00:49 Durmuş sapaklary | |
DURMUŞ SAPAKLARY
Sözler
■ Eplenmeseñ ~ eklenmersiñ ■ Ýüz bermeseñ ~ ýüz bermezler. ■ Ýüzüñ üstünds burnuñ bolmasa, äýnegi gulak saklamaz. ■ Myhmanyñ üç gün gün, üç günden soñ ~ üç gün? ■ Gepiñi gögertjek bolsañ, akyllyja dökün ber. ■ Gepini gyşardyp gepleýäniñ agzy gyşararmyş. ■ Sözi sazlaşdyrmak añsat, pikiri sazlaşdyrmak kyn. ■ Okuñ hem goşgynyñ hem nyşanasy ýürek, ýöne olañ biri heläk edýär, beýlekisi ~ halas. ■ Akylyñ bolsa akylyña eýer, akylyñ bolmasa ~ nakyla, nakylyñ bolmasa - halkyña. ■ Owaldan gyzyñ suratyny çekýän hudožnik Hudaýyñ ýasan sungatyny surata öwürýär. ■ Ile çykmaga ýüzüñ bolmasa, ili öýüñe çagyr! ■ Deñziñ suwy topugyndan bolýan adam - derýada gark bolar! ■ Myhmany söwüşläp ugrat, Duşmany köwüşläp. ■ Dowzahyñ ody çaý gaýnatmaga ýaramaz. ■ Gepiñ içindäki "güjükden" köpek çykmaz. ■ Aýagyna beýik ökjeli köwüş, kellesine çüri telpek geýeniñ boýy öñküligine galýar. ■ Algyly bolanyñdan ~ arzyly bol! ■ Tomsuna deñze git, gyşyna - daga! ■ Özüñi tutmak üçin ogurlyk etseñ, özüñi tutarlar. ■ Ömrüñi ýele berenden, köñlüñi ýele ber! ■ Işdäñ açygam bolsa, lebziñi bir ýuwutma! ■ Özüñe dözmän, sowmaduk pullaryñh sadakañda sowarlar. ■ Kynçylykda özünu ýitiren ~ ömrüni ýitirer. ■ Dert üstüne dert gelende, köne dert gümd gider. ■ Atylan ok daşa degmese, yzyna gaýtmaz. ■ Şahyr, halk içinden çykanam bolsañ, halkyñ içinden çykma. ■ Sen aýna seredeñde, öz ýüzüñ bar ýaly bolsa, goşgyña seredenlerinde, öz ýüzüñ görünmeli. ■ Zehin saña özüñi däl-de, özgeleri bagtly etmek üçin berlendir. ■ Dünýäde tanaljak bolsañ öñürti dünýäni tana. ■ Oñşugy bolmadyk ~ goñşuly bolmaz. ■ Gazana ýanaşsañ garasy ýokar, Azana ýanaşsañ ~ ýarasy. ■ Karz beren puluñ özüñki däldir. ■ Azy ýaranyñ ýanynda agzyñy ýarma. ■ Iliñ zadyny iýjek bolsañ, ýa toýa bar ýa-d sadaka görün. ■ Gawunyñ gowusyny şagala iýdirer ýaly garawulyñ nä agzy tagam bilenokmy? ■ Aññalak gapandan çaññalak çap. ■ Günäñi hammamda ýuwup bolmaýar. ■ Söýgüsi sowanyñ ~ beýnisi sowar. ■ Iliñ malyna göz diken ~ öz malyndanam dynar. ■ Göz-gaşlaryna çalynýan zatlaryndan çen tutsañ "gözboýaçy" diýilýän şolar bolmaly. ■ Ýagyş ýagjagyny habar berjek bolanda ~ gök gürleýär. ■ Ýüzüñe gülseler, ýüzüñi gizläre ýet ýer tapmaýarsyñ. ■ Oñat oturmasañ, oturdarlar. ■ Agzyña geleni aýdyberme, aklyña gelenini aýt! ■ Erbet ýazylan eser hem nusga bolup bilýär, nähili ýazmaly däldigini bilmek üçin. ■ Gülere zat bolmasa, gülüşdirere zat zat tapylmaz. ■Eli gysgañ ~ dili gysga. ■ Kelläñ bolmasa, kelläñ bilen jogap berip bolmaýar. Atamyrat ATABAÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||