04:24 Adam möjek bolan bolsa, medeniýetleşip bilmezdi | |
ADAM MÖJEK BOLAN BOLSA, MEDENIÝETLEŞIP BILMEZDI
Filosofiýa
Hakykatda, adamyñ akyl-huşy we ýagşylygy bolmasa, adamzat öñe gidip bilmezdi we müñlerçe ýyl öñki görnüşindäki ýaly galardy Mundan ýigrimi ýyl öñ doktor Muna el-Bulaýhed "Patyşalykdaky liseý okuwçylaryñ arasyndaky medeni identifikasiýa" atly doktorlyk dissertasiýasynyñ üstünde işleýärsi. Tema boýunça ylmy-barlag işleriniñ çäginde doktor Bulaýhed birtopar okuwçydan "Möjek bolmasañyz, möjekler sizi iýer" diýen meşhur söz hakdaky pikirlerini sorady. Ýetmiş göterimi bu söze goşulýandyklaryny, ýagny adamlaryñ size hüjüm etmegini we duşmançylyk etmegini sizden gorkmadyk ýagdaýynda hiç zadyñ saklap bilmeýändigine ynanýandyklaryny aýtdylar. Muny eşiden alym şeýle diýdi: - Birnäçe ýyldan soñ bu adamlar işçi güýjüne ukyply ýaşa ýetmeli we adamlar bilen gatnaşmaly, şol wagtam möjegiñ roluny oýnamalymy? Şu hepde adamyñ tebigatyna mahsus ýabanylaşandygy we adamlaryñ biri-birlerine we aýratynam tanamaýanlaryna garşy edýän haksyzlyklarynyñ we zulumlarynyñ tutarygynyñ şudygy barada pikirdeş dört awtoryñ makalasyna gabat gelenimde, biraz könelişen ýokarky gürrüñ ýadyma düşdi. Köp sanly okyjymyñ şuny özlerine prinsip edip alandyklaryny bilmän duramok. Belki-de, bu pikire garşy çykmaýanyma we doly garşy çykmaýanyma geñ galyp, şeýle diýendirler: Alymlaryñ we şahyrlaryñ nesilden-nesile üstünde dil birikdiren zadyny nädip inkär edip bilýärsiñ? Hakykatda, araplar bilen birlikde gadym medeniýetleriñ köpüsi muña güýçli meýil bildiripdir. Şonuñ üçinem ata-babalarymyz we döwürdeşlerimiz el-Mutennebi ýaly şahyryñ şu setirini mysal getiripdirler: "Ynsan tebigaty ýugrulan zulma. Eger ýagşy hüýli birini görseñ, Bil ki, bu onuñ ejizliginden..." Ýene bir şahyr Zuheýr bin Ebu Selma bolsa şeýle diýýär: "Ýarag bilen goramasañ ýeriñi, abraýyñy. Şobat ýykylar gider. Kişä azar bermedige azar ber". Ençeme sylagly şerhçileriñ "Ony adam boýnuna aldy. Dogrusy, ol örän zalym, örän jahyldyr" aýatyny ýokardaky manyda, ýagny adam tebigatynyñ ýabanylaşan görnüşinde tefsir edýändiklerini gördüm. Hormatly okyjylary eýýäm adam tebigatynyñ bular ýaly düşünilmeginiñ edermenlik düşünjesi bilen baglanyşdyrylýandygyny duýandyrlar. Bu iki utgaşyk pikiriñ edil Zuheýriñ ýeriñ we at-abraýyñ kimdir birine zulum etmezden gorap bolmajagyny aýdyşy ýaly, şu ikisini goramak üçin başgalara zulum etmegi mahabatlandyrýan ýokardaky setiri ýaly fiziki güýje baş egmäge we gylyjy öwmäge öwrülendigine üns berendirler. Hatda bu pikir Mutennebi tarapyndan aç-açan aýdylypdyr: "Belent at-abraý özi üçin gan dökülmese goralyp bilinmez" Edil şolar ýaly Abu Tammam hem "Gylyç kitaplardan has dogry gürleýär" diýipdir. Ýogsam bolmasa, kitap Allatagalanyñ ýaradan ynsanyny goraýan bolsa, gylyç onuñ ömrüni soñlandyrýar ahwetin. Şeýle ýagdaýda gylyç kitapdan nähili has dogry gürläp bilýärkä? Men-ä düşünemok. Şeýle setirleriñ hemmesiniñ belli bir ýagdaýlara gönükdirilip ýazylandygyny-da aýtmalydyrys. Belki-de, awtorlary pikiriñ özüniñ (gylyjy we gan dökmegi mahabatlandyrmagyñ) absolýut pikir bolmagyny maksat edinenem däldirler. Emma hakykatlar bize her biriniñ içerden gaýnap çykan pikiriniñ aýdylan şertlerinden abstraktlaşyp, adamlaryñ dürli wagtlarda we şertlerde, ýeke pursatlygam bolsa manysyny seljermezden ýa-da üstünde pikirlenmezden paýlaşýan prinsipine öwrendigini görkezýär. Bu doly ýalñyş bolmasa-da, görnetin kemter gaýdýan we zyýanly manydyr. Ähli ýurtlaryñ we medeniýetleriñ gylyçdyr ýaragy mukaddesleşdirmegine düşünse bolar. Emma Ýewropa Renessansy döwründe möhüm wakalaryñ birine, adam tebigatyna gönükdirilen köne kabul etmäniñ yza galmagyna, adamy rasional we ýagşylyksöýüji sypatda görýän çapraz labyl etmäniñ orta çykmagyna şaýat boldy. Başgaça aýdanda, bu kabul etmä görä, eger adam iki saýlaw bilen ýüzbe-ýüz bolsa, özi we başgalary üçin iñ gowusyny saýlap alýar. Mantyklydygy we edýän işiniñ netijelerini öñünden ölçerýändigi üçin iñ gowusyny saýlap alýar. Özüne zyýan bermeýändigi üçinem başgalara-da peýdalysyny saýlaýar, çünki ol ahlakly jandardyr. Döwürdeş amerikan filosofy Jon Rolzyñ aýtmagyna görä, adamy beýleki jandarlardan tapawutlandyrýan zat - onuñ jisimde we gymyldy-hereketde adalaty, ýagşylyyy saýgaryp bilme, ony erbetlikden tapawutlandyrma we umuman alanda ýagşylygy saýlap alma ukybydyr. Hakykatda, adamyñ akyl-huşy we ýagşylygy bolmasa, adamzat öñe gidip bilmezdi we müñlerçe ýyl öñki görnüşindäki ýaly galardy. Ýagşylyk diñe garyp-gasarlara we mätäçlere ýardam etmek bilen çäklenmän, ýer ýüzüniñ ösmegine, adam durmuşynyñ we ösüşiniñ haýsydyr bir görnüşde gowulanmagyna goşant goşýan her bir işi öz içine alýar. Daş-töweregimizde gözümiziñ görýän her bir zady adam aklynyñ we ýagşylygynyñ delilidir. Tewfik SEÝF, Saud Arabystanly filosof. Penşenbe, 13.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |