00:16 Dünýäniñ | |
DÜNÝÄNIÑ
Goşgular
Wepadar uz gelinleri, Gyzlary söýgi dünýäniñ. Ähli zada baha kesýän Güýzleri söýgi dünýäniñ. Pugta düwülen ýumrugy, Aýasy söýgi dünýäniñ. Günleriniñ ýaz güneýi, Saýasy söýgi dünýäniñ. Ýyldyzly, Aýly gijeler, Owadan gyzy diñlärin. Asmany, zemini bilen Özi çyn söýgi dünýäniñ. * * * Jana-jan dostumdy, Gitdi dünýäden, Gitmänkä başyndan ýigitlik ýazy. Ajala aldyryp ýaz ýaly ýigdi, Ýaz ýaly ömürden ýitirdik ýazy. Şonda bildim ajylygyn ajalyñ, Hem bildim durmuşyñ süýjüligini, Owal-ahyr bizi ýaşadýan zadyñ - Bildim bu dostlugyñ güýjüligini... Indi öýlerine barmak ýeñil däl, Indi öýlerine barmazlyk agyr. Barsam - enäñ derdin gozgaýan ýaly, Barmasam - iýýän dek ýüregniñ ýagyn. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |