09:57 Dünýä belli türk ýazyjysy Ýaşar Kemalyñ aktrisa Gülriz Sururä lak atyşynyñ kyssasy | |
DÜNÝÄ BELLI TÜRK ÝAZYJYSY ÝAŞAR KEMALYÑ AKTRISA GÜLRIZ SURURÄ LAK ATYŞYNYÑ KYSSASY
Ýatlamalar
Ýaşar Kemalyñ ýaş aktrisa Gülriz Sururä lak atyşynyñ hekaýatyny eşdipmidiñiz? Ýazyjy hakdaky bu täsin ýatlamany Soner Ýalçyn 2008-nji ýylda çapdan çykan "Siz kimi aldaýarsyñyz?" (“Siz Kimi Kandırıyorsunuz”) kitabynda okyjylarynyñ dykgatyna ýetirýär. Ýöne şol günüñ dowamynda ýazyjy Ýaşar Kemal aktisanyñ hernäçe söbügini sypdyrman kowalap gidenem bolsa "awy ganly" bolmandyr. :) Gülriz Sururi ençeme ýyl geçenden soñ bu barada "Maña özüniñ "Inçe Mämmediñ" awtorydygyny aýdan bolsa, ýok diýmezdim. Gaýta, näme diýse etjeg-ä" diýip, keýpihon gürrüñ beripdir. Soner Ýalçyn kitabynda Ýaşar Kemal hakda başga-da öñ eşidilmedik kän-kän ýatlamalary paýlaşdy. Ol ýazyjynyñ türk teatrynyñ meşhur aktrisasy Gülriz Sururä we suratkeş Mualla Eýubogluna bolan söýgüsini-de okyjylarynyñ dykgatyna ýetirýär. • ÝAZYJY LAK ATÝAR Ýaşlyk ýyllarynda Ýaşar Kemal Gülriz Sururini miniawtobusda gysypdyr, hatda düşenlerinden soñ yzyndan "Hüşşt, kiçijik hanym, tanşyp bilerismi?" diýip gygyrypdyr. Soner Ýalçynyñ kitabynda Ýaşar Kemalyñ Mualla Eýubogly bilen bolan we boldurmak islän gatnaşyklary-da gürrüñ berilýär. • POLISIÝANY ÇAGYRARYN Soner Ýalçynyñ Gülriz Sururiniñ "Bir pursat geler" ("Bir An Gelir") atly kitabyna salgylanyp berýän maglumatynda aýdylşyna görä, bir gün Gülriz Sururi "Taksim" meýdanyndan miniawtobusa münüpdir. Ýolda barýarka bir ýigit oña gaýta-gaýta seredipdir, hatda dyknyşyp oturan adamlaryñ arasynda ony ýuwaşlyk bilen gysypdyram. Sururi belli bir wagtdan soñ muña çydaman awtobusdan düşüpdir, ýöne tutanýerli ýigit onuñ yzyndan galmandyr. Birnäçe ädim ýöränden soñ iri süñkli ýaş ýigit ýaş gyzynyñ yzyndan gygyrypdyr: "Hüşşt, hüşşt, kiçijik hanym, tanşyp bilerismi?" Bugdaýreñk ýigit "Polisiýany çagyraryn" diýen sözünden soñ ýaş gyzyñ yzyndan galypdyr. Gülriz Sururi şol "özdiýenli anadoly ýigidiniñ" adyny tiz wagtdan bilip galýar: Ýaşar Kemal!.. • GYZGYN SÖÝGI HATLARY Soner Ýalçyn kitabynda Ýaşar Kemalyñ beýleki ýaşlyk söýgüsi Mualla Eýubogly hakda-da aýdyp geçýär. Soner Ýalçyn doganlar Sabahatdin we Bedri Rahmi Eýuboglylaryñ uýasy Mualla Eýýuboglynyñ "Hett güneşi" ("Hitit Güneşi") kitabyna salgylanyp berýän maglumatynda Ýaşar Kemal nirä barsyn-nirden gelsin, Mualla Eýuboglyna gyzgyn söýgi hatlaryny zol ugradyp durar eken. Eýýubogly Ýaşar Kemalyñ özüne bolan söýgüsini şeýle gürrüñ berýär: "Ýaşar Kemaly men Hasanoglandan Ankara agam Sabahatdini görmäge gelende tanadym. Meniñ onuñ bilen agam tanyşdyrdy. Şol wagt ol özüne Gögçeli diýerdi. Heniz Ýaşar Kemal bolup ýetişmändi. Päk ýürekli, arassa oglandy. Maña şol ýyllar aşyk boldy". (300-nji sahypa). Şeýle-de bolsa, Mualla Eýubogly ýazyjynyñ söýgüsine jogap bermändir, belli bir wagtdan soñam Robert Anheggere durmuşa çykypdyr. Ýaşar Kemal bolsa Tilda hanym, onuñ 2001-nji ýylda aradan çykmagyndan soñ Aýşe Semiha Baban bilen nikalaşypdyr. Ýawuz RENÇBERLER. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||