22:39 Dünýämizi düzeldiñ, ahyretimizi özümize goýuñ | |
DÜNÝÄMIZI DÜZELDIÑ, AHYRETIMIZI BOLSA ÖZÜMIZE GOÝUÑ
Publisistika
Milli agzybirligiñ we giñ gerimli jebisligiñ güýçlendirilmegi üçin nämeleri etdiñiz? Arap informasiýa ministrlerine ýüzlenip ýazan hatynda doktor Muhammet Rumeýhi mediýa pudagyny ösdürmek üçin amala aşyrylmaly dört missiýany kesgitledi. Bu missiýalary şular ýalyrak görnüşde gysgaça sanap bilerin: ýurduñ geljekki köpgyrañlylyhy bilen tutanýerli, anyk strategiýany kabul etmek. Žurnalistika pudagyndaky täze ýumruk salgamalara jogap berýän ylmy-tehniki bilim. Howpsuzlygy goramak we şübheli ýa-da ýalñyş maglumatdan gaça durmak. Şeýle-de mediýany real durmuşyñ aýnasy we ähli jemgyýetçilik añyrky meýilnamasynyñ, ýönelmeleriñ görkezijisine öwrülen söz azatlygy we informasiýa akymy prinsipimi kabul etmek. ("en-Nahar" gazeti, 28.05.2024 ý.) Hiç kimse bu dört kesgitlemäniñ ähmiýetine garşy çykmazmyka diýýärin. Bularyñ mediýa we bilim ulgamlary ýaly medeni kwalifikasiýadaky işler üçin gaýragoýulmasyz möhüm ähmiýeti bar. Emma käbir adamlar bu pikiriñ häzirki real ýagdaýlarymyzdan ötri amala aşyrylmagyna garşy çykyp biler. Mysal üçin, uly maksatlary göz öñüne tutan mediýa syýasatymyzyñ bardygyny we munuñ jemgyýetimiziñ şertlerine we zerurlyklaryna kybap strategiýadygyny pikir edip bilerler ýa-da söz azatlygyny giñeltmegiñ haosa giden ýol bolmagyndan gorkup bilerler. Bu pikiri öñe sürýänler Liwanda şaýat bolunan we graždanlyk urşuna getirendigini aýdyşlary ýaly tutumly söz azatlyklaryny (başga mysal bilmeýändikleri üçin) mysal hökmünde görkezmäge öwrenişipdirler. Şübheli ýa-da kemter bilgi meselesine geler bolsak, ujypsyzja maglumata rugsat berilse, düzümindäki ýalanyñam ujypsyz boljagyny pikir edýärler. Bular praktikada nägilelik bildirselerem prinsipde hiç kimiñ garşy çykmaýan ýerleridir. Goşmaça çekişmeler bu pikiri özüne gönükdiren oppozisiýamyñ alamatlarymdan has köp zady tassyklaýar. Eýse mediýa strategiýasyna eýe boak nämäni añladýar? Rumeýhi häzirkizaman döwletiniñ umumy kabul etmelerine ters gelýän mediýa praktikalaryna-da ünsi çekýär. Mysal üçin, ýolgörkezijilik we dini düşünje berme tüýsüne bürenen adamlar ýa-da gepleşikler arkaly mifiki we belki-de batyl ynanç medeniýetine höwes oýarylmagy ýaly. Bu ýagdaý hökümetiñ rasionallyga höweslendirmek we ylmyñ jemgyýetçilik hem-de şahsy durmuşda kabul edilmegi babatdaky prinsipine ters gelýär. Metbugat organlary durmuşyñ ugurlarynda pähim-paýhasyñ hökümlerine ýüzlenmegiñ nädogrudygyny açyk aýdýanlary höweslendirende okiw jaýlarymyzda tankydy çekişmä we tankydy pähim-paýhasa nädip çagyryş edip bileris? Şol bir wagtyñ özünde mediýa bu düşündirişlere jogap bermäge-de mümkinçilik bermeýär, çünki bu mantyga sygmaýan zatlaryñ mukaddes tarapynyñ bardygyny kabul etdik. Şu pikirden, ýagny mazmun we forma taýdan resmi prinsipler bilen çapraz düşmezligiñ gerekliliginden ugur alyp şu soragy orta atasym gelýär: Döwlet belli medeni ýa-da ideologiki prinsipleri kabul etmelimi we soñabaka bu prinsipo goldamak üçin jemgyýetçilik güýjüni (mysal üçin mediýa we bilim sistemasyny) ulanmalymy? Meniñ gözüme-hä bu soragyñ jogaby Gündogar bilen Günbataryñ arasyndaky iñ esasy çapraz nokatlaryñ biri. Gündogarly elitalar umuman alanda döwletiñ ideologiki ýa-da medeni prinsipi oñlama we adamlary bu prinsiplere eýermäge çagyrma hukugyna eýedigini aýdýar. Günbatarda höküm sürýän ýene bir pikir bolsa ideologiki prinsipiñ oñlanmagynyñ mejbury taýdan resmi prinsipden tapawutly ýa-da oña çapraz her pikiriniñ gyrakladylmagyna getirjekdigi baradadyr. Günbatarly elitalar diñe wekilçilik maksady bilen döwletiñ adamlaryñ dünýäsine jogapkärdigini aýdýarlar. Ahyret bolsa adamlaryñ şahsy jogapkärçiligidir ýa-da iñ azyndan buthana we halkyñ guran dini edaralary ýaly mejbur ediji güýç çeşmelerine eýe däl beýleki taraplaryñ jogapkärçiligindedir. Din meselesinde şu pikiri öñe sürýänleriñ birem men. Men diniñ ýa-da döwletiñ öz dinini adamlara impozirlemeginiñ olaryñ peýdasyna bolmaýar diýip pikir edýärin. Emma muña ugurdaşlykda döwletiñ aýgytlaýjy we esasy wezipesiniñem milli agzybirligi täzelemek we güýçlendirmek, ownuk milli toparlary jemgyýetçilik ugrunyñ ýa-da milli jemgyýetiñ boýnuna dakjak bolýanlara garşy ownuk toparlary bir agza bakdyrýan milli jebisligi öñe sürmekdigine tüýs ýüregimden ynanýaryn. Bu iki wezipäni durmuşa geçirmeguñ iñ güýçli ýoly bilim we terbiýedir. Hormatly Arap informasiýa we bilim ministrleriniñ her gün irden bu iki pudakda işleýänlere berjek şu soragynyñ hemişe öñlerinde durmalydygyny pikir edýärin: Milli agzybirligiñ we giñ gerimli jebisligiñ güýçlendirilmegi üçin nämeleri etdiñiz? Tewfik SEÝF, Saud Arabystanly ýazyjy. Penşenbe, 30.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |