşapdyr.
Hindistanda Delidäki türkmen döwletiniñ ornuna gelen Beýik Mogollaryñ döwletinde-de bu usul türkmenleriñ ajaýyp mirasy hökmünde üýtgewsizligine kabup edilipdir we bu döwlet ýykylandan soñ hem (1859 ý.) tä XIX asyryñ ahyrlaryna ~ XX asyryñ başlaryna çenli dowam edipdir. Hindistanyñ taryhyny öwrenen dürli ýurtlaryñ alymlary jagir ulgamynyñ Ekber Soltanyñ (1556-1606 ý.ý.) dolandyran döwründe has-da kämilleşdirendigini biragyzdan belleýärler. Şu ýerde bir hakykaty boýun almaly: meşhur türkmen serkerdesi we döwlet işgäri Muhammet Baýram han Türkmen Ekberiñ terbiýeçisidi. Ekber şindi kämillik ýaşyna ýetmänkä, mogollaryñ döwletini Baýran han edara edipdi. Owganly serkerdeleriñ Ekberiñ kakasy Humaýunyñ elinden häkimiýetini almaklary bilen ýurduñ dolandyryş ulgamy bozulypdy. Şonuñ üçin hem Sefewi türkmenleriniñ kömegi bilen häkimiýetini gaýtaryp alan Humaýun, dolandyryş işlerini ýola goýmaga ýetişmedi. Ol aradan çykandan soñ, Hindistanda dolandyryş ulgamyny täze patyşanyñ ýaşlygy üçin Baýram han ornaşdyrmaly bolupdy. Hut şonuñ üçin hem Mogol döwleti Ekberiñ döwründe rowaç aldy.
Türkmenleriñ dolandyryş ulgamyny iñlisler hen belli bir derejede ulanypdyrlar. Hindistany Angliýa öz kolonoýasyna öwreninden soñ, bu usul iñlis dolandyryjylary tarapyndan belli bir derejede kämilleşdirilipdir we kabul edilipdir. Hindistanda XVIII asyryñ ahyrlarynda iñlisleriñ girizen "zemindary" we "raýatwari" ulgamlary hem türkmen soltanlary tarapyndan baryp-ha XVIII asyryñ başlarynda girizilen jagir ulgamynyñ esasynda kemala gelipdir.
Mysallardan görnüşi ýaly, Delidäki türkmen soltanlygynda girizilen bu oñaýly usul hindi jemgyýetinde durmuş sazlaşygyny emele getiripdir. Sebäbi bu düzgün boýunça jemgyýetde her bir adamynyñ, her bir gatlagyñ orny kesgitlenilipdir. Dogry, bu düzgün boýunça adamlar ukyp-başarnyklaryna görä, bu durmuş toparyna geçip hem bilipdir. Meselem, başarjañ, zähmetsöýer we gurlpy raýatlar zemindarlara öwrülip bilipdirler ýa-da tanymal hem-de täsirli zemindarlar jagirdarlarlyk derejelerini alyp bilipdirler. Diýmek, tertip-düzgüniñ nähili berk bolandygyna, durmuşda we işde her kimiñ öz ornunuñ kesgitlenendigine garamazdan, adamyñ durmuş we hukuk derejeleri üýtgewsizligine galmandyr. Ýagny, ol emele gelen ýagdaýa görä, kämilleşdirilip we üýtgedilip bilnipdir.
Türkmenleriñ Hindistanda girizilen we asyrlar boýy ulanan bu oñyn düzgüni hindi jemgyýeti tarapyndan oñlanypdyr. XX asyrda Hindistanyñ taryhy boýunça A.Ý.Aly, K.M.Aşraf, Ý.H.Han, P.N.Çopra, M.Ýasin ýaly ýerli musulman we indus taryhçylary küt-küt kitaplary ýazdylar. Ýöne şol kitaplaryñ hiç birinde-de bu oñyn düzgün hakynda ýaramaz zatlar aýdylmaýar. XX asyr hindi taryh ylmynyñ gözbaşynda duran we onuñ kerwenbaşysy hasaplanylýan Jatunath Sarkar ýaly "indusçyl" taryhçylar hem türkmenleriñ döreden we Hindistanda asyrlar boýy ulanan bu dolandyryş ulgamyna uly baha berýärler. Galyberse-de, bu ulgam Hindistanyñ merkezleşmegine we onuñ häzirki zaman araçäginde örän uly döwletiñ emele gelmegine-de oñyn täsir etdi. Sebäbi Delidäki türkmen soltanlygy esaslandyrylmanka, Hindistanda biri-birinden üzñe, hatda özara oñuşmaýan köp sanly ownujak döwletler bardy. Türkmenleriñ Hindistanda döwlet esaslandyrmaklarynyñ we bu ýurdy edara etmekleriniñ netijesinde şol döwletleriñ ählisi merkezleşdirilen bitewi bir döwlete birikdirildi.
Hawa, gadymy hem müdimi milletimiziñ nesilbaşysy Oguz han Türkmeniñ pähim-paýhasy bilen kämil ee nusgalyk dolandyryş ulgamy döredilipdir. Bu ulgamy ösdürmek we asyrlaryñ taryhy tejribesinden geçirmek işini Oguz handan soñ Ärsak şa, Mete han, Bumyn han, Bilge Kül Kadyr han, Mahmyt Gaznaly, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Saltyk Gazy, Meñgüýçli Gazy, Gara Ýusup, Uzyn Hasan, Osman Gazy, Aýbeg Soltan, Alaeddin Halaç ýaly beýik hökümdarlar dowam etdiripdirler. Şeýdibem Saparmyrat Türkmenbaşynyñ belleýşi ýaly, "Oguz hanyñ düzen beýik düzgün-nyzamly döwletleri müñ ýyllyklara uzapdyr..."
Oguz hanyñ esaslandyran adalatly döwlet dolandyryş ýoly üçünji müñýyllygyñ sepgidinde Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan täze zamananyñ talaplary esasynda gaýtadan dikeldildi. Binýady gadymy däpleriñ esasynda tutulan jandan eziz Garaşsyz hem baky Bitarap döwletimiz gysga taryhy döwürde Saparmyrat Türkmenbaşynyñ taýsyz tagallalarynyñ netijesinde dünýäniñ nusgalyk döwletleriniñ birine öwrüldi. Halkymyzyñ Oguz han Türkmen tarapyndan esaslandyrylan döwletlilik ýoly hakyndaky söhbetimizi Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "Ruhnamasyndan" alnan dürdäne setirler bilen tamamlamak isleýäris:
"Türkmeniñ bäş eýýamynda köp hem dürli ýol-ýörelgeler ýüze çykdy we durmuşa ukyplylygyny görkezdi. Hut şol ýollar bilen gidip, türkmen türkmenligini görkezdi. Türkmeniñ ýoly belentlikden belentdir".
Jumadurdy ANNAORAZOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyñ kafedra müdiri.
# edebiyatwesungat_2005
Taryhy makalalar