DÖWRÜMIZE DIŇ SALYŇ!
Säher turup,
Böwrüňize diň salyň,
Pyşyrdap güneşe beriň salamy.
Sähel durup,
Döwrümize diň salyň,
Salyň soňam göwnüňize salany.
Halal işler ýagşylyga öwürer,
Elwan güller bilen bezäp ykbaly.
Paýhasly oýnalyň,
Beýik döwüre
Ömrüňiz goşulyp-garylar ýaly.
Mahal-mahal döwrümize diň salyň,
Gulagyňyza baky mukam eşidiler.
Bir pursatlyk oýa batyp, dem salym,
Ýatlaň,
Sütün-sütün ärler geçdiler.
Döwüre diň salmak goý, bolsun kada,
Sonda bu durmuşyň gadyr-gymmaty –
Öwrülmän gündelik adaty zada,
Barha arzylanyp,
Artar hümmeti.
▶"DÖWRI SARSDYRAN ON ÝYL"
Zehinim dyňzaýar çarpaýa galyp,
Ýürek karar tapar gowzasa şu gün.
Bitarap ilimiň ilçisi bolup,
Razy men gitmäge dowzaha şu gün.
Şu gün iliň akymyna goşulup,
Men keseki däldigime begendim.
Onuň beýik akylyna goşulup,
Aýdym ýazsam tylla şaýa degerdim
Watan waspy maksat tutup köňülde,
Sil bolup bowediň gursagyn deşýär.
Garaşsyzlyk seýilgähiň öňünde,
Gurulan heýkeller ýadyma düşýär.
Inda türkmen gyzlar egni küýzeli,
Suw akydyp teşneligi ýakyp dur.
Şeýle menem ýüregimiň küýsegi,
Goşgularym ile tarap akyp dur.
Geldim ömrüm ykbalyňa garmaga,
Maňa söýmek berilmändir pynhandan.
Razy şu gün öwezine dolmana,
Zelilini boşatsalar zyndandan.
Jöwzaly sährada çadyr dikeýin,
Jelaleddin soltan demin dürsesin.
Ýazgylarna demir daşlyk tikeýin,
Başyma täç edip beýik mürzesin.
Watan üçin başyn goýan pederleň,
Niçik bolar hyzmatynda ýaş bolsam.
Başlaryny egip togap ederler,
Magtymgulyň heýkelinde daş bolsam.
Beýik pirleň ellerne suw akytjak,
Garawullap gezip olaň golaýyn.
Ilim seni bakylyga äkitjek,
Tigirlere birje halka bolaýyn.
Heňňamlar aýlansa güýçlini seçip,
Tsgynym gaçsa-da armanym näme.
Başga biri meniň ornuma geçip,
Seniň tizligiňe bat berer täze.
Dilime çolaman şonda hyzmatym,
Zyňylsa möwritin ötüren halka.
Çünki köpi haýran edip kysmatym,
Has golaý bolaryn watana, halka.
* * *
Halkym saňa del bolandan,
Tamdyryňda kül bolaýyn.
Oduň öçrüp ýel bolandan,
Kesewiňde gül bolaýyn.
Näme bolsam, şol bolaýyn,
Saňa zerur zer bolaýyn.
Baky uka giden günüm,
Bir mukaddes ýer bolaýyn.
▶ ESGER RUHUNUŇ SEDASY
Ýaýdan çykan peýkam ýaly atylyp,
Şaglap inen bürgüt deýin topuldym.
Garpyşamda “aýy kimin asylyp”,
Eden esger kasamymda tapyldym.
Bermedim duşmana,
Ujun kelebiň,
Gulaklaryna gurşun bolup dykyldym.
Ýöne şeýle boldy,
Işi pelegiň,
Söweş meýdanynda ýüzin ýykyldym.
Ykbalyma düşen paýdan razy,
Watan!
Razy,
Ömrüm saňa şan bolan bolsa.
Saňa bagyşlardy alysda ýatan,
Ogluňda ýene-de jan bolan bolsa.
Ile ysnat getirýänden däl-ä men,
Ýaşaman ýakynlaň billerin büküp.
Bosagada oturmasyn Käbämem,
Çöňňelen gözlerin ýollara dikip.
Galdym men taryhyň otly döwründe,
Ýetişmedim göwün guşun saýradyp.
Gamly gözlerinde,
Gamgyn göwnüňde,
Tükeniksiz ahmyr baryn gaýnadyp.
Gelse-de möňňürip aglaberesi,
Sessiz-üýnsiz ýuwdup ykbal derdini.
Nowjuwan Nowgülüm,
Gyzlaň seresi,
Ruhumy şat edýär ýazdan edebi.
Ýürekleri garradýan zat gussadyr,
Durmuşa gaýgy däl,
Söýgüdir laýyk.
Ýatlama gününde adym tutsalar,
Şondan Beýik Tagzym bolmaz, Halaýyk!
2004-nji ýylyň 15-nji ýanwary.
Goşgular