19:54 "Dymýan bolsam, sebäbi bar, elbetde..." | |
"DYMÝAN BOLSAM, SEBÄBI BAR, ELBETDE..."
Goşgular
Dymýan bolsam, sebäbi bar, elbetde, Doñupdyr duýgyma siñen kelamym. Hyýalymda ýüzüm ýelpär ýelleriñ, Gulagymda ýañy ýagýan jalanyñ. Saña bagly ykbalyma buýsanyp, Kän egipdim başym Tuguñ öñünde. Şol günleriñ küýsegini duýsana, Saña bolan yşk gaýnaýa demimde. Tarypyñy dil bilen däl, jan bile Edýän göwün kapasada çyrpynýa. Aksa, adyñ tutjak gyzgyn gan bile, Bu gün dolup-daşyp syganok dunýä. Ýaýlalary ýaşyl begresli Watan Buýsanjym, aýdymym, mydam gözlegim. Ömrümiñ manysy nirde bolsam-da, Saña bagly ülşi yzlar gözlerim. Stambul, 2022 ý. Zöhre ÖWEZOWA. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |