17:57 Derbentden Stokgolma: Garaşylan öwrülişik sepgidi | |
DERBENTDEN STOKGOLMA: GARAŞYLAN ÖWRÜLIŞIK SEPGIDI
Publisistika
Kuran ýakma jenaýaty Ýewropanyñ medeni köpdürlilik, migrasion we integrasion syýasatlarynyñ aýrylmaz parçasyna öwrülip biler. Şeýle ýagdaýyñ birinji gezek bolup geçmeýändigini gowy bilýäris Şwed polisiýasy Gurban baýramy gününde ir säher bilen Kuran ýakjakdygyny we aýak astyna salyp depgilejekdigini jar eden Salwan Momikany goramak üçin ýurduñ paýtagty Stokgolmdaky Baş metjidiñ öñünde jemgyýetçilik howpsuzlygy gullugynyñ işgärlerini hatara duruzdy. Momika bu prowokasiýasyny ekstremistik sagçy herekete goşulandygyny görkezmek üçin etdi. Onuñ yrakly migrantdygy we bu hereketi bilen möhletinden öñ syýasy arena çykmaga edýän synanşyklaryny goldamagy üçin yslama duşmançylykly göz bilen garaýan gatlagy özüne çekmäge dyrjaşýandygy mälim. Şondan birnäçe sagat soñ Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin Hazar deñziniñ kenaryndaky Derbent şäheriniñ Baş Jumga mesjidine baryp gördi. Ol bu ýerde wideokameralaryñ garşysyna köne Kuran kitabyny kükregine gysýan we iki eli bilen gujaklaýan görnüşde çykdy. Ýanyndakylaram "mukaddes kitabyñ depgilenýän we döwletiñ raýatlarynyñ ynançlaryna hormat goýmaýandygyny görkezmek üçin hiç zat etmeýän beýleki ýurtlardakylaryñ tersine" rus döwletiniñ Kurana we ähli mukaddes kitaplara bolan hormatyndan, agzalarynyñ duýgularyna gönükdirilen islendik kemsidilmäni we göwne degilmäni ret edýändiginden söz açýardy. Kuran ýakma jenaýaty Ýewropanyñ medeni köpdürlilik, migrasion we integrasion syýasatlarynyñ aýrylmaz parçasyna öwrülip biler. Şeýle ýagdaýyñ birinji gezek bolup geçmeýändigini gowy bilýäris. Mundan öñ 2020-nji ýylyñ aprel aýynda we şu ýylyñ ýanwar aýynda birmeñzeş formalarda şeýle ýagdaý bolup geçipdi. Birinjisinde, bu waka polisiýanyñ we protestçi migrantlaryñ arasynda giñ gerimli çaknyşyklaryñ bolmagyna getiripdi, ýaralanlar bolupdy, awtoulaglar ýakylypdy we köp sanly adam tussag edilipdi. Soñky waka asly alžirli ýaş ýigit Nael Marzoukiniñ (Nail Merzuki) 27-nji iýunda polisiýa işgärleri tarapyndan öldürilmeginiñ yzysüre Fransiýada ýüze çykan giñ gerimli çaknyşyklar bilen bir wagta gabat geldi. Munuñ bilen birlikde bu wakanyñ birnäçe seslenme döreden problema öwrülmegine goşant goşan başga-da wakalar bar. Bu ýerde aýratynam Ukrainadaky urşa ugurdaşlykda syýasy çaknyşyga ýol arçajakdygy şübhesiz bolan Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysynyñ pozisiýasyna salgylanmaly bolýarys. Ukrainadaky uruş biziñ pikirimizçe iki polýusly sistemanyñ (bir tarapda Russiýa we Hytaý, beýleki tarapda beýleki senagatlaşan ýurtlar) töwereginde aýlanýan has giñ gurşawly çaknyşygyñ bir bölegidir. Görnüşi ýaly Putiniñ bu signaly hakykatdanam ýerine düşdi. "El-Ezher" mesjidinden berlen beýanatda Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysynyñ özüni alyp barşy minnetdarlyk bilen agzalyp, şwed hökümetiniñ öz abraýyna ýaramaz täsir edip biljek prowokasiýa bolan pozisiýasy ýazgaryldy. Russiýa yslam dünýäsiniñ simpatiýasyny doly gazanandyr-a öýdemok, sebäp onuñam özüne ýeterlik problemalary bar. Emma Prezident Putiniñ taryhy metjitde sözlän sözi köp sanly musulmanyñ añynda aýlanýan soragyna jogap berdi. Ol soragam şu: Kimligimize ýa-da mukaddesliklerimize howp abansa ýa-da depgilense kim biziñ ýanymyzda durar? Muña beriljek jogap Günbatar koalisiýasyny ynjalyksyzlandyrmaly, çünki bu iñ bärkisi Moskwa bilen üçünji dünýäniñ arasyndaky köne ýaranlaryñ yza dolanyp barmagynyñ ýoluny arçaýar we halkara gatnaşyklar ulgamynda düýpli öwrülişikleriñ boljakdygyna yşarat edýär. Kuran ýakma prowokasiýasy bilen bir wagta gabat gelen wakalar Ýewropa jemgyýetçiliginde üns berilmäge mynasyp täze analitiki çarçuwany emele getirýär. Bu gatlaklaryñ indiki çekişmeleri megerem geçen gezekki ýaly söz azatlygynyñ ýa-da mukaddesliklere hormat goýmagyñ üstünde bolmasa gerek. Tersine, bular ýaly wakanyñ Pariždäki galmagal we jenjel ýa-da Russiýanyñ baştutanynyñ ýönelmeleriniñ görkezişi ýaly global syýasy goýuma meñzeş formada ýol arçap biljekdigi effektler bilen baglanşykly bolar. Bu ýagdaý aýratynam Ýewropadaky musulmanlar üçin amatly pursat. Öñümizdäki günlerde dolandyryş elitasynyñ syýasy çykyşlary uly ähtimallyk bilen geçen aýlarda ýoñ bolşy ýaly mejbiry medeni integrasiýa düşünjesi bilen meşgul bolup oñmaz, tersine, Birleşen Korollygyñ we ABŞ-nyñ has öñem edişi ýaly köptaraplaýyn çarçuwanyñ içinde, syýasy integrasiýanyñ daşynda aýlanar. Munuñ özi manysyna düşünýänler üçin amatly pursat we talaplaryna hukuk taýdan ýetmegiñ ýeke-täk ýoly şu bolandygy üçin musulmanlaryñ syýasy durmuşda giñ möçberde ýer alyp, esasy we ýerli saýlawlara işjeñ gatnaşyp bu ýagdaýa baha bermekde gyssanmak gerekdigini öñe sürýärin. Tewfik SEÝF, Saud Arabystanly žurnalist. Penşenbe, 06.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |