06:35 Durmuş - meniň basgançagym / sonetler çemeni | |
DURMUŞ - MENIÑ BASGANÇAGYM
Poemalar
I. Salam Durmuş! Men bir Taňry myhmanyň, Men şol öňki - kalby joşgunly bende. Günüň guçup, alkymyndan ysganym, Söýüp ýören her pursatda, her demde Hawa, şol men - tanap bilmedik hetdin, Ýele-göge sowran ýaşlygyn, döwrün. ...Men özümden täze adam döretdim, Öz-özüme asla ýetmänsoň göwnüm. Ýagty pikirlere maňlaýyn urmuş, Beýnim bir gowlugy syzdy öňünden. Başlandy, şeýdibem, täsin bir durmuş Özümi täzeden açan günümden. Päk geljege ätläp, çykyp geçmişden, Ýüregimi kişde edip sermiş men. II. Ýüregimi kişde edip sermiş men, Enter-pelegini öwürip gijäň. Yşka halys jigerini bermiş men, Diňe aşyk köňül özüni tijär. Söýgi bilen dem alýarka öýkenim, Höwesimdir üst-başymy tämizlän. Däldir bu yşk meniň ýalňyşym, kemim, Söýmedikler munda asla kämil däl. Ah, kesel deý kalba duýdansyz i:nen Yşkym, sensiň süýji gussam, gazalym! Özgä meňzemeýän keşbiň üçinem Hiç kime meňzemän, goşgy ýazaryn. ...Maňlaýy gijigen eziz ykbalym, Çyndyr saňa gyýa gözden bakmanym. III. Çyndyr saňa gyýa gözden bakmanym, Kalby gülälege öwüren ylham! Höwes eýläp, işiginden jyklanym, Huzuryna ahyr dolandym men hem. Säherleň ýakasyn penjeläp her gün, Peýwagtyna goşgy ýazyp ýörün men. Razy, pikirlerim dogsa sag-gurgun, Orun alsa ýürekleriň töründen. Ylham ir säherde kalbyma inýär, Soraman niçiksi ýagdaýym, tabym. ...Ah, seni şeýle bir göresim gelýär, Meniň heniz çap bolmadyk kitabym! Köpler boluşymy synlap, görmüş geň, Ýaşaýyşa aşyk bolan derwüş men. IV. Ýaşaýyşa aşyk bolan derwüş men, Kalbyma duýdansyz ylham inende. Juwan dünýä gujagyny germiş men, Şeýle bolýar ynsan köňül berende. Adam mydam bagtly bolýar hoş güni, Söýgüsin köýnek deý egnine geýip. ...Sorama: "Nireden alýaň goşgyny, Setirleri kimden göçürýäň?!" diýip. Söýen ýürek munda joşman bilermi?! Şygyrlar - ruhuma iň ýakyn syrdaş! Dogry, mendenem bir şahyr bolarmy?! Sözleri kalbymdan göçürýän, gardaş! Köňüllere ylham berýäni üçin, Söýgüden "ýükümi" tutmaýyn neçüýn?! V. Söýgüden "ýükümi" tutmaýyn neçüýn?! Aşyk bolan köňül saýrar başgaça. Razy, yşkym ýeke goýmany üçin, Bu gün onuň bilen boldum baş-başa. Özgerdi dünýäniň durky, görnüşi, Salmady kalbyma sansyz ýara ol. Bagtly bolup ýeňäýmeseň durmuşy, Ýeňdirmez, asylam, bagtsyzlara ol. Söýgi - bagtyň ekiztaýy, syrdaşy, Söýenler bagtyny guçup bilýändir. "Yşkyň gözi kör bolanok" gardaşym, Gaýta kör gözlerem açyp bilýändir. Gel, yşkym, gursagma owaz bol, heň bol! Isle, gözlerimde şatlyk bol, gam bol... VI. Isle, gözlerimde şatlyk bol, gam bol, Bu dünýä hyjuwly bakar didelem. ...Ýürekden nur beren maşgalam, bar bol! Mähir hem söýgiňdir ähli idegim. Saňa çyn söýgimi ezizläp geldim, Sebäpkäri bolman gözdäki ýaşyň. Mendenem köp esse gaýgyçyl gelnim, Sen hem merdemsi bol, dik bolsun başyň! ... Yşkymdyr ir-giçde söýenen bolsam, Ah, dostum, bagta-da ýetdim dyrmaşa. Söýgiň ýoklugyna ynanan bolsaň, Ýokdur onda, Onda ýokdur durmuşam. Ynam köňüllerden gussany öçi:r... "Sag bol durmuş, beren zatlaryň üçin". VII. "Sag bol durmuş, beren zatlaryň üçin", Kalbyma gor guýduň, berdiň päk ynam! Ynamly ýürekler däldirler ejiz, Şoldur ak ertire ataran menem. Umyt ykballary ýelejiretsin, Haýry näme janyň örtäp ýöreniň! Gaýgy, hasrat, jepa... gümüne gitsin, Şat bol, goý, gözleri gitsin göreniň. Manysy nä munda dünýä gelmegiň?! Artar özgelere beren şatlygyň. ...Hiç kimden diläbem alyp bilmerin, Ynamyň hut maňa beren zatlaryn. Dag deýin ynanjym, arkama dag bol! Bermedik zatlaryň üçinem sag bol! VIII. Bermedik zatlaryň üçinem sag bol, Ykbalymdan asla etmerin kine. ...Şeýle bir pikir bar, ozaldan bar ol: Ynsan ýok zadyny höweslär diňe. Ýaşalmadyk günler syrdan doludyr, Süýjüdir yşkynda gezmedik söýgiň. Göwnüň özge gözellere sarydyr, Öýdäki eziziň - iň uly gaýgyň. Ýetilmedik zatlar gözeldir, ýakyn, Göwne süýji hyýal getirenmizde. Gadryny bilemzok elimizdäkiň, Bilýäris soň ony ýitirenmizde... Sen barlygyň bilen begendir, söýdür, ...Daşdan synlan meni düňledir öýder. IX. Daşdan synlan meni düňledir öýder, Ruhum dünýä içre tapanok karar. Kalbym gapysy giň açylan öýdür, Ol hem bir dertliniň derdine ýarar. Köňül ýaşaýyşda ynjalmaz asyl, Adam diýeniň bir uçýan guş bolsa. Kisäň ýukalygy ünjä goýmasyn, Utandyrsyn seni göwnüň boş bolsa. Ömrüň ötüşi-de bisabyr, syrly, Niçikkä ötüren günlermiň haly?! Olaryň yzyndan bakýan ahmyrly , Iň eziz zadymy galdyran ýaly. Gezdim bu ömürde janymy kösäp, Özümi özümçe bilmerin ýasap... X. Özümi özümçe bilmerin ýasap, Biler meni diňe döreden Taňrym! Günler haýal, ýyllar geçýär alňasap, Uzaklaşýar menden geçmişim, aňrym! Geçdigiçe ýyllar golaý bize has, Hakydamyz - ömrümiziň arhiwi. Nireden gelýäris hem nirä barýas?! Aýandyr aýnada görünýän kibi. Geljek köp zatlary hantama bizden, Edip bilsek ýagşy işleň gowsundan. Biz razy merdana atalarmyzdan, Goý, nesillermiz hem razy bolsunlar! Ýalňyşdyk bir juwan gyzmyka öýdüp, Dünýä kireýine ýaşalýan öýdür... XI. Dünýä kireýine ýaşalýan öýdür, Günleri manat deý töläp gidersiň. ...Arzuwçyllyk niçik hyýaldyr, küýdür, Maksadyňa tizlik bilen ýetersiň. Guşlar ganatynda göterler göge, Arzuw bilen Arşa salarys ýoly. Asmanda pel-pelläp ýörsek-de, ýöne Biz asla hereket etmeýän ýaly... Yhlas bilen zähmet gerek bu ýolda, Hereket et, kynçylyga bakmada. Goý, arzuwlar süýji hyýala däl-de, Eltsin bizi hakykata, maksada. Sanalgyja günler däldir bihasap, Iru-giç Eýäňe bermeli hasap... XII. Iru-giç Eýäňe bermeli hasap, Yhlasyňdan gaýry berersiň näme?! Günleň jümmüşine tarap ýol ýasap, Gidersiň sen öz-özüňi açmaga. Arzuwym kän munda ýaşap ýörene, Düşsün mydam ýagşy günleň saýasy. Durmuş neneň gözel söýüp bilene, Boluň onuň iň bagtyýar raýaty. Göwünde müdimi düşläpdir ýazlar, Meni agyr günler oýaran ýaly... Ah, sizi şeýle bir söýýärin gyzlar, Edil doganlarym, uýalam ýaly. Kalbymy gül deýin açyp güllärin, Ornunda durup çyn, merdem bir äriň... XIII. Ornunda durup çyn, merdem bir äriň, Ähli arzuwlarmy ederin berjaý. Bu ömri-de şygyr bilen bezärin, Hiç kim oňa bakmaz ýaly biperwaý. Ýaşap bormy il gözüne ilmänem, Men hut Şygryň huzurynda çökerlen. Setirlermi göwne jaýlap bilmänem, Kagyz bilen kän düýrlendi pikirlem. Zerur däldir ýaramasa derege, Bolsa-da kalbyňda joşgunyň, siliň. Melhem bolmakçydym dertli ýürege, Ynamyňy ödäp bildimmi ilim?! Bu ýollarda has ynamly ýörärin, Hasabymy ömrüm bilen tölärin... XIV. Hasabymy ömrüm bilen tölärin, Geçen günler menden bolmasyn nadyl. Şygyrýeti çyn güllere deňärin, Goýup bolsa onda familýaň, adyň. Çeşmeler uzalyp ýatan goşgudyr, Ýeller - dünýäň ygyp ýören heseri. Ynsany gülletjek dünýäň yşkydyr, Men - durmuşyň ýazylmadyk eseri. Ylham alyp bu hüýrsypat pelekden, Joşdum. Şygyr ýazdym. Ýeňläp bilmedim. Öz sözümi aýtmak üçin ýürekden, Men geldim. Men nirelerden gelmedim! Geldim saňa baglap ömrüm, ykbalym, Salam Durmuş! Men bir Taňry myhmanyň! ■ Magistral Salam Durmuş! Men bir Taňry myhmanyň! Ýüregimi kişde edip sermiş men. Çyndyr saňa gyýa gözden bakmanym, Ýaşaýyşa aşyk bolan derwüş men. Söýgüden "ýükümi" tutmaýyn neçüýn?! Isle, gözlerimde şatlyk bol, gam bol, "Sag bol durmuş, beren zatlaryň üçin", Bermedik zatlaryň üçinem sag bol! Daşdan synlan meni düňledir öýder, Özümi özümçe bilmerin ýasap. ... Dünýä kireýine ýaşalýan öýdür, Iru-giç Eýäňe bermeli hasap. Ornunda durup çyn, merdem bir äriň, Hasabymy ömrüm bilen tölärin. 2020 ý. Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |