19:09 Durmuş sapaklary | |
DURMUŞ SAPAKLARY
Sözler
■ El adama özüni ele almak üçin berlipdir. ■ Juluñy ters geýdiren bolsalar, öñ ony çöwre geýensiñ. ■ Ogry tutulsa gowy, Hassa ~ gutulsa. ■ Çybyn hem beýiklik küýseýär. Şonuñ üçin ol biz ýaly boýy gysgañ däl-de, uzynyñ burnuna gonýar. ■ Geýmiñe görä garşylap, Akylyña görä ugradýanlar. ■ "Şerap içip, serhoş bolup segresem" diýen setiri ýazmak üçin şerabyñ edýän täsirini bilýän adam bolmaly. ■ Iýen agyz ~ ulalar. ■ Aeroportyñ kassasynyñ agzyndaky ýazgy: "Berim gökden ýol ýasar!" ■ Keýpiñe sogan dogralanda, gözüm ýaşarýar. ■ Daýaw adam diýilýänem ogurlykda tutulanda, syçanyñ hinine sygýar. ■ Köprüde kürtdürmese, ol eşek däldir. ■ Görip adam añsat kesellemez, sebäbi bahyllyk hem oña kiçi kesel däl. ■ Dert ýamany sanjy, gep ýamany pyşyrdy. ■ Akylly akyl satmaz. ■ Gyzyl görse, Hydyr azar, Gyzyl köýnekli görse ~ Ylýas. ■ Mañlaýyñ şoruny ýere siñdirseñ, topragyñ şorlamaz. ■ Öñem biri toýda "gyzmaýan" bir bagşa ýüzlenip: "Bagşy aga, arasynda bir nas atyp, hezil beräýmäñ bardy-la" diýipdir. ■ Näziñi köp çekdiriberseñ ~ üzüläýýär. ■ Para ~ ite berlen iññe ýalydyr. ■ Juluñy ters geýdiren bolsalar, özüñ düzüw dälsiñ. ■ Balykçy balygy çeññek bilen däl, sabyr-takat bilen tutýar. ■ Mesligiñ soñy peslik. ■ Halal gazanylan pul az hem bolsa, hümmetlidir. ■ Jürüñi dikdirmejek bolsañ, hakyña jür bol! ■ Jübi kesene ýyl kesýärler. ■ Başyñy galdyranyñdan başlygyñy galdyr. ■ Eli boş baran ~ eli boş gaýdar. ■ Gaçan gutular, gaçyran tutular. ■ Geljegi görjek bolsañ, geçmişe seret. ■ Agzy baryñ ~ arzy bar. ■ Neşesi ýeten ~ ýetdirmez. ■ Kelläñ bolmasa, teññäñ bolsun, teññäñ bolmasa ~ kelläñ. ■ Buza gaçan buz bolar. ■ Ot gorsaýan diñe kesewi däl. ■ Düýe hernäçe uly bolsa-da çybyn ony ejizledýär. ■ Der çyksa ~ dert çykar. ■ Ýatanyñ üstüne telefon gelmesin. ■ Enesi ýalamadyk göle semremez. ■ Guşkelle bolmasa, garga peýnirini tilkä aldyrarmydy?! ■ Barlynyñ banky ýanynda. ■ Goşgyñy ogurlany kaza eltip bolanok. ■ Näzi bolmasa, näzenin bolmaz. ■ Baýy mal basar, garyby ~ myhman. ■ Myhman myhmany gysganar, öý eýesi ~ ikisinem. ■ Susagyñ sapy saña ýetýänçä, gazan boş galar. ■ Toýa barsañ, arakdan doýup bar. ■ Gyzyl köýnekli bolsañ, öküzden ägä bol! Atamyrat ATABAÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||