01:33 Wagtlaýyn akyl | |
WAGTLAÝYN AKYL
Psihologiýa
Popperiñ pikiriçe haýsydyr bir teoriýany düşündirmek - şol teoriýanyñ tabydyna urulan birinji myhdyr. Adamlar muny bilen badyna sapaklar we synaglar bilen ony ýok edýärler, kemçiliklerini ýüze çykarýarlar we ondan haz ýokary formulany ýa-da alternatiw teoriýany teklip edýärler Surat: Harminder Paul Biriniñ mantykly pikir edýändigini aýdanymyzda, köplenç ynançlarynyñ mantyklaýyn esasa, ýerliklilige eýedigini göz öñüne tutýarys. Emma mantykly (logiki) pikir etmek mantyk düzgünleriniñ añyrsyna geçýär. Mantyk düzgünlerini her biri birmeñzeş netijäni çykaryp biljek derejede yzarlanýan her düşünjä ýaýyp, mantykly düşünmegi giñeldip bileris. Munuñ özi başlangyçlary düşündirip biljek, hemmeleriñ birmeñzeş ýoldan giden ýa-da birmeñzeş düzgünlere eýeren ýagdaýynda birmeñzeş netijäni çykaryp biljej düşünjedir. Rasional düşünmegiñ ýene bir esasy-da, bilimiñ, ýörelgäniñ, bilimleriñ, ahlagyñ, estetikanyñ hemmesiniñ wagtlaýynlygydyr. Munuñ özi añlaýyn we kognitiw derejäniñ alamaty bolandygy ýa-da adamyñ özüni we dünýäni añlama müddetindäki tapgyrdygyny añladýar. Bu tapgyrlar bir gezek bolup geçýär ýa-da äşgär bolsa, akyl-paýhas olaryñ üstünden ätläp añyrsyna geçýär. Düşünje derýa mysaly bir zatdyr. Bir tolkun ony öñe iteklese, başga bir tolkun ony goýnuna dolap alýar. Bu hereket dursa, suw durgunlaşýar we derýa sadyr atyp ýatan batgalyga öwrülýär. Günleriñ bir güni Siriýanyñ günbataryndaky Hama şäheriniñ meşhur suw degirmenleriniñ pikirini etdim. Bu owadan desganyñ ýeke-täk maksadynyñ suw gaplaryny dolduryp, ýokaryk çykarmakdygyny bildim. Gowalar çarhyñ ýokarsyna aýlananda, ähli suwy boşadyp ýene aşak gidýär. Öz ýanymdan "adam añy bir tarapdan şu degirmene meñzeýär" diýdim. Haçanda adam maglumatdan püre-pür bolsa, ony beýleki bir tarapa dökýär we başga maglumatyñ gözlegine çykýar. Edil degirmeniñ gabyny dolduryp, ýokary çykarandan soñ, ony döküp ýene doldurmaga aýlanyşy ýaly. Munuñ özi bilimiñ wagtlaýyndygy hakda pikirimiziñ manysyny düşündirýär. Tanymal filosof Karl Popperiñ (1902-1994) ylmy teoriýalaryñ hakykaty aýtmaýandygyny ýa-da hakykaty düşündirmeýändigini, munuñ ýerine onuñ wagtynda ähtimallaýynlygy (probability) aýdylanda, bu hakykaty has gowy kesgitleýändigini pikir edýärin. Popperiñ pikiriçe haýsydyr bir teoriýany düşündirmek - şol teoriýanyñ tabydyna urulan birinji myhdyr. Adamlar muny bilen badyna sapaklar we synaglar bilen ony ýok edýärler, kemçiliklerini ýüze çykarýarlar we ondan haz ýokary formulany ýa-da alternatiw teoriýany teklip edýärler. Häzirki ynanýan we amal edýän teoriýalarymyz takyr meýdanda kemala gelmedi, olar ummasyz maglumat gorunyñ we olardan öñ gelýän teoriýalaryñ miweleridir. Bu teoriýalar orta çykmadyk bolanlygynda ýalñyşlaryny asla bilip bilmezdik. Ýalñyşlaryny bilip bilmesegem, olardan has gowy alternatiwleriñ nämedigini bilmezdik. Şonuñ üçin Popper teoriýanyñ ýalñyş çykarylyp bilinjek (falsifiable) bolmalydygyny, tersine bolanda ony bilim diýip atlandyryp bolmajagyny aýtdy. Ýalñyşdygy subut edilmeýän bolsa, onda ol ýa-ha galp bilimdir, metafizikadyr, ideologiýadyr ýa-da bilimden başga haýsydyr bir bilimiñ görnüşidir. Eýsem-de bolsa, terk eden her teoriýamyz ýalñyş bolansoñ dogry alternatiwi saýlap-seçip aldykmy ýa-da dogry bolansoñ has dogrusyny aldyk? Aslynda bu oñaýsyz soragda reallyk ýok. Teoriýanyñ islendik ýagdaýds soñky teoriýa barýan ýoly aýdyñlaşdyrmakda rol oýnaýandygyny bilenimizde, teoriýany dogry ýa-da ýalñyş kesgitlemegiñ näme peýdasy bar? Bu bizi añyrky tarapyna alyp barýan we ol ýerde galýan köprä has köp meñzeýär. Şeýle bolsa, ony geçenden soñ gargynmalymy ýa-da ony ýok etmelimi, ýoluñ ahyryna çenli bize ýoldaşlyk etmändigi üçin ony gödek saýmalymy ýa-da ýalta hasaplamaly? Eýsem bu kesgitlemeler dini ýa-da milli mirasymyza ýa-da jemgyýetimiziñ urp-adatlaryna dahylly maglumatlara utgaşdyrylyp bilinermi? Prinsipial taýdan alanda bular ýaly maglumatlary pähim-paýhasa baglanyşdyrmagy ret edýän adamlaryñ bardygyny eşidýärin. Munuñ akla sygmajak zatdygyny, emma akyl-paýgasyñ oña düşünmek bilen garap, derñew astyna almajakdygyny aýdýarlar. Başky setirleriñ nämüçin rasional pikirlenmäge mätäçligimiziñ bardygyny aç-açan ýüze çykarandyr diýip pikir edýärin. Tewfik SEÝF, Saud Arabystanly ýazyjy. Penşenbe 03.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |