DURY GÖZBAŞLARYŇ DÜRI
Ynsan ykbalynyň her pursatynda ýatlara-goýara, many alara zat ýok däl. Emma gaty zerur bolmadyk zatlaryň aňymyza agram salmazlygy üçin, öten aý-günler olary ýadymyzdan çykarypdyr. Diňe ýer togalagynyň demirgazyk çüňkünden seredeniňde, parlak Güni gözden ýitirmän, şol bir ýagdaýda, şol bir beýiklikde görüp bolşy ýaly, soňky ykbalyňa ýagşydan-ýamandan täsir etjek, käteler göwnüňi göterip, käteler päliňi peseltjek ýatlamalar, şol beýikliginde ýalkym saçyp dur. Edil şonuň ýaly ýatlamalaryň asyrlardan-asyrlara aşmagy üçin, asylly adamlar olaryň köpüsini ýazga geçiripdirler. Öňki durmuşdan, bolup geçen wakalardan many almak, netije cykarmak üçin, şöhratly aslyňa buýsanyp, ertire ynamly gadam urmak üçin taryhy ýazypdyrlar. Taryhy, geçmiş mirasymyzy öwrenmegiň, bilmegiň aňyrsynda şahsyýetiň terbiýesi ýatyr. Hut şonuň üçin hem Beýik Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamasynda: «Adamy - durmuş, şahsyýeti – taryh terbiýeleýär» diýip ýazylan. Şahsyýet mertebesine ýetmek bolsa, adam bolmaklygyň iň ýokary derejesidir. Geçmişi we geçmiş mirasymyzy öwrenmegiň ähmiýeti hakda Mukaddes Ruhnamada ýürege aram beriji we ony bilmäge höwes dörediji jümleler köp: «Geçmiş – geljegiň yşaraty, şu gün – geçmişiň netijesi, geljek bolsa – şu gün bilen geçmişiň nikasydyr. Onsoň geljegiň hili-de, onuň nähili boljakdygy, nähili bolmajakdygy içki taýdan biziň geçmişi aňlap bilşimiziň hiline baglydyr».
Emma Garaşsyzlyk eýýamyndan öňki zamanada türkmen halkynyň ykbaly edil Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda: «Türkmen taryhyny türkmen taryhçysyndan başga her kim ýazdy. Olar türkmeniň taryhyny öz isleýşiçe ýazdylar» diýip, jaýdar aýdyşy ýaly boldy. Ata-babalarymyzyň ykbaly, ertirimiziň gönezligi bolan düýnümiz bize ýetirilmän saklanyldy. Ýitip gitmedik halkyň we milletiň taryhy hökmünde beýan edilen zatlar bolsa, köp halatda ýoýulan, hakykatdan üzňe we ýalana ýakyn bolup çykdy. Ýetmiş ýyllyk aň gabawynyň täsirine düşen, köne ülňülerden, sowet döwründe ýazylan kitaplardan aýňalyp bilmeýän käbir adamlar türkmenleriň şöhratly taryhyna degişli täsin ýazgylary okanlarynda, oňa ynanmazçylyk etmänem durmadylar. Beýik Serdarymyzyň jöwher paýhasy batyl duýgulary cym-pytrak edip, aň älemindäki päkize dünýäniň gapysyny açdy. Taryhyň käbir parçalary ýatdan çykyp biler, ýöne ony üýtgedip bolmaz. Biz bolsa ony şöhratly ata-babalarynyň bardygy üçin nesillere geçirmäge borçludyrys.
Türkmen beýik halk, muňa şübhe ýok. «...emma ol ikinji bir halkdan beýik däl. Türkmeniň zandynda onuň ýaly peslik ýok. Şu pendi her bir türkmen ömür ýadynda saklasyn» diýip, Beýik Serdarymyz özüniň Mukaddes Ruhnamasynda sargyt edýär. Türkmeniň Altyn asyrynda ýaşamak bilen, onuň geçmişini ylmy esasda öwrenýän her bir watansöýer perzent her bir işde Beýik Serdarymyzyň dogaýy sözlerini gursagyna tumar edip dakmalydyr.
Beýik Serdarymyz ata-babalarymyzyň döreden we oýlap tapan zatlary, edebi we medeni mirasy hakda çuňňur alada edýär, olary agtarmagy, gözlemegi, tapmagy we öwrenmegi sargaýar. Çünki, ol ýerde türkmen köküniň näderejede örňäp-ornaýşynyň beýany ýatyr. Olar biziň tükeniksiz ruhy gorumyzdyr. «Ruhy gymmatlyklar boş ýerden döremeýär». «Ata-babalarymyzyň genji-käni, galdyran ruhy baýlyklary biziň döwletimiziň milli aňyýeti bolsun» diýip, Beýik Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamasynda aýdylýar. Geçmiş mirasymyzy öwrenmegiň zerurlygy hakda durup geçip: «Geçmişiňi bilmeseň geljekki nesliň ykbaly garaňky bolar, ýene-de ruhy pese düşüp, köp türkmen aslyny ýitirer» diýip belleýär. Aslymyzy ýitirmezlik üçin, beýik Serdarymyzyň döreden mümkinçiligini yrýa etmän, bagtyýar geljegiň hatyrasyna geçmişden habarly gezmelidiris. Her bir ýoluň, her bir zadyň kynçylygy bolýar. Emma zyýada mümkinçiligiň bar ýerinde sähelçe-de müşgillik galmaýar. Ýol barka, ýöremek kyn düşmeýär. Bu, gözbaşyny alyslardan we asyrlardan alyp gaýdýan türkmen edebi mirasyny öwrenmekde hem hut şeýledir. Türkmeniň ruhuny duýmagy we tanamagy öwreden Mukaddes Ruhnamany özümize şamçyrag edinip, taryhyň islendik tokaýyna aýak atsak, ähli zat ap-aýdyň görner. Ilkibada gözüňe gorkunç görünýän sümme jeňňellerem, beýikli-pesli düzlerem, ymgyr giňiş ýaýlaly, ötlem-ötlem ýolly, kötel-kötel gerişli we geçitli, gitse-gelmez saýylýan menzillerem gündizlik kibi anyk bildirer durar. Taryhyň ähli ýoly özüne dolanyp gelýän Mukaddes Ruhnamanyň üsti bilen edebi mirasymyzy öwrenmekde päsgelçilik galmaýar.
Türkmeniň ruhy genjine gatylan eserler, ylmy açyşlar, ýyldyz kibi ýagtylyk saçýan taryhy şahsyýetlerimiz, merdanalarymyz, alymlarymyz we danalarymyz barmak büküp sanardan köp. Her bir ugur aýratyn umman. Göwher hernäçe ýalpyldaýan hem bolsa, akaryň içindäki altyn daşlary saýgaryp bilmeklik, gözbaşyň durulygyna bagly. Gösbaş näçe dury, gönezlik näçe halal bolsa, gözellik hem şonça zyýada bolýar. Her bir taryhy hadysadan netije çykarmak üçin hem şeýle aýdyň gözbaşlara salgylanmak zerurdyr. Dogry netijä gelmek üçin düz pikirden ugur almaly. Geçmişi kemsiz bilmek üçin asyl çeşmä ser salmaly. Goý, ol ýerde ýalňyşlyk ýa-da ýazylmadyk zatlar bar bolsa-da, az bolsun.
Türkmeniň geçmiş taryhyna degişli golýazmalary dünýäniň çar künjünden tapyp getirdýän we olary öwrenmäge, hakykaty dogruçyl beýan etmäge mümkincilik döreden Beýik Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Ol ýa-ha zamananyň ýowuzlygy, ýa-da nesilleriň geleňsizligi sebäpli, biperwaýlyk çüňkünde unudylan tanymal taryhy şahslarymyza täze dirilik berdi.Gat-gat gamyş tutan, küt-küt kerep baglan ruhy gözbaşlarymyzyň batyl galan buýsanç çeşmesiniň öňüni arçady.
Türkmen döwletli halk. Hut şol sebäpli hem Beýik Taňry türkmeniň döwletlilik nesibesinden ýokdurmak üçin, ony dünýäniň ýüzüne dary sepen ýaly pytradypdyr. Dünýäde Allanyň nazary, ýer ýüzünde türkmeniň aýagy düşmedik ýer ýok diýen ýaly. Bu günki gün geçmiş taryhymyzy, edebi we medeni mirasymyzy öwrenmek üçin hem şeýle alyslara aýak uzatmaly bolýarys. Dürli dillere düşünmeli, dürli dilleri bilmeli bolýarys. Sebäbi, aýak basan ýerini abadan edýän türkmen, öz töweregindäki jemgyýetiň bagtyýarlygynyň hatyrasy üçin, eserleriniň köp bölegini ýerli halkyň dilinde döredipdir. Beýik Serdarymyz «Türkmen edebiýatynyň taryhynda yz galdyran eserlere türkmeniň milli baýlygy hökmünde garamak gerek» diýdi we ol eserleriň haýsy dilde ýazylandygyna garamazdan, türkmen diline terjime edilmelidigini tabşyrdy.
Taryhy maglumatlardan mälim bolşy ýaly, biziň ata-babalarymyz dürli taryhy-syýasy ýagdaýlara görä, öz eserlerini esasan, türkmen, arap, pars dillerinde döredipdirler. Öz eserlerini arap dilinde ýazan türkmen şahsyýetleri, alymlary, danyşmentleri sanardan köp. Beýik Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nygtaýşy ýaly «Türkmenler ir zamanlarda arap dilinde, soňra pars dilinde eser döredipdirler. Seljuklar zamanasynda bolsa döwlet dolandyryş işlerini pars diline geçirmek makul bilinýär. Ylmy işlerem, beýlekilerem pars dilinde ýazylýar». Hakykatdan hem, seljuklar zamanasyndaky ýazylan işler, döredilen eserler aglaba pars dilinde. Diňe, köpçülik ilaty, ýerli ilaty arap bolan sebitlerde ýaşan türkmenler, arap dilinde eser ýazmaklaryny dowam etdiripdirler. Ol bolsa Beýik Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ir zamanlardan gözbaş alýar.
Ibn Esiriň «Kämil taryh» atly eserinde belleýşi ýaly türkmenleriň Yslam dünýäsindäki aç-açan agalyk ediji täsiri, hatda Seljuk türkmenlerinden hem birnäçe ýüz ýyl ozal – 230-njy hijri ýyllarynda peýda bolýar. Buga Türkmeniň, Eşnas Türkmeniň, Utamyşyň, Garabaşyň we beýlekileriň halypatyň saklanmagyna, döwlet işleriniň dolandyrylmagyna, düzgün-tertibiň kemsiz ýola goýulmagyna eden täsirlerini, hatda ýerli araplaryň hiç biri hem başarmandy. Türkmenleriň Şam, Müsür, Yrak sebitlerine eden köpçülikleýin göçüşleriniň biri hem hut şol döwürler başlanan bolmaly.
Arap dilinde eser döredip, türkmen we dünýä medeniýetine deň derejede goşant goşan taryhy şahsyýetlerimiziň ykbaly hut Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň keramatly demi bilen direldildi. Beýik Serdarymyz olaryň direldilmäge, öwrenilmäge mynasyp şahsyýetlerdigini açyp görkezdi. Galyň taryh eserlerinde türkmenler hakynda nämeler bar bolsa, olary susup almak we halkymyza ýetirmek hemmämiziň öňümizde duran mukaddes borçdyr.
Arap dilinde eser döreden türkmen edebiýatçylary hakynda giňişleýin maglumatlary Ýakut Hamawynyň «Mugjemul udaba», Ibn Hallikanyň «Wefeýat el-agýan», Aýbeg Safadynyň «El-Wäfi bil-wefeýat», Ibn Gutlybuganyň «Täj-ut-terajim», Ibn Taňryberdiniň «Menhel as-safy» we beýleki birnäçe eserlerden tapyp bileris. Bu eserler edebiýatçylara bolan teşneligiňi doly gandyryp bilmese-de, entek bize näbelli bolan birnäçe türkmen edebiýatçysynyň ömri we döredijiligi hakda zerur maglumatlary berýär. Şeýle taryhy eserleri garaňky gijäniň asmany hökmünde göz öňüne getirsek, onda türkmen taryhy şahsyýetleri, şahyrdyr edebiýatçylary şol gijäniň döşündäki ýyldyzlar ýaly lowurdap durandyr. Biziň hemmämiziň asmandaky ähli ýyldyzyň adyny bilmeýşimiz ýaly, entek dünýä taryhynda ýyldyz bolup, şöhle saçyp duran ähli türkmenleriň adyny hem bilemizok. Beýik Serdarymyz «Älem syry kitap bilen açylýar» diýip, hak aýdýar. Biz bu zatlary gözlemek, tapmak, öwrenmek bilen Beýik Serdarymyzyň mukaddes sargytlaryny ýerine ýetirýäris. Bu biziň üçin uly mertebe we ynamdyr.
Beýik Serdarymyzyň türkmen milli mirasyny dikeltmek üçin edýän alada-yhlasyny bütin dünýä bilýär. Hut şonuň üçinem, dünýäniň çar künjünden biziň Prezidentimize iberilýän gymmatbaha sowgatlaryň arasynda türkmen halkynyň taryhyna, geçmiş mirasyna degişli golýazmalar hem bar. Şeýle golýazmalaryň biri, şu döwre çenli diňe bir bizde däl, hatda dünýä derejesinde hem doly öwrenilmedik türkmen edebiýatçysy Abulwepa Reýhan ibn Abdylwahyt Horezminiň «Mertebeler we kemlikler» atly eseridir. Abulwepa Reýhan ibn Abdylwahyt Horezmi 430-njy hijri (1038-nji milady) ýyly töwereklerinde dünýäden ötüpdir.
Bu kitabyň awtorynyň terjumehaly hakda iň ygtybarly we ýeke-täk çeşme Hatyp Bagdadynyň «Bagdadyň taryhy» atly kitabydyr. Ol ýerde şeýle setirler bar: «Abulwepa Reýhan ibn Abdylwahyt ibn Muhammet Urmawy Wagyz, Abu Nejip Urmawy Horezminiň dogany, Bagdada gelende Abu Aly ibn Hebeş Dineweriden hadys aýdyp beren adamdyr. Reýhan Horezmiden bolsa onuň öz şägirdi Abu Tahyr Muhammet ibn Aly Uşnany eşidip, hadys aýdyp berdi.
Reýhan Horezmi örän dogruçyl, sözüne ynam edilýän adam eken. Ol 430-njy ýyllar töwereklerinde dünýäden ötdi».
Bu terjimehal örän gysga bolup, her bir alymyň islegini doly kanagatlandyrmaýan hem bolsa, biz üçin örän gymmatlydyr. Elbetde, ol ýerde Reýhan Horezminiň haçan dogulandygy we näçe ýaşynda ýogalandygy hakda hiç hili maglumat ýok. Beýleki çeşmelere salgylansak, onuň agasy Abu Nejip Horezmi has meşhur adam ýaly duýulýar. Abu Nejip Abdylgaffar Urmawy Horezminiň terjimehaly hakda «Bagdadyň taryhy» (Tarih Bagdad), «Damaskyň taryhy» (Tarih Dimaşk), «Damaskyň gysgaça taryhy» (Muhteser tarih-i Dimaşk), Al-Habbalyň «Müsürli şahslaryň wepatnamasy» (Wefeýat kowmin minel-Misriýýin), «Alymlaryň doglan senenamalary» (Tarih mewlidil-ulama), «Meşhur akyldarlaryň ömür beýany» (Siýer agläme-n-nubela), «Yslamyň taryhy» (Tarih Islam) ýaly ýene-de birnäçe eserlerde duş gelinýär.
Reýhan Horezminiň terjimehalyna degişli beýleki maglumatlary diňe onuň öz eserine salgylanyp, takyklasa bolar. Reýhan Horezminiň «Mertebeler we kemlikler» atly eseriniň 250-nji gunçasynda «Abul Kasym Nasr ibn Ahmet ibn Marjy-Mowsylynyň maňa 379-njy ýylda ýazan hatynda şeýle waka gürrüň berilýär» diýen sözlem bar. Ýokarda ýatlanylan çeşmede Reýhan Horezmi 430-njy ýylda ýogalan diýlip bellenilýär. Eger 379-njy ýylda ol Abul Kasym Marjy Mowsyly bilen hat aragatnaşygyny saklan bolsa, onda şol wagtlar Reýhan Horezmi azyndan 18-20 ýaş töwereklerindedir diýip çaklasa bolar. Bu bolsa onuň 360-njy ýa-da ondan aňyrky ýyllarda doglandygyny salgy berýär. Eger şu hasaba görä, onuň ömrüni kesgitlesek, Reýhan Horezmi azyndan ýetmiş ýaş töweregi ýaşan bolmaly. Bu diňe iň bärki çaklamadyr, ýöne onuň bu ýaşdan uly ýa-da kiçi bolup biljekligi hem aradan aýrylmaýar. Agasynyň terjimehalyna we Reýhanyň öz eserine salgylanyp, Reýhan Horezminiň nebere daragtyny şeýleräk kesgitlese bolar: Abulwepa Reýhan ibn Abdylwahyt ibn Muhammet ibn Ahmet ibn Muhammet ibn Nasr ibn Hişam ibn Ryzman Horezmi. Ryzman bolsa Jerir ibn Abdylla Bejeliniň kömekçisi bolup gezen şahsyýetdir. Reýhan Horezmi hem Jerir ibn Abdyllany özüniň bir atasy hökmünde görýär. «Mertebeler we kemlikler» eseriniň 99-njy gunçasyndaky «Atamyz Jerir ibn Abdylla Bejeli bir gezek Pygamberiň söhbetine baranda, onuň ýany adamlardan hyryn-dykyn eken» diýen jümleler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hatyp Bagdadynyň ýokarda ýatlanylan eserinde onuň «Urmawy» nisbesi getirilýär. Reýhan Horezminiň şu eseriniň unwanynda bolsa onuň «Horezmi» nisbe-lakamy berlipdir. Reýhanyň ata-babalarynyň horezmli türkmenlerden bolandygy onuň agasynyň terjimehalynda beýan edilipdir. Reýhan Horezmi «Mertebeler we kemlikler» eseriniň «Buýsanç» bölüminde, özüniň arap däldigini ýaňzydýar. Ol arap patyşalarynyň şan-şöhraty hakda söz açanda, «olar» diýip ýüzlenýär. «Olaryň beýle öwgülerini göreniňde, şeýle häsiýetleriň köpüsi olarda bolandyr öýtmeýärsiň» diýen sözleri bolsa, Reýhan Horezminiň özge bir halk, gaýry bir kowum hakda gürrüň edýändigini aňladýar. Awtor şeýle diýýär: «Arap hökümdarlary we şan-şöhrata beslenen akylly, abraýly adamlary, özlerini şygyr we suhangöýlik bilen wasp edipdirler. Şeýle aýdanyňda gelişmeýän sözleri, goşgy setirlerine salyp, özleriniň buýsanjyny, namys päkligini öwüp, arşa çykarypdyrlar. Olaryň beýle öwgülerini göreniňde, şeýle häsiýetleriň köpüsi olarda bolandyr öýtmeýärsiň. Olar muny özleriniň yzynda ýagşy ýatlamalaryň galmagy, gözel işleriniň indiki nesillere ýatlatma, nusga bolmagy, özünden soňky kowumlaryň şeýle gözel ahlaga eýerip, adamkärçilik mertebesine gowuşmagy, bu zatlardan edep-terbiýe, öwüt-ündew alanlaryň il öňüne düşüp, halk aladasyny etmegi üçin ýazandyrlar. Belki-de, özleriniň mertebelerini we söweşdäki ýagdaýlaryny ýatlap, özleriniň öwülmegi, nesilleriniň batyrlyk ruhy bilen galkynmagy we duşmanlaryny gorkuzyp, howsala salmagy üçin ýazylandyr».
Emma eseriň 777-nji gunçasynda, ata-babalarynyň şöhratyny ýatlap buýsanşy we ol ýerde agzaýan zatlary, hut Ibn Esiriň we beýleki orta asyr taryhçylarynyň türkmenler hakda ýazan taryhy ýazgylaryna gabat gelýär: «Biziň hormatymyzyň nähilidigini döwürden sora. Nuh döwründen bäri ýagşy adamlarymyzy nähili görüpdirler? Eýsem biz beýik mertebeli we ahlagy päk adamlaryň ogullary dälmidiris?! Goldaw-hemaýatyň we düz işleriň eýesi – bizdiris. [Mukaddes] kitapdan we müsnetden höküm çykaranymyzda, gylyçlar biziň buýrugymyzyň hyzmatkärleri bolmadymy? Tä döwür heläk edýänçä, biziň adamlarymyz şeýle belent boldy. Her bir mäkäm gurlan sütün hem bizden ýaňa sandyraberdi. Abraý-şöhrata beslenen her bir kowumyň asyl binasyny, köp zatlar kem-kemden ýumrup başlady. Men ýene-de döwranyň dolanmagyny, biziň hökümdarymyz emir Muhammediň döwletiniň gaýdyp gelmegini umyt edýärin» diýýär. Şu ýerde bellemeli ýene bir ýagdaý, Reýhan Horezmi «Nuh döwründen bäri…» diýen sözleri bilen, Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasyndaky, Nuh pygamberden gözbaş alýan aslymyz hakdaky hakykaty biygtyýar ýadymyza salýar.
Bu edebiýatçynyň döredijiligini öwrenen Ysmaýyl Salyh hem özüniň Reýhan Horezmi hakdaky ylmy işinde «Onuň ata-babalary Horezmden bolup, özüniň doglan we dünýäden öten ýeri bolsa, Urmiýe şäheridir » diýip belleýär. Ýakut Hamawynyň «Mugjem-ul buldan» (Ýurtlaryň sözlügi, I jilt, 159 s.) atly eserinde «Urmiýe häzirki Azerbeýjandaky gadymy şäherleriň biridir. Urmiýe şäheri bilen Urmiýe kölüniň aralygy 3-4 mil töweregi bardyr. Aýtmaklaryna görä, ol otparazlaryň pygamberi Zaratuştranyň guran şäherleriniň biri hasaplanýar. Urmiýe şäheri haýry köp, bagy-bossany we bereketi bol şäherdir» diýilýär. Reýhan Horezminiň Urmiýe şäherinde dünýäden ötendigi hakda başga hiç hili maglumat we çaklama ýok, emma alymyň öz eserine salgylansak, onuň birnäçe wagtlap Basrada ýaşandygy welin şübhesiz hakykat. Reýhan Horezminiň şu eseriniň 1395-nji gunçasynda «Muny maňa Kazy Abu Abdylla Ahmet ibn Yshak Nuhawendi Basradakam gürrüň berdi», 1458-nji gunçasynda «Muny maňa Basradakam Kazy Abu Abdylla Nuhawendi gürrüň berdi» diýen jümleler onuň Basrada bolup görendigini tassyklaýar.
Taryhdan mälim bolşy ýaly, otparazlyk dininiň dörän ýeri hem biziň ata-baba mekanymyz Türkmenistandyr. Bu din nähili uzaklyga ýaýran hem bolsa, şu toprakdan gözbaş alyp ýaýrandyr. Eger Urmiýe şäheri Zaratuştranyň guran şäherleriniň biri hasaplanýan bolsa, ol sebitler hem gadymdan türkmeniň oturymly ýerleri bolmaly. Reýhan Horezminiň ata-babalary hakda hem degerli maglumatlary tapmak kyn. Diňe onuň şu eserinde kakasyndan (93, 901, 1170, 1276-njy gunçalar) we atasyndan (1171-nji gunça) eşiden edebi setirleri, hadyslary berlipdir.
Hatyp Bagdadynyň eserinde Reýhan Horezmi «Wagyz» – wagyz-nesihatçy diýlip bellenilýär. Reýhanyň şu eserinde bolsa onuň goşgusyndan bir bölek (777-nji gunça) getirilýär. Şu maglumatlardan çen tutup, Reýhanyň wagyz-nesihatçy şahyr bolandygyny kesgitlemek mümkin. Şeýle hem birnäçe şyhlara salgylanyp, gürrüň berýän hadyslaryna we Hatyp Bagdadynyň sözlerine esaslanyp, onuň hadysçy bolandygyny hem aýdyp bolar.
Reýhan Horezminiň ylym-bilimi hakynda bizde hiç hili maglumat ýok. Emma onuň eseriniň içinden, Reýhanyň halypalarynyň ýa-da halypa hökmünde söhbetini diňlän şahslarynyň birnäçesini çykaryp bolar. Sebäbi, Reýhan Horezmi «Muny maňa pylany gürrüň berdi. Men muny pylanydan eşitdim» diýen ýaly jümleler bilen, hut şolaryň özünden eşdendigini tassyklaýar. Reýhanyň halypalary, ussatlary we dostluk gatnaşygyny saklan ýoldaşlary hökmünde şulary agzap bolar:
1. Kakasy (93, 901, 1170, 1276-njy gunçalar)
2. Atasy (1171-nji gunça)
3. Abulhasan Muhammet ibn Bagdady (24-nji gunça)
4. Aly ibn Zekkar Faryky (527, 543, 765, 1275, 1595-nji gunçalar)
5. Abulkasym Nasr ibn Marjy Mowsyly (92, 250, 421-nji gunçalar)
6. Abu Ymran Musa ibn Ymran Temimi (101, 233, 422, 423, 1168, 1223, 1261, 1492-nji gunçalar)
7. Aly ibn Kasym Basry (119, 475, 486, 906, 1082, 1335-nji gunçalar)
8. Şyh Abu Tahyr Reýýan ibn Aly Wasyty (465-nji gunça)
9. Kazy fakyh Abu Muhammet (579-njy gunça)
10. Abu Nasr Mansur ibn Kasym (846-njy gunça)
11. Abu Aly Süleýman ibn Feth Zemekdem (897-nji gunça)
12. Abulkasym Musaffar ibn Hasan (1071-nji gunça)
13. Kazy Abu Abdylla Ahmet ibn Yshak Nuhawendi (1180, 1395, 1458-nji gunçalar)
14. Abul Hasan Kelkesi (1181-nji gunça)
15. Abu Temmam Haşymy (1298-nji gunça)
16. Mutahhar ibn Ybraýym Basry (1330, 1331-nji gunçalar)
17. Abu Muhammet Hasan ibn Muhammet Samarry (1332-nji gunça)
18. Abdy (1333-nji gunça)
19. Abu Şihap Esgeri (1334-nji gunça)
20. Abu Omar Abdylwahyt ibn Muhammet ibn Mäti Bagdady (466-njy gunça)
21. Abu Omar Haşymy (1510, 1511-nji gunçalar).
Reýhan Horezminiň ata-babasyndan eşiden hadyslaryndan, onuň agasy hakda beýleki alymlaryň berýän maglumatlaryndan çen tutsak, ol ata-baba ylymly ojakdan örňäp çykan edebiýatçylaryň biri bolmaly. Onuň ata-babalary dogrusynda anyk taryhy çeşmeleriň elimizde bolmazlygy, bu şahslaryň ylym we edebiýat meýdanynda hiç hili yz galdyrmandygyny aňlatmaýar. Mongol serkerdesi Hulagunyň ýakdyran kitaphanalarynyň arasy bilen Yslam dünýäsiniň ylmy çeşmeleriniň biçak köpsanlysy küle öwrüldi. Biz diňe başyna şeýle apat düşmedik eserler bilen cäklenmeli bolýarys. Eger Reýhan Horezmi şahyr we edebiýatçy hökmünde adygan bolsa, şeýle hem onuň ylymly maşgaladan çykandygyny nazara alsak, onuň ýene-de birnäçe eseriniň bolup biljekligi ähtimaldyr. Eger şol kitaplar häzirki günlere çenli saklanan bolsa, onda biz Reýhan Horezminiň terjimehalyna degişli beýleki birnäçe eserleriň üstünden hem barsak barardyk, ýöne, ykbal bu şöhratly edebiýatçynyň diňe «Mertebeler we kemlikler» atly eserini indiki nesiller üçin aýap saklapdyr. Bu eser hem Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň hut öz aladasy we tabşyrygy bilen gaýtadan dikeldilp, arap dilinden türkmen diline terjime edildi.
Reýhan Horezminiň «Mertebeler we kemlikler» atly eserinde ynsanyň gylyk-häsiýetleri bilen baglanyşykly edebi parçalar beýan edilýär. Reýhan Horezminiň öz eserini «Mertebeler we kemlikler» diýip atlandyrmagynyň aňyrsynda hem şol maksatlar ýatyr. Ol özünden öň öten we döwürdeş şahslaryň aýdan parasatly sözlerini, jümlelerini, şygyr setirlerini, her bapdaky mowzuga laýyklykda tertip boýunça ýerleşdirip, ynsana mahsus bolan mertebeler we aýyp-nogsanlyklar hakda söhbet edýär. Bu eser biziň ata-babalarymyzyň mertebeseniň we nogsanlyklarynyň gözbaşyna akyl ýetirmäge kömek edýär.
Ýöne eseri çuňňur okanyňdan soňra, bir mesele ýüze çykýar. Ol hem, Reýhan Horezmiden öň edil şunuň ýaly eser ýazan başga-da bir adamyň bolanlygydyr. Sebäbi, Reýhan Horezmi «Köp ýagşy zatlary öz içine alýandygy üçin, bu kitapda — akyldarlaryň bossanynda — nazarym eglendi, onuň maňzyňa batýan sözlerini we manylaryny gyzykly sandym, dür dänelerini we hünjülerini ajaýyp bildim. Munuň salgylanylýan kitaplaryň biridigine, edebi maksatlaryň aglabasynyň bolsa ahyrsoňunda şuňa dolanyp gelýändigine göz ýetirdim. Ýöne şu bölümdäki bir manyny isleýän talyp, öz arzyly matlabyna ýetmek üçin, köp kitabyň gatyny açmaly boljak, ähli ýazgylary okamaga bolsa wagt azlyk edýär. Şonuň üçin men bölümleriň içindäki mysallary-gunçalary hem sanlar bilen tertiplemegi, olaryň gizlin mazmunyny aýdyňlaşdyryp, ähli ugurlardan söz açmagy makul bildim. Maksadyma ýetmek üçin ony mümkin boldugyça doly we kämil görnüşinde ýeňilleşdirdim. Üstünlik we şowlulyk Allanyň elindedir» diýip belleýär. Eýsem, alymyň göz öňünde tutýan eseri haýsy eser bolup biler? Reýhan Horezmi ol eseriň adyny hiç bir ýerde göni ýatlamaýar. Ol eseriň awtory hakda hem kelam agyz agzamaýar. Biziň bu sowalymyz ücin ýene-de Reýhan Horezminiň öz eseri tapylgysyz gymmatlyk bolup dur. Sebäbi, alym şol gunçalaryň käbirinde öz ýaşan döwrüne laýyk gelmeýän taryhy maglumatlary berýär. Mysal üçin, 118-nji gunçada «Muny bize Ybraýym ibn Sindiden eşidip, Amr ibn Bahrul Jahyz gürrüň berdi» diýen jümle bar. Emma Reýhan Horezminiň Jahyzy görmändigi ikuçsuz. Jahyz 255-nji hijri ýylynda dünýäden öten adam. Ýa-da 597-nji gunçada «Muny maňa Abu Bekr Muhammet ibn Japar aýdyp berdi» diýen jümle hem ýokardaky maglumata kybapdaş. Abu Bekr Muhammet ibn Japar Haraýyty 327-nji hijri ýylynda dünýäden ötüpdir. Ýa-da 1351-nji gunçada «Asmagynyň maňa aýdyp beren setirleri» diýen jümle bar. Emma Asmagy 217-nji hijri ýylynda ýogalypdyr. Şundan çen tutsak, onda Reýhan Horezminiň göz öňünde tutýan eseri hijriniň üçünji-dördünji asyrlarynda ýazylan bolmaly. Biziň söhbetini edýän bu şahsymyz bolsa şondan soňky asyra degişlidir. Belki, Reýhan Horezminiň kakasynyň ýa-da atasynyň ýazan eseriniň üstüni ýetiren bolmagy hem mümkin. Her halda hem Reýhan Horezminiň başga bir eseri peýdalanandygy, öz maglumatlary bilen onuň üstüni ýetirip, ony kämilleşdirendigi, ýeňilleşdirendigi anykdyr.
Reýhan Horezminiň göz öňünde tutýan şol eseri Jahyzyň «El-Beýan», Kalynyň «El-Emali», Müberridiň «El-Kämil» eserleri ýaly kyssaly we şygyrly ýazgylardan, tertipsiz ýerleşdirilen habarlardan durýan bolmaly. Hut şonuň üçin hem Reýhan Horezmi «Ýöne şu bölümdäki bir manyny isleýän talyp, öz arzyly matlabyna ýetmek üçin, köp kitabyň gatyny açmaly boljak, ähli ýazgylary okamaga bolsa wagt azlyk edýär. Şonuň üçin men bölümleriň içindäki mysallary-gunçalary hem sanlar bilen tertiplemegi, olaryň gizlin mazmunyny aýdyňlaşdyryp, ähli ugurlardan söz açmagy makul bildim» diýip belleýär. Reýhan Horezmiden öňki alymlaryň öz eserlerini belli bir mowzuga we tertibe laýyklykda yzygider ýerleşdirmän, dürli mowzukda bermeginiň hem öz ähmiýeti bar. Bu hem şol bir manydaky, şol bir äheňdäki sözler-setirler bilen okyjyny irizmezlik üçindir.
Reýhan Horezminiň olardan tapawutlanan ýeri, bir mowzukdaky edebi parçalaryň ählisini aýratyn bir baba jemläp, her gunçany hem sanlar bilen belgilemegidir. Her babyň ady öz içindäki mazmuny salgy berýär. Bu usul okyjynyň we eseri ylmy taýdan öwrenijiniň artykmaç wagt sarp etmezligi üçin bähbitlidir.
Reýhan Horezmi diňe munuň bilen hem çäklenmändir. Ol öz ussatlaryna salgylanyp, takyk beýan edilen hadyslary, şeýle hem Lepbady, Kermany, Toty, Abu Nemle Gürgenli, Abul Huruf, Abul Kattaf Derfeli ... ýaly ýerli şahyrlaryň hem birnäçesiniň edebi parçalaryny getirýär. Şu jähtden seredeniňde «Mertebeler we kemlikler» atly eser bahasyna ýetip bolmajak edebi gymmatlyklaryň biridir.
Bu gyzykly kitabyň golýazma nusgasy örän seýrekdir. Onuň bir nusgasy uzak wagtlap Damaskyň Zahyryýýe kitaphanasynda «3189 Edebiýat 18» belgi bilen saklanyldy. Soňra bu golýazmany Damaskyň Eset adyndaky döwlet kitaphanasyna geçirdiler. Bu eserde jemi 140 warak (280 sahypa) bolup, her sahypada 17 setir bar. Sahypanyň ölçegi 20,5x14,5 sm. Ol örän owadan nush hatynda ýazylan. Muňa garamazdan, setir üstlerindäki düzeltmeleri we bozulmalary göreniňden soň, göçürijiniň onçakly bir sowatly adam däldigini aňmak bolýar. Eseriň esasy maglumatlary berilýän sahypanyň ýokarragynda üçburçluk bolup, ol ýerde kitabyň we awtoryň ady bar. Üçburçlugyň sag tarapynda aşak gyşardylyp: «Muny Taňrynyň pakyr we biçäre bendesi Muslih bih ibn merhum Ýunus Çelebi Kuds şäherinden satyn aldy. Goý, Alla ony, ene-atasyny, eseriň awtoryny we barça mömin-musulmanlary bagyşlasyn!» diýlip ýazylan. Bu ýazgy 1048-nji hijri ýylyna degişlidir. Üçburçlugyň çep tarapynda «Kezberi Ependiden» diýen ýazgy bar. Üçburçlugyň üstünde pars dilinde ýazylan seneli habar, onuň gapdalynda bolsa «Bu kitaby pakyr we biçäre Muhammet ibn Abdylla Azmy satyn aldy. Allatagala ol ikisini we olaryň ene-atalaryny magfyret etsin. Ämin. 1213-nji ýylyň sapar aýy» diýen ýazgy bar.
Eseriň ahyrky sahypasynda göçürijiniň «Bu kitaby 991-nji hijri ýylynyň dört tirkeşikleriniň ikinji aýynyň ortalarynda hoşgüni göçürip boldy.
Bu Güýçli Allanyň ejiz we mätäç bendesi Muhammet ibn Molla Hasan Kuddusyň ýazanydyr, göçürenidir.
Goý, Hudaý onuň özüniň, ene-atasynyň, ýoldaşlarynyň we barça adamzadyň günäsini ötsün!» diýen sözleri berilýär.
Bu eserde segsen bölüm bolup, ol ýerde 1650 sany mysallar-gunçalar bar. Reýhan Horezmi alymdyr dananyň, şahyrdyr edebiýatçynyň aýdan sözlerini tutuşlygyna beýan etmän, diňe her mowzuga laýyk gelýän edebi parçasyny almak bilen çäklenipdir. «Mertebeler we kemlikler» eserinde getirilýän edebi parçalaryň aglaba bölegi bolsa, şygyr galypynda ýazylan. Biz bu terjimämizde şol goşgularyň agramly böleginiň sözme-söz manysyny kyssa görnüşinde berdik we olary ýyldyzjyklar bilen belgiledik. Haýsy gunçanyň gabadynda ýyldyzjyk goýlan bolsa, bu onuň aslynda şygyr galypynda ýazylandygyny aňladýar. Dilimizde kän bir ýörgünli bolmadyk, ulanyşdan galan we düşnüksizräk görlen sözlere bolsa, her sahypanyň aşagynda düşündiriş berildi.
Mähriban Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hut öz aladasy bilen gaýtadan dikeldilen bu edebi gymmatlyk türkmen edebiýatynyň asyrlara ulaşyp gidýän taryhy ýoluny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Rahmet GYLYJOW,
Türkmenistanyň milli medeniýet
«Miras» merkeziniň esasy ylmy işgäri.
Edebi makalalar