06:59 Adamlaryñ arasynda deñlik: Eýse deñlik näme? | |
ADAMLARYÑ ARASYNDA DEÑLIK: EÝSE DEÑLIK NÄME?
Publisistika
Bu makalamy raýatlaryñ arasynda deñlige we aýal-erkek deñligine garşy çykýanlara ýüzlenip ýazýaryn. Maksadym çekişmäniñ temasyny aýdyñlaşdyrmak hem-de şu boýunça soraglary düşündirmek. Meniñ pikirimçe käbirleri hökman bir gün şu soragyñ üstünden barýandyrlar: - Garşy çykýan deñligimiz nämäni öñe sürýär? Professor Amartýa Seniñ 1979-njy ýylyñ maý aýynda ABŞ-daky Stanford uniwersitetinde geçirilen seminarda eden çykyşynyñ sözbaşysy "Haýsy meselede deñlik?". Amartiýa Sen adalat düşünjesiniñ beýik teoretiki mysalyndan añsatlyk bilen hökümet syýasatynyñ çägine girip biljek ykdysady we üleşdiriji gurluşa öwrülmegine goşant goşan hindistanly ykdysatçy, filosof. Amartiýa Sen Jon Rawlsyñ başyny çekýän deñlikçi gatlagynyñ içinde kategoriýalandyrylýar. Emma Rawlsyñ deñlik meselesine degişli kesgitlemesine, ýagny "Syýasy jemgyýet nähili adalata gönükýär?" diýen soraga beren jogabyna garşy çykypdyr. Rawls "birinji derejeli çeşmeleriñ deñ üleşige" üns beripdi. Bularam şudy: "Adam hukuklary" şygarynyñ astynda ýer alan hak-hukuklar we azatlyklar. Hereket azatlygy we kär saýlap almakdaky erkinlik hem-de bu ikisiniñ arasyndaky halkyñ ygtyýarlygy. Girdeji we baýlyk emele getirmek. Sosial edara-kärhanalaryñ, döwlet edaralarynyñ adamlara özlerinden arkaýyn bolmagyny, özlerine ynanmagyny, işleýän ýerine buýsanmagyny we ýaşaýyş-durmuşlaryny üýtgetmekde höwesjeñ bolmaklaryny üpjün etjek formada hormat goýmaga borçlanmagy. Rawls sosial sistemanyñ ähli raýatlaryñ ýokarda sanan birinji derejeli çeşmelerden deñ peýdalanyp bilmegini ýola goýan guramaçylykly sferany üpjün etme borjuna baglydygyny aýdýar. Amartiýa Sen bolsa şeýle diýýär: "Aýdylýan çeşmeleri makul derejelerde üpjün etmek, maddy, kanuny we syýasy taýdan agyr ýükdür. Döwlet bu ýüki diñe jemgyýetiñ doly we hakyky ýardamy bilen göterip bilýär. Munuñ özi öñünden ýardam berip biljek ýagdaýda bolmagyny talap edýär". Ýokarda agzalan birinji derejeli çeşmeleriñ deñ üleşigi üçin kanuny esasyñ öñdenem bardygyny görkezýän hakyky synaglarymyz bar. Emma mundan diñe az sanly topar peýdalanyp bildi, sebäbi yzda galanlar sowatsyzdy. Ýa-da umumy ykdysady aýlanşyk bilen baglanyşykly däldi. Resmi dolandyryşda täsirli formada wekilçilik edilmeýärdi. Özüni jemgyýetçilik ulgamyndaky mümkinçiliklerden mahrum eden medeni ýa-da syýasy päsgelçiliklerden ejir çekýärdi. Şunuñ ýaly birnäçe sebäpden ötri yza galanlar birinji derejeli çeşmelerden peýdalanyp bilmedi. Rawlsyñ pikiri utgaşykly kanuny we ykdysady sistemanyñ bolan senagat jemgyýetlerinde peýdaly bolup biler. Ösýän jemgyýetlerde bolsa, şahslaryñ we umuman alanda ýerli jemgyýetiñ, yzagalak, hatda lagşan edaralarda işleýänem bolsalar-da, gündelik praktiki goşantlary bilen iş başyndaky sistemanyñ düzeldilmegine gatnaşmagyny üpjün etmäge üns bermeli. Amartiýa Seniñ pikiriçe deñligi durmuşa geçirmek, deñligi sosial-syýasy sistemanyñ düýp mazmuny hökmünde kabul etmäge iñ köp mätäçligi bolan adamlaryñ birinji derejede goşulan uzak wagtlaýyn bejergini talap edýär. Bu adamlaryñ gürrüñi gidýän müddete täsirli formada gatnaşyp bilmekleri üçin birinji derejeli gereklilik, sosial gatnaşyklar sistemasyny aýratynam halkdan gelen üýtgeşme girişmelerine açyk ýagdaýa getirýär. Şundan ugur alýan Amartiýa Sen halka durmuşyny gowulandyrma we milli ykdysady sazlaşyga baglama mümkinçiligini berjek esasy hyzmatlary üpjün etme tagallalaryna üns bermäge çagyrdy. Şol hyzmatlaryñ iñ esasylary: Bilim, saglygy goraýyş, maglumat çeşmeleri, maliýe kanallary, raýat-jemgyýetçilik guramalary. Şular ýaly düşündirişlerden soñ sözümiñ başyna dolanyp, raýatlaryñ arasynda deñlige ýa-da aýal-erkek deñligine garşy çykýanlara şu soragy beresim gelýär: Ýokarda aýdylan zat bilen döwlet duýgusy ýa-da Allanyñ haky ýa bolmasa Şerigat bilen çapraz gelýän näme görýärsiñiz? Munuñ özi deñlige garşy çykýanlaryñ öwrenişen we ilgezik zatlaryny gözden geçirip, giñ pikir etmekleri üçin edilen çagyryşdyr. Belki-de, şeýtseler, olar has owaldan basyrynyp ýatan käbir hususlara açyk-aýdyñ düşünip bilerler. Tewfik SEÝF, Saud Arabystanly ýazyjy. Çarşenbe, 11.03.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |