20:41 Eýnşteýn bilen garşylaşan bolsak, näme aýdardyk? | |
EÝNŞTEÝN BILEN GARŞYLAŞAN BOLSAK, NÄME AÝDARDYK?
Publisistika
Eger Eýnşteýn bilen tanyşan bolsak, megerem ata-babalarymyzyñ fizikada nämeleri edendigini aýdyp bererdik... Geçmişden şu güne musulmanlardan gelip ýeten ylymlar, aslynda özlerinden öñki beýleki halklardan miras alyp, bize ýetirenleridi. Soñra ýewropalylar arap ylymlaryny öwrendiler we kämilleşdirdiler. Yzyndan gezek bize geldi we ýewropalylaryñ taslan käbir ylymlaryny öwrendik. Ylym-bilimiñ tebigaty şeýle. Adamlar pikir we maksatnama işläp düzme müddetinde terjime, syýahat, bilelikde hereket etmek, pikir alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek arkaly biri-birleri bilen gatnaşýarlar. Her iş täze düşünjäni öndürýän iki pikiriñ utgaşygyny öz içine alýar. Daşary ýurtlardaky üýtgeşme talyplarynyñ siwilizasiýa ruhuny özgerdýän jemgyýetlerden jemgyýetimize geçirmekdäki potensial roly boýunça pikir alyşma degişli dürli düşündirişleri eşitdim. Käbir awtorlar muña položitel garaýandyklaryny agzaýanam bolsa, beýleki käbirleri otrisatel garaýyşda. Emma pikir alyşmanyñ özi maña gyzykly göründi. Oña gatnaşýanlaryñ hemmesi daşary ýurtly talyplardy. Bu pikir alyşmadan "ylymyñ bir şahasyny okamak bilen ylymyñ ruhuny açmagyñ arasyndaky tapawudy bilmekdigi" açyk görülýär. Ýüz müñlerçe arap talybynyñ onlarça ýyllap Günbataryñ ýokary okuw jaýlarynda okap ýa-da şuña meñzeş ugurda bilim maksatnamalaryna gatnaşyp gelendigini bilýäris. Bularyñ medeniýet renessansynyñ başlamagyna goşant goşmagy ýa-da medeniýet ruhuny geçirmegi näderejede mümkin? Pikir alyşma gatnaşanlaryñ köpüsiniñ muña şübheli garaýandygyny gördüm. Çünki gaýdyp gelenleriñ ep-esli wagtlap iş gözlejegini we aradan geçen wagtyñ dowamynda güzeran gaýgysynyñ olary gemrip gutarjagyny aýdýarlar. Şonuñ üçinem okan ýyllaryndaky pikirlerini ýatdan çykarýarlar we häzirki edýän işleri bilen oññut edýärler. Bular ýaly pikirleri eşidenimde gynandym. Aýdylýanlar hernäçe hakykata golaýam bolsa, mende göwnüçökgünlik döretdi. Sebäp ýagdaýyñ häzirki reallyga laýykdygyny öñki ýyllarda ýerli we daşary ýurtly ýokary okuw jaýlaryny tamamlan müñlerçe talybyñ mysalynda göre-göre gelýäris. Şol talyplaryñam watanlaryna peýda getirmek üçin islegleri, höwesleri bäri-bärde däldi. Dogrusy, bularyñ birnäçe gözleýän mümkinçiligini tapmanam, sözüni ýöredýän merkeze ýakynlaşmanam ýa-da onuñ bir parçasy bolmanam durmady. Emma getiren üýtgeşmesi welin juda az bolupdy. Eýsem munuñ sebäbi özi bilenmi ýa-da içinde ýaşap ýören jemgyýeti bilen baglanyşyklymydy? Ýa-da bu ikisindenem başga tapawutly faktor barmydy? Professor Ybraýym el-Büleýhiniñ "dokmädesireýän bolşumyzdan" ötri, ösen halklaryñ agzyna öýkünip ýa-da olar bilen ýaryşyp bilmejegimizi aýdandygy ýadyma düşýär. Biziñ bu bolşumyzyñ dürli formalara giren köp dürli wersiýalary bar. Bularyñ birem ylmy mirasymyzyñ, syýasy we dini taryhymyzyñ, hatda häzirki reallygymyzyñ gymmatyny pikir edende bolşundan bäşbeter pakgarmagymyzdyr. Ýogsam bolmasa, beýleki halklarda bolşy ýaly biziñem güýçli we gowşak taraplarymyz bar. Öwrülip özümize göz aýlasak, gowşak taraplarymyzyñ has kändigini göreris. Çünki şu günüñ ülñülerini kesgitleýän biz däl. Güýç, öñegidişlik, ululyk ülñüleri Günbatarda ykrar edilen normalardyr. Professor el-Büleýhi aramyzdan biriniñ döwrüniñ genial alymy Eýnşteýn bilen tanyşan ýagdaýynda, oña nämedir bir zatlary öwretmäge synanyşjakdygyny aýdýar. Bulam biziñ biri-birimizden peýdalanmakdaky gowşaklygymyzyñ iñ bärkije mysalydyr. Biziñ her birimiz maşgalamyzdan bolsun, daşardan biri bolsun, tapawudy ýok, başgalara akyl öwretmek isleýäris. Ynanar ýaly däl, amerikanlara prezidentlerini nähili saýlamalydygyny öwretjek bolýana-da gabat geldim. Muña hiç ynanasym gelmedi. Emma munuñ bilen birlikde her gün diýen ýaly hakykaty bolşundan bäşbeter çişirip ýa ýoýup görkezýän we öz gowşaklyklaryny boýun almaýan ýa bukjak bolýan adamlary görýärin. Bularyñ barsy özgeleriñ kemçiligi we nogsanlygy bilen başagaý. Bu mysal ähli reallygy açyp görkezmänem biler, ýöne munyñ dowamly gaýtalanyp durmagy, biziñ "dokmäde pakgarmalarynyzy" hasam güýçlendirýär. Eger Eýnşteýn bilen tanyşan bolsak, megerem ata-babalarymyzyñ fizikada nämeleri edendigini aýdyp bererdik... Tewfik SEÝF, Saud Arabystanly ýazyjy. Penşenbe, 16.07.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |