19:31 Zemzem suwy hakda näme pikir edýärsiñiz? | |
ZEMZEM SUWY HAKDA NÄME PIKIR EDÝÄRSIÑIZ?
Publisistika
Obýektiw ýa-da aç-açan hakykatdyr öýden zadyñyz aslynda şol röwüşe bürendiren şahsy kabul etmeleriñizden başga zat däl Geçmişde synagyñ pikiriñ-gipotezanyñ güýjüniñ ýa-da ýalñyşlygynyñ anyk subutnamasydygy aýdylýardy. Bu kada hem-ä praktiki hem-de teoretiki ylymlarda ýöreýärdi. Emma bu garaýyş Frensis Bekonyñ (1561-1626) "Novum Organum" kitabynyñ çap edilmeginden soñ güýjüni ýitirdi. Bu kitapda Bekon adam añynyñ kemala gelmegine goşant goşýan we şeýlelik bilen onuñ dünýägaraýşyna we derñewlerine täsir edýän añyñ dört idolynyñ gürrüñini edipdir. Aslynda bu pikir Bekondan öñem mälimdi. Emma onuñ eden işi ylmy agyrlygyny artdyrdy we şahslaryñ düşünjeleriñ üstündäki kesgitleýji täsiriniñ tutaryklaryny we ýollaryny düşündirdi. Şol wagtdan bäri subýektiw içerki düşünjäniñ we adamyñ özünden başga dünýäsi bilen baglanyşykly göz öñüne getirmeginiñ adamyñ has öñ şahsy synaglady bilen ýeten ýa-da töwereguniñ özüne beren ýa-da bilkastlaýyn pikir göreşlerinden soñ ynanan forma we kanagatlaryndan mejbury ýagdaýda täsirlenen bolup biljekdigi pikiri ylmy gatlaklarda ornaşdy. XX asyrda bitarap, ýagny, ylmy-barlagçynyñ añyndaky geçmişden täsirlenmeýän netijeleri gazanmak ähtimallygyny açmak maksady bilen tebigy ylymlary we tejribeleýin ylymlar bilen baglanyşykly synaglara aýratyn üns berildi. Şeýle synaglardan öñem düşünjeleýin şübheleriñ tebigy we praktiki ylymlardan başga gumanitar ylymlar bilen çäklenýändigi garaýşy höküm sürýärdi. Çünki gumanitar ylymlar daşarda emele gelen we ösen, aýratynam (şu garaýşa görä) ynsanperwer ugurlardan täsirlenmeýän beýleki ylymlaryñ tersine, añda şekillenip ösýär. Munuñ bilen birlikde bu müddet anyk hökümleriñ teoretiki, tebigy ýa-da praktiki ähli ylmy işlere täsir edýändigi babatda umumy ylalaşyk bilen soñlandy. Şu täsiriniñ ilkinji synyndan başlap, soñabaka çig mala gönükdirilen seljerme we laboratoriýa synaglaryndan netijeleriñ mälim edilen wagtyna çenli dowam edendigi aýdyldy. Ylmy barlagçy çig mallary öwrenmäge ýa-da jemlemäge başlanda, öñdenem bar bolan netijelerden täsirlenen ýörite gipotezalardan ýola çykýar. Başgasynyb däl-de, ýöriteläp şu gopotezalaryñ saýlanyp alynmagy, köplenç ylmy-barlagçynyñ sosial ýa-da ylmy çarçuwasyndaky agalyk sürýän ugurlary we hatda wagtal-wagtal onuñ dini we syýasy ugurlaryny simulirleýär. Şoña görä bir mysal bereli: hünärmenleriñ birine kesellere em bolýandygy baradaky meşhur garaýşyñ dogrudygyny ýa-da däldigini öwrenmek üçin zemzem suwuny barlap görmek tabşyryldy. Eger ol ylmy-barlagçy musulman bolsa, hökman zemzem suwunyñ medisina degişli we degişli däl peýdalaryny subut etmäge girişjekdir. Ähli musulmanlaryñ ynanmak isleýän gipotezasynyñ tersine, bu suwuñ saglyga zyýanly bolup biljekdigi ähtimallygyndan ugur almagy onçakly mümkin däl. Ha pikir, ha madda, ha-da adam bolsun, tapawudy ýok, adam bir zada seredende ony gözleri bilen däl-de, akyly bilen görýär. Gören zadyñy añyñda janlandyrandygyñ, ýagny oña düşünmek we manysyna göz ýetirmek üçin, çarçuwa döredendigiñ üçin düşünersiñ. Şonuñ bilen baglanyşyklylykda ylmy-barlagçynyñam ortaça adamdan tapawutlanýan ýeri ýokdur, çünki olaryñ ikisi-de añ-düşünje geçmişlerinden täsirlenýär. Şonuñ üçin birnäçe kişi bir zada seredýär we her biri ony dürli görnüşde kabul edýär. Şol bir habary eşidenlerden käbirleri mundan aglajak derejede täsirlense, beýlekileriniñ bolşy diñe geñ galmak bilen çäklener. Çünki habar olaryñ ýüregini sarsdyrmaýar ýa-da duýgularyny herekete geçirmeýär. Başgaça aýdanda, habaryñ düzüminde saklaýan ýüküñ tapawudyny bilenokkar ýa-da bu ýüküñ olar üçin manysy ýok. Mahlasy, sizem meniñ we beýlekiler ýaly hadysalara bitarap göz bilen seredip we olary şübheleriñizden özbaşdak görnüşde pikir edip bileñzok. Bu şübheler siziñ karara gelen zadyñyz däl, beýniñiziñ gurluşynyñ bir bölegidir we bir garaýyşda uzak wagtlap ornaşma ýoly arkaly kök salypdyr. Şonuñ üçinem, obýektiw ýa-da aç-açan hakykatdyr öýden zadyñyz aslynda şol röwüşe bürendiren şahsy kabul etmeleriñizden başga zat däl. Tewfik SEÝF, Saud Arabystanly ýazyjy. Penşenbe 05.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |