07:03 Depressiýa industriýasy | |
DEPRESSIÝA INDUSTRIÝASY
Psihologiýa
Bular ýaly bilkastlaýyn atmosfera hökmany suratda syýasatyñ tüýsüniñ üýtgemegine, söz azatlygynyñ aradan aýrylmagyna, ýeke-täk ukyp-başarnyklary gelen nägileliklere meçew bermek bolan, jemgyýetiñ parçalanmagynyñ we dargamagynyñ jedeline giren populist badyhowalaryñ ýüze çykmagyna getirer. Fotosurat: Hussein Faleh / AFP Dostum doktor Iýad el-Anbar juma günündäki hepdelik makalasyny nutuklaryndaky we ýazgylaryndaky pessimistik meýili hakly çykarmaga bagyşlapdy. Anbar güýçli orator. Ol syýasatşynas professor bolmak bilen birlikde Yrak teleýaýlymlarynyñam iñ köp gözlenýän ýüzleriniñ biri. Elbetde, Arap sferamyzda pessimizmiñ birnäçe sebäbiniñ bardygyny bilýärin. Emma elmydama özüme şu soragy berýärin: Araplaryñ ýagdaýy haçan hemmetaraplaýyn gülala-güllükdi ýa-da pessimist bolma sebäplerinden azatdy? Munuñ üçin habar beriş serişdelerimizi ýas ýerine öwrüp, ölenlere aglaýşymyz ýaly ýaşap ýören dünýämize-de aglalyñmy? Dünýälerine ýa-da ölülerine aglamagymyzyñ ýaşap ýörenlere näme peýdasy bolup biler, biz añ-düşünje adamlary hökmünde bu durmuşy gözýaşlarymyz bilen doldursak, durmuşa nähili gymmatlyk goşup bileris? Emma pessimizmiñ duýgy ýa-da hadysalara garşy şahsy tutum bilen baglanyşyksyz ýene bir tarapy bar, olam jemgyýetçilik uýgunlaşma babatdaky howply täsiri. Bu ýagdaý doktor Iýadyñ ilki bilen öwrenen yrak jemgyýeti mysalynda has aýdyñ görnüşde görülýär. Men by jemgyýet bilen ýaş wagtym tanyşdym. Soñky ýyllarda ony, giñ köpçülik gatlagyny we birnäçe alymyny, ýazyjy-şahyryny, liderini, syýasatçysyny has ýakyndan tanadym. Bu adamlaryñ ýaşaýyş-durmuş şertleri, ýönelmeleri, pozisiýalary dürli-dürli bolsa-da, pessimizmiñ aralarynda umumy peýdasynyñ bardygyny we ýygnaklaryndaky nutuklaryñ umumy aýratynlygynyñ bardygyny gördüm. Yragyñ umumy medeniýetini şeýle ýagdaýa getiren taryhy hem-de syýasy birnäçe tutarygy bilýärin. Eýse, yrakly intelligensiýa we liderler bu çemeleşmäniñ getirip biljek netijelerini heý derñejek bolup gördülermi? Geçen sentýabr aýtnda "Sosial kapital" hakda ýazypdym we munuñ belli bir jemgyýetiñ agzalarynyñ arasynda, aralarynda garaýyşa we paýlaşyga, iş, pul we pikir paýlaşygyna binýat emele getiren umumy normalar we düşünjeler tapgyryna yşarat edýändigini, aýratynam sosial sistemany has täsirli we öndürijilikli kylýan amatly kollektiwleýin hadysanyñ öñüni açandygyny täzeden ýatladýaryn. Şindi şuny soralyñ: Jemgyýetde optimizm duýgusy ýitip pessimizme öwrülende näme bolýar, "sosial kapital" güýçlenýärmi, ýa-da ýok bolýarmy? Kollektiwleýin hadysa jemgyýetçilik durmuşyny gowulandyrmak üçin ösýärmi ýa-da doly tersine bolýarmy? Ýagny, her şahs diñe özüni pikirlenmäge we meselelerine çözgüt gözlemäge ýöneldýärmi, hatda özbaşyna üýtgemejegi hakykatyndan gaçmaga başlaýarmy? Yrak hakykatyna serediñ. Görýäniñiz şu dälmi näme? Her kes her zatdan nägile. Hemmesi liderlerini, ýokarky gatlagyñ adamlaryny, öñbaşçylaryny Yragyñ başyna gelenlere sebäp bolmakda aýyplaýarlar. Ýokary gatlagyñ adamlary syýasatçylary aýyplaýar. Soñra bu iki topar adamlary passiwpikde, hyzmatdaşlykdan gaça durmakda, sabyrsyzlykda, çözgütlere goşulmazlykda we ş.m.-lerde aýyplaýar. Yrakdaky medeni strukturaçylaryñ geçmişde we biziñ günlerimizde "sosial kapitaly", ýagny adamlaryñ arasynda ikitaraplaýyn ynam üçin gerekli esasy aradan aýyrmakda syýasatçylara goşulandyklaryny öñe sürýärin. Ýogsam bolmasa bu ynam şahslar ýa-da dini toparlar hökmünde däl-de, ýeke-täk millet hökmünde adamlaryñ özlerine peýdaly zatlary etmekleri üçin gerekli. Pessimistik ýazgylar we nutuklar hemme zada we hemmelere garşy şübheden başga zat bermeýän ýazgylardyr nutuklar adamlaryñ içini wezipe eýesi bolan ýa-da özgerişi öñe sürýän her kese garşy şübhe bilen doldurdy. Munuñ özi özgerişi düýpli düşünmäge ýa-da has başlangyç derejesinde-de bolsa, özgeriş tagallasyna görnetin päsgelçilik döreder. Serpaýy ýagdaý nähili bolanda-da, ýañsylanmak we şübhe bilen garşylanmak, hatda şowsuz, ejiz ýa-da diñe ogry, häkimiýete dyrmaşmaga synanyşýan biri despot ýa-da kese ýerlileriñ hyzmatdaşydygy aýyplamasyna uçrajak bolsa, kim özüni we ömrüni pida edip ýa-da reýgan edip biler? Bular Yrak arenasynda giñden ýaýran kesgitlemelerdir. Bular ýaly bilkastlaýyn atmosfera hökmany suratda syýasatyñ tüýsüniñ üýtgemegine, söz azatlygynyñ aradan aýrylmagyna, ýeke-täk ukyp-başarnyklary gelen nägileliklere meçew bermek bolan, jemgyýetiñ parçalanmagynyñ we dargamagynyñ jedeline giren populist badyhowalaryñ ýüze çykmagyna getirer. Yragyñ liderleriniñ, elitasynyñ we öñbaşçylarynyñ isleýänleri şumy? Munuñ tersini isleýän bolsalar-a, pessimizmi ýaýmagy bes etsinler. Şu hytaý nakyly hut şeýle ýagdaý üçin aýdylan ýaly: "Tümlüge sögmegiñ ýerine, bir şem ýakyñ". Tewfik SEÝF, Saud Arabystanly žurnalist. Anna, 12.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |