14:24 Gündelikdäki ýazgylardan | |
GÜNDELIKDÄKI ÝAZGYLARDAN
Ýatlamalar
(Ýazyjy-şahyrlaryň gürrüň bermeginde ýazylyp alnan, şeýle-de käbir galamdaşlarymyň ýatda galan sözleri) Bir gün redaksiýa jaň geldi. Telefonuň trubkasyny Atamyrat Atabaýew göterdi. Aňyrdan näme diýilýändigi eşidilmese-de, bir mugallymyň jaň edýändigi bildirip durdy. Atamyrat aga: — Ýok-ýok, mugallym, «Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin» diýýän goşgusyny Magtymgulynyň hiç bir kitabyndan tapyp bilmersiňiz. Ol goşgy Magtymguludan aýrylyp, Mollanepesiň kitabyna goşuldy. Indi ol goşgyny Mollanepesiň kitabyndan gözle! — diýip, düşündirýärdi. Telefonuň trupkasyny goýandan soň, biziň geň galyp bakýandygymyzy gören Atamyrat aga: — Magtymgulynyň «Ner gezgin» goşgusyny soraýarlar... — diýip ýylgyrdy. *** «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory bolup işlän Haýdarguly Muhammetgulyýewiň (Haýdar mugallymyň) bir köneje ulagy bardy. Özem ol ulagyny gaty seresaply hemem diýseň haýal sürýärdi. Her gezek ulagyna münen adamlara onuň şeýle diýmesi bardy: — Ýadyňdan çykaraýmagyn, ulag ýöräp barýandyr, durandyr öýdüp, düşäýmegin... *** Bir gezek Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew özüne ulag edinmek isläp, Mary welaýatyna barypdyr we ol ýerden «opel» kysymly bir ulagy satyn alypdyr. Ol ulagy sürüp, Aşgabada gaýdyp gelýärkä, ýolda ulagy işlemän duruberipdir. Ol onuň eýlesine-beýlesine näçe aýlansa-da, bitiren goşy bolmandyr. Ýoldan geçip barýan bir ulagyň sürüjisi saklanyp, ulagyň ýangyjynyň gutarandygyny aýdypdyr. Şonda halypa degşip: — Asyl, bu ulaga ýanjygam guýulýarmy?! — diýenmiş. Soňra ol öz-özüne käýinipdir: «Heý, Atageldi, opeli näme etjekdiň, operaň bilen boluber-dä...». *** Bir gezek Ataköpek Mergen «Bu dünýe ötermiş» diýilse, dünýäň ötegçidigini bahanalap, bergi baryny edipdir. Soň ol janyýangynly: «Dünýe öter diýilse, birgiden bergi etdik, indi dünýe ötmän geçdi» diýip igenýärmiş. *** Gyşyň duýdansyz gar ýagan günleriniň birinde şahyr Kakamyrat Rejebowyň aýdan şu sözleri ýadymda galypdyr: — Şu gün irden gar ýagdy, soňam redaksiýa şeýle bir goşgy ýagdy... *** Bir gezek redaksiýada başagaý bolup işläp otyrkak, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew gapydan girdi. Ol biziň başymyzy galdyrman işläp oturandygymyzy görüp, şeýle diýipdi: — Keýik atjak awçy ýaly bir ýerde ýapyrylyşyp ýatmaň-da, ile çykyň, gözläň! Gowy zatlary tapyp ýazyň! Häli-häzirlerem bir otagdan çykman işlänimde, Baýram aga gapydan girip, şol sözleri ýene-de aýdaýjak ýaly bolup dur... *** Bir gün ýazyjy Berdi Kerbabaýew mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen döredijilik duşuşygyna gatnaşypdyr. Şonda Berdi agadan haçan eser döredýändigini, näwagt ýazýandygyny soranlarynda, ol: — Men günde bir hekaýa ýa kyssa ýazýaryn... — diýip, gürrüň bermäge başlapdyr. Şol pursat okuwçylaryň biri ýerinden turup, oňa şeýle sowal beripdir: — Berdi aga, siz näme üçin Günde eser döredýärsiňiz? Günde döretmän, kölegede, saýada eser döretseňiz, size aňsat bolmazmy?! Okuwçynyň bu sözlerine ýylgyran Berdi Kerbabaýew elindäki goşar sagadyny çykaryp, okuwça sowgat beripdir. *** «Biznes reklama» gazetinde işlän döwürlerim bir gün dişim agyryp, ýüzümiň deň ýarysy güp ýaly çişdi. Gazetiň ýarym iş hakly işgäri bolamsoň, onuň baş redaktory Seýitmyrat Geldiýewe jaň edip, ýagdaýymy düşündirdim. Şonda Seýitmyrat çynaberimsiz: — Goçmyrat, gelibersene, sen bizde, barybir, ýarym işleýäň, ýüzüň beýleki ýarysam bolýar — diýip degşipdi. Menem ýylgyrdym-da: — Aý, Seýitmyrat, o ýüzümiň ýarysy bilen saňa hezil bermen. Bu günlükçe saňa görünmäge ýüzüm ýokdur — diýip çynyrgatdym. *** Gyz maşgalanyň durmuşa çykmazdan öň, ýürejigindäki ähli dert-ynjysyny beýan edýän şu goşgy setirlerini Atamyrat aga köp gaýtalardy: «Iňňäň ujy syndy» diýp, Urduň enem, ýar-ýar! Indi gidip barar men, Dyndyň enem, ýar-ýar! *** Atamyrat aganyň şu degişmesi ýadymda galypdyr: «Biriniň müň dollar bergisi bar ekeni. Ol wagtynda bergisini bermänsoň, algydar oňa diýýärmiş: «Bolmasa, 900 beräýsene». «Bolar» diýse-de, bergili ýene-de arkaýyn gezip ýör diýýär. Ençe wagtdan soň, algydar «Bolmasa, 800 beräý» diýipdir. Bergili ýene bergisini bermän, esli wagt algydary garaşdyrypdyr. Algydar ýene sorasa, bergili: «Nämä gyssanýaň, men ýuwaş-ýuwaşdan bergimi üzüp durun ahyryn» diýýärmiş». Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |