• Şu gün - 28-nji iýunda ýazyjy Şirinjemal Geldiýewa aradan çykdy. Merhuma iman baýlygyny dileýäris.
◇ Ýazyjy hakynda Şirinjemal Geldiýewa Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Rawnina şäherçesinde 1936-njy ýylyň 29-njy dekabrynda eneden bolýar. Orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ filologiýa fakultetinde okaýar. Ilki 1960-1962-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetinde edebi işgär bolup işleýär. Soň aspirantura okuwa girýär we ony tamamlap, 1967-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. 1991-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesine mynasyp bolýar. Ş.Geldiýewa ylmy kitaplaryň hem birnäçesiniň awtorydyr.
Ş.Geldiýewa döredijilik işine hekaýa ýazmak bilen başlaýar. Ilkinji hekaýasy 1959-njy ýylda «Başagaýlyk» talyp ýyllarynda çap edildi. Soň onuň hekaýalary «Bahar buşlukçysy», «Ýodadan ýola», «Maýsa» ýaly ýaşlaryň ýygyndylarynda çap edildi. Soň ilkinji powesti 1975-nji ýylda «Leýli» ady bilen özbaşdak kitap görnüşinde neşir edilýär. Soňra onuň powestler we hekaýalar ýygyndylary: «Laçyn» (1978), «Dirilik» (1981), «Ulugyz» (1983), «Yhlas» (1987), «Bosagada» (1990), «Synag» (1995) atlary bilen yzly-yzyna neşir edilýär. Ş.Geldiýewanyň eserleri gyrgyz, özbek, täjik, hakas dillerinde çap edilýär.
Taryhda şu gün