14:20 Şygyrlar | |
GÜL PAÝLASAŇ...
Goşgular
Gün şöhlesi daman eginlerine, Belent ruhy - Arşa uzan jaýlary. Gülleň çüwdürim deý çogan ýerine Geler guşlar şapak ýanan çaglary. Seýilgähler göýä yşkyň suraty, Görünip dur onda ýüregi gülleň. Gursagy söýgüden dyňzan halaty Aşygyň ol ýerden gidesi gelmez. Kölegesi barha semrän agaçlaň Depesine degip otyr gök asman. Bägülleň boýuna ýetmez garyşlaň, Bolanok olary bagryňa basman. Gujagyndan ysy kükär atyryň, Sähralary gyzyl çogdur, görsene. Ýüregiň päk söýgüsine batyryp, Gül paýlasaň adamlaryň hersine... ÇÄRESIZLIK Her säherde işe gidýän penjekli, Boýunbagdan asýaryn men özümi. ... Bilmen, sensiz günleň soňy geljekmi, Ötürsem-de ömrüň gyşu-ýazyny?! Gelmedi säherler gözlerňe meňzäp, Gündizler ýel bolup bozdy saçlarmy. Uzakçyl gijeler - arzuwma deň däl, Bilemok olardan nädip gaçjagmy. Garşylap seni däl, sensiz her güni, Hyýallarym kalbym deýin çat açar. Tutuş ömrüň soňy görünýär weli Aýralygyň soňy görnerkä haçan?! Alaç ýok täleýiň bagta ýa:zsa-da, Ýaşalmasa seniň bilen bir egne. Ýoklugyňy aklym näçe aňsa-da, Düşündirip bilemok men ýüregme. Arzuwlarym seni dolap biljekmi, Kim öçürjek yşkyň goýan közüni?! ...Her säherde işe gidýän penjekli, Boýunbagdan asýaryn men özümi. RAZY BOLSAŇ... Gögüň çeti öwseninde gülgüne, Şol elwan köýnegiň geýip gelsene. Gözlerime siňip gitdi şol günem, Şol elwan köýnegiň geýip gelsene. Säherleň şapagy ýaňagna daman Ýylgyrşyň gaýtalap bilmez her daňam, Göýä gül-gunçadan bogulan çemen, Şol elwan köýnegiň geýip gelsene. Göwnüňmidi iň bir beýik geriş, ýar, Mydam oňa ýetmeklige çalyşýan, ...Çynym, walla, saňa juda gelişýär, Şol elwan köýnegiň geýip gelsene. Ýylgyrşyň - Aý, gökde ýalbyrap dogan, Jemalyň müň ýazyň keşbine deger, Razy bolsaň gelnim bolmaga eger, Şol elwan köýnegiň geýip gelsene. Goçmyrat ORAZBERDIÝEW | |
|
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||