11:38 Durmuşyñ utuşy | |
DURMUŞYÑ UTUŞY
"Maňa öwran-öwran diýdiler, ýigit, Sen durmuşy öwren, sen durmuşa git!” G.Ezizow. Diýdiler maňa-da kän gezek, ýigit, Durmuş bilen ýöre, bile git – diýip. Durmuşy duşuňdan geçirseň eger, Teýeneli gepler tyg bolup deger. Gep bolmaz dek, aýdylany saýladym, Heňňamdan galmajak bolup haýdadym. Iler diýip, derrew, göze-gulaga, Eşegmem çalyşdym awtoulaga. Nätjek, höwes indi özi erk etjek, Basym pes jaýymy boldum beýgeltjek. Demir-dümür, zir-zibili köpeltdim, Geregi-de etdim, gerekmez etdim. Durmuş welin, her täzesin güjeňläp, Oýnap ýörse nätjek, bolşumy geňläp. Yzyna eýgertmän başym çalartdy, Täsin oýny duýman durkam garratdy. Garrasaň halaman ýüz çytýan eken, Garram oň oýnundan tiz çykýan eken. Geldimyrat SEÝIDOW. 2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||