10:51 Nireden bilýärsiñ?! | |
NIREDEN BILÝÄRSIŇ?!
Goşgular
![]() (Bäş ýaşlyja gyzyma) Nireden bilýärsiň, nädip bilýärsiň Kakaň şeýle mähre mätäçligini?! Işden gelenimde, gollaryň gerip "Kaka-a" diýip, ýüwrüp gelşiňe göni Meniň gujagyma oklaýaň özüň, Ah, şol pursat, şojagaz şat pursadam. Söýgi bolup kürsäp girýär kalbyma Seniň edil doluşyň deý gursaga. Wah, melejik gyzym! Gülejik gyzym! Bilýäň jandan söýülýäniň aşa sen. Seniň begenşiňi görmeklik üçin Gitmäge-de taýýar her gün işe men. Günler kisämdäki teňňe deý ýitip, Kalbymda galdyryp bilenok yzyn. Emma olarda seň barlygyň üçin, Hersin sen deý bagra basýaryn gyzym, Mähriban gyzym! Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||