19:43

Durmuş sapaklary

Sözler
Категория: Sözler | Просмотров: 443 | Добавил: Moderator | Теги: Döwletmyrat Ýazkulyýew | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 28
0
1 Saylaw  
1486
предпоследняя ложь :)

0
2 Döwletmyrat  
1892
Saýlaw inim!!! Şu zat ýalan diýmek üçin eliňde anyk maglumat bolmaly. Men şu zatlary maksat tutup ýazmadym. Siziň ýaşyňyz näçe?! Biz on bir çaga üçüsi bir ýaşa ýetmän 8 çaga bolup aýaga galdyk. Dogry, meniň diýýän zamanym köp çagaly zamandy. Şol zaman köpçagaly hojalyklarda çaga-bagyr agysyny görmedik hojalyklar az-azdyr. Adamlaň uzak ýaşaýandygyny öz eneň-ataňdan, ýaşuly tanyş-bilişleriňden sorap göräý. Ýöne okap, subutnamasyz ýalan diýmek, bolmanda gelşiksiz.

0
3 Money  
1834
Gardaş çaga ölümine seretsek: SSSR döwründäki maşgalalarda azyndan 3 çaga (hökman 2 ogul bolmaly diýen ýaly her hojalykda 2 oglan bar. Gyzlar ondanam köp) bar. Häzirkilerde bolsa köpi 3 cagaly. Özümä 30 ýaşap geçdim welin klasdaşlaryň 1-2 sanysynda 3 çagaly bar welin "eý planynyň 3 çagasy baraý tüweleme" diýilýär. Äwüp-säwip 2 ogully bolaýmasa 1 oglan çagadan soň köp maşgala çaga edenok. Gyzlar oglandan uludyr ýada oglan çagadan soň ýeke gyz bardyr, olam 3 çagaly diýilýänlere degişli. Onsaň SSSR döwründäki dogum sanyndaky çaga ölümi bilen häzirki az sanly çaga dogumdaky prosent gatnaşygy deňirak barmyka diýýän. Üstesine soňky wagtlar çagalarda psihiki näsaglyklar we beýnisi ösmeýän çagalar köp. Buna men iýilýän iýmitlerden we ilaty ýerlerden uzakda gurulmaly zawodlaryň ilatyň gür ýerlerinde gurulýanyndan görýän. Ýekeje mysal, Marydaky karbamid zawody (Gres).

0
4 Döwletmyrat  
1892
Häzir türkmeniň az çagaly bolmagy halkymyzyň soňky ýyllardaky maşgala psihologiýasy bilen bagly. Elbetde, kemçilikler bar. Moneý inim, siziň diýýän zatlaryňyzam belli bir derejede dogry. Ýöne çaga ölüminiň duýarlykly azalyndugyny maşgala durmuşyndan anyk göz ýetise bolýar. Adam ömrüniň uzalandygy barada-ha gürrüňem ýok. Mundan 30-40 ýyl öň köriçege, grija ýaly häzir ýönekeý hasaplanýan kesellerdenem adamlar ölerdi. Agzalýan döwürde aradan çykýan adamlaryň köpüsi 50 ýaşa-da ýetmedikdi. Dogry, bizde, neşekeşlik zamanynda takmyn, 1998-2008-nji ýyllarda agzalan beladan ýaşlar aradan çykdy. Ýöne häzir adamlaryň 30-40 ýyl öňki döwürden azyndan 10 ýaş uzalandygyny bilmek üçin, 50 ýaşdan geçen adamyň ýiti synçylygy ýeterlik.

0
5 Money  
1834
Ylalaşýan. Kiçiräk wagtlarym "meňem enem 65 ýaşasa diýýädim" sebabi esasan 62-65 ýaş aralykdakylarda paraliç bolup ölenler köpdi. Häzir esasan özüni araga aldyran oglanlar ýa maşyn awariýany hasap etmeseň garrylykda ölýänler 75den köpüsi geçen.

0
6 Moderator  
1471
"Men anyk statistikany bilemok". Bizem bilemzok. Diýmek, bu boýunça hiç birimizem sagdyn we ygtybarly gürrüňleri edip bilmezmikäk diýýäris.
Çaga ölümleri az-kem azalan bolmagy mümkin. Emma adam ömrüniň uzalandygyna ynanmak kyn. Meniň eýýäm soňky 10-20 ýyllykda tanyşu-nätanyş ýogalandygyny gören adamlarymyň 70-80%-i altmyşa ýetmän aradan çykdy. (Altmyşa ýeteňde-de, altmyş ýaş dagy ýaşmy!). Köpüsi-de ýa ýüregagyry, ýa gan basyşynyň oýnamagy (dawleniýe), ýa süýjüli diabet, ýa sirroz, ýa düwnük we ş.m...
Ýüreagyry, dawleniýe ýaly keselleriň adamlaryň sosial-durmuş ýagdaýy bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyna ynanýaryn. Hatda sosial ýagdaýy zerarly çykalga tapmakdan ejiz gelip, öz janyna kast edýänleriň hem artýandygy inkär edilmesiz hakykat.
Düwnük, süýjüli diabet ýaly keseller halkymyzyň arasynda öň ýok dertler däl, emma seýrekdi. Meň pikirimçe, her 50-100 adamdan biri süýji keselinden ejir çekýärdi. "Pylan mugallymyň süýji keseli bar" diýip gürrüň ederdiler we berhiz saklaýandygy üçin onuň ýany bilen göterýän portfelinde hemişe gara buhanka çörek bolardy. Hut şol adamlaryň hem ýetmiş-segsen agyp aradan çykandyklaryny bilýärin. ýagny süýji keseli hem çekip-çydamazça kesel däldi, hem seýrek keseldi. Emma häzir süýji keseline ýolugan adam iki-üç ýyldan uzaga gidenok. Bejergisi-de ötüşdirmese gowulaşdyrmaýar. Adamlaryň doly bejergi almaga maddy taýdan güýji-de ýetenok. Çiş we düwnük keselleri boýunça-da şeýle...

* * *

Ýadymyza düşýär. Öňler elli ýaşdan geçen adamlar ýaşuly adamlar hasaplanardy. Indi biziň bilen deň-duş adamlar ýaly. Häzir biz kyrk ýaşasagam, bizden 10-20 ýaş ulularyň gözünde "çaga".
Oglanlar-gyzlar ir durmuş gurardy. Ýadymyza düşýär, biz çagakak 25 ýaşap öýlenýän oglany ya durmuşa çykan gyzy "garry" hasap ederdiler. Indi 25 ýaşly oglan-gyzyň bolşy (özüni alyp barşy, pikir-düşünjesi, fiziki ösüşi) mekdep okuwçysynyň bolşundan tapawudy ýok.
Bäş-alty ýaşly çagajykdygymyza garamazdan ýadymyza düşýär. Garry atamyň doganoglany gaba sakgally, gara silkme telpekli, hasaly, bir eli golak adamdy. Neberämiziň iň ýaşulysydy. Arada gonamçylyga baranymyzda, onuň mazar daşyna seredýän welin, onuň doglan we aradan çykan senesi "1918-1990" diýip, bellenen eken. Oba ýerlerinde bimahal we çaga ölümlerini hasap etmänimizde, ýaşuly adamlardan başga ölýän ýok diýen ýalydy... Adamlar sagdyndy, iýýän zatlary tebigydy, ömürleri bereketlidi. Diňe iýýän zatlarymyzda däl, indi ömürlerimizde-de bereket ýok. Tebähet göterildi. Iýýänimiz himikat, içýänimiz hlorly suw.
Kyrk ýaşasaňam, altmyş ýaşasaňam birsydyrgyn durmuş... Ýogsam bolmasa, öňki öten-geçenlerimiziňem-ä durmuşda görmedik horlugy, ýuwtmadyk hunabasy ýok. Döwür ösdi, durmuş özgerdi. Tehnologiýa durmuşymyzy şonsuz göz öňüne getirip bolmajak, ýaşap bolmajak derejede hojalygymyza ornaşdy. Elimizi yssy suwdan sowuk suwa urasymyz gelenok. Puluň bolsa, kurýerler indi hemme zady öýüňe getirip gidýärler. Bazara ýa dükana gidip ýörmeli däl. Göräýmäge adamlaryň aňy hem görlüp-ösmedik derejede ösäýjek ýaly. emma beýle däl. Gaýtam şol öňki öten-geçenlerimiz gol çekmeli bolanda barmagyny basyp oňýandygyna garamazdan, şolaryň sowady biziňkiden bir ädim öňde ýaly. Çünki olarda galplyk ýokdy, ýalançylyk ýokdy, biri-biriň aýagyndan asylmak ýokdy, töhmet ýa gybat ýaly pislikleriň ysy-da ýokdy... Ruhy dünýäleri gözel adamlaryň saglygy-da gurat bolýan bolarly. Indi adyny-soruny eşitmedik kesellerimiziň dünýäde ýaýraýandygyny, sanlyja salymyň içinde birgiden ýurda ýaýrap, halklary dowula salýandygyny görýäris. Koronawirus döwründe muny hemmeler gördi.

0
8 Döwletmyrat  
1892
Hormatly Moderator!! Siziň kesel köpeldi ýa adam häsiýetleri hakynda aýdýanyňyz dogry. Adamlaryň öňküden uzak ýaşaýandygy üçin kesel köpelýär. Onsoňam SSSR döwründäkiden Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligine has açyk. 1985-nji ýyldan aňyrda daşary ýurda gitmek ýok diýerlikdi. Bolandyr, ýöne gaty az bolandyr. Onsoň häzir dünýä ýüzündäki hadysalar Türkmenistana-da täsirini ýetirýär. Edil häzirem 50 ýaşynda süýjüsi bolup 80-den geçip ýaşap ýörenler bar.
Indi ýaş hakynda;: 1980-njy ýylda Mäne obasynda 3500 den sähel köpräk adam ýaşap, şol wagt, şol obaň jemi pensionerleriniň sany-inwalidler ýa çaga pul alýanlar girenok, 150 adama-da ýetenok eken. Şol zaman erkekler 60, aýallar-55, bäş çaga hem ondan köp çagasy bolan aýallar 50 ýaşynda pensiýa çykýar ekenler. 2020-nji ýylda şol obaň ilaty 5500 adamdan sähel gowrak bolup, diňe pensiýa alýanlaň sany 400-den geçipdir. Pensiýa ýaşy erkekler üçin 62, aýallar üçin 57, üç hem ondan köp çagasy bolan eneleriňki 54 ýaşa çenli bolýar.. Goňşy Çäçe obada-da şeýleräkdigi aýdylýar. Hemmämiz hasap bilýäs. Eger adam ömri uzalmadyk bolsa ýaşuly neslimiziň sany köpelmez ahyry. Her kim öz akyl-paýhasyna görä netije çykarýar.

0
11 Money  
1834
Adamlaryň öňkiden uzak ýaşaýany üçin kesel köpelenok, ylmyň ösüp şu derejä geleni sebäpli keseller köpelýär. Üstesine emeli usul bilen döredilen keseller (wiruslar) bar. Men wirus diňe kompýuterlerde bolýandyr diýip pikir etýärdim welin asyl adamlardada bar. Wiruslaryň köpüsi zawodlaryň galyndy gazlary we iýmitler (ähli gök önümlere himikat berip ýetişdiryärler) arkaly hem howa arkaly gelýär. Meniñ pikirimçe ýörite edilýän bolmagam ahmal, sebäbi ylmyň bu ösüşinde bolup biläýjek zat.

0
16 Moderator  
1471
"Adam keselleri uzak ýaşaýandygy üçin köpelýär" diýýäñizmi? ;)
Aý, ýok, edil bu sözüñiz bilen-ä düýbünden ylalaşamzok. Uruşyñ yzynda galan aýallaryñ 90%-i 80-90 ýaşdan, hatda 100-den geçip ýogaldylar. Ölýänçe ýekesiniñ yk-çoky bolmady. Birisi-de ýatuwly bolup ölmedi neresseler. Hut biziñ obamyzda we goñşy obalarda tanaýanlarymyz-a şeýledi. Garry enem biziñ çakymyzdan 100-den geçen bolmaly. Ýöne pasport ýaşy bilen 97 berilipdi ýogalanda. Pahyr üýtgeşigräk zat görse iýjek bolardy. Agzyna-da diýseñ gowy serederdi. Soñky gezek agalarymyzyñ (onuñ agtygy bolýar) biriniñ öýünde çowluklary (meniñ doganoglanlarym) gawun kesýär. "Balalarym, maña-da şo gawundan bir dilim uzatsañyzlañ" diýip dilenipdir. Ýogsa, olar "ene, iýmesene, saña ýaramazam" diýipdir. Görgüli, iýipdirem welin, içi geçip, sanlyja salymda "ýola düşüp" duruberipdir (2007). Atam pahyr özi aradan çykýança (2019) ogluna we agtyklaryna iñirdedi ýördi "enemi siz öldürdiñiz" diýip. :)
Keselleriñ uzak ýaş bilen asla dahyly ýok. Garrylarymyz bizden has sagdyndylar.
Keseller iýýän gök önümlerimiziñ, azyk önümleriniñ doly himikata ýugrulandygy zerarly köpelýär.
Mysala ýüzlenesim gelýär. Telewideniýede gözüm düşüpdi. Alymlar belli-belli syçanlary saýlap alyp (synag üçin), diñe himiki maddaly iýmitler bilen naharlapdyr. Bu synag birnäçe wagta-birküç ýyla çekipdir. Netijede ýañky syçanlar üç nesilden soñ önelgesiz bolupdyr. Ýagny tebigy däl emeli önümleriñ syçanlary önelgesizlige eltýändigi anyklanypdyr. Yzyny özüñiz pikir ediberiñ onsoñ. Bedenimize iýmit önümleri arkaly siñýän himiki maddalar bizde nähili ýykgynçylykly yzlary galdyrýandyr öýdýärsiñiz?..

0
10 Money  
1834
Real durmuşdan alnan deliller. Dogry

0
15 Money  
1834
Real durmuşdan alnan deliller. Dogry. (Aşaky teswire dälde şuňa ýazdym öýtýän. Belki ýalňyşa dyryn.)

0
7 Moderator  
1471
* * *

Enem 12 çaga dogran. Şolaryň ikisi çagaka ýogalan. Alty ogly, dört gyzy bardy. Diňe bir gelniniň dört çaga dograndygyny hasaba goşmasak, galan gelinleriniň hemmesi-de alty çaga dogran. Pahyr şonda-da gelinlerine göwni ýetmezdi. "Alty çaga dogurdym diýip, edýän işiňiz ýok, öýden çykman otyrsyňyz..." diýip igenerdi. Özem atam ir döwür çopançylyk bilen meşgullanansoň, äriniň ýanynda bolup, çagalarynyň hemmesini dagda-düzde dogran we hatda göbegini-de özi kesen. Dogrup, obadaky garry enemiň eline oklap ýene yzyna - daga gidiberer eken...
Kakam we onuň beýleki doganlarynyň barsy garry enemiň elinde ulaldylar. Üstesine mal-gara-da seretmäge ýetişerdiler, mellek hem işlärdiler, kolhozyň işine-de, öýüň biş-düşüne-de ýetişerdiler. Hemmesiniñ üstünde baş bolup, ogul-gyzlaryny-da, gelinlerini-de, agtyklaryny-da işlederdi. Tamdyr-tamdyr çörek bişirerdi. (Şeýle haýbatly aýaldygyna garamazdan, garry enemiñ ýanynda demini çykaryp bilmezdi). :)
Edil ýöne robot ýaly. Indi dagy nahar bişirmäge ýaltanyp, äriniň gazanjyny saga-sola sowrup iýjek naharyny dostawka etdirýän mes gelinlerimiz bar. Çagalary ulalýança eneke tutýarlar, öý işleri üçin öý bikesi tutýarlar... Şonda-da ýigitlerimiz olara ýaranyp bilenok.
Pikir edip görüň... Hassahana ýok, sanitariýa ýok... Özleri dogrupdyr, derman-därisiz özlerine-de seredipdir, çagalaryny-da kemala getiripdir. Indi soňky gelinlere bir çagany sagdyn dogurdýançaň burnuňdan ikli gan gelýär. Çaga dogurýança ýatan çöpi galdyrtmaly däl bolýar. Üstesine iki-üç çaga dogran gelinler orta ýaşdan geçen aýallar ýaly çalam-çaş bolup galýar. Sagdynlygyny-da görk-görmegini-de ýitirýär.

* * *

Arada dişime seretdirmek üçin Stomotatologiýa merkezine baranymda, binanyň dördünji gatyndaky Çagalar bölüminde kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar boýunça bölüminde dişlerini bejertdirmek üçin getirilen çagalardan ýaňa aýak basara ýer ýok. Eýýämden çagalaryň dişi gemrik-gümrik, çüýrük we iriñlãp, gopup ýatyr... Iýmitiň bu boýunça täsiri bolup bilermi? Elbetde!
Munuň tersine amerikanlaryň ýa-da düýn prezidentlige saýlanan Donald Trampyň gyzy Iwanka Trampyň suratlardaky dişlerine serediň. Iri-iri, saýyrdyň, ak gunduz ýaly we hemmesi bütewi. Bizde Iwankanyň ýaşyna ýetýänçäk hemmämiziň dişi plombalanýar ýa protezlenýär. Bu zatlaryň seljermesini etjegimiz ýokmy? Olar näme iýýär, biz näme iýýäris?

Bizde anyk statistika hiç haçan bolmaz. Sebäbi hassahanalarda ýogalýan "ýok"... Mysaly daşdan gözlejek däl. Ejem pahyr bolanda lukmanlar "hassahanadan çykarandan soň öz öýümizde aradan çykdy, lukmanlara hiç hili arz-şikaýatymyz ýok" diýdirip dil hatymyzy almak üçin daşymyzdan dokuz pyrlandy. Elbetde, olaryňam ýagdaýyna dogry düşünýäris...
Ýagdaýyň şeýledigi görnüp durka, bizde haýsy kesel boýunça ýylyň dowamynda ýurt boýunça näçe adamyň ýogalýandygyny, ýogalanlaryň ýaş tapawudyny nireden seljerjek?... Bu boýunça hassahanalaryň we maşgala lukmanlarynyň ýöredýän statistikasy, bütin bu statistikalar boýunça hem saglygy goraýyş ministrliginiň umumy statistikasy bolmaly.

0
9 Döwletmyrat  
1892
Eneler hakynda näçe aýtsaň azdyr. Şol sebäpli şahyrň: "şonuň üçin Watanymy deňeýän Ene ýüregine" diýen ajaýyp sözleri bilen doly ylalaşýarys.

0
12 Money  
1834
Hahahah iki çaga dogranlaryň çalam çaş bolýan-a dogry. Şol setirleriňi okap töweregimdäki 97-den ýokardaky gelin adyny alan gyzlar ýadyma düşüp gülenimi duýman galdym. 2001-den ýokardakylar-a hasam :)))))

0
13 Money  
1834
Gardaş D.Tramp we gyzynyň dişleri basdan aýak gowy bejerlendigine şübhelenip oturma. Men azerbaýjan telewidenýasyny köp görýän, ähli medeniýet sungat işgärleri, telewideniýe işgärleri dişleri bejerdileni mese-mälim. Olaryň-a burunlaram zawodskoy tommaryp duran bolansoň zenanlarynyň-a ählisem burun operasiýadan geçen. Erkekleriniň arasynda hem köp.
Umuman bu teswirleriň durmuşda hakyky zat. Real bolup duran zatlar. Emma Döwletmyrat Ýazkulyýewiň aýtýany adamlaryň ýaşy mundan 30-40 ýyl ozalkydan uzak ýaşaýandyklaryny we çaga ölümi umumy alaňda (belki käbir etrapda köp ýa welaýat boýunça köp bolup biler ýa käbir welaýatda belli bir wagtda ýok bolubam biler) azalandygyny aýtýar. Seniň aýtýanyň durmuşda bar hakykat, muňa garşylyk ýok.

0
14 Money  
1834
Soňky teswiriň gaty dogry. Galplygy aradan aýyrmasaň statistika degişli dogry maglumat hiç wagt bolmaz. Bizde-de bu zat haçan (men ölýänçäm-ä bolmaz) boljagyny diňe beýik Alla bilýändir.

0
17 Money  
1834
Men ýene bir zada göz ýetirdim. Häzirki ähli gök önümlerimiz himiki maddalar esasynda ýetişdirilýär. Emma daşary ýurtlarda hem aglabasynda şeýle. Köp döwletleriň tebigaty örän gowy we howa şetleri, tehniki şertleri oňat bolansoň tebigy gök önümler (berilsede gaty az mukdarda, hatda berilmeýän ýerlerem bardyr) himiki maddasyz miweler bar. Indi esasy aýtjak zadym, bizde şol himiki maddalar standartlardan artyk berilýär. Az, ortaça, maksimum berilmeli diýen ölçegleriň diňe maksimum derejesini ulanýalar. Maksatlary önüm uzak wagt durmaly, zaýalanmaly däl we satylmaly (maksat bärde diňe pul göz öňünde tutulan) Gynandyryjy ýagdaýlar welin....

0
18 Moderator  
1471
Ýer ýüzüniñ ilat sany hakdaky aýdylýanlara-da ynanyp barmaly dälmikä diýýäs, özümiz-ä.
Bir gezek rus telewideniýesinde şeýle diýilýändigine duş geldim:
Aýdyşlaryndan, Hytaýyñ ilaty hiç mahalam (häzirem) bir milliarddan geçmändir. Hytaýlylar statistikany geosyýasy arenada artykmaçlyklaryny görkezmek maksady bilen (başga sebäpleri-de bar) artdyryp görkezýärlermiş. Muny anyk mysallara, faktlara ýüzlenmek bilen subut hem edýärler.
Elbetde, muny sözme-söz-ä makullap biljek däl. Emma aýdylýanlarda jan ýoksuz hem däl. Käbir döwletleriñ halkyñ sosial-durmuş derejesiniñ ýokarlanandygyny görkezmek üçin ilat sanyny bilgeşleýin artdyrýandygyny, hakyky statistikany galplaşdyrýandygyny hemmämiz bilýäris.
Hytaý ösen sosialistik döwlet. Ilat sanyny takyk ýöretmäge, ilat ýazuwyny geçirip doly tükellemäge ukyply ýurt. Hemme statistiki maglumat hem ellerinde. Isleseler azaldybam, köpeldibem ýazyp bilýär. Şonuñ üçin dogrudanam olaryñ ilat sany şübheli ýaly. Munuñ tersine onuñ goñşusy Hindistanda ilatyñ bir ýarym milliarddan hem geçendigine ynanýarys. Sebäbi olarda takyk statistika ýok. Köçelerde gedaýlar sil bolup akýar. Meýdanda ýatyp-turyp ýörenleriñ hetdi-hasaby ýok. Haýsy biriniñ maglumaty pasport býurosynda bardyr ýa-da eli pasportlydyr öýdýärsiñiz? :)

0
19 Money  
1834
Hytaýyň ilat sanyna şübhelenýänler bar. Hindistan bolsa haçandan bäridigini bilemok welin indi iň ilaty köp ýurt diýilip hasaba alyndy.

0
21 Döwletmyrat  
1892
Hytaý hakynda häzirki döwlet baştutanynyň Karary bilen her maşgala birden artyk çaga edinmek rugsat berildi. Şonuň üçin maşgalada birden köp doglan çagalar hasaba alynmandyr. Meniň bu diýýänim haýsydyr bir gepleşikden alnan maglumat däl, anyk fakt. Onsoňam bolýar siziň diýeniňizi tassyklap, käbir ýurtlaryň ilat sanyny köpeldýändigini çen edeliň. Ýöne häzir ýer ýüzünde 6-7 milliard adamyň ýaşaýandygyny aýtsa bolar. Adamzadyň şeýle köpelişi Ýer togalagy döräli bäri hasaba alynmadyk.

0
23 Money  
1834
Şu dereje köpelişe 2nji jahan uruşyndan soň şeýle köp sanly adam gyrgynçylykly uruşyň bolmaýany sebäp etse bolar. XX asyra çenli köp sanly adam gyrgynçylykly uruşlar häli şindi bolan. Muny dokumental filmlere esaslanyp aýtýan. Ýaponiýada, Hytaýda, orta aziýada, d.g we g.b ýewropada, häzirki g.o we d.g amerikadaky taýpalary bütünleý ýok etmelerde sansyz-sajaksyz adam ölen. Grekleriň, rimlileriň, mongollaryň gyrgyna salan ülkeleriniň adamlary. Soňky 120 ýylyň içinde diňe 2 jahan uruşy boldy we olarda gyrylan adam sany bütün dünýä adam sanyna garanyňda üstesine 120 ýyla seredeňde az. Korona wirusy göz öňüne tutýanlar bar bolsada, taryhda covid19-dan beter köp sanly adamlaryň keselçilikden gyrylan belli belli seneler bar. D.Tramp "siz korona wirusdan plança adam ölýär diýip statistika ýöretýäňiz, a meň ýurdumda öz ajalyna, keselden, maşyn awariýadan, öz janyna we biri biriniň janyna kast etmelerden ölýänleriň hasaby şoňa deň" diýişi ýaly, koronawirusdan soňky 120 ýyla bütin dünýä seredeňde az san.

0
20 Babyşgalaly58  
1794
8-нжи тесвирe, Довлетмырат. Tема дегишли далем болса бир совал. Мане-Чаче обаларындан болсан.
Мен бир вагтлар ёлум душуп, шу обаларын ичинден гечип гидйардим (командировка). Шонда, анык ядымда дал Чаче обасындамыка бир мекдебин дервезесинде "Хожа Порсыев адындакы мекдеп" дийип язылгы экен. Хожа Порсыев ким болан?

0
22 Döwletmyrat  
1892
Meniň bilşime görä, Çäçe obasynda bir mekdep bar. Hoja Porsyýew adyndaky mekdep?! Birinji gezek eşidýän, öwrenip soň jogap bererin.

0
24 Döwletmyrat  
1892
Men adamlaryň ömrüniň uzandygy barada anyk subutnama getirdim. Her kim obasyndaky pensiýa berýän uzak işlän kassirden sorasa-da, şolam aýdar, pensionerleriň köpelýändigini. Ýöne men problema ýok diýmedim. Bu mesele boýunça problema az däl. Ýöne çak etmämizi goýalyňla. Daşary ýurtly synçylaryň näme diýýändigini men gaty gowy bilýän. Biz problemamyzy olardan öwrenmeli däl. Atajan Tagan hakynda näme diýjek bolanyňyza düşünmedim, Saýlaw inim. Men ýazýan zadymy ynsabym bilen ýazýan, ýazan zatlam absolýut hakykat bolmasa-da, düýbünde hakykatyň bardygyny hiç kim inkär edip bilmez. Meniň aýdanlaryma anyk faktyňyz bolsa baş üstüne, ýöne ýaňkalaşma äheňindäki umumy teswirlerden el çeksek gowy bolmazmy?!

0
25 Money  
1834
Daşary ýurtly syýasatçylarmy? Hehehe puluny berýäň-de näme diýmelisinem aýtýaň welin, bolany. Ýogsa olar ýalan sözleýäler.

0
26 Money  
1834
26 ýyl yza gitdiň gardaş, Döwletmyrat soňky birnäçe ýyla aýtýar

0
27 Döwletmyrat  
1892
Atajan Taganyň haýsy ýazan zadynyň gürrüňini edýäňiz. Men salgy beren makalaňyzy okadym, ol uzak, onuň niresi hakynda aýdýaňyz?! Onsoňam men beýleki ýazyjylar ynsabyny ýitirip ýazýar diýip, ýeke söz aýdamok. Atajan Tagan öz ynanjyny ýazýar, Gynansagam, ol çeper eserlerinden başga pikir ýöretmelerinde köplenç halatda örän ýalňyş pikir ýöredýär. Mysal, Görogla "galtaman" diýýär, Magtymguly Göroglyny ýazmandyr ýa "Türkmeniň" şygry ýaly kämil şygra "kämil däl" diiýär. Emma bu şygyrdaky "Bir suprada taýýar kylynsa aşlar.." ýa "Alabilmez ýolbars ogly türkmeniň" ýaly setirleriň diňe birini XX asyrda doglan, şol şygra müňkür bolan türkmen şahyrlarynyň hemmesi üýşübem döredip bilmediler. Olaryň türkmen dilinde bu edýän hereketlerine "Süýtden gan gözlemek" diýilýär.

0
28 Döwletmyrat  
1892
Gündogarşynaslaryň biragyzdan tassyklaýşy ýaly, "Görogly" türkmeniň milli eseri, Türki halklarynyň içinde iň kämili türkmeniňki. Bu ykrar edilen hakykat. Men "Magtymguly we Görogly" diýen makala ýazaryn. Şonda düşündirerin. "Görogly" ýaly kämil esere dünýäde hiç kim şu sözleri aýdanok. Atajan Taganyň ýalan-ýaşryklary öz "miwesini" beripdir. Türkmen tä XX asyryň başyna çenli "Ýaşamalymy ýa ýitmelimi" diýen sowal bilen ýaşady. Men "Göroglydan" beýik watançylyk duýgularyny okaýan. Her kim gözleýän zadyny tapýar. Siziňkiň ýalňyşdygyny subut ederin. Aýdar ýaly zadyňyz bolsa aýdyň, hemmesine bir jogap bererin. Azajyk sabyr ediň.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]