09:54 Düýeguş effekti | |
DÜÝEGUŞ EFFEKTI
Psihologiýa
Düýeguş effekti - adamyñ bir meseläni görmezlige salmak üçin gülkünç ýagdaýda kellesini guma sokmagy we şeýtmek bilen meseläniñ öz-özünden çözülmegini umyt etmegidir. Halk dilinde aýdylýan "düýeguş ýaly kelläñi guma gömmek" sözi "bir meseläniñ garşysynda hamana şol mesele ýok ýaly hereket etmek" manysynda ulanylýar. Emma käbir ylmy-barlagçylar düýeguşlaryñ hakykatdsnam kellelerini guma sokmaýandygyny, şeýle aýtgynyñ başga dillerden dilimize geçendigini we muny hakykaty ýañzytmakdan has beter söz sungatynyñ oýlap tapan çeper añlatmasy hökmünde kabul edilmegijiñ gerekdigini aýdýarlar. Bizem şu aýtgynyñ üstünden ýola çyksak, şuny aýdyp bileris: meseleleriñ hötdesinden şobada gelip bilme mümkinçiligimiziñ bardygyny pikir etmeýän bolsak, hemmämiz meselelerdej wagtlaýyn gaça durmagy saýlap bileris. Käwagt edil şol pursatda duýguçyl çeşmelere eýe däldigimiz üçin meseleleri çözmegi soña goýup bilýäris we ýakyn grljekde bir ýerde täzeden üstünde durup geçsek, munuñ hötdesinden has täsirli görnüşde gelip biljekdigimizi bilýäris. • Meseläni görmezlige salanym bilen başymdan sowlup gidiberýärmi? Düýeguş effekti yzygiderli berilýän ýaramaz maglumatlardan, tipiki taýdan haýsam bolsa bir meseleden ýa-da aýlanşykdan (обратная связь) gaça durmagy öz içine alýar. Bular ýaly çemeleşmeleriñ islendik guramaçylykda heläkçilige äkidip biljekdigini aýtmagymyñ geregi ýok. Gysga wagtlaýynam bolsa bir mesele bilen ýüzbe-ýüz bolandan, şol meseleden daşlaşmak has ynjalykly duýgy beril biler. Käbir adamlar üçin bu hökmany suratda bilnikli edilýän zadam däl. Olaryñ sagy-soly, öñi-yzy görünmeýän ýerde durandyklary üçinem şeýle bolup bilýär. Nädipmi? Öz nukdaýnazarlarynyñ elmydama iñ dogry nukdaýnazardygyna çakdanaşa ynananda we hakyky meseleleri anyklamak ukybynda özüne aşa göwni ýetende. Her iki ýagdaý bolanda-da meseläni ymykly ele almak mümkinçilikleriniñ sypdyrylandygyny añladýar we mesele has uly meselä öwrülmäge başlaýar. • Düýeguş effekti nämüçin beýle zyýanly? Bular ýaly çemeleşmeleriñ islendik edaranyñ iñ depesinde potensial taýdan katastrofa döretjegini aýtmagymyñ zerurlygy ýok. Ýokary düzümli ýolbaşçylar meselelerdir kynçylyklar bilen doly we dogry ýüzleşip bilmese, düýpli we öwezini dolup bolmajak zyýanly netijeler üçin hakyky potensial bar. Emma düýeguş effekti ýoñ bolan ýeriñ galan böleginde-de dowam edýän bolsa, hemmetaraplaýyn zyýanly bolup biler. Erbet talaplara şaýat bolýan we muny aýtmagyñ gerekdigini bilýän, emma özlerine ahyrsoñy öz-özünren çözüljekdigini aýdyp, başga ýana seretmegi makul bilen adamy göz öñüne getirip görüñ. Ýa-da garamagyndaky adamlaryñ arasynda agzalalygyñ alamatlaryny görüp duranam bolsa, munuñ üçin hiç zat etmeýän ýolbaşçyny añyñyzda janlandyryñ. Ýa bolmasa başga işdeşiniñ ýönekeý raýata çemeleşeşiniñ edaranyñ at-abraýyny gaçyrýandygyny görse-de, şeýdýän adamyñ bolşuny onuñ öz ýüzüne aýtmaýan işdeşini... Ilçilikde görýän zatlaryma esaslanyp, iş ýerlerinde bile işleşmek juda kyn bolan käbir adamlar bardygyny we olar wagtal-wagtal çaknyşyga sebäp bolýandyklaryny aýdyp bilerin. • Çaknyşyklar çözgüde baglanyp bilýärmi? Köplenç görmezlige salynýar. Meseläni görmezlige salmak bolsa, onuñ ulalmagyna, şol meseläni çözmäge borçly edaranyñ şahsy düzüminiñ arasyndaky gatnaşyklaryñ bozulmagyna getirýär, edara bolan ynam gaçýar. Gaça durlan çaknyşyklar, agzalalyklar, kemçilikler lapykeçlige we ýalñyş düşünilmelere, şol sanda nädogry maglumatlaryñ ýaýramagyna sebäp bolýar. Bir zady ýatdan çykarmalyñ: çaknyşyklara sebäp bolýan meseleler juda seýrek ýagdaýda öz-özünden sowlup gidýär ýa-da öz-özünden çözülýär, ýöne umuman alanda welin, ulalmak bilen bolýar. Gaty köp sanly adamyñ çaknyşykdan gaça durmagyna sebäp bolýanam, meseläniñ üstünde dogry görnüşde durup bilmeýänligidir... Sebäp olar çözgüde nireden başlajaklaryny bilenoklar. Eýsem-de bolsa, edaralaryñ islendik basgançagyndaky ýolbaşçysynyñ mesele (problema) çözme, çaknyşygy dep etme ukyby bolmaly. • Düýeguş effektini öz edarañyzda nähili duýup bilýärsiñiz? Düýeguş effektiniñ işleýän edarañyzyñ üstünde täsiriniñ bardygyny görkezýän näme bolup biler? Umuman liderleriñ we ýolbaşçylaryñ özlerinu alyp baryşlary boýunça umumy "gaça durma" medeniýetiniñ içinde özüni görkezýär. Olarda status-kwony üýtgetmäge synanyşmagyñ berýän ynjalyksyzlygy bolýar. Ynjalykdan gaçyryjy çykyşlardan gaça durylýar, meseleleri çalt we täsirli formada öwrenmegiñ deregne, keçäniñ aşagyna süpürilýär. Gysga wagtda we uzagyndan ýüzleşmeli iş kynçylyklary ähmiýetsizleşdirilýär. Umuman edarada birnäçe oñaýsyz ownuk kemçilikler hyñ berýär, adamlar hakyky kynçylyklaryñ hötdesinden gelinmeýändigini duýubam durlar. Bu ýagdaý ynjalykdan gaçyrýar, munuñ netijesi hökmünde ikiýüzli (adamtañryly, ejizeganym) iş düzgünleriniñ ýöreýändigini görenlerinde, özlerini haksyzlyga uçran ýaly duýup başlaýarlar. • Aýlanşyk medeniýetini kemala getiriñ Düýeguş effektiniñ çemeleşmäniñ üstündäki potensial täsiriniñ tapawudyny duýanyñyzda, bu sizi meselänin üstünde durmak üçin nämeleri edip biljekdigiñizi oýlandyryp biljek ýagdaýa getirer. Aç-açan, dogry we strukturalaýyn aýlanyşyk kemterligi bular ýaly çemeleşmelere beleñ berýänliginden munuñ üstünde durmagyñ iñ gowy ýollaryndan biri - aýlanyşygyñ binýadynda medeniýet kemala getirmekdir. Bular ýaly medeniýeti kemala getiräýmek añsat dälem bolsa we uzak wagta çekýänem bolsa, liderlere, ýolbaşçylara we işgärlere özlerini alyp baryşlaryny üýtgetmäge oñyn täsirini ýetirip bilýär. • Kouçing nutuklaryny ulanyñ Kouçing («тренировка») hem şu tapgyrda örän täsirli usullaryñ biri bolup biler. Adamlary yzygiderli ýagdaýda aýlanyşykda bolma endigini ösdürmegine goşant goşýar. Kouçing adamlaryñ olary bir mesele bilen gidişmekden sowýan gaýgy-ünjileriniñ we çäklendiriji ynançlarynyñ näme bolup biljekdigini kabul etmeklerini we bularyñ üstünde pikir etmeklerini hem-de yzyndan meseläni çözmek üçin ätmeli gysga ädimleri kesgitlemeklerini üpjün edýär. Kouçing adamyñ öz içindäki meselelerden gaça durma meýillerini duýmagyna we bulara nähili jogap berjegini bilmegine ýardam edýär. • Işleýän edarañyzda adamlar kellelerini guma sokýarlarmy? Onda medeniýetiñize serediñ: Aç-açanlyga, saýyrdyñlyga we aýlanyşyga üns berilýärmi? Ýa-da edarañyzdaky adamlaryñ hemmesi düýeguşyñka meñzeş hereketleri gaýtalaýarlarmy? Onda munyñ hötdesinden gelmek üçin iñ gysga ädimleri ätmegiñ pikirini edip başlamagyñ wagty gelendir, özem iñ ýakyn wagtda! Janan DUMAN, Strategiki dolandyryş maslahatçysy, ýazyjy, pedagog. @canan_duman1 canan@cananduman.com Sişenbe, 18.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |