03:57 Mämmetmyrat | |
MÄMMETMYRAT
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Mämmetmyradyñ näçenji ýyllarda eneden bolup, haçan aradan çykandygyny anyk görkezýän maglumat ýok. Ýöne şahyryñ eserlerinde beýan edilýän wakalardan, duş gelýän atlardan onuñ XIX asyryñ ahyrlarynda Gökdepede, umuman Ahal sebitleeinde ýaşap geçendigini anyklamak bolýar. Mämmetmyradyñ "Söweş keýpiñ bolsa, meýdana gelgin" goşgusynda getirýän atlary, Orazmämmet hany taryp edip ýazan odasy-da ýokarky pikirimizi tassyklaýar. Orazmämmet han XIX asyrda Ahal töwereklerinde tanalýan şahslaryñ biri bolupdyr.[1] Şahyryñ taýpasy barada şeýle maglumat bar: "Muhammetmyrat şahyr diýlen bir sowatsyz halk şahyry, onuñ özi teke, tohtamyş, tiresi garagoñruñ ownuk tire... diýlen bölegindendir"[2] Mämmetmyradyñ eserlerini dolulygy bilen ele salmak başartmady. Iki ýa üç goşgy bilen şahyryñ döredijiligini kesgitlemek kyn. Onda-da Mämmetmyrat ýaly ownuk şahyrlarda. Ýöne şol goşgular birinjiden-ä, şahyryñ bir-iki goşgy ýazmandygyny tassyklaýar. Ol eserlerde şahyryñ şahyr möhri bar. Ikinjiden hem, Mämmetmyradyñ şol goşgulary çem gelen hadysa ýa waka bagyşlanan eserler däl. Olaryñ biri Gökdepe urşuna degişli, ikinjisi gyzylbaşlaryñ talañçy hany Emir Söýün hanyñ garşysyna ýazylan eser. Rewolýusiýadan öñ türkmen topragynyñ goñşy döwletler tarapyndan üznüksiz talanyp durlandygy bize taryhdan mälim. Ýagdaý şeýle bolansoñ Mämmetmyradyñ ýigitleri taryplap, olary türkmen topragynu goramaklyga çagyrmaklygynyñ, söweş ruhlandyrmaklygynyñ möhümdigu öz-özünden düşnükli. Bedewlerim aždarha dek arlaşyp, Batyrlarym gaplañ kimin gürleşip[3] - diýip ýazan şahyr türkmen ýigitleriniñ güýjüne berk ynanyp, olary mähriban topragyny, halkyny tozdurmaga çalyşýan talañçylaryñ sansyz leşgerleriniñ garşysyna mert durup söweşmeklige çagyrypdyr. Mämmetmyrat ençeme ownuk tirelerden ýygnanan (şygyrda ençemesi sanalýar) ýigitlere buýsanyp, şeýle ýazypdyr: Ýene hem on müñi ýegre, amaşa. Gözüni doldyrlar, gan bilen ýaşa, Eý gyzylbaş, gitme hetdiñden aşa, Söweş keýpiñ bolsa, meýdana gelgin.[4] XIX asyryñ ahyrlarynda rus-türkmen gatnaşyklarynyñ berkleşmegi, Türkmenistanyñ Russiýa birleşmegi, türkmen halkynyñ ruslara bolan garaýşy, dürli sebäpler esasynda ýüze çykan garşylyklar edebiýatymyzda yz galdyrypdyr. Russiýa birleş(diril)meklik Günbatar Türkmenistanda şowly bolsa-da, Günortada aýratyn hem Ahalda, dürli sebäplere görä, garşylykly geçipdir. Rus basybalyjylary bilen Ahal tekeleriniñ uly çaknyşygy Gökdepede bolupdyr. Türkmenler rus goşunlarynyñ garşysynda durup bilmän, agyr ýitgi çekip, 1881-nji ýylda Gökdepe galasy rus basybalyjylarynyñ eline geçipdir. Bu söweşiñ wakalart şol döwürde ýaşan köp şahyrlaryñ döredijiliklerinde şöhlelenipdir. Bu waka Guba, Mätäji, Misgingylyç, Mämmetmyrat we beýleki şahyrlar seslenipdirler. Şol eserleriñ köpüsinde uruşda çekilen pidalar beýan edilipdir. Käbirinde ruslaryñ gelmegiji ahyrzaman hasaplapdyrlar. Mämmetmyradyñ Gökdepe urşy barada ýazan goşgusy beýleki şahyrlaryñ şol temadan ýazan eserlerinden az-kem tapawutlanýar. Şahyr "Ýagysy zor boldy, arman, tekäniñ" diýen şygrynda ruslaryñ gelmegini ahyrzaman hasaplamaýar. Emma ol gönüden-göni türkmen halkyny ruslar bilen birleşmeklige hem çagyrmaýar. Onuñ halkyñ ruslar bilen birleşmek meýline garşy gidýän pikiri hem ýok. Mämmetmyrat Gökdepe urşunda tekeleriñ gaýtawul bermeklerini hem öz güýjünden öte geçmeklik, nähak gan dökmeklik hökmünde görkezipdir. Halkyñ Gökdepe synandan soñky ýagdaýy Mämmetmyrady has-da gozgalaña salypdyr. Güýçli garşylyga duş gelip, aljyraññy ýagdaýa düşen türkmenleriñ arasynda baş-başdaklyk başlanypdyr. Olaryñ köpüsi diýen ýaly öz ýurtlaryny taşlap gitmäge mejbur bolupdyr. Bu ýagdaýy şahyr diñe bir beýan etmändir. Ýurduny terk edip Eýrana geçen ildeşlerini ýazgarypdyr. Şirinjemal GELDIÝEWA. __________________________________ [1] Seret: inw. 8, 1 paket, 57 sah. [2] Şol ýerde, 65 sah. [3] Inw. 8, 1 paket, 62 sah. [4] Şol ýerde, 64 sah. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |