03:08 Remezanyñyz mübärek bolsun | |
REMEZANYÑYZ MÜBÄREK BOLSUN
Publisistika
"Höküm edişiñiz ýalam derñewe çekilersiñiz" Şu hepde ildeşlerimiziñ gözel ahlagy, hususanam ahlaksyzlara ýagşylygy ündemek, hoşroýlyk we ýagşylyk etmek, bizi zulum edenlere-de dil ýa-da el bilen ýamanlyk etmekden saklanmak, şuña meñzeş artykmaçlyklary gazanmak üçin amatly pursat hasaplanýan mübärek remezan aýy başlaýar. Käte şu söze garşy çykýanlaryñ we "Biri saña garşy erbet niýetde bolsa, senem oña erbet niýetde bol, saña ýumruk salgaýana ýumruk bilen garşylyk ber, erbede erbet bol" diýýänleriñ bardygyny eşidýärin. Belki-de, Amr ibn Kulthumyñ şu sözlerine goldanýandyrlar: "Hiç kimse bize garşy akmaklyk etmesin, Jahyllaryñ jahylyýetinden has beter jahyl bolarys" Şeýle pikirde gezýänler bilen jedelleşmek niýetim ýok. Emma şu pikiri ýa-da garşydaş pikiri oñlanda ýüzlenjek ölçegimiz hökmünde kadalaşdyrmagyñ gerekdigini duýdum. Bu kada meşhur nemes filosofy Immanuel Kantyñ öñe süren absolýut düzgüni ýa-da hemmetaraplaýyn hukuk pikiridir. Kant işe ynsan ruhunyñ içine seredip başlaýar we bu ýagdaý başgalar bolmazdan ýa-da başgalaryñ öwezine ony ýekeleşdirmäge getirse-de, onuñ tebigy taýdan maddy peýdalaryñ bolçulygyna çekilendigini görýär. Kant şu ýerde durýar we bu egoistik meýiliñ çeşmesini öwrenmäge çagyrýar: Dogabitdi eýelik edýän we añ taýdan kemala gelmegimiziñ bir parçasy bolan eýemsireme ekstensiallygymy? Ýa bolmasa dini, etniki, synpy ýa-da başga sebäpler bilen adamyñ başgalary kemsitmek ýaly töwereginden alan ynançlaryndan gelip çykýarmy? Kant hamana bular öñ başgalary, soñ biz, çagalarymyz we maşgalalarymyz üçinem güýjüni ýitirmeýän hemmetaraplaýyn kanun boljak ýaly derñewlerimize, gelýän netijelerimize, edýän işlerimize ser salmaga çagyrýar. Başgaça aýdanda, hemmetaraplaýyn kanun başgalaryna hödürleýänimiñ birmeñzeşine tabyn boljagymy añladýardy. Garşymdaky durany bir zatdan mahrum etsem, beýlekilerem maña şeýdip çemeleşme hukugyna eýe bolar. Olara ýalan sözlesem, maña ýalan sözlemekleri üçin gözläp ýören bahanalaryny berdigim bolar. Eger men we maşgalam şolarsyzam bir zady edinjek bolsak, olar näme islese şony almaklaryna, meniñ we olaryñ şärikdeş hulugynyñ bardygyny pikir eden her bir zadymdan meni mahrum etmeklerine rugsat berdigim bolar. Ýagdaý şeýle bolsa, hemmetaraplaýyn kanun hemmeler üçin deñ ýola goýlanydyr. Özüme başgalaryñ göwnüne degýän bir zat etmäge hukuk bersem, başgalaryñam meniñ göwnüme degmegine ýol beren täze kanunyny güýje girizdigim bolar. Eger garşy çyksam, "Seniñ özüñ bizden öñ geldiñ we kanun çykardyñ" diýmäge haklary bardyr. Atalar sözünde aýdylyşy ýaly: "Höküm edişiñiz ýalam derñewe çekilersiñiz". Bu pikiriñ täzelik däldigini, birnäçe köne pelsepewi we etiki ýazuw ýadygärliklerinde aýdylyp gelinişi ýaly, Kantyñ oýlap tapan zady däldigini nygtasym gelýär. Ondan has öñ bize ýakyn atlardan Hezreti Aly ibn Ebu Talyp (r.a) ogluna eden wesýetinde şeýle diýipdir: "- Oglum, özüñ bilen özgeleriñ arasynda sazlaşygy ýola goý. Özüñe isleýän zadyñy özgelere-de isle. Özüñe rowa görmedigiñi özgä-de görme. Zulum göresiñ gelmeýşi ýaly, zulumam etme. Saña edilmegini isleýän ýagşylygyñy başgalara-da et. Özgelerde göreñde halamajak zadyñy özüñ üçinem halama. Başgalaryñ bagtyna öz bagtyña guwanyşyñ ýaly guwan". Bir adam başgalara garşy özüni alyp barşynyñ düýp sebäbine düşünip biler. Özüni hak diniñ agzasy ýa-da has arassa, has ýokary millete, jynsa ýa-da has ýokary derejeli synpa degişli hasaplaýandygy üçin özüni ilden üstün saýyp biler. Hatda biri egoistik meýilleri we şeýle meýillere baglylygy keýpine biri-birine baglaýan (käte ýalñyş) tutaryklary tapmaga synanyşýar. Adam öz içinde oýlansa, şeýle hakykaty tapyp biljegine ynanýaryn. Haýyrly we yrsgal-bereketli aý geçirmegiñizi dileýärin. Şeýle-de, her birimiziñ gara nebsiniñ otukmalaryndan mümkingadar daşlaşma pursatyna eýe bolmagyny we şeýtmek bilen Rabbany rahmetiñ bir nyşany bolan sap adamkärçilik hakykatyna täzeden ýakynlaşmagyny arzuw edýärin. Remezanyñyz mübärek bolsun. Tewfik SEÝF, Saud Arabystanly ýazyjy. Penşenbe, 23.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |